СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Tema: Wodorod elemenyi.

Категория: Химия

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Tema: Wodorod elemenyi.»

Tema: Metal däller

Meýilnama

1 Wodoroduň açylyşy

2 fiziki hasiýeti

3 himiki hasiýeti

4 izotoplary

5 alnyşy

6 ulanylyşy

7 elementiň önümleri

































Wodorod reňksiz, yssyz we tagamsyz gazdyr. Wodorod howadan 14,5 esse ýeňildir. Wodorodyň eremek temperaturasy – 219,1°C-ä, gaýnamak temperaturasy – 252,6 °C-ä deňdir. Wodorod suwda örän ýaramaz ereýär. Suwuň 100 göwrümindeý wodorodyň 2 göwrümi (20 °C-de) ereýär. Gaz halyndaky maddalaryň arasynda ýodorod iň ýeňilidir. Şonuň üçin wodorod danýdoldurylan ýukajyk bardalar (şarlar, sabyn köpürjikleri we ş.m.)ý ýeňillik bilen ýokaryk galýarlar. Wodorodyň möhüm aýratynlygy onuň metallarda gowy ere-
ýänligidir. Mysal üçin, palladiniň bir göwrüminde wodorodyň 850
göwrümi ereýär. Wodorodyň metallarda eremegi çylşyrymly fiiki-himiki hadysadyr.beýleki gazlaryň arasynda wodorod iň ýokary ýylylyk geçirijilige eýedir. Howa bilen deňeşdirilende, wodorodyň ýylylyk geçirijiligi 7 esse ýokarydyr. Munuň sebäbini şeýle düşündirmek bolar. Gaz halyndaky maddalaryň molekulalarynyň kinetik energiýasy temperatura baglydyr. Şol bir temperaturada molekulanyň massasy näçe kiçi bolsa, onuň hereket ediş tizligi şonça ýokarydyr.
Islendik gazyň molekulasyndan ýeňil bolany üçin, wodorodyň molekulalarynyň hereket ediş tizligi ýokarydyr. Netijede, beýleki gazlaryň molekulalary bilen deňeşdirilende, wodorodyň molekulalary ýylylygy bir jisimden başga jisime çalt geçirýärler. Wodorodyň bu häsiýeti önümçilikde uly ähmiýete eýedir.

Adaty şertlerde wodorod diňe örän işjeň metallar we ftor bilen özara täsirleşýär. eýleki metallar we metal däller bilen reaksiýa kesgitli şertlerde (temperatura, ýagtylyk we ş.m.) gatnaşýar. 1. Wodorodyň metallar bilen özara täsiri
Wodorod metallar bilen özara täsirleşip, düzümli birleşmeleri emele getirýär.

Wodorodyň metallar bilen birleşmeleri gidridler diýip atlandyrylýar. Meselem,

-kalsiniň gidridi, NaH – natriniň gidridi we ş.m. 2. Wodorodyň metal däller bilen özara täsiri reaksiýalaryň netijesinde metal dälleriň wodorodly birleşmeleri emele gelýärler. Olar amaly taýdan möhüm ähmiýeteler..
Wodorodyň ftor we hlor bilen özara täsiri Adaty şertlerde wodorod metal dällerden diňe ftor bilen reaksiýa gatnaşýar. Bu reaksiýa islendik temperaturada partlamak.
bilen geçýär. Reaksiýanyň deňlemesi:

Otag temperaturasynda, ýagtylygyň ýok ýerinde wodorodyň hlor bilen reaksiýasy geçmeýär. Ýagtylygyň täsirinde bu reaksiýa örän çalt, partlama bilen bolup eçýär. Reaksiýanyň deňlemesi:

Hlorlywodorod suwda gowy ereýär. Hlorlywodorodyň suwdaky erginine duz kislatasy diýilýär. Wodorodyň kislorod bilen özara täsiri Wodorod gyzdyrylanda, kislorod bilen ýeňil täsirleşip, suwy emele getirýär. Reaksiýanyň deňlemesi.

Bu reaksiýanyň netijesinde köp mukdarda ýylylyk bölünip
çykýar. Reaksiýa ýokary tizlik bilen geçýär. Temperatura barha ýokarlanyp, 2025 °C-ä ýetýär. Tehnikada bu reaksiýa ýokary temperaturalary almak üçin ulanylýar.
Wodorod arassa bolan ýagdaýynda kislorodda partlaman ýanýar. Wodorodyň kislorod ýa-da howa bilen garyndysy gyzdyry landa partlaýar. Wodorodyň iki göwrüminden we kislorodyň bir göwrüminden ybarat bolan garyndy has partlawukdyr. Şonuň üçin şeýle garyndy «Partlawuk gaz» diýip atlandyrylýar. Diýmek, wodorod bilen işe başlamazdan öňürti onuň arassalygyny barlamak zerurdyr. Wodorodyň azot bilen özara täsiri Wodorod bilen azotyň birleşmegi netijesinde ammiak -emele gelýär. Bu reaksiýa ýörite şertlerde, ýagny ýokary temperaturada we basyşda geçýär. Ammiak himiýa senagaty we oba hojalygy üçin möhüm ähmiýetli maddadyr. Reaksiýanyň deňlemesi.

