Tema:Uglerod
Meýilnama
1 Uglerod elementiniň açylyşy
2 fiziki häsiýeti
3 himiki häsiýeti
4 izotoplary
5 ulanylyşy
6 alnyşy
7 elementiň önimleri
Fiziki häsiýetleri. Uglerod janly organizmleriň esasy diizüm bölegidir. Nebit, tebigy azot, torf, kömür, ýanyjy slanes ýaly peýdaly gazylm alar uglerodyň dürli birleşmeleridir. Aýratyn hem daşkömür ugleroda iň baý tebigy peýdaly gazylmadyr. Ýer sarynda örän köp ýaýran hekdaşy
we dolimite
ler hem uglerodyň tebigy birleşmeleridir. Türkmenistanda hek daşynyň, kömrüň, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan ýerleri köpdür. Olaryň düzüminde uglerodyň diňe bir
izotopy bar. Uglerodyň almaz, grafit, amorf, uglerod ýaly tebigy, karbin, polikumulen hem-de karbon -60 we karbon - 70 (1996-njy ý.) ýaly emeli usul bilen alnan allotropik görnüşleri bellidir. Olaryň käbirine seredeliň. Almaz reňksiz dury kristallik madda bolup, onuň şöhläni döwüji häsiýeti bardyr. Almaz gatylygy boýunça ähli gaty maddalaryň içinde birinji orunda durýar. Almaz ýylylygy we elektrik toguny ýaramaz geçirýär. Almazyň atom kristallik gözeneklerinde her bir uglerod atomy dört sany beýleki uglerod atomlary bilen baglanyşandyr. Ondan dürli hili bezeg üçin şaý-sepleri (brilliant), kesiji gurallary we burawlary ýasalýar. Häzirki wagtda almazy grafitden emeli usul bilen hem alýarlar. Emeli almaz häsiýetleri boýunça tebigysyndan pes durmaýar.
Grafit garamtyl-çal reňkli kristallik maddadyr. Onuň kristallarynyň gatlakly gurluşy bardyr. Uglerodyň allotropik görnüşleri bolan almaz we grafitiň kristallarynyň gurluşyna nusga boýunça syn edeliň Grafit elektrik toguny oňat geçirýär. Grafitden galam, grafit elektrodlaryn y ýasamakda we beýleki ýerlerde peýdalanylýar.
Amorf uglerod gurum görnüşinde, Hazaryň tehniki uglerod zawodynda, tebigy gazdan we nebitiň ugurdaş gazlaryndan emeli usul bilen öndürilýär. Amorf uglerod rezin önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Kokslanan tebigy kömür ýa-da agaç kömri düzü- minde köp mukdarda uglerod saklaýar. Koks metallurgiýada gaýtaryjy madda hökmünde peýdalanylýar. Işjeňleşdirilen kömrüň ýa-da agaç kömrüniň üstüne beýleki maddalary toplamak häsiýeti bardyr.
Gaz şekilli we suwda erän maddalaryň kondensirlenen (gaty we suwuk) madallaryň üstünde toplanmak hadysasyna adsorbsiýa diýilýär. Adsorbsiýa hadysasy yzyna gaýdýan desorbsiýa hadysasy bilen öwrülişiklidir. Adsorbsiýa hadysasy iki hili fiziki we himiki bolup biler. Himiki adsorbsiýa (ýa-
112 -da hem osorbsiýa) yzyna gaýtmaýar. Mysal üçin, uglerodyň üstünde kislorodyň adsorbsiýasy yzyna gaýtmaýan him iki adsorbsiýadyr. A dsorbirlenen kislorody yzyna desorbirlemäge edilen synanyşykda kisloroda derek uglerod (II) oksidi bölünip çykýar. Geliň, adsorbsiýa hadysasyna syn edeliň. Probirka reňkli maddalaryň biriniň, mysal üçin, fuksiniň ergininden 5 ml guýup, onuň üstüne bir bölejik agaç kömrüni owradyp atalyň we 2-3 minutlap probirkanyň agzyny barmagyň bilen tutup çaýkalyň. Soňra ony dynçlykda goýlanda, erginiň reňkiniň solandygyny ýa-da käbir ýagdaýlarda reňksizlenendigini görmek bolýar. Uglerod eredijileriň hiç birinde hem eremeýär. Himiki häsiýetleri. Uglerod metallar bilen, metal däl elementlerden kislorod, wodorod, galogenler, kükürt we azot bilen täsirleşip, olar bilen birleşmeleri emele getirip bilýär. Mysal üçin
Beýleki täsirleşmeleriň deňlemelerini özbaşdak ýazmaga synanyşyk ediň. Uglerod çylşyrymly maddalar bilen hem täsirleşýär. Mysal üçin, ol metallaryň oksidleri bilen tasirleşip metallary gaýtaryp bilýär.
