СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Türkmen dili diktant

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Türkmen dili diktant»

I –II synplar üçin ýazuw-barlag işleriniň nusgalary


Barlag diktanty


Bag


Obada bag bar. Bu bag örän uly. Biz baga bardyk. Bagda alma, erik nar bar.


(17 söz)


Gyş

Gyş geldi. Gyşda howa sowuk bolýar. Gar köp ýagýar. Biz gar oýnadyk.

(13 söz)


Çary

Çary birinji synpda okaýar. Ol mekdebe doly gatnaýar. Çary örän oňat okaýar. Ol örän tertipli.

(16 söz)


Sona

Sona mekdepden geldi. Ol nahar iýdi. Soňra ol jorasy Näzik bilen oýnady. Olar şat boldular.

(15 söz)


Gezelenç

Ejem bizi haýwanat bagyna alyp gitdi.Biz ol ýerde dürli haýwanlary gör-dük.Gezelenç bizde uly täsir galdyrdy.

(18 söz)


Aýna

Meniň adym Aýna. Men birinji synpda okaýaryn. Ejem maňa täze köýnek tikip berdi.

(14 söz)

Serdar

Meniň jigim Serdar birinji synpda okaýar. Ol surat çekmegi gowy görýär. Serdar bäsleşige gatnaşdy. Ol bäsleşikde ýeňiji boldy.

(19 söz)


Täze ýyl

Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Baýramcylyga Aýaz baba bilen Garpamyk hem geldi. Biz örän köp aýdym, goşgy aýtdyk.

(22 söz)



Bagban

Biz obada ýaşaýarys. Kakam bagban. Bagymyzda miweli agaclar örän köp. Erikler gülläp başlady. Biziň bagymyzda owadan güller hem bar.

(20 söz)


Gülälekli meýdan

Biz dynç güni baýra gezelenje gitdik. Ol ýerde hezil edip oýnadyk.

Gülälekli meýdana syn etdik. Güllerden çemen bogduk.

(20 söz)

Şasenem düzlügi


Biz düýn Şasenem düzlügine gezelenje gitdik. Güýzde ekilen göm-gök maýsaly meýdana syn etdik. Gök öwsüp oturan maýsalar, bol hasylyň boljakdygyny habar berýär.

(25 söz)

Ejemden öwrendim

Men okuwdan boş wagtlarym öýümizde haly dokaýaryn.

Türkmeniň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatyna uly sarpa goýýaryn. Men haly dokamagyň inçe syrlaryny ejemden öwrendim.

(25 söz)


Mahym bilen Aýgül

Mahym bilen Aýgül jora. Olar sapaklaryna hem bileje taýýarlanýarlar. Mahym aýdym aýtmakda joralaryndan öňe saýlanýar. Ol “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine-de gatnaşdy.

(24 söz)


Alma agajy

Men birinji synpda okaýaryn. Biz obada ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiz bag ekmeklige uly üns berýär. Obamyzda uly bag bar. Bu baga atam seredýär.

(23 söz)


Täze mekdep

Biziň obamyzda hem täze mekdep bar. Onuň synp otaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Onuň depesinde Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy parlaýar.Biz muňa örän begenýäris.

(25 söz)


Amanyň ejesi

Meniň dostum Amanyň ejesi kitaphanada işleýär. Ol maňa suratly kitap berdi. Men kitaby okadym we jigime gürrüň berdim. Jigim menden höşal boldy.Men ýene-de köp kitaplary alyp okaryn.Türkmen halk ertekileri mende uly täsir galdyrdy.

(37 söz)


Alabaý

Dostum Aşyryň Alabaý atly güjügi bar. Ol öz güjügine oňat seredýär. Alabaý örän düşbi we akylly.Biz ony naharladyk. Alabaý biziň bilen hem dostlaşdy. Biz onuň bilen hezil edip oýnaýarys. (31 söz)


Kölüň suwy

Dynç güni kakam bilen köle gezelenje gitdim. Kölüň suwy arassa hem dury eken. Biz balyjaklara iým berdik. Biz suwa düşdük. Kakam maňa suwda ýüzmägi öwretdi.

Men suwda ýüzmegi kakamdan öwrendim. Indi, men hem suwda özbaşdak ýüzmegi başarýaryn.

(39 söz)


Aşgabat şäheri

Mugallymymyz bize Aşgabat şäheri barada gürrüň berdi. Okuwçylar ony üns berip diňlediler. Soň biz interaktiw tagtada Aşgabat şäheriniň owadan binalaryna syn etdik.Aşgabat şäherini görmäge göz gerek.Tomusda men ejem bilen Aşgabat şäherine gezelenje giderin”.Älem” dynç alyş merkezini hem görerin.

