Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy netijesinde durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Bilim ulgamy üçin derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Tehnologiýalaryň ýokary çaltlykda ösýän zamanasynda innowasiýany ulanmagyň pedagogik esaslaryny öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meseledir. Tutuş adamzat durmuşy, ýaşaýşy tehnologiýalar, kompýuterler bilen üznüksiz bagly. Şonuň üçin guralýan sapaklarda multimedia enjamlary giňden ulanylýar. Bilim ulgamynda innowasion ösüş ylmy-tehniki syýasatymyzyň esasy daýanjydyr.
Okuw işinde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak mugallymlar üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi häzirki zaman ýaşlarynyň aňy döwre görä çalt ösýär. Şonuň üçin-de mugallymlaryň guraýan sapaklarynyň dünýä tejribesine esaslanýan milli ruha ýugrulyp, ýaşlaryň örän çalt ösýän aňyna oňyn tasirini ýetirmegini gazanmak bilim işindäki gaýragoýulmasyz zerurlykdyr.
Ýaşlara döwrebap bilim bermek islendik mugallymyň mukaddes borjudyr. Mekdebimiziň mugallymlary sapaklarda okuwçylara berilýän nazary bilimleri has-da çuňlaşdyryp öwretmek üçin görkezme esbaplary, maketleri, şeýle hem sapaklara degişli wideo şekilleri ulanýarlar. Wideoşekilleriň we animasiýalaryň täsiri başgaça bolup, berilýän nazary bilimleriň has çalt we çuň özleşdirilmegine ýardam edýär, okuwçylarda öz hünärine bolan gyzyklanmany artdyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, täzeçil ulgamy we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylym hem-de bilim ulgamlarynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler berjaý edilýär. Il bähbitli bu işde maglumat tehnologiýasy aýratyn orun eýeläp, sanly ulgamy ösdürmäge uly itergi berýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Ýurtda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir.
Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim–terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideoaudiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
“Innowasiýa” latyn sözi bolup, türkmen dilinde “täzelik, täze düzgün, täze kada, özgeriş” diýlen sözlere gabat gelýär. Pedagogiki düşünje hökmünde innowasiýa bilim ulgamyna haýsydyr bir täzeligiň girizilmegini aňladýar. Innowasiýa öwretmek prosesine haýsydyr bir täze usulyň, serişdäniň, konsepsiýanyň, öwretmegiň tehnologiýasynyň ýa-da okuw maksatnamasynyň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr .
XXI asyryň başlarynda öwretmek prosesine innowasion usullar hökmünde “interaktiw usullar“ diýlip atlandyrylýan öwretmegiň işjeň usullary dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Degişli usuly gollanmalarda işjeň usullar, olardan peýdalanmagyň aýratynlyklary barada anyk görkezmeler berlip , häzirki wagtda “Kub”, “Beýni hüjümi”, “Açyk öý” , “Zig- zag”, “Säginip okamak”, “Insept”, “Zynjyr”, “Desant” ,”6*6”, “Klaster ”, “Blits soraglary”, “Problemany ýagdaýy döretmek”, “Kiçi toparlarda işlemek”, “Her kim her kime öwredýär”, “Fiziki diktant” , “Fiziki düzme”, “Bumirang” diýlip atlandyrylýan usullar döredijilikli işleýän mugallymlar tarapyndan ulanylýan esasy usullara öwrüldi.
“Fiziki diktant “ usuly
Bu usuldan peýdalanmak mekdep durmuşynda 1970-nji ýyllarda ornaşdy.Bu usul köplenç III-IV synplarda peýdalanylýar. Fiziki diktantlary ýazdyrmak okuwçylaryň köpçülikleýin işlemeklerini, okuw maglumatlarynyň oňat ýatlanmagyny gazanmak maksady bilen geçirilýär. Fiziki diktantlar geçilende mugallym öwredilýän tema degişli birnäçe sözlem okaýar. Ýöne käbir sözi okuwçylaryň özleri bilmeli bolýar, ýagny mugallym ony aýtman saklanýar.
“Balyk skeleti” shemasy
Köp problemalary beýan etmäge, olary çözmäge mümükinçilik berýär.
