Synp: X D Ders: Edebiýat Wagty: 12.11.2022ý. Ç 14.11.2022ý
Sapagyň temasy: «Ykabalyň» 30-njy ýyllardaky keç ykbaly. Gaýtadan neşir edilen wariantlary.
Sapagyň maksady: 1.Okuwçylara Hydyr Derýaýewiň “Ykbal” romany barada, romanyň 30-njy ýyllardaky keç ykbaly, gaýtadan neşir edilen wariantlary barada düşünje bermek.
2. Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek.
Sapagyň okuw-görkezme esbaplary: Okuw kitaby. Edebi kitaplar. Akylly tagta.
Sapagyň görnüşi: Adaty.
Sapagyň gidişi:
I. Guramaçylyk döwri: Salamlaşmak, gatnaşygy barlamak, synp žurnalyna bellik etmek, synpy guramak.
II. Öý işlerini barlamak:
1. Hydyr Derýaýew ýaşan ýyllary we doglan obasy?
2. Çagalygy we bilim alyşy?
3. Döredijilik işine haçan başlaýar?
III. Öý işlerini berkitmek:
Ilkinji eseri?
5.Tussaglykdaky (sürgündäki)ýyllary?
Şahyrana-kyssa we drama eserleri.
Ýazyjynyň haýsy eseri Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar?
IV. Täze temanyň meýilnamasy:
Romanyň temasy.
Romanda haçanky wakalary beýan edilýär.
Roman näçe kitapdan ybarat..
Romanyň baş gahrymanlary.
Romanyň temasy: taryhy-rewolýusiýon.
Romanda 1900-1920-nji ýyllaryň wakalary beýan edilýär. „Ykbal“ („Ganly penjeden“) romanynda kitabynda türkmen halkynyň XX asyryň ikinji onýyllygyndaky, ýagny Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň öňüsyrasyndaky hem-de Fewral buržuaz-demokratik rewolýusiýasynyň ýaňy ýeňäýen pursatyndaky durmuşy suratlandyrylýar.
Roman 4 kitapdan ybarat..
Romanyň baş gahrymanlary: Uzuk bilen Berdi.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: Hydyr Derýaýewiň “Ykbal” romany barada, Pikiri ýazuw arkaly beýan etmegi, beýannama ýazmagy başarmaly.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: Sözleriň dürs aýdylyşyny we ýazuw düzgünleri düşündirmegi, Gören, eşiden wakalaryny we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip bilmegi.
Hydyr Derýaýew „Ganly penjeden“ (“Ykbal“) atly taryhy romanynyň birinji kitabyny 1934-nji ýylda ýazyp gutarýar.
Emma roman wagty bilen çapdan çykmaýar. Ahyrda, „Tokmak“ žurnaly 1937-nji ýylyň mart aýynda çykan 6/406-nji sanynda „Tussag eserler“ atly ýiti tankytly makala bilen çykyş edýär. Munda başga-da birnäçe eser bilen birlikde Hydyr Derýaýewyň romanynyň hem hiç bir sebäpsiz, diňe neşirýatyň çeper edebiýat bölüminiň işgärleriniň geleňsizligi zerarly üç ýyldan hem köp wagtdan bäri çykarylman ýatandygy berk tankytlanýar. Diňe şondan soň 1937-nji ýylyň oktýabr aýynyň başlarynda „Ganly penjeden“ (“Ykbal”)romany çapdan çykýar.
1937-nji ýylyň oktýabr aýynyň başlarynda „Ganly penjeden“ (“Ykbal“) romanynyň 1 kitaby çapdan çykýar.
Emma awtoryñ nähak günä ýöñkelip, tussag edilmegi bu kitabyñ okyjylar köpçüligine ýetmänkä ýakylmagyna sebäp bolýar.
1937-nji ýyldan 1956-njy ýyla çenli Hydyr Derýaýew sürgünde bolýar.
