СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Ümür Eseniñ belli šahslar baradaky rowayatlary.

Нажмите, чтобы узнать подробности

Türkmenistanda belli mirasgär Ü.Eseniñ belli šahslar baradaky rowaÿatlary. Internet materiallary esasynda. 

Просмотр содержимого документа
«Ümür Eseniñ belli šahslar baradaky rowayatlary.»


ÜMÜR ESENIŇ belli şahslar barada toplan rowaýatlaryndan


ÝOGALANYNY ÝAŞYRSAŇAM...

- Men-ä, käbäm, Hatam taý janyň ýogalanyny il-günden gizläp, onuň sahylyk ýörelgesini dowam etdirjekdirin.

- Be, şeý diýsene?! Ýöne, oglum, bir zat, sen onuň aradan çykanyny jemagatdan ýaşyryp bilersiň. Oňa ynanýan. Emma Hatam janyň eli açyklyk kesbini welin, her zat etseňem, bilmejekdigiňi aýnyhata aňýan.

- Nädip aňýaň?

- Sebäbi sen iňňäbäbekkäň gujagyma gysyp, emdirip ugramda bir çagajyk golaýyma geläýse, ol agzyňdakyny kakyp barýan ýaly, elden-aýakdan çykyşyňa, çyňsap başlardyň.

Hatam janym bolsa... Wah, oňa taý gelibiljek ýokdur-la! Ol ilki başga bir bäbejigi elimde bökjedip göwsümi bermesem, goltugyma-da gelmezdi, emmesinem almazdy.




GÜNDE BIR, HEPDEDE BIR...

- Kaka, aý kaka! Düýn gyzar ikindinler gelýärkäm, ýolda ýüküm agdy. Hiç urubam bilmedim. Görsem, gaýraky hataryň aşak başyndaky garaýagyz ýaşulynyň ogly gelýär. Emma bagrymy ýaryplar ýalbarsamam, ol ýükümi uruşmady. Onsoň oňa: “Sen asyl beýle ekeniň-ow. Gör, bakaly, biriňize dereserlik sataşaýsa, dädemi (Lukman hekimi) gapyňyzdan garatman” diýdim welin, yzyna gaňrylyp: “Ataňa aýdaý: günde bir, hepdede bir, aýda bir, hepdede bir” diýdi-de, ugruna gidiberdi.

- Oh-ho-how! Onuň ýaly bolsa, ol adamlar seň ataňa myzahar bolup durmaz. Çünki olar, gün-ä göwnejaý edip ýyly yssydan doýýar. Hepde-de bir ýola-da ilki göwrümini giňedip, soňra suwa düşünýär. Aýda bir öwrä-de, kellebaşaýak çorbasyndan gähneýşine, ýylda bir saparam ýa balykdan doýar, ýa-da gan aldyrar. Ana, onsoň öz-özlerini seýisläp ýören ol adamlar seň ataňa kän bir ýüzem saraldaýmaz.



ILI DIŇLE, ÖZ BILENIŇI ET

Parasatly Jygalybeg Röwşenjigi syrtyna alyp, bazara ugrapdyr. Şonda birtopar adam:

- Eşek amanat bolaýsa gerek, ýogsam artlaşyp münmezdiler - diýip, olaryň duşudan ötýär.

Ol sözi eşiden garry agtygy bilen ulagyndan düşüşine, ony öňüne salyp sürgüläp ugraýar.

- Bu akmaga serediň. Eşeg-ä boş. Özem dyzdan kirşeniň içi bilen aýagyny süýräp... Jyda bolmasa, ojagaz oglany bir mündürmeli ahyryn - diýip, soňky duşanlar dillenýär.

Ondan soň goja eşege atlanyp, Göroglyjygy hem eýerdip ugraýar. Emma soňky duşanlar hem ýöne geçäýmändirler.

- Eý-ho, bi zaňňaryň ýüregi nähilikä? Çaga ýetim-ýesir halatynda-da oňa beýle zulum edip bolmaz-a. Ol neress-ä süpüdikläp gelýär. Özi bolsa...