Ulgamlaýyn döredijilikli analitiki pikir ýöretmäni işjeňleşdirýär we ösdürýär.
Shemany taýýarlamagyň düzgünleri bilen tanyşmak.
Ýekebir/ikibir ýokarky “süňkjagazda” problemanyň aňlatmasyny ýazýarlar, aşakyda – meseläniň hakyky bardygyny tassyklaýarlar.
Kiçi toparlara goşulyp, shemalary deňeşdirýärler we goşmaça girizýärler. Bir umumy shema birikdirýärler.
Netijesiniň görkezilmegi: doldurylan shemanyň görkezilmegi meseläniň biri-biri bilen baglanyşyklydygynyň we toplumlaýyn häsiýetiniň bardygyny aýdyňlaşdyrýar.
Klasteri düzmegiň düzgünleri :
Aklyňa gelen ähli pikirleri ýazmaly. Pikirleriň hiline, hatyň orfografiýasyna we beýleki delillerine üns bermeli däl.
Bellenilen wagt gutarýança ýazmagy dowam etdirmeli. Eger birden aklyňyza pikirler gelmese, onda täze pikirler gelýänçä kagyzda surat çekmek bilen meşgullanmaly .
Köpräk baglanyşyklary gurmaklyga çalşyň, pikirleriň mukdaryny we olaryň arsyndaky baglanyşyklary çäklendirmeli däl.
Mysal üçin:
Wennyň diagrammasy
*2,3 nukdaýnazardan deňeşdirme, ýerine goýmak ýa-da garşy goýmak üçin we olaryň umumy taraplaryny görkezmek üçin peýdalanylýar. Diagramma iki we ondan köp kesişýän tegeleklerden durýar. Deňeşdirmek üçin deliller, hadysalar, idealar (pikirler) peýdalanylýar. Her bir tegelegiň boş ýerleri tapawutlary ýazmak üçin, tegelegiň kesişýän ýerindäki umumy bölek deňeşdirilýän hadysalary umumylykda aýdyňlaşdyrmak üçin ulanylýar.
*Ulgamlaýyn pikirýöretmäni, deňeşdirme, ýerine goýma , seljerme we sintezleme başarnyklaryny ösdürýär.
* Wennyň diagrammasyny gurnamagyň düzgünleri bilen tanyşmak. Ýekebara / ikibir Wennyň diagrammasyny gurup, tegelekleriň kesişmeýän bölümlerini doldurýarlar.
* Iki bolup diagrammalaryny deňeşdirýärler, her biri öz diagrammasynyň ýetmeziniň üstüni doldurýarlar, goşmaça girizýärler.
* Diagrammany düzenleriň garaýyşlaryna görä (2-3) tegelekleriň kesişýän ýerinde maglumatlaryň umumy taraplary hasap edilýänleriň sanawyny düzýärler.
Bu günki gün ýaşaýan döwrümiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biri ol hem ylym-bilimiň we tehnologiýanyň adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik tizlik bilen ösýänligidir. Bu bolsa öz gezeginde öňki bar bolan maglumatlaryň barha tiz könelişmegi diýmekdir. Maglumatlaryň tiz könelişmegi bolsa täze maglumatlary öwretmek we öwrenmek zerurlygynyň ýüze çykmagy diýmekdir. Ylym-bilim ulgamynda täze maglumatlaryň öwredilmegini bolsa diňe innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrmak mümkindir. Başgaça aýdanymyzda, bilim tehnologiýalary diýilýän okuw maksatly elektron enjamlary döwrümizde netijeli bilim bermekde esasy serişdeler hökmünde rol oýnaýar. Çünki çaga eýýäm mekdebe barmanka elektron enjamlar bilen ösüp ulalýar. Oýnaýan oýunlaryndan başlap, tomaşa edýän multfilmlerine çenli ählisi täze tehnologiýalar bilen baglanyşykly bolansoň, bu günki gün ylym-bilim ulgamyny bilim tehnologiýalaryny ulanmazdan göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Eýsem, bilim tehnologiýalary okuwçynyň öwreniş ukybyna nähili täsir edýär?
