web-konstruirlemegiň esaslary
INFORMATIKA 11
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy Ilhomjon Muhutdinow
Tema:
§1. Web-sahypalary döretmekde ofis programmalaryny ulanmak
Web-sahypa -
Bütindünýä kerebinde ýerleşdirilen gipertekstli resminama
Internet torunda informasiýalaryň esasy bölegi
Web - saýtlara birleşdirilen Web-sahypalarydyr.
Web-saýt - Umumy temasy, awtorlary, eýeçiligi bolan özara baglanyşykly Web-sahypalaryň toplumy.
Meselem , haýsy-da bolsa bir mekdebe bagyşlanan
Web - saýt aşakdaky ýaly Web -sahypalary
özünde saklap biler:
mekdebiň taryhy;
mugallymlar;
sport durmuşy;
medeni durmuşy;
täzelikler we ş.m.
Web-saýtdaky Web-sahypalaryň sanyna çäklendirme ýokdur. Meselem, mekdebe bagyşlanan saýtdaky mugallymlar bölüminde hemmeler üçin diňe bir sahypany ulanmak bolar, ýogsada, her mugallymyň döredijilik ýoluny, suratyny hem-de beýleki maglumatlaryny aýratyn sahypalarda ýerleşdirmek bolar.
Web-saýtda sahypalar örän köp bolup biler. Olaryň içinde dolandyryjy titul sahypasyna - öý sahypasy diýilýär.
Öý sahypasynda saýta düşen ulanyja «hoş geldiňiz» ýa-ly ýazgylar hem-de beýleki sahypalara düşmek üçin Gipersalgylanmalar ýerleşdirilýär.
Iň kiçi saýt diňe bir Web-sahypadan ybarat bolup, ol birbada, öý sahypasy bolup hem hyzmat edýär.
Web-sahypany beýan etmek ücin, ýörite HTML (Hyper Text Markup Language) - Gipertekstleri belleme dili ulanylýar.
Bu diliň tegleri-ýörite buýruklary tekst formatyn-daky dokumenti, Gipertekst ýüzlenmelerini hem-de goşmaça obýektleri bezemekde peýdalanylýar.
Şol sebäpli, islendik Web -sahypasyna HTML formatyndaky dokument, ýöne HTML dokument
ýa-da Web-dokument diýilýär.
Tegleri gözden geçirmek we redaktirlemek üçin Web -sahypany Блокнот , Word Pad ýaly ýönekeý tekst redaktorlarynyň birinde açmak ýeterlikdir.
- HTML dokumentini ekranda görkezip bilýän müşderi programmasyna brauzer diýilýär.
- Brauzer dokumenti kabul edip, ondan tegleri tapýar we dokumenti talap edilişi ýaly görkezýär. Meselem, bölümleriň atlary uly we goýy şriftler, bölümçeleriň atlary kiçeňräk şriftler bilen görkezilýär. Eger tekste surat goýlan bolsa, onda brauzer surat faýlynyň salgysyny okaýar, bu salga ýüzlenýär, suraty ýükleýär, tekste ýerleşdirýär hem-de tekst bilen birlikde ekranda görkezýär.
- Brauzerleriň görnüşleri kändir: Microsoft Internet Explorer, Mozilla Firefox, Internet Browser Opera, Google Chrome, Netscape Navigator we başgalar. Biz, esasan,Microsoft Internet Explorer brauzerini ulanarys.
Web-saýty döretmek onçakly çylşyrymly däldir, emma köp zähmeti, örän ünslüligi talap edýär. Ilki bilen saýtyň her sahypasyny taslamalydyr, ýagny maketi taýýarlamalydyr.
Goý, geljekki Web-saýtyň maketi - taslamasy taýýar bolsun. Web -saýty MS Word we MS Excel ofis programmalarynda döretmekligiň tehnologiýalaryna seredeliň.
Web-saýty MS Word programmasynda döretmek.
MS Word programmasyny açyň we Görnüş-Web-dokument (Вид-Web- -документ) buýrugyny beriň. MS Word programmasynyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, sahypalardaky maglumatlary kompýuterde görnükli ýygnaň (şriftleriň dürli görnüşlerini, reňklerini, fonuň reňklerini, bezemegiň görnüşlerini we ş.m. ulanyň). Maket boýunça suratlary goýuň. Sahypanyň teksti ýygnalanda, sözleriň aşagyny çyzmaly däldir, olar Gipersalgylanmalar goýlanda awtomatiki dörär. Oňaýlylyk üçin sahypalaryň her biriniň faýlyny şol bir, meselem, Web-saýt atly papkada saklaň .
