СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Ýolbars we tilki erteki

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Erteki

Просмотр содержимого документа
«Ýolbars we tilki erteki»

 Tema: Ata Salyhyň ömri we döredijiligi.  1. ,,Kädiniň gülküsi” , ,,Şagal bilen horaz “ 2. ,,Ýolbars we tilki” basnýalary öwrenmek.

Tema: Ata Salyhyň ömri we döredijiligi.

1. ,,Kädiniň gülküsi” , ,,Şagal bilen horaz “

2. ,,Ýolbars we tilki” basnýalary öwrenmek.

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh sözüň hakyky manysynda tüýs halk şahyrydy. Ata Salyh (1908-1964) gysga ömrüniň 46 ýylyny edebi döredijilik işine bagyşlap, türkmen halkynyň azat-bagtly durmuşyny, täze medeniýetiň jarçysy boldy. Ata Salyhyň döredijiligi halkyň asyrlar boýy döreden eserleri bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Şahyr halk döredijiliginiň içine girýän dürli-dürli žanrdaky eserleri ökde bilmek bilen nakyllar, atalar sözi, ertekiler ýaly baý fondyndan öz döredijiliginde peýdalanýar.

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh sözüň hakyky manysynda tüýs halk şahyrydy.

Ata Salyh (1908-1964) gysga ömrüniň 46 ýylyny

edebi döredijilik işine bagyşlap, türkmen halkynyň

azat-bagtly durmuşyny, täze medeniýetiň jarçysy

boldy. Ata Salyhyň döredijiligi halkyň asyrlar boýy

döreden eserleri bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Şahyr halk döredijiliginiň içine girýän dürli-dürli

žanrdaky eserleri ökde bilmek bilen nakyllar,

atalar sözi, ertekiler ýaly baý fondyndan öz

döredijiliginde peýdalanýar.

,,Ata Salyh häzirem müňlerçe adamyny öz yzyna käp öňe barýar”. ,,Türkmenistanyň halk şahyry, halkyň söýgüli ogly Ata Salyhyň bize galdyryp giden Watançylyk goşgulary, erteki, basnýa we şorta sözleri okamaga, öwrenmäge mynasyp bolan edebi myrasdyr”.

,,Ata Salyh häzirem müňlerçe adamyny öz yzyna

käp öňe barýar”.

,,Türkmenistanyň halk şahyry, halkyň söýgüli ogly

Ata Salyhyň bize galdyryp giden Watançylyk

goşgulary, erteki, basnýa we şorta sözleri okamaga,

öwrenmäge mynasyp bolan edebi myrasdyr”.

Ata Salyh türkmen edebiýatynda ilkinji basnýalary  döretdi. Şol basnýalar - ,,Ýolbars bilen tilki”, ,,Şagal bilen horaz” , ,,Kädiniň gülküsi” özüniň mazmuny, sagdyn ideýasy, jary çeperçiligi bilen uly iliň göwnünden turdy, şahyryň naýbaşy eserleri  hasaplanyldy. Şahyryň basnýalary hakynda gürrüň  edilende, ilkinji nobatda, onuň öz ýazjak eserlerine  halkyň arasyndaky iň belli ertekileri esas edip alan-  dygyny bellemek gerek. Şahyr şol ertekileri öziçe  täzeden işläp, mazmunyny has çuňlaşdyryp,şahyrana  serişdeler bilen bezäp, halka gaýtaryp berdi. Bu bolsa şol basnýalaryň halk köpçüligine düşnükli  bolmagyna getirdi, olary nyşana alnan ,,nokady” kemsiz urup bilýän ,,ýaraga’’ öwürdi.

