Tema:Kükürt
Meýilnama
1 Kükürt elementiniň açylyşy
2 himiki häsiýeti
3 fiziki häsiýeti
4 alnyşy
5 ulanylyşy
6 izotoplary
7 elementiň önimleri
Kükürt birnäçe allatropik görnüşleri emele getirip biler. Meselem: a) romb görnüşli kükürt - bu sary reňkli kristallik maddadyr. Onuň eremek temperaturasy 444,6°C. Suwda az ereýär. Kükürt benzolda we beýleki organiki eredijilerde oňat ereýär. Bu görnüş kükürdiň iň bir köp ýaýran görnüşleriniň biridir; b) plastik görnüşli kükürt - - romb şekilindäki kükürdi tä gaýnaýanea gyzdyryp, soňra ony tiz sowuk suwly stakana guýlanda plastic kükürt emele gelýär. Plastik görnüşli kükürt, ýene romb görnüşli kükürde geçip bilýär; ç) monoklin kükürt - -gyzdyrylyp eredilen kükürt howada ýuwaş-ýuwaşdan sowadylanda emele gelýär. Şonda onuň ilki uzyn iňňe şekilli kristallary emele gelip, soňra has sowadylanda oktaedr görnüşine (romb görnüşli kükürt ýaly) geçýär. Kükürdiň dürli allotropik görnüşleriniň bardygyny, onuň dürli kristal gurluşy bilen düşündirmek bolýar. Kükürt tebigatda erkin halynda we gips
glauber duzy ,
ýaly birleşmeler görnü- şinde duş gelýär. Eger biz minerallaryň nusgalaryna syn etsek, onda kükürdiň sary reňklidigini, glauber duzunyň we gipsiň bolsa çalym tyl ak reňklidigini göreris. Türkmenistanda Magdanly käninde, erkin ýagdaýyndaky kükürt duşýar we ol gazylyp alynýar. Glauber duzy Garabogaz köl aýlagynda, gips bolsa Türkmenbaşyda we Köýtendagda köp mukdarda bardyr. Tebigy kükürt, kükürdiň
izotoplaryndan ybarat bolup, onuň otnositel atom massasy 32,06 deňdir. Kükürdiň atomynyň daşky elektron gatlagynda alty sany elektron bolup, şol elektronlaryň hasabyna birleşmelerinde II, IV we VI walentliligi ýüze çykaryp bilýär. Onuň kisloroddan tapawudynyň sebäbi 3d - orbitaly boşdur. Şonuň üçin onuň atomy energiýany kabul edip, onuň daşky elektron gatlagynyň konfigurasiýasy ...
ýagdaýlara eýe bolup, oňa IV we VI walentli birlesmeleri emele getirmäge mümkinçilik berýär. Onuň birleşmelerinde okislenme derejesi -1 , -2 , 0, +2, +4 we +6 bolup bilýär.
Himiki häsiýetleri. Kükürt birnäee sada
we çylşyrymly maddalar bilen täsirleşip bilýär. Şol birleşmelerde kükürt -1 we -2 , 0, +2, +4 we +6 okislenme derejelerini ýüze çykarýar.
Aşgarlaryň suwdaky erginlerinde kükürt ereýär we täsirleşme şeýle geçýär:
Gyzdyrylanda kislotalar bilen hem täsirleşýär:
Kükürt kislorod bilen iki hili +4 we +6 okislenme derejesi bolan birleşmelerini emele getirýär:
kükürt (IV) oksidi ýa-da kükürtli gaz, ýiti ysly, reňksiz, zäherli maddadyr. 01 -10°C-de reňksiz suwuklyga öwrülýär. Ony tejribede iki ýol bilen alyp bolýar. 1. Natriý sulfiti bilen kükürt kislotasynyň arasyndaky täsirleşme netijesinde alynýar.
