Просмотр содержимого документа
«"Ene dili" temasy boyunça açyk sapak»
Mugallym: Babanazarowa Muhabbat Altybaýewna |
|
Synpy: 2-nji “Ç” synp | Wagty: 19.11.2019 ýyl | Sapagyň ady: “Ene dili |
| | |
Sapagyň temasy: Synpdan daşary okuw. “Çöl” hekaya |
|
Sapagyň görnüşi: Garyşyk. |
|
Sapagyň maksady: “Çöl” hekaýany okamagy öwretmek. Mazmunyny düşündirmek. Gözellik, ahlak terbiýesini bermek. Tebigata söýgi döretmek. |
|
Sapagyň esbaby: Bugdaýyň suraty, soragnamalar, ýumuşnamalar, prezentasiya suratlary, didaktiki oýunlar. |
|
Sapagyň gidişi. |
I – Guramaçylyk döwri: Okuwçylary sapaga taýýarlamak. Synp nobatçy, paslymyz, senämiz bilen tanyşmak. Synp dergisi bilen işlemek. ç ) Okuwçylaryň ünsini jemlemek. “Suratkeşiň taýýarlan soraglary” oýny oýnatmak. |
II – Öý işini soramak: Tema: H.Nurmyradow “Nan” goşgy. Bugdaý haçan ekilýär? Bugdaýyň hasyly haçan ýygnalýar? Bugdaýy näme bilen orýarlar? Uny nädip alýarlar? |
Bugdaý ýazda hem-de güýzde ekilýär. Güýzlik bugdaý sentýabr aýynda ekilýär. Ýazlyk bugdaý fewral, mart aýynda ekilýär. Bugdaýyň hasyly iýun, iýul aýlarynda ýygnalýar. Hasyl ýetişensoň Maşyn bugdaýy orýar, döwýär hem arassalaýar. Arassalanan bugdaý däneleri harazlarda üwelip un bolýar. Undan bolsa nan bişirilýär.
,,Nan”
Saçagymyza gün geldi, - Ilki bugdaý dänedim,
Güne meňzeş nan geldi. Daýhan ekdi, bejerdi.
Nanym, nireden geldiň? Ösdüm, günüm sanadym
Aýdaý, nädip? nan bolduň. Gün gökde ganat berdi.
Toprak mährinden gandym,
Bişdim, altyn baş boldum.
Harmanlarda döküldim,
Degirmende üweldim
III – Öý işini jemlemek:
a) Teksti hatar boýunça okatmak.
b) Tekstiň mazmunyny gürrüň etdirmek.
IV - Täze tema:
Tema; Synpdan daşary okuw. “Çöl” hekaýa.
Kitap bilen işlemek.
Döwran mekdepden geldigi, naharyny iýeninden soň, oýnamaga howlugar. Bile oýnaýan oglanlary bilen gygyrybam gepleşer. Ejesi bolsa şeýle ýagdaýdan her sapar diýen ýaly:
-Döwran, gaty gygyrma. Bu ýer şäher. Çöl däl ahyryn – diýer. Döwran şonda-da öwrenen gylygyny goýup bilenok. Ol oýun gyzyşyberende, ýene gaty-gaty gygyranyny duýman galardy.
Ol ýaz dynç alyş günlerinde oba gezmäge gitdi. Oba baranda atasy öýde ekeni. ol agtygynyň kellesini sypalap durşuna:
-Oglum, saňa çöli görkezeýinmi? – diýdi. – Şu ýerden uzak däl.
Hekaýany labyzly okap, manysyny gürrüň etmeli. Suratlar boýunça öz pikiriňi beýan etmeli.
V. Sapagy berkitmek:
1. Sorag-jogap alyşmak. Soragnamalar bilen işlemek.
1. Döwranyň häsiýeti nähili eken?
2. Ol haçan, nirä gezmäge gitdi?
3. Döwran bilen atasynyň arasynda nähili gürrüň boldy?
2. Aýdym “Çopan” oglanlar we gyzlar ýerine ýetirýärler.
VI Öý iş tabşyrmak. Sahypa 205-206. Hekaýany okaň we manysyny gürrüň beriň.
VII Sapagy jemlemek. Höweslendirip bahalandyrmak. Gündelikleri bilen işlemek.
Berekella 5
Barlady: Nepesowa. O.K
Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
39-njy orta mekdebiniň başlangyç synp
mugallymy Muhabbat Babanazarowanyň
ene dilinden “ Çöl“ diýen temada geçen
açyk sapagynyň ýazgysy.