(43 söz)


Seresap boluň!

Çagalar, otdan seresap boluň! Siz benzin, nebit ýaly ýangyçlary oýnamaň. Gaz bilen işleýän enjamlary otlajak bolmaň. Ýangyn howpy dörese derrew ululara habar beriň. Ýangyndan ägä boluň! Seresaply bolmagy özüňizden kiçilere-de öwrediň.

(33 söz)


Biziň Watanymyz

Biziň Watanymyz Türkmenistandyr.Türkmenistan uly we baý ýurtdur.Biziň Watanymyz bäş welaýatdan ybaratdyr.Olar Lebap,Daşoguz,Mary,Ahal,Balkan wela-ýatlarydyr. Mugallymymyz bize Watanymyzy wasp edýän goşgulary okap berdi. Biz bu goşgularyň köpüsini ýat tutduk. Men bilýän goşgularymy ejeme aýdyp berdim.

(42 söz)


Owadan jülge

Biz tomus dynç alyşda Gökdere jülgesine gitdik. Onuň gözel ýerlerine gezelenç etdik. Gezelenç örän hezil boldy. Görmedik ýerlerimizi gördük. Soňra jülgäniň iň owadan ýerleriniň birinde düşledik. Salkyn saýaly owadan jülgede suwa düşmek has-da hezil. Men öz dostum Meret bilen şaşka oýnadym.

(41 söz)

Çeşme suwy

Bu ýer diýseň salkyn. Tomsuň howasyna meňzänok. Çeşme suwy bolsa şeýle sowuk, ony içseň, dişiňi döwüp barýar.

Daş-töwerek bolsa bahar paslyna çalym edýär.

(25 söz)

Biziň obamyz

Obamyz dagyň golaýynda ýerleşýär. Dagdan gaýdan çeşme obamyzyň içinden geçýär. Biziň obamyzda miweli we miwesiz agaçlar örän köp. Tomus paslynda biz baglaryň saýasynda oýnap hezil edýäris. Kakam bize suwda ýüzmegiň tärlerini öwretdi.

Biz her gün dostlarym bilen suwa düşýäris.

(41 söz)



Gyzykly duşuşyk

Biziň mekdebimize ýazyjy-şahyrlar myhmançylyga geldiler. Olaryň arasynda biziň söýgüli şahyrlarymyz hem bar eken. Şahyrlar bize täze goşgularyny okap berdiler. Bu bizde uly täsir galdyrdy. Biz olaryň çagalar üçin ýazan goşgularyny ýat tutarys. Ýat tutan goşgularymyzy mugallymymyza hem aýdyp bereris. (42 söz)


Bahar pasly

Obamyz bahar paslynda has-da owadanlaşýar. Oklaw ýaly göni köçelerde göm-gök bolup oturan baglar obamyza görk berýär. Baglarda guşlar saýraşyp uly şowhun döredýär. Oglan- gyzlaryň şadyýan sesleri göwnüňi göterýär. Men joralarym bilen läle kakdym. Soňra bolsa aydym aýtdyk we tans etdik.

(43 söz)


Ynsanyň bezegi

Seniň sözleýän diliň edepli, manyly bolsa, onuň belli bahasy ýok. Adam hemişe dogry sözli bolmalydyr. Bu bolsa ynsanyň esasy bezegidir.

(22 söz)

Kanagatly halk

Türkmenler her gezek täze dogan Aýy ýüzlerine sylyp, ýagşy dilegler edipdirler. Suwa salam beripdirler. Aw edenlerinde hem örän seresaply, kanagatly bolupdyrlar. Ýere, guş-gumrulara-da paý goýupdyrlar.

(28 söz)

Gyş paslynda

Gyşda ýabyň suwy has sowaýar. Suwuň täsinligine, gözelligine seredip doýup bolanok. Kä ýyl gyş örän sowuk bolýar. Gar köp ýagýar. Çagalar gardan adam ýasap oýnaýarlar.

(27 söz)

Kitaphana ýazyldym

Meniň dostumyň ady Batyr. Ol her hepdede kitaphanadan kitap alyp okaýar. Ol okan kitabynyň adyny, mazmunyny depderine ýazýar. Okan kitabynyň mazmunyny maňa-da gürrüň berýär. Düýn men hem Batyr bilen gidip, kitaphana ýazyldym.