Sahypalarda içki we daşky Gipersalgylanmalary goýuň.
Berlen sahypada içki Gipersalgylanmany goýmak üçin:
kursory Gipersalgylanma goýulmaly abzasyň başynda goýuň;
Goýma-Bellik (Вставка-Закладка) buýrugyny bermeli, Bellik (Закладка) dialog penjiresi açylar;
penjiräniň Belligiň ady (Имя закладки) setirinde atlaryň birini, meselem, B1 giriziň we Goşmaly (Добавить) buýrugyny beriň;
ýokarda, Gipersalgylanmany açmaly sözi tapawutlandyryň we Goýmak-Gipersalgylanma (Вставка-Гиперссылка) buýrugyny beriň, Вставка-Гиперссылка penjiresi açylar;
penjiräniň çep gapdalyndaky Baglanyşdyrmaly (Связать с) görkezmeler toplumynda, içki salgylanma goýulýany üçin Dokumentdäki orun bilen (Местом в документе) ýagdaýy hem-de salgylanmanyň B1 adyny belläp, OK basyň;
tapawutlandyrylan söz gök reňke geçip, aşagy çyzylan ýagdaýynda, boldy diýmek, içki Gipersalgylanma taýýar;
- Gipersalgylanmany ulanmak üçin, Ctrl -y basyp saklap, syçanyň görkezgiji salgylanmanyň üstüne eltilýär we onuň çep gulagy basylýar, kursor degişli abzasyň başyna barar;
- Faýl-Nähili saklamaly ( Файл-Сохранить как ) buýrugyny berip, sahypany degişli ady, meselem, eger ol öý sahypasy bolsa, Dolandyryjy at bilen we Web-sahypa (*.htm; *.html) (Web-страница (*.htm; *.html)) giňeltmede saklaň;
- Web-saýt papkasyndaky baglanyşdyrmaly beýleki faýl maglumatlaryny hem Web - страница (*.htm; *.html) giňeltmede saklaň.
- Aýratyn Web -sahypalary, faýllary (URL-dokumentleri) birleşdirýän Gipersalgylanmany goýmak üçin:
- Web -saýt papkasyndaky Dolandyryjy.htm faýlyny (öý sahypany) MS Word programmasynda açyň we sahypada Gipersalgylanmanyň görkezgiji hökmünde ulanyljak sözi (sözler toparyny) tapawutlandyryň we Goýmak-Gipersalgy- lanma (Вставка-Гиперссылка) buýrugyny beriň, Вставка-Гиперссылка penjiresi açylar;
- Penjiräniň çep gapdalyndaky Baglanyşdyrmaly ( Связать с ) görkezmeler toplumynda, Faýl, Web-sahypa bilen (Файлом, Web страницей) ýagdaýy belläp, häzirki Web-saýt papkasyndaky degişli *.htm; *.html giňeltmeli Web-sahypany ýa-da faýly tapyp, OK basyň;
- tapawutlandyrylan söz ýa-da sözler topary gök reňke geçip, aşagy çyzylar ;
- Gipersalgylanmany ulanmak ýokardaky ýalydyr, Web -sahypany soňky ýagdaýynda saklaň.
- Saýt gutarnykly taýýar bolan soň, ony MS Internet Explorer brauzerinde açyp barlaň.
- Bellik. MS Word programmasynda islendik taýýar sahypany ýa-da saýty redaktirlemek bolar. Meselem, islendik Web -sahypanyň nusgasyny MS Internet Explorerde açyp, Sahypa (Страница) sanaw basgyjyndan MS Word programmasynda düzetmek (Править в MS Word) düzgünini saýlap, redaktirläp, ýagny sahypany ýeterlik üýtgedip, öz sahypaňy-saýtyňy döredip bolar.
1- nji mysal . Azat we onuň ýoldaşlary Begli we Myrat baradaky ýönekeý web-saýtyny döretmeli. Onuň üçin:
- Web-saýt papkasyny iş stolunda döredip, onda, ýokarky tehnologiýada
- Azat_dolandyryjy.htm l ,
- Begli.htm l
faýllaryny ýerleşdireliň, şunlukda, faýllaryň
atlaryna degişli papkalar awtomatiki dörär.
