Просмотр содержимого документа
«Tema: Yod elementi.»
Tema:Ýod
Meýilnamasy
1 Ýod elementiniň açylyşy
2 himiki häsiýeti
3 fiziki häsiýeti
4 alnyşy
5 ulanylyşy
6 izotoplary
7 elementiň önümleri
Ýod tebigatda diňe birleşmeler görnişinde duş gelýär. Türkmenistanda ýerasty suwlaryň düzüminde hem –de deňiz suwunuň düzüminde duş gelýär. Adaty şertlerde ýod garamtyl – melewşe reňkli molekulýar kristallary bolan gaty maddadyr. Ýoduň metllik ýalpyldysy hem bar. Ol suwda az ereýär. Ýoduň beýleki galogenlere garanyňda ýene bir üýtgeşik häsiýeti bar, ol hem gyzdyrlanda bugaryp suwuk halyna geçmezden gaz halyna geçmegidir. Bu hadysa wozgonka diýip atlandyrylýar. Ýod aşakdaky reaksi ýalar boýunça alynýar.
1.Brom we ýod bromidlere we ýodidlere okislendiriji maddalary täsir etdirip alynýar.
Ýoduň häsiýetleri ftor we hlor bilen deňeşdirilende, köplenç, hlora meňzeşdirler. Olar birleşmelerinde I, III, V we VII walentli bolup, okislenme derejeleri – 1, + 1, + 3, + 5 we + 7 bolup bilýär. Olaryň – 1 we + 5 ýagdaýyndaky birleşmeleri has durnuklydyr. Ýokary okislenme derejeli ýagdaýyndaky birleşmeleriniň häsiýetleri bu toparçanyň beýleki elementleriniň birleşmelerinden düýpli tapawutlanýar. Ýoduň himiki işjeňligi hlora garanda pesräkdir, ýöne muňa garamazdan, olaryň ýeterlik işjeňligi bardyr. Brom metallar we metal däl elementleriň köpüsi bilen adatdaky şertlerde reagirleşýär. Ýod bolsa, adatdaky şertlerde hiç bir sada madda bilen reagirleşmeýär. Ol güýçli gyzdyrylanda sada maddalar bilen reagirleşýär. Ýod suwda az ereýärler we aşakdaky reaksiýa boýunça gidrolizleşýärler. Bu eaksiýalar yzyna gaýdýan reaksiýalardyr.
Ýod aşgarlaryň ergini bilen reagirleşýärler:
Ýodowodorod HI kislotalary olaryň fosfor bilen birleşmelerini gidroliz etmek usuly bilen aňsat alynýar:
Ýodowodorod HI kislotalary güýçli kislotalar bolup, olara kislotalaryň ähli häsiýetleri mahsusdyr. Ýodowodorod kislotalarynyň gaýtaryjy
häsiýetleri bolup, konsentrirlenen kükürt kislotasy
bilen aşakdaky ýaly reagirleşýärler:
Ýoduň gaýtaryjy häsiýetleri birnäçe maddalaryň sintezinde we himiki derňewinde giňden peýdalanylýar.
Guwlyduz» kombinatynda, esasan, nahar duzy öndürilýär. Babahojada 1992-nji ýyldan bäri ýodlanan nahar duzy öndürilýär. Ýodlanan nahar duzuny öndürmek üçin nahar duzunyň düzümine az mukdarda kaliý ýodidi goşulýar.
Nahar duzy, natriý sulfaty, glauber duzy, alýuminiý sulfaty we kaliý hloridi ýaly duzlar hem-de bişofi, epsomit we silwinit ýaly birnäçe duzlaryň garyndysy Türkmenistanyň «Guwlyduz», «Babahoja», «Türkmenmineral», «Garabogazsulfat» we beýleki duz öndürýän kärhanalarynda öndürilýär.
Natriý hloridi iýmite we mallaryň ot-iýmine goşant hökmünde, kaliý hloridi hlorsuz kaliý dökünlerini taýýarlamakda çig mal hökmünde, glauber duzy aýnanyň, kagyzyň we hlorsuz kaliý dökünleriniň önümçiliginde, natriý sulfaty Gün energiýasynyň toplaýjysy hökmünde, bişofi gowaçanyň ýapragyny düşüriji (defolýant) hökmünde, epsomit teletini ýa-da göni eýlemekde, lukmançylykda we beýleki birnäçe ýerlerde peýdalanylýar. 1969-njy ýylda Balkanabadyň ýod kärhanasy işe girizildi. Şol ýerde ýody kömre siňdirmek usuly bilen öndürýärler. 1975- -nji ýyldan başlap ýody howa bilen aýyrmak usuly ýola goýuldy.
1977-nji ýyldan başlap bu kärhanada demir (II) bromidi hem öndürilip başlandy.
1930-njy ýylda Hazaryň kenarynda nebit we gaz çykarylýan ýerlerdäki çykýan suwuň düzüminden ýody we bromy almagy amala aşyrýan enjamlar işe girizildi. Şol ýerde ýody howanyň kömegi bilen aýryp alýarlar. Brom we ýoddan başga-da, bu kärhanada demir (II) bromidi, 1975-nji ýyldan başlap bolsa, kaliý ýodidiniň we ýodoformyň önümçiligi ýola goýuldy. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna düşenden soň, ýody öndür ýän ýene-de bir kärhana . Boýadag ýod kärhanasy işläp başlady. Hazaryň tehniki uglerod kärhanasy 1964-nji ýylda işe girizildi. Şol ýerde awtoulag şinleriniň önümçiliginde zerur bolan gymmat bahaly tehniki uglerod (gurum) öndürilýär. Tehniki uglerodyň birnäçe görnüşleri bolup, olardan kanal gurumy Hazaryň tehniki uglerod kärhanasynda öndürilýär. Onuň çig maly tebigy gazyň we nebitiň ugurdaş gazlarydyr. Şol gazlar howanyň ýok ýerinde ýa-da ýetmezçiliginde ýakylýar we emele gelen gurum ýanyş kamerasynyň içinde ýerleşdirilen sowadyjylarda çökdürilýär. Türkmenistanyň Hazar, Boýadag, Monjukly, Balkanabat, Gögerendag-Garadaşly ýaly nebit çykýan ýerlerindäki nebit-gaz suwlarynyň düzüminde 300–340 mg/l çemesi ýodidler we bromidler
himiýa we Balkanabadyň ýod kärhanalary meşgullanýarlar. Ýody we bromy şol birleşmelerden almak üçin olary saklaýan erginiň üstünden, belli bir şertlerde, hloruň akymy goýberilýär ýa-da natriý nitriti bilen okislendirilýär. Şonda emele gelen erkin halyndaky brom, uçujy bolany üçin, howanyň akymy bilen saýlanyp alynýar. Ýod saýlananda bolsa, işjeňleşdirilen kömrüň üstüne toplan-
ýar .Alnan önümler lukmançylykda we käbir maddalaryň sintezinde peýdalanylýar.