СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Tüwiniň saglyga täsiri

Категория: Биология

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Tüwiniň saglyga täsiri»







Türkmeniň bereketli topragy gyşyn-ýazyn gök, miwe, bakja, däne önümlerini boldan eçilip, bazarlarymyzyň hümmetini artdyrýar. Däne önümleriniň sökellikleriň köp görnüşiniň öňüni almaga ýardam edýändigi hemmä mälimdir.

Gadymy ösümliklere degişli bolan tüwi Gündogar yurtlarynda giňden ýaýrandyr. Onuň düzüminde beden üçin zerur bolan maddalar, ýagny beloklar, witaminler, mikroelemententler, biotin, sink saklanýar. Tüwiniň görnüşleri köpdür. Ol ak, sarymtyl, gyzylymtyl-goňur, togalak, süýnmegrak, uzyn daneli...bolyar. Tüwiniň her bir görnüşi saglyk üçin peýdaly.

Tüwi В witaminler toparyna degişli bolup, ol nerw ulgamyny pugtalandyrýar, ýagny pikirlenmek, ünsüňi jemlemek ukybyňy, ýatkeşligiňi berkidýär.

Tüwiniň düzüminde natriniň we holesteriniň ýoklugy, özi-de az kaloriýalydygy sebäpli, gan basyşynyň kadalaşmagynda, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklarynda, böwrek kesellerinde, semizlikde bu önüm ýaramly. Mundan başga-da, tüwi bedende täze öyjükleri döretmäge ukyply.

Tüwiniň düzüminde ösümlik belogynyň (glyuten) hem-de allergiýa döretmek ukybynyň ýoklugy sebäpli, beýleki däneli ösümliklerden tapawutlanýar. Tüwi unundan dürli iýmit garyndylary, bulamaklar taýýarlanylyar. Bular bolsa içgeçmede, içege sanjylarynda giňden ula- nylýar. Mundan başga-da tüwi unundan bişirilen çörek önümlerini berhiz tutýan adamlara iýmek maslahat berilýär.

Bellemeli zatlaryň biri — ýylmanak ak tüwiniň peýdasynyň az bolýanlygydyr. Ýokumly maddalar tüwiniň gabygynda saklanýar. Onuň ozünde bolsa, esasan, uglewodlar bar. Şonuň üçin ýylmanmadyk ýa-da gaýtadan işlenilmedik tüwi has ýokumly, peýdaly.

Köp döwletlerde bolşу ýaly biziň ýurdumyzda-da tüwi gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Ondan her dürli tagamlar, şüle, akýüwrük palaw taýýarlanylýar.

Şeýle-de tüwüden we onuň unundan dürli kremler, petler, ýapgylar gözellik serişdesi hökmünde taýýarlanyp, giňden ulanylýar.


Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!