(34 söz)



Ýaz pasly

Ýaz pasly ýetip geldi. Biz bu gün mekdebimiziň töwereginde ekilen agaçlaryň düýplerini ýumşatdyk. Gurban agaçlaryň düýbüni agdardy. Aman guran şahalary kesip aýyrdy. Biz örän köp işledik, emma ýadamadyk.

(30 söz)


Aýdymçy gyz

Döwranyň dogany Aýtäjiň aýdýan aýdymlary hemmeleriň göwnünden turýar. Ony diňe mekdebimizde däl, bütin etrabymyzda-da tanaýarlar. Onuň Garaşsyzlyk baýramynda aýdan aýdymlaryna uzak wagtlap el çarpdylar.

(26 söz)



Türkmen itleri

It wepaly haýwandyr. Itler çopanlara goýun bakmaga-da kömek edýär. Itler serhetçilere serhedi goramaga hem kömek berýär. Türkmenler öz itlerine Akbaý, Alabaý, Gaplaň, Ýolbars ýaly atlary dakýarlar.

(27 söz)

Arassaçylyk – saglykdyr

Çagalar, iýýän iýmitleriňiz arassa bolsun. Miweleri ýuwman iýmäň. Bakja we gök önümleri oňatja ýuwuň. Hapa suwlary ulanmaň. Hapa suw örän zyýanlydyr. Arassaçylyk saglygyň girewidir. Siz şuny hiç wagt unutmaň!


(31 söz)

Kiçijik oglanjyk

Oglanjyk dünýä indi. Oňa iň eziz görýän adamlaryndan biriniň adyny dakdylar. Oglanjygyň doganlary, jigileri oňa atam, kakasy bolsa kakam diýdi. Oglanjyga kimiň adyny dakypdyrlar?

(26 söz)


Biziň erigimiz

Erik gülleýär. Aýyň şöhlesine onuň ak gülleri has hem köpelen ýalydy.

Howlymyz tutuşlygyna gülden dolan ýaly bolup dur. Şu ýyl hem erigimiz bol hasyl getirse gerek.

(28 söz)

Jigim Jerenjik

Men bu gün hemmelerden ir oýandym. Irki maşklar bilen meşgul boldum. Jigim Jerenjik hem maňa goşuldy.

Biz onuň bilen meýdançada ýadaýançak ylgadyk. Soň men mallara ot berdim. Agam Meret bolsa olary suwa ýakdy.

(35 söz)

Cöregiň tagamy

Biziň obamyz dag eteginde ýerleşýär. Kakam dagy dagda düme bugdaý ekýär. Her ýylda bugdaýdan bol hasyl alýar.

Ejemiň bugdaý unundan bişirýän cöregi hemme tagamlardan süýji. Biziň ýurdumyz ak bugdaýyň watanydyr.

(32 söz)


Erik agajy

Gapymyzda erik agajy bar. Kakam ýene-de irden turup ýerimize birnäçe erik şänigini ekdi. Şol günler men hem birinji synpa gatnaýardym. Bahar pasly geldi. Olar gögerip, boý alyp başlady. (30 söz)


Edepli perzent

Çagaňyzy näçe söýseňizem, onuň edebini hiç wagt ýatdan çykarmaň. Ata-enäniň durmuş ýolunyň mekdebe deňelmegi mizemejek hakykatdyr. Orta mekdeplerde çagalara mugallymlaryň ata-eneler bilen bilelikde terbiýe bermegi netijesinde edepli perzentler kemala gelýär. Olara okuw esbaplaryňy arassa saklamak barada düşünje berilýär.

(42 söz)



Çeperçilik mekdebi

Men Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebini gatnaýaryn. Çeperçilik mekdebinde men şekillendiriş sungaty ugrundan hünär öwrenýärin. Ol ýere gatnap özbaşdak surat çekmegi öwrenýän çagalaryň sany örän köp.

(29 söz)


Igde agajy

Igde agajy türkmenlerde döwletli daragt hasaplanylýar. Ol adatça kesilen çybygyndan ösüp ýetişýär.

Igde agajy bahar aýlary gülleýär. Gülleri ýakymly, ysy zyýanly, sary reňkli bolýar.

Igde adamlaryň saglygyny dikeltmekde hem giňden peýdalanylýar. Biziň ýurdumyzda igdäniň köp görnüşleri bar.