Uglerodyň möhüm kislorodly birleşmelerine onuň oksidleri, kömür kislotasy we onuň duzlary degişlidir. Uglerod (II) oksidi reňksiz, yssyz, suwda ýaramaz ereýän, örän zäherli gaz bolup, ugar gazy diýen at bilen bellidir. Kislorodyň ýetmezçiliginde kömür ýakylanda emele gelýän demikdiriji gazdyr. Şonuň ýaly-da ol metallurgiýa önümçiliginde, karbýuratorly awtomobilleriň işi netijesinde emele gelip, soňky döwürde atmosferada onuň artmagyna gözegçilik edilýär. Uglerod (II) oksidi bilen dem alnanda ganyň düzümindäki gemoglobin bilen birleşip, karboksi gemoglobin diýen birleşmäni emele getirýär. Şol birleşme emele gelip, onuň konsentrasiýasy belli bir çäkden geçenden soň, organizm kislorod ýetmezçiliginde çuňňur uka gidýär we adam ölenini hem duýman galýar. Uglerod (II) oksidi tutan (ýa-da kömür tutan hem diýilýär) adama ilkinji kömek ony açyk howa çykarmakdyr. Soňra lukmana ýüz tutulsa, maksada laýyk bolar . Uglerod (II) oksidi gaýtaryjy häsiýete eýedir. Onuň şol häsiýeti metallaryň öndürilişinde peýdalanylýar Uglerod (II) oksidi kislorod, hlor ýaly sada maddalar bilen täsirleşip bilýär. Şonda kislorod bilen täsirleşmesi netijesinde uglerod (IV) oksidi emele gelýär. Täsirleşmäniň deňlemesini özbaşdak ýazmaga synanyşyň. Ol hlor bilen täsirleşip, fosgen diýip atlandyrylýan örän zäherli maddany emele getirýär:
Bu täsirleşme işjeňleşdirilen kömrüň katalizator bolup gatnaşmagynda, otag temperaturasynda geçýär. Fosgeni birinji jahan urşunda harby maksatlar üçin peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda onuň peýdalanylmasy gadagan edilendir. Uglerod (II) oksidi metil spirtiniň we beýleki birnäçe organiki maddalaryň alynmagynda başlangyç madda hökmünde peýdalanylýar, Uglerod (IV) oksidi reňksiz, turşy tagamly, suwda uglerod (II) oksidine garanda gowy ereýän, howadan agyr, gaz şekilli maddadyr, oňa kömürturşy gazy hem diýilýär. Uglerod (IV) oksidi uglerodyň durmuşda iň giň peýdalanylýan kislorodly birleşmeleriniň biridir. 01 iýmit senagatynda gazly suwlary taýýarlamakda, piwo önümçiliginde, sowadyjy madda hökmünde (gury buz), himiýa senagatynda sodanyň, karbamidiň we beýleki maddalaryň önümçiliginde, ýangyny söndüriji hökmünde durmuşda giňden peýdalanylýar. Düzüminde uglerod saklaýan organiki birleşmeler ýangyç hökmünde ýakylanda we dem alyşda kömürturşy gazy emele gelýär. Ösümlikler uglerod (IV) oksidinden we suwdan peýdalanyp, fotosintez hadysasynyň üsti bilen organiki maddalary alýarlar Ol tejribe otagynda karbonatlara kislotanyň erginini täsir etdirmek usuly bilen alynýar:
Geliň, şu täsirleşmäni geçirip göreliň. Hek daşynyň (hekiň ýa-da mermeriň) bir bölejigini probirka salyp, onuň üstüne 3-5 ml kislotanyň erginini guý- sak, täsirleşme netijesinde uglerod (IV) oksidi bölünip çykar (17-nji surat). Bölü- nip çykýan gazy probirka ýa-da silindre gaz geçiriji turbajygyň üsti bilen ýygnalyň. Ol gaz howadan agyr bolany üçin, ony gabyň agzyny haýsydyr bir tekiz zat, mysal üçin, aýnabölejig i bilen ýapyp, wagtlaýyn saklap bolar. Ol dem alşyň we ýanmagyň önümi bolany üçin, dem alşy we kislorodda ýanm agy goldamaýar. Şonuň üçin ony içi uglerod (IV) oksidi bilen doldurylan silindriň içine ýanyp duran çöpi eltilende onuň öçýändigi bilen tanap bolýar. Ýa-da ony hek suwuny bulandyrýandygy boýunça hem tanap bolar:
Senagatda kömür turşy gazyny hek daşyny ýokary tempraturada dargatmak usuly bilen alynýar.
Kömürturşy gazynyň aşgarlar we suwuk ammiak bilen täsirleşmeleri önümçilikde möhüm ähmiýete eýedir. Şol täsirleşmeleriň üsti bilen natriý we kaliý karbonatlaryny, gidrokarbonatlary hem-de karbamidi öndürýärler Karbamidiň emele geliş täsirleş mesi aşakdaky ýalydyr.
Kömürturşy gazy sada maddalardan diňe uglerod bilen täsirleşip, täsirleşme netijesinde uglerod (II) oksidi emele gelýär. Täsirleşmäniň deňlemesini özbaşdak ýazmaga synanyşyk ediň. Ol çylşyrymly maddalardan suw bilen täsirleşip, erginde öwrülişikli ýagdaýda, kömür kislotasynyň gowsadylan erginini emele getirýär.