Ata Salyh türkmen edebiýatynda ilkinji basnýalary

döretdi. Şol basnýalar - ,,Ýolbars bilen tilki”,

,,Şagal bilen horaz” , ,,Kädiniň gülküsi” özüniň

mazmuny, sagdyn ideýasy, jary çeperçiligi bilen uly

iliň göwnünden turdy, şahyryň naýbaşy eserleri

hasaplanyldy. Şahyryň basnýalary hakynda gürrüň

edilende, ilkinji nobatda, onuň öz ýazjak eserlerine

halkyň arasyndaky iň belli ertekileri esas edip alan-

dygyny bellemek gerek. Şahyr şol ertekileri öziçe

täzeden işläp, mazmunyny has çuňlaşdyryp,şahyrana

serişdeler bilen bezäp, halka gaýtaryp berdi.

Bu bolsa şol basnýalaryň halk köpçüligine düşnükli

bolmagyna getirdi, olary nyşana alnan ,,nokady”

kemsiz urup bilýän ,,ýaraga’’ öwürdi.

,,Ýolbars bilen tilki” Gadym eýýamda bir tilki bar eken, Gapyrgasy sanaýmaly hor eken.  Tokaýda bir ýolbars duşupdyr oňa, Diýipdir: ,, Ýeri dost, näm bolýar saňa?”  Tilki hem ýolbarsyň golaýna baryp , Guýrugyny bulap, boýnuny burup,  Diýipdir: ,,Gulak sal, ynha, men şeýle Agyr hala duşdum, bir kömek eýle.  Näme işlejegim bilip bilmeýän . Lagar duşdum, awym alyp bilmeýän...”

,,Ýolbars bilen tilki”

Gadym eýýamda bir tilki bar eken,

Gapyrgasy sanaýmaly hor eken.

Tokaýda bir ýolbars duşupdyr oňa,

Diýipdir: ,, Ýeri dost, näm bolýar saňa?”

Tilki hem ýolbarsyň golaýna baryp ,

Guýrugyny bulap, boýnuny burup,

Diýipdir: ,,Gulak sal, ynha, men şeýle

Agyr hala duşdum, bir kömek eýle.

Näme işlejegim bilip bilmeýän .

Lagar duşdum, awym alyp bilmeýän...”

Hor tilkä ýolbarsyň rehimi geldi. Wadalaşdy, kömek etmekçi boldy.  Bular bir güzere baryp ýetdiler. Gizliginje ýerde bukup ýatdylar.  Suw içmäge geldi bir süri gulan. Ýolbars tilkä diýdi ýuwaşlyk bilen:  ,,Gözüm gyzardymy, hany bir seret!” ,,Hawa” diýip, tilki etdi yşarat.  Ýolbars gazaplanyp, ýapyrlyp eňdi. Baryp bir gulanyň üstüne zyňdy.

Hor tilkä ýolbarsyň rehimi geldi.

Wadalaşdy, kömek etmekçi boldy.

Bular bir güzere baryp ýetdiler.

Gizliginje ýerde bukup ýatdylar.

Suw içmäge geldi bir süri gulan.

Ýolbars tilkä diýdi ýuwaşlyk bilen:

,,Gözüm gyzardymy, hany bir seret!”

,,Hawa” diýip, tilki etdi yşarat.

Ýolbars gazaplanyp, ýapyrlyp eňdi.

Baryp bir gulanyň üstüne zyňdy.

Sergi bolup ýatyr gulanyň eti. Tilki bu boluşa şatlandy gaty.  Jany sag, wagty hoş keýpi kök tilki, Gulanyň etinden garny dok tilki  Birnäçe gün iýdi-içdi, semredi. Öz ýanyndan ony-muny samrady.  Diýdi: ,, Men güýçlenip, ýolbars dek boldym. Gulan awlamagyň tärini bildim.  Ýoldaşlarymyň arasyna baraýyn, Olar bilen gürrüňleşip göreýin”

Sergi bolup ýatyr gulanyň eti.

Tilki bu boluşa şatlandy gaty.

Jany sag, wagty hoş keýpi kök tilki,

Gulanyň etinden garny dok tilki

Birnäçe gün iýdi-içdi, semredi.

Öz ýanyndan ony-muny samrady.

Diýdi: ,, Men güýçlenip, ýolbars dek boldym.

