ÝER TITREMESINDE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ WE BERILMELI ILKINJI KÖMEGIŇ DÜZGÜNLERI
Biziň ýurdumyzyň seýsmiki çäkde ýerleşip,
köplenç halatlarda tebigy hadysa bolan ýer titre-
mesiniň bolup durýandygyndan biziň hemmämiz
hem habarlydyrys. Esasan hem dag eteklerindäki
zolaklarda döreýän bu tebigy hadysa her birimiz-
den çalt, dogry we guramaçylykly çäreleri alyp
barmagyň zerurlygyny talap edýär. Biziň we ýa-
kynlarymyzyň saglygy we ömri ol çäreleriň öz-
wagtynda we dogry geçirilşine juda bagly bolup
durýandyr.
ÝER TITREME NÄME?
B u ýer astyndan döreýän urgy we ýer üstüniň sarsgyny netijesinde ýer ga-bygynyň ýa-da mantiý gatlagynyň üstki böleginiň uly aralykda berk, çeýe yrgyldy görnüşde böwsülip ýarylmagy, boşluklaryň emele
gelmegidir. Ýer titremesiniň güýji seýsmiki şkala
boýunça 12 bal bilen bahalandyrylýar. Şertleýin
ýer titremesiniň güýjüni ballar boýunça topara
bölýarler: 1-4 ball – gowşak, 5-7 ball – güýçli,
8 we ondan hem ýokary – weýran ediji. Ýer
titreme hadysasynyň başlanmagy aýnalaryň
jaýrylmagy, döwülmegi, üçekleriň yrgyldap
ondaky duran goşlaryň herekete gelip başlama-
gy, kitap tekjeleriň, şkaflaryň, çyralaryň yrgylda-
magy, diwarlarda ýaryklaryň peýda bolmagy bilen
häsiýetlendirilýär. Bularyň gulagyňy gapýan sesler bilen gabat gelmegi köplenç halatlarda alamatlydyr.10-20 sekuntdan soňra bolsa ýer sarsgynynyň güýçlenmegi bilen, jaýlaryň we gurluşyklaryň ýykylmagy bolup geçýär.10-a golaý bally güýçli yrgyldy jaýlary, binalary ýykyp bilýändir. Aralyk ýer titremesi 5-20 sekunt dowam edýär. Titremeler näçe uzak dowam etse, şonçada heläkçilik ýokarlanýar.
ÝER TITREMÄNIŇ BALLARDA HÄSIÝETNAMASY
1 bal-bellenilmeýän-adamlar duýmaýar, ýeriň titremesi diňe abzallaryň kömegi bilen hasaplanylýar.
2 bal-öran gowşak-jaýyň ýokarky gatynda ýaşaýan adamlar duýup bilýär.
3 bal-gowşak-titremäni köp adamlar duýýar.
4 bal-aram ýagdaý-hemme adam diýen ýaly duýýar, aýnalar şakyrdaýar.
5 bal-aram güýçli-ýatanlaryň köpüsi oýanýar, çyralar yrgyldaýar.
6 bal-güýçli-jaýlaryň ýeňil zeperlenmegi, diwarlarda kiçi jaýryklaryň bolmagy.
7 bal-örän güýçli-diwarlaryň ýarylmagy, olaryň bölünip gaçmagy.
8 bal-zeperlendiriji-tuty asgyçlaryň gaçmagy, tüsse çykaryjylaryň gopmagy, di-warlaryň uly möçberde jaýrylmagy, bölekleýin ýumrulmagy, adamlaryň aýak
üstünde durmagynyň kynlaşmagy.
9 bal-haraba döndürýän-diwarlaryň ýumrulmagy.
10 bal-weýran ediji-köp jaýlaryň, gurluşyklaryň ýykylmagy,1 metre çenli uzyn-lykda ýeriň ýarylmagy.
11 bal-heläkçilik-ýer üstünde köp sanly ýaryklar, opurulmalaryň bolmagy.
12 bal-güýçli heläkçilik-ýerli ýer relýefiniň üýtgemegi.
ÝER TITREMESINE NÄHILI TAÝÝARLYK GÖRMELI?