- Oglum, Röwşenim, gel, eşege indi sen mün, pyýada men ýöräýin - diýip, Adybegiň atasy eşegiň öňüne düşüberýär.

- Ýeri, indi muňa näme diýersiň?! A-how, aksakgal, oglanyň görjegi öňünde. Seň welin, köpüň ötüp, azyň galypdyr. Eşege özüň münseň bolmadymy?

Şonda Jygalybeg agtygyna ýüzlenýär:

- Görgüňmi, guzym? Ili diňle, ýöne öz bildigiňi et, hoşmy?



ÝYLAN SAGAMOK

Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýkara suwsap gelýärkä, bir aýal maşgala oňa çal guýup berýär:

- Ysy janyňy alyp gelse-de, seň çalyňdan içjek däl. Halama ekeniň. Içinde gyl bar.

- Içmeseňiz, içmäň, aga! Gyl gönezlige gatançdyr. Onsoňam men gylly geçi sagýan, ýylan sagamok - diýen laýykatly jogaby eşiden patyşa okarany başyna çekipdir.



BIR BAKYŞDA DÖRT PASYL

- Çalarak ýadyma düşýär. Atam pahyr bir bakyşda dört pasly hem synlap bilendiginiň gürrüňini beripdi. Şonda arman, üns etmändirin-dä. Belki, Myraly, sen ony...

- Şahym, Soltansöýün, şonda, megerem, ýaşulyňyz çeti çöle süsňäp duran belent başly bir dagyň düýbünden ýörändir. Onsoň näme, dagyň depes-ä, güne gözüni ýyldyradyp ýatan garly gyş. Ondan aşagam lälesi ýakaşykly ýaz. Pesediräklerem miwe ýetikligi üçin meňzi solgunlan güýz. Ana, olar-a üç pasyl. Barýan ýerem çägesi çaýkanyp ýatan gorsawly gol bolaýsa, neneň onsoň ýaşulyňyz bir bakyşda dört pasly synlamasyn.


NÄME SÜÝJI?

Myralygyr Soltansöýün bir ýaňa ugranlarynda, patyşanyň ýene-de öňküleri ýaly, wezirine degşesi gelipdir:

- Aýtsana, dünýäde iň süýji zat näm-ä?

- Ýumurtga - diýen Myraly, ýetirmän-goýman gaýtargysyny suňşuransoň, ol gürrüň şol taýda galýar.

Aradan üç ýyl çemesem geçýär. Ine, bir günem olar tirkeşip ýola çykanlarynda, wezirini gepde gabamagy ýüregine düwen Soltansöýün: “Näderkäň?” pikiri bilen:

- Näme bilen iýseň? - diýip, şol öňki synagly sözüne dolanypdyr.

Ýyldyrym ýalak ýatkeşligi bilen iň içi güjükli soraga sagynmazdan jaýdar jogaby berip bilmese, wah, ol Myraly boljakmy.

- Duz bilen iýseň, şahym!

Şonda Soltansöýün içinden: “Her gezek şuny uçuryga saljak bolup, uçugymy alsamam, ýene ýoknasyzlyk edýän-ow” diýşine, atyny gandyzlama bilen boluberipdir.




GÜRRÜŇIŇ GUÝRUGY

Soltansöýün patyşa nahar edinip gelýärkä, bir garry onuň öňüni kesip geçäýmezmi? Şonda gany depesine uran hökümdaryň bolmajysy bolýar.

- Heý, sylaşyksyz pelit! Idinsiz aýaga çolaşyp, gürrüňiň guýrugynam-a basdyň. Bilip goý! Indi onuň üçinem-ä jogap bermeli borsuň.

Bu ahwalata haýýaty göçen garry görgüli aglap-eňreýşine, garyp çatmasyndaky ýalňyz gyzynyň ýanyna gelýär.

- Käbäm jan, näme ýaman hunabirýan görünýäň-le? Aýt ahyryn! Ýeri, saňa näbelalar ýolugaýdy?

- Wah, jan balam! Meň nämelere dahyl gelendigimi sen sorama, menem aýtmaýyn.

- Näme aýtman! Aýtsana, kaka jan!

