Synp: X Ç Ders: Edebiýat Wagty: 11.02.2023ý D 13.02.2023ý
Sapagyň temasy: Ata Atajanow. Ömri, döredijiligi Goşgulary we poemalary.
Sapagyň maksady: 1.Okuwçylara Ata Atajanow ömri we döredijiligini öwretmek.
2. Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek.
Sapagyň okuw-görkezme esbaplary: Eserdäki gahrymanlaryň atlary ýazylan tablisa we Atalyk kitaplar
Sapagyň görnüşi: Adaty.
Sapagyň gidişi:
I. Guramaçylyk döwri: Salamlaşmak, gatnaşygy barlamak, synp žurnalyna bellik etmek, synpy guramak.
II. Öý işlerini barlamak:
1. Gara Seýitliýew söýgi temasynda ýazan goşgulary?
2.“Gözlerimde saklasyn” atly goșgusynyň çeperçiligi.
3. Aýdym edilip aýdylýan goşgulary?
III. Geçilen temany jemlemek.
IV.Täze temanyň meýilnamasy:
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, talantly şahyr, dramaturg, ökde prozaçy hem publisist.
Zähmet ýoly.
BEÝIK WATANÇYLYK URŞY TEMASY
Ata Atajanow – Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, talantly şahyr, dramaturg, ökde prozaçy hem publisist.
Ýaşan ýyllary:1922-1989
Doglan ýeri:Ata Atajanow 1922-nji ýylda Mary etrabynyň 2-nji Gökje obasynda mugallym maşgalasynda eneden bolýar.
BILIMI: Ol ilki oba mekdebinde başlangyç bilim alyp, soň Daşkent şäherindäki Türkmen pedtehnikumyny gutarýar. Ol ýokary bilimi Aşgabat pedagogik institutynda alýar.1952-nji ýylda Moskwada Merkezi komitetiniň ýanyndaky Ýokary partiýa mekdebini hem tamamlaýar.
Zähmet ýoly: A. Atajanow ilki Tagtabazarda oba mugallymy bolup işe başlaýar. Soňra metbugat edaralarynda işleýär.
Döredijiligine başlaýşy: Ol edebiýat meýdanyna Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gelýär. Şahyryň “Alma ýene gülleýär” diýen ilkinji goşgular ýygyndysy 1948-nji ýylda neşir edilýär.
KITAPLARY: “Guşgy galasy”, “Meniň döwürdeşlerim”, “Ädimme-ädim”, “Sallançagym-sähram meniň”, “Öçme, ojagym” “Aýly agşam”, “Men size barýan” ... A. Atajanowyň kitaplarynyň birnäçesi rus dilinde neňir edildi.
ROMANLARY:“Çakmak”, “Öz tanyşlaryň”, “Teke gyzy Tatýana”.
POEMALARY: “Sallançagym – sähram meniň” liriki poemasy, “Gyzyl alma rowaýaty”, “Guşgy galasy”.1964-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatry onuň “Guşgy galasy” dramasy tomaşaçylara görkezdi.
Aradan çykmagy: Ata Atajanow 1989-njy ýylda aradan çykdy.
GOŞGULARY WE POEMALARY
Ata Atajanow döwrüň sesine ses goşýan, möhüm meseleleri gozgaýan, ynsanyň ýürek duýgularyny çeper beýan edýän goşgularydyr poemalary bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda yz galdyran şahyrlaryň biridir.
“JARNAMA” GOŞGUSY: A. Atajanowyň edebiýat meýdanyna ilkinji gadam basan döwri Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Şonuň üçin hem onuň şol döwürde döreden goşgularynda Watany duşmandan goramak meselesi esasy orun tutýar. Şahyryň “Alma ýene gülleýär” diýen ilkinji goşgular ýygyndysyna giren goşgularyň ençemesi duşmandan ar almaga, Watany goramaga çagyryş bolup ýaňlanýar. Onuň 1941-nji ýylda ýazan “Jarnama” goşgusy muňa mysal bolup biler:
Galkynalyň gaýrat bile,
Watan üçin,
Ýeňiş üçin!
Ar gylyjyn alyň ele,
Watan üçin,
Ýeňiş üçin!
“HOŞ GAL, ERKIN OBAM!” GOŞGUSY: Şahyryň “Hoş gal, erkin obam!” goşgusynda Watana söýgi, ony duşmandan goramaga kasam söweş meýdanyna gidýän ýigidiň dilinden beýan edilýär:
Hoş gal, erkin obam,
Hoş gal, mekanym,
Söýgi syrlarymyň sakçysy çynar!
Ar-namys odunda gaýnady ganym,
Bu gün gaýratymy gamçylady ar...
Watan üçin, gije-gündiz zähmet çekmek, gerek bolsa, şirin janyňy hem gaýgyrmazlyk baradaky pikirler şahyryň şol döwürlerde ýazan “Dagdan”, “Setdar aga”, “Janym balam”, “Saklan, uçup barýan akja kepderi”, “Çyk-da, seret ýollara” we beýleki birnäçe goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu goşgularda beýan edilýän pikirleriň duýga ýugrulup berilmegi bu eserleriň çeperçiligini has-da artdyrýar.
“NÄBELLI GAHRYMANA”GOŞGUSY: Şahyryň “Näbelli gahrymana” goşgusynda türkmen esgeriniň ukrain topragyny duşmandan goramak üçin janyny gurban edendigi täsirli suratlandyrylýar.
