Barlagnama 1
“Akylly getir , akmak ýitir”. Bu düzmeli goşma sözlem:
a) ugurdaşlygy aňladýar;
b) gezekleşigi aňladýar;
ç) şerti aňladýar;
d) garşylygy aňladýar;
4
Barlagnama 2
Düzmeli goşma sözlemlere degişli toparlaryň haýsysy artykmaç?
a) wagt ,hal aňladýanlar;
b) ugurdaşlyk, garşylyk aňladýanlar;
ç) ikuçlylyk,şert aňladýanlar;
d) gezekleşik, ýokluk aňladýanlar;
4
Barlagnama 3
Şerti bildirýän sözlem:
a) aljakdym,emma tapmadym ;
b) Aýdaýdyň, ýogsam bilmezdim;
ç) Garşydan gelýän maşyn saklandy we ýolagçylar düşdüler;
d) Ýa lal otyr, ýa dür saçgyl(Magtymguly);
Barlagnama 4
Haýsy sözlem ikuçlylygy bildirýär?
a) Kä gelýär, kä gidýär.
b) Gelýär we gidýär.
ç) Ýa gelýär , ýa gelmeýär
d) Gelen bolsa , gitmezdik.
Barlagnama 5
Men bu kitaby okap bilmedim we ony wagtynda getirmediň.Sözlemde nähili näsazlyk bar?
a) we baglaýja derek sebäbi gerek ;
b) we baglaýja derek ýöne gerek ;
ç) ýokluk aňladýan -me goşulmalaryny aýyrmaly ;
d) näsazlyk ýok;
Barlagnama 6
Ýoklugy bildirýän baglaýjylar:
a) –ma,-me;
b) ne , ne-de;
ç) ýa, ýa-da;
dýok, däl;
4
Barlagnama 7
Sebäp bildirýän düzmeli goşma sözlem:
a) Men “Türkmen dili “gazetine abuna ýazyldym, çünki ol meni gyzyklandyrdy;
b) “Türkmen dili “gazetiniň gyzykly çykýandygy üçin , men oňa abuna ýazyldym;
ç) Gazetleri yzygider okaýanlygym sebäpli , meniň dünýägaraýşym giňeýär;
d) Äwmezekligiň sebäpli, sen ýene gijä galdyň;
4
Barlagnama 8
Sözlemde birden artyk gaýtalanmaýan baglaýjylar:
a) beýle baglaýjylar ýok;
b) ýa, hem ;
ç) kä , käte ;
d) we , emma, ýöne, weli .
4
Barlagnama 9
Haýsy derňew dogry?
a) Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar;
b) Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar;
ç) Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar;
d) Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar;
Barlagnama 10
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen ...(Magtymguly).Bu nähili sözlem?
a) ikuçlulygy bildirýän düzmeli goşma sözlem;
b) garşylygy bildirýän düzmeli goşma sözlem;
ç) deňdeş habarly ýönekeý sözlem ;
d) deňdeş eýeli ýönekeý sözlem ;
4
Barlagnama 11
Ygym –sagym görünýän bulutlardan käwagt bir damja gaçýardy.Bu nähili sözlem?
a) gezekleşigi bildirýän düzmeli goşma sözlem;
b) ýaýraň ýönekeý sözlem ;
ç) äheň arkaly baglanyşýan düzmeli goşma sözlem;
d) ugurdaşlygy bildirýän goşma sözlem ;
4
Barlagnama 12
Aýdanyny kyn görmän et, ýogsa ynjar. Many taýdan düzmeli goşma sözlemleriň haýsysyna degişli?
a) garşylyk bildirýän ;
b) şert bildirýän ;
ç) ikuçlylyk bildirýän ;
d) gezekleşik bildirýän ;
4