Okuwçy mekdepde okap öwrenen maglumatlarynyň 10%-ini, diňläp öwrenen maglumatlarynyň 20%-ini, tomaşa edip öwrenenleriniň 30%-ini, hem diňläp, hem tomaşa edip öwrenen maglumatlarynyň 50%-ini, sözläp, gürrüň berip öwrenenleriniň 70%-ini, ýerine ýetirip öwrenen maglumatlarynyň 90%-ini ýatda saklap bilýär. Munuň özi bolsa bize häzirki wagtda bilim tehnologiýalary arkaly tomaşa etdirip, diňledip, özüne ýerine ýetirdip, görkezip öwretmäge mümkinçiligiň bardygyny äşgär edýär. Diýmek, biz bilim tehnologiýalary arkaly adaty, ýagny nusgawy ders usullaryndan saplanyp, interaktiw ders usulyna geçmäge mümkinçilik gazanýarys. Eýsem, bu babatda bize nähili tehnologiýalar ýardam edip biler?
Kompýuter
Synpymyzda kompýuteriň bolmagy dürli multimedia serişdelerinden – audio-wideo ýazgylardan, dürli çykyşlardan peýdalanmaga ýardam edýär. Kompýuterli synplarda mugallym dürli görkezme esbaplarynyň üsti bilen täze temany düşündirmek, özleşdirmek işlerini göwnejaý guraýar. Okuw maksatly programmalary ulanmak arkaly dersiň gyzykly bolmagyny gazanýar. Elbetde, bärde kompýuteriň internet ulgamyna birikdirilen bolmagy hem örän möhümdir. Çünki kompýuteriň diňe özi dersiň netijeli geçmegine 30% goşant goşýan bolsa, internet ulgamy dersiň netijeli, gyzykly geçmegine 100% goşant goşýar. Şeýlelikde, dersiň netijeliligi iki esse ýokarlanýar. Emma bärde mugallymyň kompýuterden we internetden peýdalanmak endiginiň-de güýçli bolmagy zerurdyr.
Synp web sahypasy
Internet ýa-da network aragatnaşygynyň mümkin bolan ýerinde synpyň web sahypasynyň taýýarlanylmagy okuwçylaryň işleriniň elektron görnüşde seljerilmegini, baha berilmegini, dünýä ýurtlarynyň mekdepleri bilen aragatnaşyk saklamaklygy ýola goýmaga ýardam edýär.
Proýektor we interaktiw tagta
Häzirki wagtda interaktiw usulda ders geçmek diýleninde diňe proýektory, kompýuteri we interaktiw tagtany ulanyp ders geçmeklik ýeterlikdir öýdülýär. Emma asyl interaktiwlik – munuň özi mugallym merkezli ders usulyndan saplanyp, okuwçy merkezli ders usulyna geçmeklikdir. Çünki mugallymyň ýeke özi ähli zady düşündirip, okuwçylaryň bolsa demini çykarman oturmaklary interaktiw usul däldir. Şol sebäpli-de, interaktiw tagta okuwçynyň ähli öwrenýän maglumatlaryny ýerine ýetirip, synap görmegi üçin ulanylmalydyr. Täze tema tomaşa edilýän diňlenilýän, ýazylýan, okalýan we ýerine ýetirilýän gönükmelerden ybarat bolmalydyr. Şol gönükmeleriň ýerine ýetirilmegi bolsa okuwçylar tarapyndan interaktiw tagtada amala aşyrylmalydyr.
Kabelsiz synp mikrofonlary
Synpdaky goh-galmagal zerarly köplenç halatda mugallym öz sesini okuwçylaryna eşdirmekde kynçylyk çekýär. Munuň üçin bolsa kabelsiz synp mikrofonlary ulanylýar. Ýakada durýan mikrofon synpyň dört burçunda berkidilen ses çykaryjy enjamlar arkaly mugallymyň sesini gatldyp çykarýar. Bu bolsa köp okuwçyly synplarda mugallymyň sesiniň yzky partada oturýanlara çala eşidilmeginiň, şeýle hem mugallymyň gaty sesde ders düşündirip özüne agram salmagynyň öňüni alýar.