- Aýtsam, işigaýdan janym, başymyň salgyna, ýaňy Hüseýin Baýkaranyň öňüni kesip geçäýsem nätjek. Heňkirip ugransoň-a, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldumam welin. “Soňky tüýkülik sakgal ezýämi” näme? Özem “Bujagaz ýoknasyzlygyň saňa gaty gymmat düşäýmese ýagşydyram” diýdi.

- Ýa heý, käbäm jan! Patyşa halyna tapýany şonuň ýaly tebähetsiz suňşurma bolsa, onuň jogabyny bermek meň bilen. Seň ýasy ýasy ýanyň ýerde bolsun. Gam iýme-de, nan iý, kaka jan!

Şondan soň geçse bir hepde geçendir-dä. Ine, bir günem heleý öýlesi boluberende agyr sülsadyny eýerdip gelýän patyşa hälki ýaşulynyň işiginde jylawy çekýär.

- A gyz, şujagaz öwsele, hol günki gürrüňiň guýrugyny basan peläkediňkimi?

- Hawa, şahym!

- Aýt-da, onda, hany ataň?

- Ol-a, şahym, ýerdölede syçanyň şahyny çarhlap otyr.

- Bo-how! Gyz bar, seň aklyň bir ýerindemi? Heý, syçanyňam bir şahy bormy?

- Ýa heý, kyblaýy älem! Näme, gürrüňiň guýrugy bolanda, syçanyň şahy bolmaly dälmi?



ÝAGŞYLYK EDIP ÝETIŞEMOG-A

- Magtymguly aga! Siz ile belli şahyram weli, hol pylany bar-a. Ana, şol siz barada bir ýakaşyksyz çöwre gürrüňe başlasa, asyl, gutarar ýerde gutarybam bilenok-da.

- Ýok, sen meň ýanymda beýle bolar-bolgusyz zady aýdyp oturma. Aýdaýsaňam, bilip goýgun, oňa ynanman. Sebäbi o diýýän adamyň meň gürrüňimi etmez. Üçinimi? Häzirlikçe men ol kişä ýagşylyk edip ýetişip bilemok. Çünki bu külpetli eýýamda ýagşylyk edenleriň ilki garşyňa çykyp ugragyç bolupdyr-a.



AZADYNYŇ DÜÝŞI

- “Ýaz düýşüniň ýary ýalan, gyş düýşüniň bary ýalan” diýipdirlerem-ä welin, halypa, öten agşam bizem-ä geň galaýmaly düýş görendiris.

- Aýdyň, Döwletmämmet molla, erenler düýşi, pygamberler ýorgudy bolsun.

- Daňa golaý elime bir düwme gowşurýarlar. Gabarasy goçagam däl ýaly welin, şeýle bir şirin owazy bar, hoşuň gelsin. Süňňüňe sarsgyn salşyna, ed-dil aňkaňy aşyryp gelýär. Onuň nägeňsi gudratlygyny soramda-da: “Munuň mukamy magrypdan maşryga ýetäýmelidir” diýşip otyrlar.

- Dogrudanam, düýşüňiz-ä oraşan ýaly. Ýöne aýtsaňyzlaň, zagypaňyz hamyla dag-a däldir-dä?

- Hamyladyr özün-ä.

- Onda siziň ogluňyz bolup, onuň pähim-paýhasdyr hoş zybanlyk owazasam magrypdan maşryga ýaň salar, Döwletmämmet molla - diýip, bu düýşüň ýorgudy ýetirilensoňam, uzaga galman Magtymguly Pyragy dünýä inipdir.


EGRI OTURYP, DOGRY GEPLEŞMÄGE...

- Ýeri, how, Keýmir, maslahata şeýdip gelmelimi? Bagyrak arwanaň bilen bu gotur geçileň nämäň alamaty? Geňeşe getirmäge geňeşdar ýaşuly kethudaň, aksakgaldyr garasakgalyň ýokmudy? Nä olaň gyryldymy?

