СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Uu harpy we sesi-1 synp

Нажмите, чтобы узнать подробности

Türkmen dilinde okadylýan 1 synplar üçin "Uu harpy  we sesi" diýen temada  sapak ýazgy. Başlangyç synp mugallymlary üçin. 

Просмотр содержимого документа
«Uu harpy we sesi-1 synp»


Sapagyň temasy: “ Uu harpy we sesi ”


Sapagyň maksady: 1) Çagalara Uu harpyny we sesini aýtmagy, şekilini tanamagy, u

sesli sözleri öwretmek; u sesli sözleri aýtmak bilen çagalaryň

sözleýiş endigini ösdürmek.

2) Çagalara ahlak, zähmet terbiýesini bermek we zähmete söýgi

döretmek .

Sapagyň görkezme esbaby: Jj, Uu harplaryna degişli suratlar, öwrediji oýunlar, mul-

timediýa serişdeleri, harp bukjasy.

Sapagyň görnüşi: görkezip okatmak (işjeň usulda).

Sapagyň gidişi:

  1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

  • Salam çagalar!

  • Salam.

  • Türkmen asly halaldyr

  • Ýigreneni haramdyr

  • Ata – babaň bolan dessury

  • Edep başy salamdyr.


Bagtyýarlyk minudy.

-2018-nji ýyl näme ýyly diýip yglan edildi?

- Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýyly “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etdi.



Beýik Ýüpek ýoly taryhyň ýoly,

Gündogaryň Günbatara salamy.

Bu gün çatrygynda iki yklymyň

Nur saçyp dur bagtyýarlyk zamany


  • Kim nobatçy?

  • Nobatçy men.

  • Synpymyzda ähli okuwçylar bar, synp sapaga taýýar.

  • Häzir haýsy sapak?

  • Häzir okuw sapagy.

  • -Häzir okuw sapagy

  • Öwrenýäris harplary.

  • Okap, ýazyp bilýäris

  • Söýýäris biz “Harplygy”

  • Geliň, onda sapagymyza başlalyň!

  1. Geçilenleri gaýtalamak.

a) Sorag-jogap arkaly.

-Biz haýsy harplary öwrendik? (okuwçylar harplaryň goşgusyny aýdýar)

  • Geçen sapakda haýsy harpy öwrendik?

  • Geçen sapak Jj harpyny öwrendik.

  • Jj harpy nähili harp?

  • Jj harpy çekimsiz harp.




















b)Kitapdan sözleri okatmak.


ç) “Syrly gutujyk” oýny oýnatmak. Gutujykdan suratlary çykaryp atlaryny aýtmaly.

d) Dynç alyş pursady.

- Geliň indi, çagalar, dynç alalyň, tans edeliň.

















  1. Täze temany düşündirmek.

  • Uu harpy bilen tanyşdyrmak.

  • Uu harpynyň aýdylyşy.

  • Uu harply söz aýtmak.

  • Uu harply sözlem okamak.

Mugallymyň sözi:

  • Suratda nämeleri görýärsiňiz?

-Bu sözlerde haýsy ses eşidilýär?

  • U sesi.

  • Onda biz siziň bilen bu gün Uu harpyny aýtmagy, okamagy öwrenýäris.

-Çagalar, siziň bilişiňiz ýaly türkmen elipbiýinde 30 sany ses bar. Ynha bu gün hem siziň bilen sesleriň ýene biri Uu sesini öwreneris. Uu sesi çekimli ses. Ol sesi aýdanymyzda uzyn aýdylýar. Hany aýdalyň bilelikde U-u-u.

  • - Nähili aýdyldy, çagalar?

  • Okuwçylar: - Uzyn aýdyldy?



  • Mugallym: - Geliň indi Uu sesini çekimsiz sesler bilen baglanyşdyralyň.

  • Un, du, us, uç, ur , um.

  • Mugallym: -Geliň indi Uu sesine degişli söz düzüp öwreneliň!

  • Men ussahana bardym. -Ussa pil ýasaýar.

  1. Täze temany berkitmek.

  1. Kitapdan sözleri köpçülik bolup okamak.

  2. Manysyny sözlemek.

  3. Bogunlary sanamak.

  4. Işjeň oýunlar arkaly temany berkitmek.

  5. Azaşana kömek et” oýny.

Jj harpy bolan sözleri bir öýe, Uu harpy bolan sözleri başga öýe ýerleşdirmeli we atlaryny ýazmaly.















  1. Jadyly halta” oýny.

-Çagalar Jeren bir halta tapdy. Onuň içinde näme bar-ka, geliň göreliň. haltadan bogunlar çykýar. Çagalar şol bogunlardan sözlem düzýärler.



















  1. Kesme harplardan sözlem düzmek.

  2. Mazmunly surat boýunça gürrüň beriň.

V. Sapagy jemlemek.

-Biz haýsy harpy öwrendik?

-Uu harpyny.

-Uu harpy nähili harp?

-Uu harpy çekimli harp.

-Okuwçylara Uu harpy bolan sözleri gaýtaladýaryn.

-Şu gün biz haýsy sözler bilen tanyşdyk? Suratlara seredip atlaryny aýdyň.

b) Watany wasp edýän aýdym aýtmak .

Okuwçylary höweslendirmek.

-Sapak gutardy. Sag boluň !




Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!