Wodorodyň kükürt bilen özara täsiri Gyzdyrylyp eredilen kükürdiň üstünden wodorodyň akymy goýberilse, döwlen palak ýumurtganyň ysy geler. Munuň özi
wodorodyň kükürt bilen birleşmesiniň, ýagny kükürtwodorodyň emele gelendigini aňladýar. Reaksiýanyň deňlemesi:

Kükürtwodorod gaz halyndaky maddadyr. Onuň suwdaky erginine kükürtwodorod kislotasy diýilýär 3. Wodorodyň käbir metallaryň oksidleri bilen özara
täsiri Käbir metallaryň oksidleri (CuO, we ş.m.) bilen wodorodyň özara täsirleşmesiniň netijesinde metal bölünip çykýar. Reaksiýanyň deňlemesi:

Reaksiýany şeýle geçirmek bolar. Içinde degişli metalyň oksidini saklaýan probirkany ýapgyt ýagdaýda ştatiwe berkitmeli. Metal bilen kislotany özara täsirleşdirip, wodorody almak üçin niýetlenen gapdaly turbajykly ikinji probirkany başga ştatiwe berkitmeli. Ikinji probirkada emele gelen wodorodyň barmagy
üçin turbajygyň ujuny birinji probirkadaky metalyň oksidine golaý ertmeli. Metalyň oksidini gyzdyryp, üstünden wodorodyň akymyny goýbermeli. Reaksiýanyň netijesinde iki sany madda, ýagny metal we suw emele geler. Senagatda käbir metallary almak üçin wodorodyň bu häsiýeti uly ähmiýete eýedir.

Wodorod tehnikada we himiýanyň tejribehanalarynda köp mukdarda ulanylýar. Şonuň üçin wodorody almagyň birnäçe usullary işlenilip düzülendir. Tejribehanada senagatda wodorodyň alnyşynyň esasy usullaryna serediň. Metallaryň köpüsi kislotalar bilen reaksiýa gatnaşýarlar. Reaksiýanyň netijesinde metallar kislotalaryň düzüminden wodorody gysyp çykarýarlar. Tejribehanada bu usul bilen wodorody almak üçin, adatça, sink bilen duz ýa-da kükürt kislotanyň özara
täsiri ulanylýar. Reaksiýalaryň deňlemeleri.

Himiki taýdan işjeň metallara (Na, K, Ca we ş.m.) degişlidir.
Bu reaksiýalarda metalyň kiçi bölejigini ulanmaly we seresaplylygy pugta berjaý etmeli. Çünki reaksiýa örän güýçli geçýär, partlamanyň bolmagy mümkindir. Reaksiýada suwuň molekulasynyň düzümindäki wodorodyň bir atomyny metal gysyp çykarýar. Emele gelen OH-gidroksil topar diýip atlandyrylýar.
Gidroksil toparlar metallar bilen birleşip, himiki birleşmeleriň aýratyn toparyny – esaslary emele getirýärler. Esaslaryň özbaş- dak agzalary gidroksidler diýip atlandyrylýar. Reaksiýalaryň deňlemeleri.

Wodorod tehnikada we önümçiligiň dürli pudaklarynda giň-
den ulanylýar. Wodorodyň ulanylyşy onuň häsiýetlerine esaslanandyr. Wodorod ýananda köp mukdarda ýylylyk bölünip çykýar. Metallary kesmekde we kebşirlemekde onuň bu häsiýeti ulanyl- ýar. Suwuklandyrylan wodorod raketa ýangyjy hökmünde ulanyl- ýar. Wodorod ýokary ýylylyk geçirijilige eýedir. onuň üçin wodorod kuwwatly maşynlarda artykmaç ýylylygy geçirmek üçin ulanylýar. Wodorodyň gaýnama temperaturasy örän pesdir. Munuň
özi suwuk wodorody aşa pes temperaturany almak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Geljekde wodorody awtomobil ýangyjy hökmünde ulanmak
göz öňünde tutulýar. Onuň üçin wodorodyň alnyşynyň ykdysady taýdan amatly usuly ýola goýulmalydyr. Wodorod ýananda ýangyjyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda atmosferany hapalamaýan madda, ýagny suw buglary emele gelýär. Şonuň üçin ýangyjyň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, wodorod ekologik taýdan arassadyr. Wodorodyň arassalygynyň barlanylyşy
Himiýa senagatynda käbir möhüm maddalary almak üçin
wodorod giňden ulanylýar. Olara hlorlywodorod, ammiak, käbir reňkleýji maddalar we ş.m. degişlidir. Ammiak dökün önümçiligi üçin zerur maddadyr.
Wodorod käbir metallary oksidleriniň düzüminden gaýtaryjy häsiýete eýedir. Wodorodyň bu häsiýeti metallurgiýa senagatynda köp sanly reňkli metallary almak üçin uly ähmiýete eýedir. Azyk senagatynda wodorod suwuk ösümlik ýaglardan gaty ýaglary almak üçin ulanylýar. Muňa margariniň önümçiligini mysal getirmek bolar.