2. Misi konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen gyzdyrylanda aşakdaky onümler alynýar:
Senagatda ol ýöriteleşdirilen peçlerde kükürdi howada ýa-da kislorodda ýakmak bilen alynýar:
Ýa-da ol metallaryň kükürtli birleşmelerini (köplenç halatlarda demir kolçedanyny
ýakmak bilen alynýar:
gök önüm leri konserwirlemekde, käbir ýagdaýlarda emele gelýän mörjewleri (mikroorganizmleri) ýok etmekde, medisinada (öý haýwanlaryň gijilewügini aýyrmakda) we käbir zatlary agartmak üçin ulanylýar.
- kükürt
oksidi ýa-da kükürt angidridi reňksiz suwuklykdyr. 01 özüne örän güýçli çyg çekiji maddadyr. 01 howada güýçli «tüsseleýär», sebäbi ol howadaky suw buglary bilen birleşip, kükürt kislotasynyň maýdaja damjalaryny emele getirýär. Şonuň üçin ony agzy jebis ýapylan çüýşe gaplarda saklaýarlar. Kükürt (VI) oksidini, kükürt ýakylanda emele gelen kükürt (IV) oksidine kislorod täsir etdirip almak bolýar::
s
suwda az ereýär. Kükürt kislotasynda oňat ereýär, özem örän güýçli okislendiriji maddadyr. Meselem, kaliý ýodidi bilen täsirleşende ýody gysyp çykarýar:
Kükürt azot kislotasy bilen özara täsirleşip, okislenme-gaýtarylma täsirleşmesi netijesinde, kükürt kislotasyny we azot (II) oksidini emele getirýär:
Küklirdiň wodorod bilen birleşmesi, adatea, sulfidlere güýçli kislotanyň ergininiň täsirinde alynýar, mysal üçin:
Has arassa kükürtwodorody alýuminiý sulfidini gidroliz edip alyp bolýar:
Şonda bölünip çykýan kükürtwodorod gazynyň ýaramaz ysy (çüýrän palak ýumurtgadan gelýän ys) bardyr. K ükürtw odorod gazy örän zäherli maddadyr. Ol suwda eräp, gowsak, iki esasly kükürtwodorod kislotasynyň gowşadylan erginini emele getirýär. Şu täsirleşmeleri sorujy şkafda geçirip göreliň. Bölünip çykýan gazyň howada ýanýandygyna syn edeliň (6 we 7-nji suratlar). Kü-kürtwodorod kislotasynyň duzlaryna gidrosulfidler diýilýär.
KHS. Kükürtwodorod howada ýananda kükürt we kislorodda ýananda kükürt (IV) oksidi emele gelýär.
Kükürtwodorod galogenler we aşgarlar bilen täsirleşýär:
Sulfidler we kükürtwodorod kislotasy himiki analiz etmek işinde giňden peýdalanylýar. Sulfid ionynyň güýçli gaýtaryjy häsi- ýetleri bardyr. Sulfidleriň suw erginleri gidrolizleşendir.
Önümçilikde kükürt kislotasynyň üç görnüşi, başnýa kislotasy (75%), akkumulýator kislotasy (92-93%) we oleum (düzüminde 20% S03 bolan kükürt kislotasy) öndürilýär. Arassa kükürt kislotasy dykyzlygy 1,85 g/sm3 deň bolan, yssyz, reňksiz agyr ýagjymak suwuklykdyr. 01 özüne güýçli çyg çekiji madda bolup, açyk howada özüne suwy siňdirip bilýär. Teniňe ýa-da egin-eşigiňe degende «ýakmak» häsiýeti hem, onuň özüne suwy birleşdirýändigi bilen baglydyr. Kükürt kislotasy bilen işlenilende seresap bolmaly we tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly berjaý etmeli. Ol suw bilen birleşende ýokary temperaturada gyzgynlyk çykarýar (gidratlaşmak hadysasy). Kislotanyň konsentrirlenen ergininden gowsadylan
ergin almak gerek bolanda, kislotanyň üstüne suw guýmaly däl-de, eýsem suwuň üstüne az-azdan kislota guýmalydygyny ýatdan çykarmaň. Teniňe ýa-da egin-eşigiňe kükürt kislotasynyň damjasy daman ýagdaýynda, ony örän tiz wagtda köp mukdarda suw bilen ýuwmaly, soňra sodanyň ergini bilen bitaraplaşdyrmaly. Kükürt kislotasynyň esasy mukdary önümçilik zerurlyklary (ýuwujy başnýalarda ýuwujy, guradyjy başnýalarda guradyjy, şonuň ýaly-da, dökün önüm çiliginde başlangyç madda hökmünde, nebit önümlerini arassalamakda, emeli süýüm öndürilende katalizator hökmünde) üçin peýdalanylýar. Akkumul ýator kislotasyny peýdalanmaýan kärhana ýa-da hojalyk ýokdur. Kükürt kislotasy kislotalaryň ähli häsiýetlerini ýüze çykarýar. Onuň gowsadylan ergini bilen metallar täsirleşip wodorod, konsentrirlenen ergini bilen gyzdyrylanda bols
we S ýaly maddalar emele gelýär meselem:
Kükürt kislotasynyň konsentrirlenen ergininde asylly metallar gyzdyrylanda aşakdaky ýaly täsirleşmeler geçýär:
Kükürt kislotasy metallaryň oksidleri, gidroksidler we duzlar bilen täsirleşdirilende oruntutma we ion çalyşma täsirleşmeleriň geçmegine gözegçilik edilýär.
