T/B | Çäreleriň atlary | Möhleti | Jogapkär |
1 | «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başamygyny ösdürmek | Yzygiderli | A.Saparowa |
2 | Psihologiýanyň, pedagogikanyň we okatmagyň usulyýetiniň soňky gazananlarynyň esasynda umumybilim maksatnamalary boýunça ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň usulyýeti yzygiderli kämilleşdirmek | Ýylyň dowamynda | A.Saparowa |
3 | Okuwçylaryň amaly başarnyklaryny we endiklerini ösdünnek, olarda häzirki zaman nazary we amaly bilimleri, ylmy garaýyşlary kemala getirmek, ýaş nesliň milli we halkara derejelerinde geçirilýän zehin bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmeklerine ýardam edýän usullary ulanmagyň tejribesini üznliksiz kämilleşdirmek | Ýylyň dowamynda | A.Saparowa |
4 | Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän ulgamlaýyn işlerde täze maglumatlary ýaş nesliň aňynda öňden bar bolan düşünjeler bilen baglanyşdyrmak, okuw maglumatlaryny böleklere bölüp, kem-kemden beýan etmek, özleşdirilen bilimleri yzygiderli ornaşdyrmak | Ýylyň dowamynda | A.Saparowa |
5 | Okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmek we olara şahsy durmuş ýollaryny kesgitlemäge ýardam bermek maksady bilen, okatmagyň innowasion usullaryny,barlag-gözleg tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak | Ýylyň dowamynda | A.Saparowa |
6 | Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli görnüşli bäsleşikleriň gerimini giňeltmek, sanyny artdyrmak, şeýle hem ýeňijileri) höweslendiriji baýraklar bilen sylaglamak | Hemişe Ýylyň dowamynda | A.Saparowa |
7 | Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimiň çagalaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan bilim maksatnamalary esasynda çagalaryň dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek bilen, olaryň medeni-estetiki garaýyşlarynyň kemala getirilmegine, döredijilik ukyplaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlerini, bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ösdürilmegine degişli işleri yzygiderli alyp barmak | Yzygiderli | A.Saparowa |
8 | «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini döretmek | Sentýabr | A.Saparowa |
9 | Halypa-şägirt gatnaşyklarynyň tertibini işläp düzmek hem-de bellenen tertipde tassyklap, bilim ulgamyna ornaşdyrmak | Yzygiderli | A.Saparowa |
10 | Okuw-usuly edebiýatlar, okuw-görkezme esbaplar, goşmaça edebiýatlar bilen üpjünçiligi yzygiderli berkitmek we kämilleşdirmek | Hemişe | A.Saparowa |
11 | Öz kärine ussat, kärdeşleriniň we okaýanlaryň arasynda uly abraýdan, hormat-sylagdan peýdalanýan pedagogik işgärleriň kärdeşleri, ylaýta-da ýaş mugallymlar üçin ussatlyk sapaklaryny yzygiderli geçirmeklerini ýola goýmak, sapaklary sanly ulgam (wideoaragatnaşyk) arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamyna giňden ýaýratmak | Yzygiderli | A.Saparowa |
12 | Dersler boýunça internet olimpiadalara okuwçylary gatnaşdyrmak | Yzygiderli | A.Saparowa |
13 | Uzak aralykdan okatmak we onuň sanly serişdelerini taýýarlamak boýunça okuwlary guramak | Yzygiderli | A.Saparowa |
14 | Bilim we terbiýe berijilik ähmiýetli tanyşdyryşlar, prezentasiýalar döretmek | Yzygiderli | A.Saparowa |
15 | Bilim we terbiýe berijilik ähmiýetli elektron tekstleri taýýarlamak | Yzygiderli | A.Saparowa |
16 | Uzak aralykdan okatmak we onuň sanly serişdelerini taýýarlamak boýunça okuwlary guramak | Yzygiderli | A.Saparowa |
17 | Okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary (sanly bilim goruny) işläp taýýarlamak üçin döredilmeli elektron maglumatlaryň sanawyny we olaryň görnüşlerini hem-de ölçeglerini taýýarlamak | Yzygiderli | A.Saparowa |
18 | Elektron okuw kitaplary we gollanmalary, maglumat kitapçalary, sapak ýazgylary, tejribe okuwlaryny taýýarlamak | Yzygiderli | A.Saparowa |
19 | PISA, TIMSS, PIRLS maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna omaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak we olaryň esasynda yzygiderli seljermeleri geçirmek; | Yzygiderli | A.Saparowa |
20 | eMekdep – onlaýn ulgamyndan peýdalanyp ,elektron žurnaly yzygyder doldurmaklygy ýola goýmak | Hemişe | A.Saparowa |
PIRLS okamagyň hilini we teksti düşünmegiň halkara gözlegidir. Bu gözegçilik okuwy, Bilim üstünliklerine baha bermek boýunça halkara birleşigi (IEA) tarapyndan gurnaldy.