Просмотр содержимого документа
«Brauzer. Brauzeriň interfeýsiniň elementleri.»
Brauzer. Brauzeriň interfeýsiniň elementleri.
Brauzer − bu internet torunda gezmek üçin niýetlenen programma hasaplanylýar. Brauzer öz işleýän wagtynda berlen salga web-serwer arkaly ýüzlenip, web-sahypany soraýar. Maglumatlary kabul etmek bilen kompýuteriň ekranynda şekilllendirýär.
Windows operasion sistemasynyň düzümine girýän Microsoft Internet Explorer brauzeri bilen işläp göreliň.
Microsoft Internet Explorer brauzeri syçanyň kömegi bilen meseleler panelindäki düwmä basyp açmak bolar
Iş stolundaky ýarlygynda syçanyň çep gulagyny iki gezek basmak bilen ýa-da sistemanyň menýusyndan ( Пуск ) açmak hem bolar.
Programmanyň interfeýsi ulanyja web-sahypalary çalt açmak we görmek üçin özleşdirmäge has ýönekeýligi bilen gönükdirilendir.
Internet Explorer brauzeri işe goýberilenden soňra, kompýuteriň ekranynda penjire açylýar
Esasy elementler
Sözbaşy setiri
Menýu setiri
Salgy setiri
Gurallar paneli
Resminamany gözden geçiriş meýdany
Ýagdaýlar setiri
Brauzer işe goýberlenden soň, gözden geçiriş meýdanynda, düzgün bolsy ýaly, öý sahypasy görkezilýär. Öý sahypasy hökmünde boş sahypany ýa-da has köp girýan saýtyňyzyň baş sahypasyny ulanýarlar. Öý sahypany gurnamak Сервис→Свойства обозревателя menýunyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.
Onuň üçin Общие bölüminde Свойства обозревателя penjiresiniň salgysynda öý sahypasy hökmünde isleýän sahypalarynyň salgysyny görkezýärler
Web-sahypalary açmak üçin,salgy setirinde sahypanyň ýa-da saýtyň salgysyny girizmek zerurdyr. Meselem: http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/ we Enter klawişini basmaly. Esasy saýtyň sahypasy açylar.
Açyk resminamany çap etmek üçin, syçanyň kömegi bilen Печать nyşanjygyna basmaly ýa-da menýunyň kömegi bilen Файл→Печать buýrugy bermeli.
Файл→Сохранить как buýrugynyň kömegi bilen Web-sahypany diskde ýatda sakladyp bolýar. Bu ýagdaýda ýatda saklanyljak resminamanyň giňeltmesini aşakdakylardan saýlamak teklip edilýär:
- Web-sahypa, tutuşlygyna. Resminama .html giňeltmesinde saklanylýar, bu ýagdaýda suratlar we beýleki obýektler papkada .files giňeltmesi bilen saklanýarlar;
- Web-arhiw, bir faýl. ( Resminama ähli obýektleri bilen bir arhiw faýla gaplanýar);
- Web-sahypa, diňe HTML. ( Resminamanyň teksti .html giňeltme bilen saklanylýar, emma suratlar we beýleki obýektler ýitýär);
- Tekst faýly. Tekst . txt giňeltmede saklanylýar we ony Блокнот tekst redaktorynyň kömegi bilen okap bolýar.
Soraglar
- Brauzer näme üçin niýetlenen?
- Brauzeriň penjiresiniň esasy elementlerini aýdyp beriň. Onuň wezipesi näme?
- Öý sahypasy näme üçin gerek we ony nähili gurnamaly?
- Избранное papkasyna salgylanmalar nähili ýerleşdirilýär?
- Brauzerde Журнал näme üçin ulanylýar?