Gulan awlamagyň tärini bildim.

Ýoldaşlarymyň arasyna baraýyn,

Olar bilen gürrüňleşip göreýin”

Onsoň gür tokaýa sümdi-de gitdi. Tilkileriň bolýan ýerine ýetdi.  Hor tilkiniň semränini gördiler Daşyna ýygnaşyp, sowal berdiler:  ,, Biz seni ýitirdik, nirede boldyň? Haýsy çölden, haýsy tokaýdan geldiň?”  Ýaňky tilki derrew başlady söze. Diýdi: ,,Gulak salyň, aýdaýyn size,  Dostlar, men bu günler gulan tutýaryn, Görkezeýin düşüň yzyma meniň!”

Onsoň gür tokaýa sümdi-de gitdi.

Tilkileriň bolýan ýerine ýetdi.

Hor tilkiniň semränini gördiler

Daşyna ýygnaşyp, sowal berdiler:

,, Biz seni ýitirdik, nirede boldyň?

Haýsy çölden, haýsy tokaýdan geldiň?”

Ýaňky tilki derrew başlady söze.

Diýdi: ,,Gulak salyň, aýdaýyn size,

Dostlar, men bu günler gulan tutýaryn,

Görkezeýin düşüň yzyma meniň!”

Derrew tilkileriň düşdi öňüne, (Okyjylam, gulak salyň soňuna).  Tirkeşip bardylar hälki güzere, Derrew bukuldylar, ýapyrlyp ýere.  Topar-topar bolup geldi gulanlar, Suw başynda peýda boldy gulanlar.  ,,Batyr” tilki uzak ýatyp bilmedi. Işiň soňun asla ýada salmady.  Hasyrdap ýerinden turdy dessine, Baryp zyňdy bir gulanyň üstine.

Derrew tilkileriň düşdi öňüne,

(Okyjylam, gulak salyň soňuna).

Tirkeşip bardylar hälki güzere,

Derrew bukuldylar, ýapyrlyp ýere.

Topar-topar bolup geldi gulanlar,

Suw başynda peýda boldy gulanlar.

,,Batyr” tilki uzak ýatyp bilmedi.

Işiň soňun asla ýada salmady.

Hasyrdap ýerinden turdy dessine,

Baryp zyňdy bir gulanyň üstine.

Gulan toýnak saldy – maňlaýna degdi, ,,Waý, öldim...” diýip, ýere başyny egdi.  Ýoldaşlary dagaşdylar ýanyndan Tilki derrew umyt üzdi janyndan.  Aýagyny kakyp, ýatyr titiräp Gözi hanasyndan çykdy petiräp...  Her kim öz güýjinden daşary gitse, Ýüzün göge tutup, men-menlik etse  Abraýdan düşer, masgara bolar Ýaňky tilkiň güni başyna geler.

Gulan toýnak saldy – maňlaýna degdi,

,,Waý, öldim...” diýip, ýere başyny egdi.

Ýoldaşlary dagaşdylar ýanyndan

Tilki derrew umyt üzdi janyndan.

Aýagyny kakyp, ýatyr titiräp

Gözi hanasyndan çykdy petiräp...

Her kim öz güýjinden daşary gitse,

Ýüzün göge tutup, men-menlik etse

Abraýdan düşer, masgara bolar

Ýaňky tilkiň güni başyna geler.

,,Şagal bilen horaz”  Her bir işde pähimli bol, hüşgär bol, Aşakdaky hekaýatdan sapak al:  Şagal bir gün ajykdy, Awuň gözlegne çykdy.  Gidip barýar ýol bilen, Diňe bir hyýal bilen:  Garny doýup, şat bolsa, Iýer ýaly zat bolsa,

,,Şagal bilen horaz”

Her bir işde pähimli bol, hüşgär bol,

Aşakdaky hekaýatdan sapak al:

Şagal bir gün ajykdy,

Awuň gözlegne çykdy.