Saýtyň işjeňligini Internet Exsplorerde barlalyň.
Azat_dolandyryjy.html faýlynda içki we daşky Gipersalgylanmalary, Begli.html we Myrat.html faýllarynda bolsa Azat_dolandyryjy.html faýlynyň başyna şekilgörkezgiç üsti bilen geçýän daşky Gipersalgylanmalary guralyň we saýtyň işjeňligini Internet Exsplorerde barlalyň.
Web-saýty MS Excel programmasynda döretmek.
Onuň üçin islendik Excel-elektron tablisany açalyň. Şondan soň Faýl-nähili saklamaly ( Файл-Сохранить как ) buýrugyny berip, Web -sahypanyň ýerleşmeli papkasyny, öňki ýa-da täze adyny görkezip, faýlyň giňeltmesini Web-sahypa (*.htm; *.html ) ( Web-страница (*.htm; *.html )) saýlamaly we Saklamak (Сохранить) basgyjyna basmaly.
- Web-sahypany özüňizçe sazlap hem bilersiňiz.
Onuň üçin, Web-sahypa ( Web-страница ) formatynda elektron tablisa saklanýan mahaly, penjiräniň Neşir etmeli ( Опубликовать ) basgyjyna basyň we çykýan Web-sahypanyň neşir edilmesi ( Публикация Веб-страницы ) penjiresinde Excel sahypalaryň her biri üçin Üýtgetmek ( Изменить ) basgyjyna basyp, degişli sahypada Sözbaşy ( Заголовок ) girizmek hem-de beýleki parametrleri kesgitlemek bolar. Şondan soň, täzeden Neşir etme li ( Опубликовать ) basgyjyna basmalydyr. Excel sahypalary goýlan sözbaşylary bilen bilelikde görnerler.
Web-saýty MS Publisher programmasynda döretmek.
Köp funksiýaly MS Publisher ofis programmasy arkaly dürli görnüşli neşir işlerini: bukletleri, şahsyýetnamalary, şeýle hem Web -saýtlary döretmek mümkindir.
- MS Publisher programmasynda Web saýt babatda:
- Web -saýtlary döretmek we saklamak;
- Web -saýtlary Internetden ýüklemek we redaktirlemek;
- Web -sahypalary gözden geçirmek;
- çylşyrymly dizaýny döretmek we ýörite HTML teglerini ulanmak;
- suratlaryň we klipleriň kitaphanasyndan taýýar şekilleri peýdalanmak;
- dolandyryş elementlerini girizmek, Gipersalgylan-malary goýmak we ş.m. mümkindir
- MS Publisher programmasynda ulanyjynyň interfeýsi MS Word programmasynyňka meňzeşdir.
- Esasy menýular: Faýl (Файл), Baş (Главная), Goýma k (Вставка), Sahypanyň maketi (Макет страницы), Ibermeler (Рассылки), Syn - bermek (Рецензирование), Görnüş (Вид) ýaly atlandyrylýar.
- Faýl (Файл) menýusynda faýllary döretmegiň, açmagyň, saklamagyň, çap etmegiň, ýapmagyň we ş.m. buýruklary saklanýar. Onuň Maglumatlar (Сведения) toparynda Maketiň barlagy (Проверка макета) basgyjy köpçülige hödürlenýän işleriň, Web -saýtlaryň we ş.m. barlagyny geçirýär we ýalňyşlar boýunça habar berýär.
- Baş (Главная) menýusynda Çalyşma buferi (Буфер обмена), Şrift (Шрифт), Abzas (Абзац), Stiller (Стили), Obýektler (Объекты), Tertiplemek (Упорядочить), Redaktirleme (Редактирование) buýruklar toparlary bar bolup, döredilýän dokument bilen dürli bezeme-formatirleme işlerini amala aşyrmak bolar.
- Goýmak (Вставка) menýusy döredilýän Web -dokumente sahypalary, tablisalary, şekilleri, standart bloklary, tekstleriň görnüşlerini, salgylanmalary we kolontitullary goýmaga ýardam berýär.