Kükürt kislotasynyň konsentrirlenen ergini (has-da gyzdyrlanda) güýçli okslendirijidir.
Konsentrirlenen kükürt kislotasynyň gyzdyrylan ergininde uglerod
çenli, kükürt
çenlä okislenýär.
Kükürt kislotasynyň duzlaryna sulfatlar diýilýär. Pb, Sr we Ba elementleriniň sulfatlary suwda eremeýär, kümüş we kalsiý sulf atlary bolsa az ereýärler. Beýleki sulfatlar we ähli gidrosulfatlar suwda gowy ereýär. Sulfatlaryň halk hojalygyndaky ähmiýeti uludyr. Gips gurlusyk materialy hökmünde we medisinada, glauber duzy teletin eýlemekde, kagyz önümeiliginde we ýylylygy saklaýjy (gün energiýasynyň akkumulýatory) hökmünde, alýuminiý sulfaty suwy arassalamakda we beýleki ýerlerde peýdalanylýar. Kükürt kislotasynyň alnyşynyň kuporos, nitroz we kontakt usullary bellidir. Ol usullardan diňe kontakt usuly, häzirki wagtda iň oňat usul hökmünde, dünýäniň ähli ýurtlarynda peýdalanylýar. Şu usul boýunça Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasynyň önümçiligi ýola goýlandyr Kükürt kislotasyny öndürmek üçin, çig mal hökmünde, kükürt kolçedany (FeS) we arassa kükürt (bizde Magdanlynyň kükürdi) peýdalanylýar. Kükürt kislotasynyň kontakt usuly bilen öndürilişi (8-nji surat) yzygider geçýän üç sany basgançakdan ybaratdyr (eger-de çig mal hökmünde kükürt kolçedanyndan peýdalanylsa, onda dört basgançaklydyr). Kolçedana derek kükürt ýakylanda emele gelýän kükürtli gaz has arassa bolany üçin, ony arassalamak gerek bolmaýar. Şonuň üçin, kükürtden kükürt kislotasy öndürilende kükürtli gazy arassalamak gerek bolmaýar. Birinji basgançakda kükürdi peçde ýakyp,
alýarlar.
Bu täsirleşme köp mukdarda ýylylygyň bölünip çykmagy bilen bolup geçýär. Bölünip çykan ýylylyk utilizasiýa (täsirleşýäniň ýylylygyny, suw buglaryny almak üçin peýdalanm ak) edilenden soň, ikinji basgançagynda kontakt apparatynda
katilizatoryň
gatnaşmagynda
öwürýärler.
Önümçiligiň üçünji basgançagynda kükürt angidridi
kükürt kislotasynyň düzümindäki suw bilen täsirleşip, oleum we monogidrat absorberlerinde kükürt kislotasyna öwrülýär:
Öndürilen kislota halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, esasan hem, dökün önümçiliginde peýdalanmaga ugradylar.