S.A.Nyýazow adyndaky etrabyda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyda” bellenen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça 2018-2019-njy okuw ýylynda ýerine ýetirilen işleriň
hasabaty.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar.
Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň bilim bölümi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçylygynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilim ulgamyndaky Permanlarydyr Kararlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mekdeplerde ýaş nesle durnukly bilim, sowat we döwrebap terbiýe bermekde etrabyň iňlis dili mugallymlary birnäçe öndürijilikli işleri durmuşa geçirdiler .
Etrabyň iňlis dili mugallymlarynyň esasy maksady - ösüp gelýän ýaş nesli ata –babalarymyzyň däp –dessurlarynyň esasynda terbiýelemek, türkmen halkyna, Watana, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen halkyna söýgüsini artdyrmak, okuwyň ahli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bolup durýar
Etrapda jemi 63 mekdep bolup, 60 we 63–nji mekdeper iňlis dili boýunça çuňlaşdyryp okadylýan mekdepler. Mekdeplerde jemi 356 iňlis dili mugallymy işleýär, olardan:
Ýokary bilimli: 295
Ýörite orta bilimli: 61
1-nji derejeli: 5
2-nji derejeli: 20
Derejesiz: 331
2018-2019-njy okuw ýylynda etrapda aşakdaky işler üstünlikli amala aşyryldy:
Mekdepleriň ähli mugallymlaryna şeýle-de tehniki işgärlerine iňlis dilini öwretmek maksady bilen etrabyň ähli mekdeplerinde birnäçe okuw toparlary doredilip, olaryň okuw rejesi düzulip, ýylyň dowamynda ýorite meýilnama boýunça iňlis dili sapaklary guraldy we häzirki wagta çenli dowam edýär.
Etrabyň mekdepleriň daşary ýurt dilleri boýunça usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary bilen okuw ýylynyň dowamynda her aýda bir gezek usuly maslahatlar geçirildi.
2018-2019-njy okuw ýylynda Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetini kämileşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak we birek-biregiň tejribesini öwrenmek maksady etrabyň ähli mekdeplerinde iňlis dili dersi boýunça “açyk gapylar” günlerini geçirmek meýilleşdirildi we olaryň rejesi düzüldi:
24/09 - 58-nji mekdep 25/09 - 60-njy mekdep 26/09 - 63-nji mekdep 28/09 - 36-njy mekdep 02/10 - 26-njy mekdep 05/10 - 13-nji mekdep 09/10 - 15-nji mekdep 12/10 - 46-njy mekdep 16/10 - 8-nji mekdep 19/10 - 16-njy mekdep 30/10 – 27-nji mekdep 02/11 - 40-njy mekdep 06/11 - 4-nji mekdep 09/11 - 21-nji mekdep 13/11 - 45-nji mekdep 20/11 - 49-njy mekdep 23/11- 10-njy mekdep 27/11 - 23-nji mekdep 30/11 - 34-nji mekdep 04/12 - 39-njy mekdep 07/11 - 12-nji mekdep 11/12 - 38-nji mekdep 14/12 - 37-nji mekdep 16/12 – 41-nji mekdep 18/12 - 41-nji mekdep 21/12 - 42-nji mekdep 25/12 - 35-nji mekdep 28/12 - 28-nji mekdep 15/01 - 29-njy mekdep 18/01 – 61-nji mekdep 22/01- 18-nji mekdep | 25/01- 17-nji mekdep 29/01- 51-nji mekdep 01/02- 22-nji mekdep 05/02- 47-nji mekdep 08/02- 3-nji mekdep 12/02- 25-nji mekdep 15/02- 48-nji mekdep 19/02- 59-njy mekdep 22/02- 56-njy mekdep 26/02- 32-nji mekdep 01/03-55-nji mekdep 05/03- 7-nji mekdep 07/03- 33-nji mekdep 12/03- 53-nji mekdep 15/03- 52-nji mekdep 19/03- 19-njy mekdep 02/04- 51-nji mekdep 05/04- 50-nji mekdep 09/04- 30-njy mekdep 12/04- 2-nji mekdep 16/04- 6-njy mekdep 19/04- -nji mekdep 23/04- 14-nji mekdep 26/04- 24-nji mekdep 30/04- 9-njy mekdep 03/05- 54-nji mekdep 07/05- 5-nji mekdep 10/05- 44-nji mekdep 14/05- 44-nji mekdep 17/05- 20-nji mekdep |
Okuw ýylynyň dowamynda mugallymlar ýokardaky reje boýunça degişli mekdepler baryp, açyk sapaklara, agşamlara, tegelek stollara gatnaşyp özara tejribe alyşdylar.