1957-nji ýylda H. Derýaýew günäsiz diýlip aklanylýar we tussaglykdan boșadalyp, Așgabada gaýdyp gelýär. Tussaglykdan boşap gelenden soň öz ynamdar galamdaş dosty Ýakup Nasyrlyda saklanan nusgasyny alyp, „Ganly penjeden“ romany“ (“Ykbal“) hakynda okyjylaryň ýazyja dil üsti bilen eden belliklerini göz öňünde tutup,onuň üstünde ymykly işleýär. Șol ýyl hem ol romanyñ täzeden ișlenen nusgasyny “Ykbal” ady bilen neșirýata tabșyrýar.
Hydyr Derýaýew, romany gaýtadan işläp gutaranyndan soň, ony 1960-njy ýylda „Ykbal“ diýen at bilen (1-nji kitabyny) neşir etdirýär.
Ömrüniñ soñky ýyllarynda bolsa, ýazyjy onuñ ikinji, üçünji, dördünji kitaplaryny ýazdy we okyjylara hödürledi.
Ýazyjy romany 1972-nji ýylda tamamlaýar.
H.Derýaýew 1961-nji ýylda „Ykbal“ dramasyny döretdi.
Hydyr Derýaýew “Ykbal” romany üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
Roman rus, özbek, ukrain, eston dillerine terjime edilýar.
“YKBAL”ROMANYNDA ähli wakalaryñ sakasy, soñra çyknyșmalara eltýän gapma-garșylyklaryñ özeni bolup durian mesele – aýal-gyzlar meselesi. Romanda geçmișde türkmen aýal-gyzlarynyñ bașdan geçirmeli bolan elhenç ýagdaýlary, olaryñ jemgyýetde neneñsi agyr günlere sezewar edilendikleri dartgynly wakalaryñ üsti bilen açylyp görkezilýär. Ine, șu meseläniñ töwereginde hem ýuwaș-ýuwașdan iki uly güýç çaknyșýar. Adam bilen adam, mașgala bilen mașgala, garyp bilen baý arasyndaky gapma-garșylyk aýry-aýry adam häsiýetlerini, tipleri orta çykýar we ol häsiýetleriñ, tipleriñ añ-düșünjesiniñ taplanmagyna getirýär. Halkyñ adalat ugrunda aýaga galýan uly güýji bilen ony mynjyratmagy, adalaty, azatlygy haram baýlyk arkaly bogmagy maksat edinýän güýjüñ arasyndaky barlyșyksyz göreș bașlanýar.
„YKBAL“ ROMANYNYŇ GYSGAÇA MAZMUNY:
„Ykbalda“ iki sany ýaş ynsanyň (Berdi we Uzuk) täleýi yzarlanmak arkaly köne dünýäniň sosial düzgünleriniň çydamsyz derejedäki adalatsyzlygy, zähmetkeş halkyň durmuş şetrleriniň biçak agyrlygy, ejizi synpyň naýynsaplygy täsin ussatlygy bilen paş edilýär. Romanda eseriň baş gahrymanlary Berdi bilen Uzugyň erkin söýgüsiniň bogluşyndan, depelenişinden başlanýan esasy waka barha ýaýbaňlanyp, biri-birine gapma-garşy iki tarap ezijiler tarapy bilen ezilýänler tarapy – çyknyşýar; bularyň pikir-duýgularynyň, isleg arzuwlarynyň, umuman dünýägaraýyşlarynyň arasyndaky ylalaşyksyzlyk açylyp görkezilýär. Güýçleri deň bolmadyk bu iki toparyň arasynda gidýän göreş prosesinde Hydyr Derýaýew şol döwrüň jemgiýetçilik gurluşynyň adalatsyzlygyny, baýlaryň, ruhanlaryň, arçynlaryň, kazy-sudýalaryň hem-de patyşa koloniýaçylaryň gaýry emeldarlarynyň galplygyny, parahorlygyny, ikiýüzliligini, betnebisligini, ahraksyzlygyny real wakalaryň durmuş hakykatynyň ýürek gopduryjy täsir edýän surat görnüşleriniň üsri bilen şekillendirýär.