(39 söz)


Çaga gülküsi

Ýaşaýyşda ynsanyň ömrüne dowamat berýän çagadyr. Çaganyň kalba ezizligi, ýürege mähremligi hem şonda jemlenendir.

Çaga – durmuşyň gül – gunçasy. Çaga – ata-enäniň göz-guwanjy. Goý,Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her bir maşgalada çaga gülküsi ýaňlansyn dursun!

(37 söz)


Altyn sümmül

Men tomus Gökderede “Altyn sümmül” dynç alyş merkezinde dynç aldym. Ol ýerde Watanymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalar bilen dostlaşdym. Bu ýerde dürli sport çäreleri we bäsleşikler geçirilýär. Men öz dostlarym bilen dürli çärelere işjeň gatnaşdym.

(37 söz)

Tomus pasly

Çagalaryň söýgüli pasly bolan tomus hem gelip ýetdi. Ejesi bilen kakasy Aýnury oba gezelenje iberdiler.

Aýnur oňa örän şatlandy. Oba durmuşy oňa örän ýarady. Günler täsirli we gyzykly geçýärdi. Babasy Aýnura ertekilerden bölekleri we gyzykly wakalary gürrüň berýärdi.

(40 söz)

Gyzykly gezelenç

Maksadyň agasy Meret Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýaşaýar. Geçen tomusda Maksat ikimiz olara myhmançylyga gitdik. Biz şonda Amyderýanyň kenarynda gezelenç etdik. Bu derýa örän uly eken. Gezelenç bizde uly täsir galdyrdy.

(37 söz)

Dordepel

Doganym maňa Ata Gowşudowyň Dordepel baradaky hekaýasyny okap berdi. Hekaýa örän gyzykly eken. Mende türkmen atlaryna bolan gyzyklanma döredi. Men dynç günlerinde geçirilýän at çapyşygyna höwes bilen gidýärin. Ol ýerde çapyşyga gatnaşýan atlara ýakyndan syn edýärin.

(35 söz)



Alabaý

Biz obada ýaşaýarys. Dostum Döwranyň kakasy çölde goýun bakýar. Kakasy Döwrana güjüjek getirip berdi.

Güjüjek alaja eken. Döwran güjügine Alabaý diýen ady dakdy. Alabaý biziň bilen tiz öwrenişdi. Biz dynç günleri Alabaý bilen bileje oýnaýarys.

(36 söz)

Gurbannazar Ezizow

Biziň okaýan mekdebimiz Gurbannazar Ezizowyň adyny göterýär. Düýn mekdebimizde şahyryň doglan gününe bagyşlanyp, duşuşyk geçirildi. Mugallymymyz Gülbahar Öwezowa şahyryň ömri, döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda ussat aýdymçy Atageldi Garýagdyýew şahyryň sözlerine aýdym aýtdy.

(37 söz)

Kitaphanaçy Jemal

Dostum Aman hem gyzykly kitaplary okamagy halaýar. Biz Aşgabat şäheriniň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasyna gitdik. Men dostum Aman bilen kitaphana ýazyldym. Men goşgy okamagy gowy görýärin. Kitaphanaçy Jemal Gurbanowa biziň özbaşdak okan kitaplarymyzyň mazmuny barada pikir alyşdy.

(40 söz)

Doganym Gözel

Doganym Gözel Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Ol her gezek öýe geleninde, maňa kitap sowgat getirýär. Bu gezek ol maňa Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” diýen kitabyny sowgat getirdi. Men doganyma minnetdarlyk bildirdim.

(42 söz)

Kemal

Bu gün Kemal has ir oýandy. Düşegini tertibe saldy. El-ýüzüni ýuwdy. Ak köýnegini, gara balagyny geýdi. Daşaryk çykjak bolup durka, aňyrdan ejesi geldi. Ol gelşine Kemaly gujaklady.Ony çyn ýürekden mähirli gutlady. Sebäbi bu gün Kemalyň doglan günüdi.

(40söz)

Gupbaly gyz

Jeren bu gün bäsleşige gatnaşmalydy. Ol egnine ýakasy keşdeli ýaşyl keteni köýnegini geýdi. Başynda bolsa şabram şelpeli gupbaly tahýasy bardy. Ol bu gün has-da owadan görünýärdi.

Joralary Jereni görüp örän begençli ýylgyryşdylar. Jeren bäsleşikde aýdym aýtmakda ýeňiji boldy.

