СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Beýannama "Ýangyn"

Нажмите, чтобы узнать подробности

Beýannama "Ýangyn". 4 -nji synp üçin.

Просмотр содержимого документа
«Beýannama "Ýangyn"»

Beýannama

Ýangyn

Meýilnama:

  1. Gözeliň ejesine kömekleşmek üçin ütügi çatmagy.

  2. Ony ýadyndan çykarmagy.

  3. Ýangynyň emele gelmegi.


Ýangyn

Gözel ejesi gelýänçä, geýimleri ütükläp goýmagy ýüregine düwdi. Ol elektrik ütügi gyzdyryp, işe başlady. Şol mahal hem onuň ýanyna synpdaş jorasy geldi. Jigisi bolsa uklap galypdy. Jorasy Gözelden öýe tabşyrylan meseläni çözmäge kömekleşmegini haýyş edip gelipdi, ol meseläni Gözele görkezdi. Gözel bolsa öýe bu mesele däl‑de, başga meseläniň tabşyrylandygyny aýtdy. Gyzlar öýe tabşyrylan meseläniň haýsydygyny takyklamak üçin,

goňşy köçede ýaşaýan üçünji bir jorasynyňka gitdiler. Gözel öz ýanyndan: «Jigim oýanýança gelerin» diýip çaklady-da, jaýy gulplap gitdi. Ütügi bolsa tokdan aýyrmagy ýadyndan çykardy. Joralar gidenlerinden soň köp wagt geçmänkä, ütükden stoluň üstündäki geýime ot düşdi. Soňra penjiredäki tuty, salym geçmänkä stol ýanyp başlady. Eger-de köçeden geçip barýan oglanlar penjireden çykýan tüssäni görmedik bolsalar, onda uly betbagtlygyň bolmagy mümkindi.