Zähmetkeş halk köpçüligiň syýasy aň düşinjesiniň kem-kemden ösýändigi, onuň agalyk ediji topara garşy bildirýän protesti, bu protestiň öz akymyna dikmeginden aňly-düşinjeli göreş häsiýetine geçişiniň taryhy kanunalaýyklygy eseriň baş gahrymany, türkmen halkynyň iň garyp gatlagynyň tipik wekili Berdiniň hem-de onuň dosty Gylyçlynyň obrazynyň üsti bilen görkezilýär.
Taryhdan belli boluşy ýaly, köpçüligiň synpy düşünjesi Kommunistik partiýany ýolbaşçylygy netijesinde ýokary göterilýär. Berdi tussagdaka, Sergeý ony, gözegçilik gullugynda bolup, türmede gizligin iş alyp barýan bolşewigiň kömegi bilen tussaglykdan boşadanyndan soň, hem-de Berdi Mary şäherinde işçi bolşewigiň öýünde Sergeý dagy bilen duşuşanyndan soň, onuň düýägaraýşynda uly özgeriş döreýär. Şondan soň ol synpy göreşiň manysyny aňşyrmaga başlaýar. Bu hakda Sergeýiň öýüne gürrüňçilige ýygnanşan märekä Berdiniň özi şeýle gürrüň berýär:
„Men ilki Aşgabat gazamatynda ýatdym. Ol ýerde meniň azajyk gabagymy göterdiler. Soňra, gazamatdan gaçyp, Mara gelen agşamym, bir ýerde myhman boldum. Ol ýerde ýene biraz gabagymy göterip göýberdiler. Ondan bärem meniň iň ýakyn ýürekdeş ýoldaşlarymyň biri – ynha, Sergeý. Munuňam gürrüňini her wagt diňleýän. Häzir meniň gözüm azajyk gyzaryp başlady. Köp düşünmesem, agy-garany az kem seljerjek bolýan. Ana, şonuň netijesinde bolsa meniň ýüregime üýtgeşik matlap döredi“.
Romanyň awtory Sergeýiň hem-de onuň Mary şäherindäki ýoldaşlarynyň obrazynyň üsti bilen, bir tarapdan, kommunistik partiýanyň ýolbaşçylyk rolyny görkezýän bolsa, ikinji tarapdan, rus hem türkmen halklarynyň doganlyk dostlugyny wasp edýär.
H.Derýaýew köne dünýäniň agyr durmuş şertlerinde kemsidilen zähmetkeş halkyň wekilleri bolan Beriniň, Uzugyň, Myrat aganyň, Orazsoltan ejäniň, Sergeýiň hem-de başgalaryň belent adamkärşilik sypatyny janypkeşlik bilen suratlandyryp, ony Suwhan gaty, Bekmyrat baý, Meret arçyn, Seýidahmet işan dagy ýaly mugthorlaryň garşysyna goýýar.
Öň hem aýdypdyk, „Ykbalyň“ elimizdäki birinji hem ikinji kitaplarynda türkmen halkynyň Oktýabr rewolýusiýasyndan öňki durmuşy beýan edilýär. Şeýle-de bolsa, Hydyr Derýaýew romandaky wakalary markasaçylyk-leninçilik pozissiýasynda durup suratlandyrýar. Munuň özi „Ykbalyň“ iki kitabynyň hem çeperçiligi bilen birlikde kommunistik ideýalylygyň ýokary bolup çykmagyna getiripdir.