Gidip barýar ýol bilen,

Diňe bir hyýal bilen:

Garny doýup, şat bolsa,

Iýer ýaly zat bolsa,

Oň duşundan geçjek däl, Ogurlukdan gaçjak däl.  Obaň çetinden bardy, Semiz bir horaz gördi.  Ýarady oň janyna, Ylgap bardy ýanyna.  ,,Salam, hormatly horaz! Gürrüň edeli biraz.  Pugta gulak sal maňa, Gürrüň bereýin saňa.

Oň duşundan geçjek däl,

Ogurlukdan gaçjak däl.

Obaň çetinden bardy,

Semiz bir horaz gördi.

Ýarady oň janyna,

Ylgap bardy ýanyna.

,,Salam, hormatly horaz!

Gürrüň edeli biraz.

Pugta gulak sal maňa,

Gürrüň bereýin saňa.

Ataň bilen meň atam, Dost ekeni elmydam.  Atam nesihat etdi, Maňa pugta aýtdy:  ,,Tap-diýdi-ony gözläp”. Geldim bu ýere yzlap.  Oňat gabat gelişdik, Hal-ýagdaýy bilişdik.  Ataň pahyr zor eken, Oňat sesi bar eken.

Ataň bilen meň atam,

Dost ekeni elmydam.

Atam nesihat etdi,

Maňa pugta aýtdy:

,,Tap-diýdi-ony gözläp”.

Geldim bu ýere yzlap.

Oňat gabat gelişdik,

Hal-ýagdaýy bilişdik.

Ataň pahyr zor eken,

Oňat sesi bar eken.

Üýşüp diňlär ekenler, Hormatlaýar ekenler.  Seň ataňça barmy-ýok, Entek bilip bilemok”.  Horaz muňa hüžžerildi, Bolup bilenini boldy  Diýdi : ,, Sözim diňle sen. Atamdanam güýçli men.  Başym akyldan doly, Kekejim jyga ýaly.

Üýşüp diňlär ekenler,

Hormatlaýar ekenler.

Seň ataňça barmy-ýok,

Entek bilip bilemok”.

Horaz muňa hüžžerildi,

Bolup bilenini boldy

Diýdi : ,, Sözim diňle sen.

Atamdanam güýçli men.

Başym akyldan doly,

Kekejim jyga ýaly.

Owadanlyk babatda Durman hiç kimden çetde  Perim tawus peridir Sesim örän durudyr”.  Mekirlik edip, şagal Diýdi : ,,Saňa belet däl.  Sesiň diňläp göreýin, Onsoň baha bereýin.”  Horaz ýumdy gözüni, Göge tutdy ýüzüni.

Owadanlyk babatda

Durman hiç kimden çetde

Perim tawus peridir

Sesim örän durudyr”.

Mekirlik edip, şagal

Diýdi : ,,Saňa belet däl.

Sesiň diňläp göreýin,

Onsoň baha bereýin.”

Horaz ýumdy gözüni,

Göge tutdy ýüzüni.

Nazym bilen gygyrdy, Şagal hem agyz urdy...  Şagal ony dişledi, Soňra gaçyp başlady.  Itler düşdi yzyna Şagal diýdi özüne:  ,,Hezil bermez-ow bular. Gör, soňy näme bolar!..”  Aljyraňňy göründi Iki ýana urundy.

Nazym bilen gygyrdy,

Şagal hem agyz urdy...

Şagal ony dişledi,

Soňra gaçyp başlady.

Itler düşdi yzyna

Şagal diýdi özüne:

,,Hezil bermez-ow bular.

Gör, soňy näme bolar!..”

Aljyraňňy göründi

Iki ýana urundy.

Horaz ýagdaýy duýdy, Şagala şeýle diýdi:  ,,Sypmak üçin bar bir ýol: Diý: ,, Horaz siziňki däl!”  Şeý diýseň galar itler Göwnini böler itler.  Onsoň sen gutularsyň Bolmasa tutularsyň”  Geňeşi makul bilip Şeýle diýmekçi bolup,

Horaz ýagdaýy duýdy,

Şagala şeýle diýdi:

,,Sypmak üçin bar bir ýol:

Diý: ,, Horaz siziňki däl!”