- Sahypanyň maketi (Макет страницы) menýusy boýunça dokumente şablon-ülňüleri, sahypanyň parametrlerini, ma- ketleri, reňk shemalaryny, sahypa fonlaryny goýmak mümkin.
- Ibermeler (Рассылки) menýusy arkaly sahypany elektron poçta bilen utgaşdyrmak, dokumentiň beýleki sahypalaryny goşmak, netijeleri gözden geçirmek bolar.
- Syn bermek (Рецензирование) menýusynda, esasan, orfografik ýalňyşlar barlanýar.
- Görnüş (Вид) menýusynda islendik dokumenti ýa-da Web-sahypany döretmegiň režimleri, maketleri, masştabla- ry we penjireleri kesgitlenýär.
- Ýokarda belleýşimiz ýaly, Web -sahypa ( Web -saýt) döredilenden soň, maketi barlamalydyr. Onuň üçin Faýl - Maglumatlar - Maketiň barlagy (Файл-Сведения-Проверка макета) buýrugy berilýär. Barlagyň netijeleri sagda ýörite panelde görkezilýär: belki maglumatlar çäkden çykandyr, ýaýlalaryň käbirinde tekst, surat doldurylan däldir we ş.m.
Taýýar dokument çapa berlip, Web -sahypa görnüşinde (*.htm;*.html) giňeltmelerde saklanyp ýa-da elektron poçta boýunça birbada degişli salgylara iberilip bilner. Soňky hereket üçin Ibermeler (Рассылки) menýusynyň Elektron poçta bilen gatyşma (Слияние с электронной почтой) toparynyň Elektron poçta bilen ädimme-ädim goşulma ussasy (Пошаговый мастер слияние с электронной почтой) buýrugy saýlanýar hem-de sag tarapda döreýän panel boýunça salgylaryň sanawy we beýleki düzediş maglumatlary girizilýär.
2-nji mysal . Kalendar döredip, maketiň barlagyny geçirmeli we ony Web -sahypa görnüşinde saklamaly. Onuň üçin:
- ýönekeý kalendary ülňi boýunça döredip, maglumatlaryny üýtgedip-dolduryp,
Файл-Сведения-Проверка макета
buýrugyny bereliň;
- barlagyň netijelerini gapdaldaky panelden göreliň (aşakdaky surat).
Faýlyň Web -sahypada görnüşi
MS Office dokumentleriniň Web - sahypalar görnüşinde saklanmagy Web -saýtyň iň ýönekeý konstruirlenmesidir. Bu usuly bilim sferasynda düzmeleri, nutuklary, referatlary we ş.m. saklamakda ulanýarlar. Şeýle sahypalaryň HTML kodlary optimal däldir: ýüklenmesi haýal, faýllaryň möçberi uly we redaktirlemegiň kynçylyklary bar.
Şol sebäpli, Web - ussalar bu usuly az peýdalanýarlar.
Amaly işler
- «Web saýt» papkasyny döretmeli we onda MS Word
programmasyny ulanyp, Web -sahypanyň üstünde
işlemeli:
- özüňiz we ýoldaşlaryňyz barada MS Word dokumentini dörediň we onda sözbaşyny girizip, saýtyňyzyň esasy - dolandyryjy Web -sahypasy hökmünde «Meniň saýtym» ady bilen saklaň;
- Web - sahypany MS Word programmasynda açyň, bezäň, sahypa fonuň reňkini berip,
. htm ýa-da . html giňeltmede saklaň;
ç) Web -sahypany Internet Explorer brauzerinde
gözden geçiriň.
2. Web_saýt papkasyny açmaly we Web-saýtyň üstünde işlemeli:
- «Meniň saýtym» dokumentini açyň we onda iki
sany içki Gipersalgylanmalary dörediň;
b) Web_saýt papkasynda öz üç sany ýoldaşlaryňyz
baradaky aýratyn Web -sahypalary dörediň;
ç) «Meniň saýtym» sahypaňyzda öz ýoldaşlaryňyz
barada gysgaça ýatlap, olar üçin üç sany daşky
Gipersalgylanmalary guraň;
- Web_saýt papkasynda uly göwrümli şekil
faýllaryny saklaň we «Meniň saýtym»
sahypaňyzda olara kiçi suratjyklar arkaly daşky
Gipersalgylanmalary guraň.
Elektron gollanmany taýýarlan: Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy Ilhomjon Muhutdinow