Mobil enjamlar
Mobil enjamlar – munuň özi ýanymyzda götermäge amatly enjamlardyr. Mysal üçin batareýaly monitorlar, kompýuteri uzakdan dolandyryjylar, lazer yşykly galamlar... mugallyma dersi synpyň islendik ýerinde durup düşündirmäge ýardam edýär.
Kompýuter oýunlary
Öwrediji kompýuter oýunlarynyň hem okuwçylara dersi netijeli düşündirmekde we olaryň bilimini barlamakda örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir gönükmäni nusagwy usullarda işlemegiň deregine, kompýuter oýunlary arkaly amala aşyrmak dersiň gyzykly geçmegine hem-de okuwçylaryň derse höweli gatnaşmagyna ýardam edýär. Muňa mysal edip, Makromedia Flaş programmasynda taýýarlanylan oýunlary görkezmek bolar.
Mugallymlar üstünlik gazanmaga çalyşýan okuwçylaryna hökman kömek etmelidir. Okadýan sapagyny aňsatlyk bilen öwrenip bolýandygyny görkezmelidir. Tema doly özleşdirilensoň, «Bu temany gowy öwreneniňiz üçin soňkularda kösenmersiňiz» ýaly sözler bilen wagtal-wagtal okuwçylaryň göwnüni götermeli we olary umytlandyryp, üstünlik gazanyp biljekdiklerine ynanmaklaryny gazanmaly.
Emma, gynansak-da, mugallymlaryň arasynda «sapagymyň ähmiýetini bilsinler, maňa hormat goýsunlar» diýip, okadýan dersiniň kyndygyny nygtap durýan, «bu sapakdan ökde bolmak gaty kyn» diýdirjek bolup, okuwçylary çykgynsyzlyga salýanlar hem bar.
Okuwçylaryny şeýle ýagdaýa düşürmegiň ýerine olara öz sapagynyň nä derejede aňsat we öwrenip boljakdygyny görkezen, himiýa mugallymy bolup işleýän bir dostum öz peýdalanýan usulyny şeýle düşündirýär:
– Men ilkinji sapagymyzda temanyň gaty aňsatdygyny, öwrenip boljak sapakdygyny gürrüň berýärin. Soňra okuwçylarym hem muňa düşünerleri ýaly, olara aňsat, islendik kişiniň jogabyny biljek soraglaryny berýärin. Elbetde, okuwçylar beren soraglarymy çözdügiçe, sapak bilen ysnyşyp, halamaga başlaýar.
Tutanýerli bolsalar üstünlik gazanjakdyklaryna ynandyrmaly halymyza, çagalarymyzy köplenç biderek ýere kösäp, öňlerine böwet goýýarys-da, başarjakdyklaryna ynanmaz ýaly edip taşlaýarys. Şeýlelikde, olar hemme zatdan el çekýär oturyberýär. Birnäçe ýyl mundan ozal adamlaryň jebir-süteme çydamlylygyny ölçemek maksady bilen bir barlag geçiripdirler:
Psihologlar barlagdaky kişilerden içi buzdan doly bedrä aýakýalaň girmeklerini sorap, sowuk zerarly emele gelýän agyra barlagdakylaryň nä derejede çydamlydyklaryny ölçäpdirler.
Olar barlagdan şeýle netije çykarypdyrlar: ýanynda kimdir biri bolup, goldaw berlen barlagdaky kişiler beýlekilere garanda agyra iki esse artyk çydamly…
Eger bizem çagalarymyzy ruhlandyryp, umytlandyryp bilsek, iň bir uly päsgelçilikler hem olar üçin owunjak bolup galar.
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR:
Gurbanguly Berdimuhamedow. Ile döwlet geler bolsa... Aşgabat,2015.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 -2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. Aşgabat, 2010.
Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. III tom. Aşgabat, 2010.
“Bilim” ylmy-usuly žurnaly,2016.3-nji sany
https://Mutiurok.ru Nadejda 07/ Bekniýazowa Nadejda Marksowna
https:// turkmenmetbugat.gov.tm›tk/articles/82862
https:// bilimojagy.com›page/3/
____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
EBB hünärmeni:______________
MMOIBO:__________________
UB ýolbaşçysy:_______________
Ýazan mugallym:_____________