Просмотр содержимого документа
«Tema: Mis elementi.»
Tema:Misiň.
Meýilnamasy:
1. Misiň açylyşy.
2. Misiň fiziki häsiýeti.
3. Misiň himiki häsiýeti.
4. Misiň izoloplary.
5. Misiň alnyşy.
6. Misiň ulanylyşy.
7. Mis elementiniň önümleri.
Mis himiki elementleriň periodik sistemasymyň I goşmaça toparçasynda ýerleşýär. Misiň atomynda daşky elektron gatlagyň s orbitaasyndan iki elektronyň bir dakydan öňdäki gatlagyň 3d orbitalaryna geçýär. 3-nji elektron gatllagyň d oorbitalllary dolýar. Iň daşky gatlagynda 1 elektronyň bardygy üçin misiň atomy +1 okislenme derejäni ýüze çykarýar. Ýöne, daşky gatlagyň 4s orbitalaryndan 3d orbitallara geçen 1 elektron hereketjeň bolýar. Şonuň üçin misiň atomy +2 okislenme derejäni hem ýüze çykarýar.
Tebigatda tapylyşy. Tebigatda mis, esasan, birleşmeler görnişinde duş gelýär.Mis magdanlarynyň düzümine girýär minerallara, esasan, Cu2S- halkozin ýa- da mis ýylpyldysy, CuFeS2- halkopirit ýa-da mis kolçedany, (CuOH)2CO3-malahid degişlidir. Käbir beýleki metallar ýaly ,tebigatda mis sap görnüşinde hem duş gelýär. Mis beýleki metallardan öň adamyň durmuşyna ornaşdy. Munuň sebäbi tebigatda sap görnüşinde duş gelýändigi we misi işläp bejermegiň ýeňildigibilen düşündirmek bolar.
Fiziki häsiýetleri.Arassa mis-açyk gülgüne reňkli,ýumşak, plastik metal. Olelektrik toguny we ýylylygy oňat geçirýär. Elektrik geçirijiligi boýunça diňe kümüşden soňra durýar. Misiň dykyzlygy8,96g / sm 3-a, ereme temperaturasy1083oC-a deň.
Himiki häsiýetleri.Mis kesgitli şertlerde sada we çylşyrymly madallar bilen täsirleşýär.
1.Misiň sada maddalar bilen özara täsiri. Mis ýokary temperaturalarda kislorod , hlor, kükürt, ýaly sada maddalar bilen özara täsirleşýär
2.Misiň çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Mis metallaryň elektrohimiki güýjenme hatarynda wodoroddan soňra ýerleşýär. Şonuň üçin mis kislotalaryň düzüminde wodorody gysyp çykarmaýar. Duz we gowşadylan kükürt kislatalary bilen mis täsirleşmä gattnaşmaýar. Ýöne, howanyň kislorodynyň gatnaşmagynda bu kislatalarda mis ereýär.
Alnyşy: Mis magdanlary düzmünde köp mukdarda boş jynslary saklaýarlar. Bu ýagdaý maganlardan misiň metallurgiýasynda magdanlary baýlaşdyrmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi misiň az mukdaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Senagatda halkozini (Cu2S) gaýtadan işlemek bilen misiň öndürilişi aşakdaky hadysalara esaslanýar:1) Halkozini ýakmak. Bu hadysanyň esasynda halkozin mineralyndan Cu2O alynýar. Mineralyň düzmünden kükürt SO2 görnüşinde bölünip aýrylýar.