Dersi: Türkmen dili. Synpy: III «Ç». Senesi:9.11.2022ý
Sapagyň temasy: Y ,i,u,ü dar çekimlileriň düşüp galyşy. 113-115 -nji gönükmeler
Sapagyň maksady: 1. Bilim berijilik maksady: okuwçylara y, i, u, ü çekimlileriň düşüp galyşy barada düşünje bermek, okuwçylaryň dürs ýazuw endiklerini we söz baýlygyny ösdürmek;
2.Terbiýeçilik maksady: Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary terbiýelemek. Okuwçylarda agzybirligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek
Sapagyň görnüşi: Täze maglumatlary öwretmek sapagy.
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: şahsy kompýuterler, suratlar, tema degişli slaýdlar, plakatlar, soragnamalar.
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri. Salamlaşmak. Gatnaşygy barlamak we synp žurnalyna degişli bellik etmek. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny, okuw we ýazuw esbaplarynyň ýerbe – ýerdigini barlamak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.
Okuwçylaryň öý ýumuşlaryny barlamak: 110-njy gönükme.
Sorag-jogap: Asyl söz näme?
Goşulmalar näçe hili bolýar?
Söz ýasaýji goşulmalar nähili sözleri emele getirýärler?
Söz üýtgediji goşulmalar näme üçin hyzmat edýär?
3.Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaraşy 3 topara bölmek, her topar söz ýasaýjy goşulmaly söz ýazmaly.
| Söz ýasaýjy goşulmaly sözler. | Söz üýtgediji goşulmaly sözler. |
| Sagatçy | Doganym |
| Sagatly | Goýunlar |
| Otluk | Agajyň |
| Çörekçi | Galamlar |
4.Täze temany düşündirmek: Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
Y ,i,u,ü dar çekimlileriň düşüp galyşy. 113-115 -nji gönükmeler
Slaýdlar arkaly düşünje bermek.
Çekimliler barada okuwçylara düşünje berýärin.
Dar çekimliler; y, i, u, ý. Bu çekimlileriň düşüp galmak düzgüni barada düşünje berýärin.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: Edebi dilimiziň orfografik normalaryny berjaý etmegi, Pikiri ýazuw arkaly beýan etmegi, beýannama ýazmagy başarmaly.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: Sözleriň dürs aýdylyşyny we ýazuw düzgünleri düşündirmegi, Gören, eşiden wakalaryny we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip bilmegi.
Soňy r, l, n, ş, s, z sesleri bilen gutarýan, birinji bogny açyk, iki bogunly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ikinji bognundaky gysga aýdylýan y, i, u, ü çekimliler düşüp galýar.
Meselem: bagyr – bagry, ogul – ogly, nebis – nebsi, deňiz – deňzi, göwün – göwni.
5.Täze temany berkitmek:
113-nji gönükme. Şu sözleri okaň we olaryň aşagyndaky soraglara dilden jogap beriň.
Sygyr +yň= sygryň, ýeňil + ip= ýeölip, bogun+y=bogny, köwüş+i=köwşi, tomus+y=tomsy, deňiz+i=deňzi.
Has gara ýazylan sözler näçe bogunly?
Bu sözleriň soňundaky çekimsizleri aýdyň.
Bu sözlere nähili sesler bilen başlanýan goşulmalar goşulypdyr?
Şol goşulmalaryň goşulmagy bilen olaryň ikinji bognundan haýsy çekimliler düşüp galýar?
114-nji gönükme. Sözleri okaň. Olara y, i çekimlileriniň degişlisini goşup, depderiňize göçüriň. Sözleriň ikinji bognundaky çekimlileriň düşüp galýandygyny ýadyňyzda bolsun.
Baýyr, çagyl, gelin, köwüş, maňyz, tomus.
Nusga: baýyr – baýry, çagyl – çagly, gelin – gelni, köwüş – köwşi, maňyz – maňzy, tomus – tomsy.
Maňyz – hozuň, şänigiň içindäki zat. Bu sözüň manysyny sözlükden öwrenip, depderimize ýazýarys.
Haýsy ýagdaýda y,i,u,ü çekimliler düşüp galýar?
6.Öý işini tabşyrmak: 115-nji gönükme.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.
a) Sapagy jemleýärin. b) Okuwçylaryň jogaplaryny derňew edýärin. Bahalaryny gündeliklere, synp žurnalyna geçirýärin.
Taýýarlan mugallym:
Bellik:
Barlady: MMOIBO:__________