Şeý diýseň galar itler

Göwnini böler itler.

Onsoň sen gutularsyň

Bolmasa tutularsyň”

Geňeşi makul bilip

Şeýle diýmekçi bolup,

Şagal agzyny açdy, Horaz pasyrdap uçdy.  Şeýdip ondan gutuldy Şagal gaty utuldy  Jibrinip çekdi arman, Gyllygy akdy durman...  Şagal diýdi: ,,Bihuda Açylan agza nälet!”  Horaz diýdi: ,,Ýerliksiz Ýumulan göze nälet!”

Şagal agzyny açdy,

Horaz pasyrdap uçdy.

Şeýdip ondan gutuldy

Şagal gaty utuldy

Jibrinip çekdi arman,

Gyllygy akdy durman...

Şagal diýdi: ,,Bihuda

Açylan agza nälet!”

Horaz diýdi: ,,Ýerliksiz

Ýumulan göze nälet!”

KädiniŇ  gülküsi Ýaşap oturýardy bir beýik çynar Bilmek çetin onuň näçe ýaşy bar  Köp wakalar geçireni başyndan Bikdirip dur synlap görseň daşyndan  Oň düýbünde gögeripdir bir kädi Gün-günden güýçlenip, artypdyr bady  Ýerden, suwdan, günden kömek alypdyr Ynha, görseň, ers-mers bolupdyr

KädiniŇ gülküsi

Ýaşap oturýardy bir beýik çynar

Bilmek çetin onuň näçe ýaşy bar

Köp wakalar geçireni başyndan

Bikdirip dur synlap görseň daşyndan

Oň düýbünde gögeripdir bir kädi

Gün-günden güýçlenip, artypdyr bady

Ýerden, suwdan, günden kömek alypdyr

Ynha, görseň, ers-mers bolupdyr

Gol uzadyp, dyrmaşypdyr dessine Çykypdyr ol şol çynaryň üstüne  Bular gürrüň edipdirler özara Kädi sowal beripdir ol çynara:  -Meniň örän tiz ösüşimi görsene Seniň näçe ýaşyň bar, aýdyp bersene?  Çynar hem galdyryp belent başyny, Hasap edip bütin ýaşan ýaşyny:  -Dört ýüz ýyl ýaşadym - diýipdir oňa, Kädi jak – jak edip gülüpdir muňa.

Gol uzadyp, dyrmaşypdyr dessine

Çykypdyr ol şol çynaryň üstüne

Bular gürrüň edipdirler özara

Kädi sowal beripdir ol çynara:

-Meniň örän tiz ösüşimi görsene

Seniň näçe ýaşyň bar, aýdyp bersene?

Çynar hem galdyryp belent başyny,

Hasap edip bütin ýaşan ýaşyny:

-Dört ýüz ýyl ýaşadym - diýipdir oňa,

Kädi jak – jak edip gülüpdir muňa.

 -Äpetligiňe haýran galar ýörerdim, Emma men özümi has ýeser gördim.  Gör ahyr yzyňdan üç aýda ýetdim, Ýetibem durmadym, duşuňdan ötdim  Çynar hem diýipdir äwmezlik bilen: Nakyl bar: ,,Soň aglar bihuda gülen!”  Tupan tursa, elem-ebtat bolarsyň Kimiň güýçlidigini şonda bilersiň.

-Äpetligiňe haýran galar ýörerdim,

Emma men özümi has ýeser gördim.

Gör ahyr yzyňdan üç aýda ýetdim,

Ýetibem durmadym, duşuňdan ötdim

Çynar hem diýipdir äwmezlik bilen:

  • Nakyl bar: ,,Soň aglar bihuda gülen!”

Tupan tursa, elem-ebtat bolarsyň

Kimiň güýçlidigini şonda bilersiň.