3-nji synpda “Häzirki zaman işligiň galyplaryny gaýtalamak we berkitmek” temasyna türkmen diliniň Ýol hereketiniň düzgünleriniň materiallary boýunça geçirilen integrirlenen sapagynyň ýazgysy”
Rus mekdeplerinde türkmen dilini kämil öwretmek meselesi türkmen dili mugallymdan iň gowy netijäni döredip biljek usullary gözlemekligi talap edýär. Döwrüň iň täze tehnologiýalaryndan, multimediýa we interaktiw usullaryndan peýdalanyp okatmakdan başga-da, çaga aňyna täsir etmegiň dürli ugurlaryny gözlemeli. Binar sapagy – dersara baglanyşygy amala aşyrýan we dersleri integrirleýän okatmagyň adaty däl görnüşidir. Binar sapagymy ya-da integrirlenen sapagymy? Tapawudy nämedekä? Binar sapagy- integrirlenen sapagyň görnüşi bolup, ony iki ýa-da birnäçe mugallym alyp barýar, integrirlenen sapagy bolsa ondan tapawutlykda bir ýa-da birnäçe mugallym alyp baryp bilýär. Men öz döredijiligimde ulanýan, integrirlenen bilim tehnologiýasynda dersara baglanyşyga esaslanan binar sapagyny geçirişimi görkezmek isledim.
Sapagyň maksady häzirki zaman işligini we onuň galyplaryny gaýtalamakdan, okuwçylaryň sözlügini baýlaşdyrmakdan we ösdürmekden, ýol hereketiniň ýönekeý düzgünleri bilen tanyşdyryp, olaryň berjaý edilmegine çekmeklikden, alnan bilimleri durmuşda özbaşdak ulanmaklyga bolan endikleri kämilleşdirmeklikden ybarat.
S
apagy futbol oýnap ýören oglanjyklar şekillendirilen suraty görkezip, sorag bilen synp okuwçylaryna ýüzlenmek bilen başlaýaryn: “Ýedi oglan köçäniň ugrundaky jaýyň öňünde futbol oýnap ýördi. Olaryň ikisi oýüne gaýtdy, galanlary oýnuny dowam etdiler. Näçe oglanyň hereketi dogry boldy? (0! Köçede oýanamak gadagandyr.)
- Näme üçin? (Oglanlar ýol hereketiniň düzgünlerini bilenoklar ýa-da bilseler-de, berjaý edenoklar). Şunuň ýaly hereket edýän çagalar erbetçilige duçar bolýarlar.
Что такое Правила дорожного движения? -Ýol hereketiniň düzgünleri.
Interaktiw tagtasynda sapaga degişli suratlardan peýdalanyp, Türkmenistanda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygy geçirilýändigi barada gürrüň berýärin.
Şu günki sapagymyzda Ýol hereketine we onuň düzgünlerinie degişli sözleri öwreneris we Ýol hereketiniň düzgünlerini nähili berjaý edýändigiňizi barlap göreris.Geçen sapaklarda öwrenen grammatik temalarymyz bolsa bize sözleri dürs ulanmaga we sözlem düzmäge ýardam bererler.
ýol -дорога
Что такое дорога? (Путь сообщения передвижения людей и транспорта). Проезжая часть называется «ýol». Çagalar bilen bu sözi birnäçe gezek gaýtalap, aňladýan manysyny baradaky düşünjäni berkidýäris.
А теперь возвратимся к переводу словосочетания ПДД . Ýol hereketiniň düzgünleri
Ýol - дорога
hereket- движение
düzgün - правило
Правила дорожного движения
Ýol hereketiniň düzgünleri
pyýadalar-пешеходы
Bu düzgünler kime niýetlenen?А для кого эти правила? Pyýadalar we sürüjiler üçin. Для пешеходов и водителей. Pyýadalar kim? Olar ýoly nädip geçmeli? Olaryň hereketlerini aňladýan işlikleriň üstünde durup geçýäris .
-Что делает пешеход? Pyýadalar näme edýärler?
-Как будет на туркменском языке “переходи”? (geç).
-Теперь задаем вопрос на туркменском языке, а глагол используем в наст.вр.
Pyýadalar näme edýärler? Pyýadalar geçýärler.
-Пешеходы переходят дорогу. Pyýadalar ýoldan geçýärler.
Işligiň zamanyny, ýöňkemesini anyklaýarys.
geç geçelge
“Geç” sözünden emele gelen “geçelge” sözi bilen tanyşdyryp, oňa degişli soragy orta atýaryn.
-Pyýadalar nireden geçýärler? Pyýadalar geçelgeden geçýärler.
geçelge-переход
- Почему они должны переходить дорогу только по пешеходному переходу? (Потому что по дороге проезжают машины).
Çagalaryň nähili ulag görnüşlerini bilýändikleri we olary herekete getirýän adamlar barada aýdyp geçýäris.
sürüji
ýük maşynlar
tigirler
awtobuslar
ulaglar
Водитель от слова води. Как этот глагол переводится? (sür).