Eger siz seýsmiki taýdan howply çäklerde
ýaşap, islendik ýerde bolsaňyzam: öýde, işde,
kinoteatrda, transportda, köçede ýer titreme
howpy barada köpçülikleýin yglan edilende
özüňi alyp çykmagyň meýilnamasyny öňünden
pikirleniň. Şol sanda maşgala agzalaryňyza hem
ýer titreme wagtynda özüňi alyp barmagyň aý-
ratynlyklary we berilýän ilkinji lukmançylyk
kömeginiň düzgünlerini öwrediň.
Eger ýer titreme howpy barada öňünden
habar edilen bolsa:
→ Belli bir amatly ýerde şahsy resminamalaryňyzy, pullaryňyzy, jübi çyrasyny we goşmaça batareýleri saklaň.
→ Öýde goşmaça agyz suwunyň we gaplanan, zaýa bolmajak iýmit önümleriniň birnäçe günlük ýeterlik mukdaryny taýynlap goýuň.
→ Düşekleri penjiräniň we daşky diwarlaryň öňünden aýyryň. Şkaflary, tekjeleri berkidiň, ýokarda saklaýan agyr goşlaryňyzy aşak düşüriň.
→ Howply jisimleri (zäherli himiki maddalar, çalt ýanyp biljek suwuk görnüşli himikatlar) çetleşdirip, howpsuz ýerde ýygnap goýüň.
→ Öýüň ähli ýaşaýjylary zerurlyk ýüze çykanda ýapar ýaly merkezi elektrik şitiniň nirde ýerleşýändigini, esasy gaz we suw geçirjileriň berklenýän ýerini bilmelidirler.
→ Öýde ulanýan dermanhana gutujygyňyzda saklanýan derman serişdelerine üns beriň. Maşgala agzalaryňyzyň ulanýan dermanlaryny alyp goýuň.
→ El telefonyňyza tiz lukmançylyk kömegi we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, ýerli polisiýanyň we seýsmiki stansiýanyň telefon belgilerini belläp goýuň.
Ý ER TITREME WAGTYNDA ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?
Oturan ýeriňiziň yrgyldap ugranyny duýup
başlama, çyralaryň yranyp, ýokarda ýerleşen
goşlaryň gaçyp, güýçlenýän güwwüldili sesleriň
we aýnalaryň şakyrdysynyň ýokarlanmagy, şol
sanda sygyr, it, düýe, eşek ýaly öý haýwanlarynyň
adaty bolmadyk hereketleri we sesleri birbada
howsalanyň we galagoplugyň döremegine getirip
biler. Gorky we howsala erkiňizi bermäň. Ýer
titremäniň başlanan pursatyndan, onuň weýran-
çylyga getirip biljek pursadyna çenli 20-25 sek.
( ýer titremäniň güýjüne baglylykda) wagtyňyzyň
bardygyny ýadyňyzda saklaň. Eger jaýyň aşaky
gatlarynda ýaşaýan bolsaňyz, haýal etmän zerur
bolaýjak goşlaryňyz bilen daşyna çykyň. Jaýdan
çykylanda lifti ulanman hökman basgançak bilen
aşak düşüň. Ýola çykyp duruň, ýöne uly gatly
binalaryň, jaýlaryň golaýyndan daşda, açyk meý-
dançada durmaga ymtylyň.
Asudalygy saklajak boluň, beýleki adamlary hem
köşeşdirmäne çalşyň. Uly gatly jaýlarda bolup,
jaýyň içinde galan halatyňyzda howpsuz ýeri saý-
laň: diwarlaryň birigýän burçlarynda, üçegi göter-
ýän diregleriň ýanynda, gapy oturtmalaryň aşagynda. Eger stolyň aşagynda giz-lenmek mümkünçiligiňiz bolsa gizleniň, ol sizi ýokardan gaçýan kerpiçdir, beton böleklerinden gorar. Penjireden we agyr mebellerden daşda duruň.
Ýangyn döretmeden gaça durup, şem, kükürt, otlawaç ulanmaň. Çykyp du-ran uly balkonlardan, tutularyň karnizlerinden, tok geçiriji simlerden daşda duruň. Eger siz maşynda bolsaňyz, açyk, hiç hili tok geçirijileriň ýok ýerlerinde saklanyň we hadysa sowulmasa maşyndan çykmaň. Köpri, tunnel ýaly gurluşyklara ýakyn-laşmaň. Beýleki adamlara kömek etmeklige hemişe taýýar boluň.