(40 söz)



Mugallymyň tabşyrygy

Mugallym bize etmeli işlerimizi düşündirdi. Nury nahallar üçin çukurjyklar gazmaly. Amangeldi ýapdan suw çekmeli. Bahar agaç nahallaryny çukurjuklara oturtmaly. Durdy nahallaryň düýbüne gum sürmeli. Men bolsa ekilen nahallary suwarmaly. Biz on düýp agaç ekdik.

(36 söz)


Saglygym – baýlygym

Bu günki okuwymyz tamam boldy. Biz arakesmä çykdyk. Dynç aldyk. Soňra bolsa, synp ýygnagymyz başlandy. Mugallymymyz arassaçylygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Ol bize arassaçylyga degişli özbaşdak hekaýajyk ýazyp gelmegi öýe iş tabşyrdy.

(34 söz)


Tejribe sapagy

Tebigaty öwreniş sapagy dowam edýärdi. Mugallym okuwçylara özbaşdak işlemäge degişli ýumuş tabşyrdy. Her kim öz goşaryndan damarynyň urgusyny sanap başlady. Durdy goluny birden aşak ýatyrdy. Depderini açyp, sanlary ýazyşdyrdy. Soňra, ýene-de birnäçe türgenleşik işi geçirildi.

(37 söz)


Arslan

Bu gün Arslan okuwa gelmedi. Hiç kim onuň sebäbini bilmedi. Men okuwdan soň, Çary bilen olara bardym. Arslan ýaraman ýatan eken. Ol bizi görüp örän begendi. Biz onuň ýanynda oturdyk. Mekdepdäki täzelikler barada oňa gürrüň berdik.

(37 söz)






Aman

Düýn men dostum Amanyň ýanyna bardym. Ol maňa özüniň çeken suratlaryny görkezdi. Onuň gök, ýaşyl, gyzyl, sary reňkler bilen çeken suratlary edil janly ýalydy. Mawy asmanda uçup barýan ak kepderileriň suraty maňa has-da ýarady. Aman maňa-da surat gekmegi öwretdi.

(40 söz)

Zehinlije gyz

Sona şu ýyl birinji synpa okuwa bardy. Ol örän zehinlije gyz. Sona özbaşdak öwrenen goşgularyny joralaryna-da öwredýär. Synpdaşlary Sonany gowy görýärler. Onuň ýatkeşligine mugallym hem haýran galýar. Ol teksti labyzly okamakda-da synpdaşlaryndan tapawutlanýar.

(35 söz)



Bugdaý oragy

Bugdaý oragy tamamlanyp barýardy. Mugallymymyz bizi bugdaýly meýdana gezelenje alyp gitdi.

Biz kombaýynlara syn etdik. Bugdaý hasylynyň ýygnalyşyny gözümiz bilen gördük. Kombaýnlar bolsa bugdaýy orýar, döwýär hem-de arassalaýar. Bu bizde uly täsir galdyrdy.Men bugdaýdan unundan taýýarlanylan çörege uly sarpa goýýaryn.

(43 söz)




Meniň dostum

Hormatly dostum Ata! Men seniň ýazan hatyňy aldym. Meniň iberen kitaplarym saňa ýaradymy? Sen haçan bize gezmäge geljek? Batyrdan hat aldyňmy? Hatyňda öz okuwlaryň barada ýaz. Täze ýylyň gutly bolsun! Maňa, ýene-de hat ýazmagy unutma!

(32 söz)

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk eýýamy

Biz ajaýyp zamanada ýaşaýarys. Ýurdumyzda okamaga, işlemäge hemme mümkinçilikler bar.

Halkymyzyň ýaşaýyş derejesi gün-günden özgerýär. Bizi şu derejä ýetiren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymyzyň çägi ýok.

(31söz)

Ajaýyp kitap

Men her gün kakamyň işden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Biz üýşüp agşamlyk naharyny edinýäris. Soň men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” diýen kitabyndan bölekleri okaýaryn. Dermanlyk ösümlikleriň suratlaryny synlap, olaryň atlaryny öwrenýärin.Kakam dermanlyk ösümlikleriň ahmiýetini gürüň berdi.

(42 söz)


Ýol hereketiniň düzgünleri

Çagalar, siz ýol hereketiniň düzgünlerini bilýärmisiňiz? Eger-de bilmeýän bolsaňyz, ony hokman öwreniň. Mekdebe barýarkaňyz, mekdepden gelýärkäňiz örän seresap boluň. Köçelerden geçeniňizde, ýörite bellenen ýerlerden geçiň. Ýakyn gelen maşynlaryň öňünden ylgap geçmäň!