Romanyň diliniň biçak baýdygy, sadadan düşnüklidigi, ýazyjynyň öz öňe sürýän ideýalaryny has çeper formada, okuýjy köpçüligi üçin juda aýdyň edip açyp görkezmek niýeti bilen halk rowaýatyny, nakylyny, meňzetmesini, deňeşdirmesini hem-de il içinde häli-şinde ulanylyp ýörlen gaýry aforizmini aktof peýdalanandygy eseriň has göze ilýän taraplarynyň biridir. Bular hakda ýekän-ýekän durup geçmänimizde-de, kitaplaryň baplarynyň sözbaşysynyň aglawasynyň folklor aforizminden ybaratdygyny hem muny belli bir derejede äşgär edýär. „Ykbalda“ milli koloritiň güýçli berlendigini hem belläp geçmek gerek. Roman okyjyny türkmen halkynyň rewolýusiýadan öňki psihologoýasy, däp-dessury, durmuş aýratynlygy bilen oňat tanyşdyrýarç.
„Ykbal“ romany okyjyny kişi güýjünden peýdalanmaklyk esasanda gurlan köne dünýä güýçli ýigrenç, azat zähmeti, mugt okuwy, erkin söýgini..., eşretli durmuşy kepillendirilýän sowet Watanynyň gadyryny bilmek, ony çäksiz söýmek ruhunda terbiýeleýär. Halkyň yza galak böleginiň arasynda häzir hem dowam edýän diňe uýmaklyk, aýal-gyzlara baý-feodallarça garaýyş ýaly geçmişiň zyýanly däp-dessurlaryna garşy biziň jemgiýetçiligimiz alyp barýan göreşinde hem „Ykbalyň“ getirjek peýdasynyň bahasyna ýetme ýokdur.
Romanyň şu iki kitabynyň çykmagy tutuş türkmen sowet edebiýatynyň uly üstünligidir.
Hydyr aga „Ykbalyň“ iň soňky kitabyny işlemesini dowam etdirmek bilen birlikde „Amyderýa“ poemasyny hem, täzeden işläp, çapa taýýarlaýar.
Bekmyrat baýlar Berdiniň söýgülisi Uzuklara gudaçylyga barýar. Uzugyň närazylygyna seretmezden ony Bekmyrat baý inisine alyp berýär. Emma şeýle-de bolsa Uzuk bilen Berdi gatnaşyk saklaýarlar. Ol döwürde juda açlyk bolupdyr. Annageldi ussa iýmäge hiç zat tapmandyr. Kynyş baý Annageldi ussanyň gyzy Abadana men saňa 2 halta un bereýin, açlykdan çykaraýyn , ýöne bir ýumşum bar şony bitir diýýär. Hiç kime syr berme, diliňe gaýym bol diýýär. Kynyş baý Abadanyň kömegi bilen Berdä awy berip,ony öldürtjek bolýar, emma onuň bu pyssy-pujurlygy başa barmaýar. Abadanyň kakasy Annageldi ussa muňa ýol bermeýär.
Soňra rewolýusiýa bolýar. Berdi bilen Uzuk bir-birlerine gowuşýar.
V.Täze temany berkitmek:
1.Hydyr Derýaýewiň “Ykbal“ romanynyň temasy?
2. Romanyň ilkinji ady?
3. Romanyň 1-nji kitaby haçan çap edilýar?
4. Hydyr Derýaýew näçenji ýyllarada sürgünde bolýar?
5. Romanyň täzeden işlenen görnüşi haçan we haýsy at bilen neşir edilýär?
6. Hydyr Derýaýewiň “Ykbal“ romanyny kimiň romanynyň täsiri bilen ýazypdyr?
7. Roman näçe kitapdan ybarat? Romanyň doly ýazylyp gutarylan ýyly?
VI. Öý işini tabşyrmak: Öwrenilen temany okamak we özleşdirmek.
VII. Sapagy jemlemek: Umumylaşdyrmak we okuwçylary bahalandyrmak.
Seredildi: ______________ MMOIBO K.Dawletow