ÝER TITREMEDEN SOŇKY PURSATLARDA ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?
B olup geçen hadysa aňly-düşünjeli baha beriň. Töweregiňize seredip ejir çekenleri kesgitlemäge we olara ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge taýyn boluň.
Ýer titremede beden dokumalary müçükmä
(ýenjilmä), süňkleri döwülmä sezewar bolan
adamlara dogry we özwagtynda kömek bermek
wajypdyr. Müçükmelere sezewar bolan adam-
laryň şikeslenen ýerine buzly haltajyklary go-
ýup, soňundan basyp saklaýjy daňylary goý-
mak, ýörite agaçdan ýasalan söýgetleriň (şina)
kömegi bilen hereketlensizdirmek zerurdyr. Luk-
manlar gelip ýetýänçä, heläk bolana agyrsyzlan-
dyryjy gerdejikleriň birnäçesini berip, köpräk
suwuklyk içirmelidir.
Süňk döwülmeleri bolan heläk bolanlaryň el-aýaklaryny ýörite söýget bilen berkidip, olary asuda ýagdaýda saklamaga çalyşmalydyr. Döwükleriň açyk gör-nüşine ilki bilen arassa sargy, zerur bolan halatlarynda žgut goýulýandyr. Ýer tit-reme wagtynda ýokardan gaçma, birzada urulma netijesinde kelläniň, döşüň, oňurganyň, garyn boşlugynyň dürli şikeslenmeleri ýüze çykyp bilýändir.
Şikeslenmeleriň dürli görnüşlerine garamazdan, aşakdaky hereketleri geçirme gadagandyr:
Heläk bolanyň kellesini galdyryp, onuň aşagyna ýassyk, torba ýa-da eple-nen eşikleri goýma;
⇒ zerurlyk bolmasa heläk bolany ýerinden gymyldatma;
⇒ huşsuz arkan ýatan adamyny ýeke goýmak.
Ilki bilen üns bermeli ýagdaýlar:
♦ Alnan şikesiň näme netijesinde bolandygyny kesgitläp, onuň agyrlygyna baha bermelidir;
♦ Ýürek urgularyň bardygyny kesgitlemeli, eger ol bolmasa, haýal etmän ýüregi owkalama çärelerini geçirmeli;
♦ Eger adam hüşsuz bolup, dem almasy we ýürek urmasy kesgitlenýän bolsa, on-da haýal etmän ony garnyna ýatyryp agzynyň içini el ýaglyk ýa-da süpürgiç bilen arassalamaly;
♦ Eger heläk bolanda gan akma dörän bolsa, şikeslenen ýere daňy goýup, gan akmany duruzmaga synanyşmalydyr.
Zeperlenip emma doly ýykylmadyk jaýlara, ymaratlara ýakynlaşmaň, olara gir-mäň. Hadysadan 2-3 sagat soň ol ymaratyň ýa-da jaýyn sarsgyn astynda ýykyl-jagyna taýyn boluň. Gaty wajyp bolmasa jaýa girmäň.
Eger siziň özüňiz kesekleriň astynda galan bolsaňyz:
► Mümkün boldugyndan özüňize lukmançylyk kömegini bermegi başaryň;
► Daşyndaky adamlar bilen baglanşygy gazanjak bolmaga ymtylyň. Gygyrmak, kakmak arkaly olara özüňiziň bardygyňyzy bildiriň;
► Ot ýakmaly däldigini ýadyňyzda saklaň, zerurlyk dörände çeleklerden, ha-jathananyň suw ýygnaýjysyndan suw alyp içip bilersiňiz;
► Ýyladyş turbalaryny kakmak arkaly hem dürli duýduryşlary berip bilersiňiz. Güýjüňizi tygşytlaň. Siz näçe wagt kesek astynda boljakdygyňyz belli däldir.
Tebigy betbagtçylyk munuň özi duýdansyz, akgynly, adamlaryň ýaşaýşy we saglygy üçin örän howply hadysadyr.
Tebigy betbagtçylygyň öňüni alyp bolmaýar, ýöne taýýar bolmaly we taýýarlyk görmeli!