- Sen, Nedir, gaňňaňy gyşardyberme! Ýaşulyň ýerine şu keşşik janawer. Aksakgalyň dereginem şu ak azman, gara sakgalyň ornunam hol, gara erkeç tutmasa hasabam däl. Akylly-başly maslahatyňa-da özüm bar. Seň bilen egri oturyp, dogry gepleşilmäge gelnendir.



OL "OTUM-ORAGYM" DIÝÝÄR-Ä

Keýmir kör bir ýola Annaseýit wekil dagy bilen ýaýlymly küreniň içinden geçmeli bolýar. Obanyň orta gürpüne ýetiberenlerinde, olara çaganyň aglamyşlaýan sesi eşidilýär. Şonda Keýmir aga töweregindäkilere yşarat edişine, atynyň jylawyny çekýär:

Diňşirgenip durşuna-da:

- Merez! Zäher! Zakgun! Haý, sesine suw sepilmiş-ä - diýip, käýinjiräp ugraýar. Soňam hyrçyny dişleýşine, ýoluny dowam etdirýär.

Esliräk ýörelensoň, ýene-de bir oglanjygyň agy sesi gulaklaryna ilýär. Şol halat Keýmir ýaşuly ýanyndakylara elini salgaýşyna, üzeňňä galyp:

- Hany, hany! Biraz tagapyl kylyň! Be, be, gerçegim! Heý, beýdip ökdin-ökdin edibem adam aglarmy? Goýaweri. Aýp bor-a! Seň ýaly ogla, asylha-da, aglamak ýaraşanog-a - diýşine, ugramak bilen bolýar.

- Keýmir aga! Biz-ä size düşünen daldiris. Öňküjän-ä döwdüň, soňkujanam öwdüň. Aýtsaňyzlaň! Bizem olaň sebäbini eşidäýsek.

- Sebäbini diňläsiň gelse, Annaseýit kethuda, ilki peläket-ä “Oturym-oragym”, ýaňkyja ballymam “Atym-ýaragym” diýip aglaýar ekeni.


ŞEÝLE OGUL DOGRAWERIŇ...

- Keýmir aga, kyn görmän, atyňyzdan düşägetdin, haýsymyzyň il derdine ýarajak çyn ogul dogurandygymyzy takyklap beräýseňiz.

- Wah, oň kynçylygy bolmaz, gelinler - diýen Keýmir kör ilki birinji gelniň goltugyndaky çaganyň çekgesine çalýar. Gör-ä, ony, çyrlap beýleki etmeden-ä elli bizar, gaýta. jykyrdap otyr.

- Bu bir binamys. Başarsaňyz, il-güne gep getirjek bu kysmylar üçin agzyňyzam bimaza etmäweriň.

Soňra Keýmir aga ikinji gelniň gujagyndaky bäbegiňem dulugyna berkdirýär. Ol kemiş-kemiş edişine, aglajagyny-beýlekisini bilmän, serimsal halda galýar bir azara.

- Bunyňam, gelin, aý, ýöne bir zat-da. Çöpe-çöre çörňeşip, mal-garaň gapdalynda görnäýmese, bilmedim-ow. Başga bitiren goşy bolaýs-a.


Ondan soň Keýmir aga üçünji körpäňem ýaňagyna ýelmeýär. Oňa namys eden çaga bolsa, gözüniň agyny köpeldişine, içigip-içigip, uly ili bilen zörledip ugraýar.

- Ine, munyň edenli ogul, jan gelin. Gaýratyňyz çatsa, şunuň ýaly ogul dogurjak bolaweriň. Çünki bular gylyjyny ýalap, ýaga garşy durup, il-ulus üçin başyny beribem biler.



TAMDYRLARA SER SALYP...

- Be, ýigitler, birhili içimiz gorlup ugrady welin, asyl, çaý wagtam golaýlaýan ýaly-la?

- Aýtsaň-aýtmasaň-aýt, Keýmir aga, onda näme, ine, şu gabadymyzdaky obada düşläp, billenip ötäýdeliň-dä?

- Ýok, ini, häli-häzirlikç-ä, üç oňurgadan ýum-da, arkaýynja sürgüläber. Bu kürende seň bu agyr lakaşaňy myhman alybiljek ýüregi tamdyr ýaly bir kişem ýok - diýen Keýmir kör ýanyndaky geçeklerini eýgerdip barşyna, başga bir uzyn hataryň gyrasyndan girýär.