Etrabyň okuwçylarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan höwesini artdyrmak, olaryň iňlis dilinde arassa geplemegini gazanmak, sözleriň okalşyny, ýazylyşyny, manysyny owretmek, söz baýlygyny artdyrmak, hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine yetirmek maksady bilen, etrabyň okuwçylarynyň arasynda bäsleşikler geçirmek meýilleşdirildi we olaryň geçiriliş rejesi düzülip, mekdeplere berildi:
T/b | Bäsleşigiň ady we geçiriljek ýeri | Geçiriljek ýeri we wagty | Bäsleşýan synplry |
1 | “All about my village” 60-njy mekdep | 1-nji tapgyry: 29/0918 2-3-nji tapgyry: 31/09/18 | 9-njy ýa-da 10-njy synplardan 1okuwçy. |
2 | “Poetry in English” 60-njy mekdep | 18/10/18 | 6-njy ýa-da 7-nji synplardan 1 okuwçy. |
3 | “All about my school” 60-njy mekdep | 1-nji tapgyry: 06/11/18 2-3-nji tapgyry: 07/11/18 | 8-nji synplardan 1okuwçy. |
4 | Creative English 60-njy mekdep | 15/12/18 | 10-njy ýa-da 11-nji synplardan 1okuwçy. |
5 | “My achievements” 60-njy mekdep | 22/12/18 | synplardan 1okuwçy. |
6 | “Bagtyýarlyk zamanynyň zehinli ýaşlary” 60-njy mekdep | 11/04/19 | 8-11-nji synp okuwçyl. |
7 | Düzme ýazmak bäsleşigi 26-njy mekdep | Mek tap: 11/04 çenli Etrap tap: 12/04 Wel.tap: 19/04 | 8-11-nji synp okuwçylary |
8 | Spelling bee (7-8synplar) 59-njy mekdep | 19/04/19 | 9-11-nji synlar |
9 | Spelling bee (9-11synplar) 59-njy mekdep | 24/04/19 | 7-8-nji synplar |
Bäsleşikler wagtly-wagtynda geçirildi, höwesi we ukyby bilen tapawutlanyp, ýeňiji bolan okuwçylar hormat hatlary we diplomlar bilen sylaglanyldy.
Okuw ýylynyň başynda etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 60-njy we 63-nji mekdeplerinde bilim bermek işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen iňlis dili dersi boýunça usuly merkezleri döredildi. Bu merkezlerde daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurt dili dersini döredijilikli, işjeň usulda, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk guramaga ýardam etjek audio, wideo resurslardan, derslere degişli prezentasiýalardan, suratlardan, ybarat bolan iňlis dili mugallymlarynyň usuly gory bar (okuw ýylynyň dowamynda yzygiderli baýlaşdyryldy).
2019-njy ýylyň ýanwar aýynda iňlis dili dersi boýunça etrap işjeň toparynyň gatnaşmagynda etrabyň iňlis dili mugallymlaryň hususy gorynyň kamilligi we kompýuter sowatlylygynyň ýagdaýy seljerildi.
Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlara bildirilýän häzirkizaman talaplara laýyklykda olaryň öwredýän daşary ýurt dilini kämil bilmegini, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmegini, daşary ýurt dillerini okatmakda bilim tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmagy başarmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, etrabyň mugallymlary daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleriň we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda, ýokary okuw mekdeplerindäki hünär derejelerini ýokarlandyryş fakultetlerinde, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejelerini ýokarlandyryş merkezlerinde guralýan okuwlara yzygiderli goýberildi.
Konsepsiýany döredijilikli amala aşyrmaga, bäsleşige ukyply, başarjaň daşary ýurt dili mugallymlarynyň täze neslini ýetişdirmek maksady bilen 1-3 ýyl iş tejribesi bolan ýaş hünärmen mugallymlar bilen etrabyň çäginde aýda bir gezek usuly okuwlary guraldy.
12/10/18 güni, etrap bilim bölüminiň daşary ýurt dilleri boýunça hünarmeni “Mugallymlar gazetinde” daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion çemeleşmelerine we tehnologiyalaryna bagyşlanan makalasy bilen çykyş etdi.
Etrapbyň 1-nji, 5-nji, 6-njy, 10-njy, 12-nji, 13-nji, 14-nji, 20-nji, 21-nji, 23-nji, 26-njy, 31-nji, 37-nji, 44-nji, 48-nji, 59-njy, 60-njy mekdeplerinde iňlis dili dersi boýunça synpdan-synpa geçiriş synaglarynyň geçirilişi öwrenildi, we synag geçiriş tertibini bozan mugallymlara degişli çäre görüldi.
Etrapda 2-11-nji synplar üçin niýetlenen Iňlis dili okuw kitaplary bilen netijeli işlemek maksady bilen ahli iňlis dili mugallymlaryna aýratynlykda ýumuş tabşyrylyp, mugallymlar üçin niýetlenen usuly gollanma taýýarlamak işi ýanwar aýyndan bäri dowam edip dur. Bu gollanmany 2019-2020-nji okuw ýylyna doly taýýar etmeklik meýilleşdirilen.
S.A Nyýazow adyndaky EBB-iň hünärmeni: J.Garrybaýewa