(34 söz)



Ýaz tebigaty

Ýazyň gelmegi bilen tebigatymyz has-da gözelleşýär. Bu paslyň gelmegi bilen howa-da maýlaýar.

Ýagyş köp ýagýar. Gök gürläp, ýyldyrym çakýar. Älemgoşar görünýär. Baglar ýapraklap, otlar gögerýär. Ähli meýdan ýaşyl keşbe girýär.

(32 söz)

Bahar baýramy

Milli bahar baýramy Nowruz baýramy bilen bileleikde bellenilip geçilýär.

Nowruz baýramy türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biridir. Ol türkmenleriň we başga-da birnäçe halklaryň täze ýyl baýramydyr. Nowruz baýramy mart aýynyň ýigrimi birinde bellenilip geçilýär.

(35 söz)

Saçak mukaddesdir

Öýümiziň-ojagymyzyň esasy bezegi mukaddes saçagymyzdyr. Düýe ýüň saçaklarymyza mährem enelerimiziň mähir-muhabbeti siňendir. Düýe ýüňünden dokalan saçak çöregi hemişe ýumşak saklaýar. Goý, saçaklarymyz hemişe ajaýyp tagamly nygmatlardan doly bolsun!



Kalp baýlygy

Ynsan tebigaty örän inçeden yzarlaýar. Özem göwne degilmek ýaly ýakymsyzlygy halamaýar. Halk arasynda “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir” diýen dana söz bar. Bu sözler ynsanyň kalp baýlygynyň çäksizdigini görkezýär.

(36 söz)


Ömür menzili

Ömür menzili uzak zat. Durmuş şol aýlanyp dur. Munda ýaşaýşa höwes döretmek ynsanyň özüne bagly. Durmuş çitimini näçe nepislik bilen owadan edip çitseň ýaşaýşyň manysy şonça-da lezzetli bolýar.

(31 söz)

Aýdymçy bolaryn

Men gelejekde ýurdumyzda belli aýdymçy bolmagy arzuw edýärin.

Şonuň üçin mekdepde oňat bahalar bilen okap, bilimli bolup ýetişerin. Mekdebimizde geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşýaryn. Watanyma, hormatly Prezidentimize wepaly adam bolup ýetişerin.

(33 söz)


Mähriniň şatlygy

Ýaz paslynyň ilkinji günüdi. Mekdebiň töweregi arassaja geýnen oglan-gyzlardan doludy. Olaryň arasynda Mähri atly gyzjagaz hem bardy.

Onuň egninde ejesiniň täze tiken ýaşylja köýnegi, akja öňlügi bardy. Mähri bu şatlykly güne köp garaşypdy. Mährini mugallym mähirli garşylady.

(40 söz)

Agaç nahallary

Geçen ýazda kakam obadan erik, alma, nar, şetdaly ýaly agaçlaryň nahallaryny getirdi.

Bu nahallary dostlarym bilen mekdebimiziň howlusyna ekdik. Mugallymyz bize minnetdarlyk bildirdi. Häzir nahallar boý alyp, ösýärler. Dostlarym bilen boş wagtlarymyzda agaçlaryň düýbüni arassalap,olara suw berýäris.

(40 söz)

Arçabil şaýoly

Şaglap duran şaýoluň, göni köçeleri şäherçämize gözellik berýär.

Arçabil şaýoly paýtagtymyzda iň uly owadan ýollaryň biridir.

Daga golaý bolanlygy üçin bu ýeriň howasam juda üýtgeşik. Şäherçede täze gurlan ymaratlar sanardan kän.

(33 söz)


Görelde mekdebi

Ata-enäniň göreldesi çaga üçin görelde mekdebidir. Perzent terbiýesinde öwüt-ündewden göreldäniň täsiri çaga üçin has-da täsirli bolýar.Görelde terbiýäniň maňzydyr. Çünki, çaga gulagy bilen eşideninden gözi bilen gören zadyny özüne oňat kabul edýär.Mugallymyň sapakda agzybirlik barada aýdanlary olarda uly täsir galdyrýar.

(44 söz)

Surat sapagynda

Sapak başlandy. Mugallymymyz bize palçykdan we plastilinden dürli şekilleri ýasamagy öwretdi.

Her kim öz islegi boýunça şekil ýasamaga başlady.

Jeren käsäniň şekilini ýasady. Dostum Myrat, Batyr, Oraz dagylar horazyň, düýäniň, sygryň şekillerini ýasamaga başardylar. Men towşanjygyň şekilini ýasadym.

(40 söz)