- Onda bu obada ýük ýazdyryp, ýürekse edinäýeliň-dä, Keýmir aga?

- Ýok, namazyňy bozman, ýöräber entejigem. Bu ýerde hem: “Hany, geleweriň, gadyrdanlar” diýip, ähli mürdi-melamadyňy boýnuna göteribiljek ýüregi gola kysmy ärmämmet tapylaýmasa gerek - diýip, atlylarynyň öňüni çekip barýan Keýmir aga ahyry ýene bir uly syrgynyň orta gürpürägine aralaşýar.

- Keýmir aga! Nähili bu hatarda bir aýak saklap bilermikäň?

- Bu obadamy? Haý, ini, bu obaň haýsy tüýnügine barsaň baraý. Atyňy tutup, söwüş soýma bilen bolubererler - diýen Keýmir kör ýanyndaky ýigitleri tirkäp, bir ak öýüň işigine golaýlasa, ediljek aýdylyşy ýaly.

Şeýdip, ol ýerde bir täk dagy myhmançylykda bolan Keýmir aga öý eýeleri bilen allaýarlaşyp ýola düşýär.

- Keýmir aga, aýtsaňyzlaň. Näme üçin gabat gelen ilki obalarda düşlemän, ala-böle bu syrgyna sowlaýdyňyz-la?

- Soranjaňlygyň üçin bir “Berekella!” Jan ini! Sen-ä “Öýkeländenem, soranjaňdanam tama ediber” diýenlerine ýetip barýaň, tüweleme.

Hawa, birinji kürende her hütdügiň alkymynda öz tamdyry bar. Seredensiň-ä. Guýyň gapdalragyndaky bir öýde bolsa, iki tamdyra-da gözüm kaklyşdy.

Ol öýüň bulamakçysy töweregindäkileriň ählijesi bilen itiňkini iki kesişip, enjebiýlige ýetişine, her gün bir tamdyrynda ot goýberip, has tirsigen goňşusynyň gözüne tüsse gapdyrmaga çalyşýan bora çemeli. Onsoň, näme, ol obanyň agzybirliginiň nägeňsi boljakdygy barasynda özüň oýlanyber.

Soňky gapdalyndan geçen obamyzyň oňşukdyr tabrymbirligem seniňmi däl. Diýseň ýabygorly. Gördüňiz-ä, her iki-üç öýe bir tamdyr. Onsoň bir agza bakybilmän, tamdyryny kömelek kysmy köpeldýän oba seň bi on oýnam atlyň ha hötdesinden geler bil, ha gelmez bil.

Ýaňky düşläp gaýdan obaňyz bolsa, uçursyz agzybir. Synladyňyz-a, bary-ýogy üç tamdyrlary bar. Özlerem bir kellebaşaýagyň dogramasynam deň-derman dadyşjak bolup gara heläk. Çüpejeleriniň goňşy okara gezdirişleri dagam diýseň täsindir.

Hawa, ýigitler, ol obada öwrenere-saldarlara zat uçursyz kän. Kethudalary dagy nähili! Bir ardynjyradygy, ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşlysyna çenl-ä däl, hatda ýaňy ýörjen-ýörjenlerem sesini kesip, gözüni tegelemek bilen.

Düşlänimiz-ä, bir orta hal öý welin, dessine, daşymyza hümer bolup, elimize suw akydyp ugradylar.

Ana, iniler, türkmen agaň ogul-gyzy şeýle agzybir obalary emele getirip, tapanlaryny deň ýalaşyp, myhman-mediwanyna-da edil size ýaňky garalyşy ýaly garamagy başarsa, onda olaň almajak galasy, bitirmejek biteligi bolmaz - diýen Keýmir aga jylawy deňläp ugraýşyna: - Onsoňam, ýeriň giňinde bir zat sargap goýaýyn. Eňňidiňiz agzybirlige bolsun. Çünki yrsgalam, döwletem agzybirlikdedir - diýip dillenipdir.