От этого слова образовывается слово sürüji. Так мы называем водителя по-туркменски.
Işlikden ýasalan atlaryň ýasalyşyna çagalaryň ünsüni çekýärin (geçelge, sürüji).
Sürüjiniň hereketlerine degişli sorag ýüze çykýar.
Sürüji näme edýär? (Sürüji sürýär.) Ol näme sürýär? (Ol maşyn, ulag sürýär.) Sürüji nirede maşyn sürýär? (Sürüji ýolda maşyn sürýär.)
-Ребята, напомните, если Sürüji в машине, машина на дороге, то мы где должны находиться, когда переходим дорогу. На пешеходном переходе. Правильно. Давайте, переведем кто где должен находится: Sürüji nirede? Maşynda. Maşyn nirede? Ýolda. Biz nirede? Geçelgede.
Mugallym bu sözlemleri diktant görnüşine depdere ýazdyrýar. Bir okuwçy tagtada işleýär. Soňra tagta boýunça ýazylan işleri barlaýarys.
Interaktiw tagtadaky täze öwrenilen sözleri gaýtalaýarys.
ýol -дорога
pyýadalar-пешеходы
geçelge-переход
maşyn, ulag - машина
tigir - велосипед
ýük maşyny - грузовая машина
sürüji - водитель
Häzir ýollarda ulaglaryň gaty kändigini belläp, olaryň hereketini kadalaşdyrýan enjamyň nämedigini anyklaýarys. Swetofor barada gürrüň. (Swetofor sözi grek sözi bolup, yşyk beriji manysyny aňladýar.)
- Swetoforyň nähili reňkli yşyklary bar? Çagalar swetoforyň yşyklaryny yzygiderlilikde aýdýarlar.
S
wetoforyň kim üçin niýetlenedigini soraýaryn. Çagalar sözlemlerinde “pyýadalar” we “sürüjiler” sözlerini ulanýarlar.
Sürüjiler we pyýadalar üçin swetorlaryň tapawudynyň üstünde durup geçýäris.
Tema bilen baglanyşdyryp, swetoforyň reňklerine görä pyýadanyň hereketlerini ýerine ýetirmek bilen fizminutlaryny geçirýäris.
Şondan soň okuwçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýändiklerini barlamak üçin iş geçiýäris. Sözleri we sözlemleri terjime etmek bilen işligiň buýruk şekiliniň yoklugyny ýadymyza salýarys (-ma,-me goşulmasy).
Depderde ýazuw işi. Ýokarda agzalan işlikleri häzirki zamanda ulanyp ýazýarys. Tagtada nusagasy görkezilen.
Ylga-ylgaýar-ylgamaýar
Ýumuş ýerine ýetirilenden soň, okuwçylar partadaşy bilen depderlerini çalşyp, goňşusynyň işini tagtada görkezilen dogry jogaplar bilen deňeşdirip barlaýarlar.
Hatar arasynda geçip olary barlaýaryn.
Sözlük işi. Sapakda öwrenilen sözleri tapmaly.Sözlükden peýdalanmak rugsat berilýär.
Ýol hereketiniň düzgünlerini gaýtalamak maksady bilen çagalar bilen suratlaryň üsti bilen sorag-jogap alyşýarys. Çagalar jogabyna görä hereket hem etmeli. Ylalaşan ýagdaýda jogap hökmünde “men” diýip, ylalaşmadyk ýagdaýda, dymyp durmalydylar.
Kim ýolda oýnaýar? (men)
Kim swetofora seredýär? (men)
Gyzyl yşyk “DUR!”diýýär. Kim muny bilýär? (men)
Çaşyl yşyk “ÝÖRE!” diýýär. Kim muny bilýär? (men)
Kim geçelgeden geçýär? (-)
Sapagyň jemini jemlemek.Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmekligiň esasy ders hasaplanýan matematika, türkmen we rus dillerini öwrenmeklik bilen bir hatarda durýandygyny bellemek gerek. Ulag serişdeleriniň sany gün-günden artýar, olaryň eýeleri bolsa käwagt ýolda bolup geçýän hadysalara bolan jogapkärçiligi doly duýmaýarlar. Bu ýagdaýda pyýada öz bilimlerine daýanyp, köçede ünsli bolmagy unutmaly däldir. Şol zerarly ýaşlykdan öz howpsuzlygyň üçin ýol hereketinň düzgünlerini berjaý etmek möhümdir.
Täze öwrenilen sözler bilen işligi häzirki zamanda bolan 2 ýönekeý sözlem düzüp,
olara ýazmaça sorag bermekligi, isleg dörese, ýol hereketiniň düzgünlerine degişli surat çekmekligi öý işi edip tabşyrýaryn.
Çagalaryň bu tema degişli çeken suratlaryny mysal edip görkezmek maksadalaýyk bolar.
Kerimowa Reýma
A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki
türkmen-rus mekdebiniň türkmen dili mugallymy
50-80-75