Ukrain çölünde, ýapyň üsdünde
Ak şelpeli derek ygşyldap otyr.
Gan öýülen gara toprak astynda
Türkmen esgeriniň mazary ýatyr...
Bu goşguda Watany duşmandan goramak üçin dürli halklaryň wekilleriniň egin-egne berip duşmana garşy mertlerçe söweşendigi, halklaryň dostlugy, parahatçylykly durmuşa söýgi baradaky pikirler şahyrana beýan edilýär.
AŞGABAT ÝER TITREMESI
“WAH, DOKUZ SEKUNTDA...” GOŞGUSY: 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilýän gije Aşgabatda bolan aýylganç ýer titremesi hakda köp eserler döredildi.Ýürekleri sarsdyran bu hasratly waka hakda iň täsirli goşgulary döreden şahyrlaryň biri-de Ata Atajanowdyr. Bu tebigy betbagtçylygy öz başyndan geçiren şahyr “Wah, dokuz sekuntda...” goşgusyny şeýle setirler bilen başlaýar:
Wah, dokuz sekuntda basypdyr bela...
Men ony soň,
Kesekleriň astyndan,
Duýdansyz topulan ajal kastyndan
Halas edilemsoň,
Eşidip bildim.
Ýagty dünýämize ýaňadan geldim.
“Sallançagym – sähram meniň” liriki poemasynda teşne ýatan boz toprakly sähralara suw eltmek, ol ýerleri özleşdirip, bereket çeşmesine öwürmek meselesi gozgalýar. Şahyr şu meseleleriň üsti bilen türkmen tebigatynyň gözelligini, türkmen topragynyň baýlyk-bereket çeşmesidigini wasp edýär we okyjynyň kalbynda ata Watana, ene topraga söýgini joşdurýar
“Gyzyl alma rowaýaty” poemasy, adyndan belli bolşy ýaly, rowaýat esasynda ýazylan eser. Eseriň baş gahrymany Çetili atly garyp çopan ýigit. Çetili örän zähmetsöýer, öz hakyna kaýyl, halal adam, garyp, mätäç hem bolsa kişi zadyna göz gyzdyrmaýar.
Özüniň bagt ýyldyzyny umytly gözleýän çopan ýigit bir gün taýagyna söýenip derýany synlap durka akyp gelýän goçak gyzyl alma gözi düşýär. Çetili ol almany taýagy bilen suwdan çekip alýar we iýmekçi bolýar. Şol wagt onuň paýhasy, wyždany ony bu hyýalyndan el çekmäge mejbur edýär. Bu ýagdaý eserde şeýle suratlandyrylýar:
“Dur, Çetili! Dur, Çetili! Dur entek!
Kimiňki seň iýjek bolýan bu almaň?
Wah, gaçyran bolaýmasyn bir çaga?
Neneň ony iýip biljek uýalman?
Belki, ony gara günli bir garyp
Umyt bilen oba alyp gelýändir?
Soňky puly pida eden zadyny
Nähoşuna derman diýip bilýändir...”
Öz bolşuna ejap eden Çetili
Tapyndyny torbasynda gizledi.
Umman bilen akyp gelen almanyň
Eýesini uly ilden gözledi...
Çopan ýigit sorap-idäp ahyrsoňunda almanyň bagbanyny tapýar. Bagban gowy adam bolup çykýar we Çetiliniň öz bagtyny tapmagyna hemaýat edýär. Şeýlelikde, Çetili bagbanyň ýegençisine – örän edep-terbiýeli, görkli-görmekli, eli çeper, adamkärçilikli gyza öýlenip, maksat-myradyna ýetýär.
Şahyr eserinde şu wakalary beýan etmek bilen kalby päklik, halallyk ýaly ajaýyp ynsan häsiýetlerini taryplaýar, okyjyny belent adamkärçilige ündeýär.
“GUŞGY GALASY” POEMASY: A. Atajanowyň iri şahyrana eserleriniň biri-de “Guşgy galasy” poemasydyr. Şahyr bu poemasynda taryhy-rewolýusion tema ýüzlenýär. Poemada 1917-nji ýylyň Oktýabrrewolýusiýasyndan soňky Türkmenistanyň iň günorta künjegi bolan Guşguda bolup geçen çylşyrymly wakalar beýan edilýär.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: Beki Seýtäkowyň ömri we döredijiligi barada, Pikiri ýazuw arkaly beýan etmegi, beýannama ýazmagy başarmaly.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: Sözleriň dürs aýdylyşyny we ýazuw düzgünleri düşündirmegi, Gören, eşiden wakalaryny we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip bilmegi.
V.Geçilentemanyberkitmek.
1. Ussat şahyr, ýazyjyAta Atajanow näçenji ýylda we nirede dogulýar?
2. Ýazyjy nirelerde bilim alýar?
3. Ilkinji goşgular ýygyndysy haçan neşir edilýär?
4. Onuň goşgulary we poemalary?
5.Şahyryň goşgularynda Beýik Watançylyk urşy temasy?
6. Yşk-söýgi temada ýazan goşgulary?
7. “Guşgy galasy” poemasynda haýsy döwrüň gürrüňi edilýär?
8. Ýazyjynyň romanlary?
VI. Geçilentemanyjemlemek, umulyşdyrmak we okuwçylarybahalandyrmak
VII.Öýişinitabşyrmak. Öwrenilentemanyokamak we özleşdirmek.
Barladym_______________ K.Dawletow