Просмотр содержимого документа
«Gazawat gyrgynçilygy»
GAZAWAT GYRGYNÇYLYGY
( 1873 )
Russiýa XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýany basyp almak üçin harby taýýarlygyny güýçlendirýar. Sebäbi bu ýerlere iňlis razwetkasy aralaşyp başlapdy . Şeýlelikde general fon Kaufmanyň umumy ýolbaşçylyk etmeginde Orta Aziýa harby ýöriş başlanýar. 1865-nji ýylda Daşkent şäheri basylyp alnyp Kokant hanlygy boýun egdirilýär. Netijede 1867-nji ýylda merkezi Daşkent bolan Türküstan general-gubernatorlygy döredilýär. Indiki nyşan bolsa Buhara emirligidi. 1868-nji ýylyň 1-nji maýynda Samarkandyň eteginde Buhara we rus goşunlarnyň arasynda söweş başlanýar. Söweş 2-nji iýuna çenli dowam edip Buhara goşunlary doly ýeňilýär we Russiýa tabyn bolýar. Kawkazdan bir harby bölüm Kaspiniň kenaryna 1869-njy ýylda düşürilýär. 1873-nji ýyla çenli günbatar Türkmenistan hem eýelenýär. Indi Orta Aziýada ýekeje hanlyk Hywa hanlygy galypdy.
Mak Gahanyň bellemegine görä: “ türkmenler Orta Aziýanyň iň edermen uruşyjy halkydyr. Olar Buhara bile Hazaryň aralygynda mekan tutup gündogarda Owganystana, günortada bolsa Persiýa çenli ýaýrapdyrlar. Kaspi kenarynda ýaşaýan türkmenler balykçylyk, g/d-d/g türkmenleri bolsa dowardarçylykdyr iri şahly mallary idetmek bilen meşgullanypdyrlar” diýip belleýär. Hywa hanlygynda türkmenleriň uly taýpalary ýaşaýardy. Şol döwürde hanlykda türkmenleriň 6 sany taýpasy ýaşaýardy. Ýemrelileriň 2500, Çowdurlaryň 3500, Garadaşlylaryň 2000, Garajylaryň 1500, Alilidir Gökleňleriň 1500 we Ýomutlaryň 11000 öýlüsi jemi: 22000 türkmen öýlüsi ýaşaýardy. Bu ilat Hywanyň ilatynyň 22 göteriminden gowragyny tutýardy. Boýun egmezek halk bolan türkmenler hiç wagt hem kadaly dolandyrylýan döwletiň raýaty bolmandyrlar. Olar hanlara-emirlere boýun egenlerinden ölenlerini gowy görýärler. Her taýpa, maşgala ýa garyndaşlyk gatnaşyklary esasynda kiçeňräk böleklere bölünýär. Olara ýaşulylar ýa-da serdarlar ýolbaşçylyk edýär. Olarda halk geňeşinden birugsat halkyň ykbalyny kesgitleýän ýa-da dawwa-jenjelleri çözüp bilýän dolandyryjy toparlar ýok. Türkmenleriň arasynda erbetlik we oňatlyk barada aýdyň düşünje bar. Halk geňeşi bolsa şol düşünjä hemmeleriň eýermegini gazanýar. Şol sebäplem olaryň arasynda dawwa-jenjeller örän seýrek ýüze çykýar diýip Mak Gahan türkmenler barada, olaryň durmuşy barada belläp geçýär. Türkmenler Hywa hanlygynda esasy orunlaryň birini eýelemek bilen Hywa goşunynda gulluk edipdirler. Gulluk edeni üçin her bir esger atlyk ýerlerini alypdyrlar we dürli ýeňilliklerden paýdalanypdyrlar.
Ýanuariý Mak-Gahan
1844-1887
Kokant we Buhara boýun egdirlenden soň Hywa hanlygyna ýörişi başlanýar. Hywa hanlygyna fon-Kaufmanyň ýolbaşçylygynda 1873-nji ýylda ýörişe başlandy. Hywa Fon-Kaufman gündogar tarapdan, Markozow günbataryndan, Werýuwkin bolsa demirgazygyndan ýagny üç tarapdan ýörişe başlapdyrlar. Mart aýynda başlanan ýöriş 23-nji maýda Hywanyň boýun bolmagy bilen tamamlanýar we Gandimiýan şertnamasyna gol çekilýär. Oňa görä Hywa Russiýa boýun bolýar we 2mln 200 müň manat möçberde kontribusiýa tölemäge borçlanýar. Netijede Orta Aziýa Russiýa birikdirilýär.
Konstantin Petrowiç
fon-Kaufman
1818-1882 ýý
Konstantin Petrowiç
fon-Kaufman
General :
Wasiliý Iwanowiç
Markozow
1838-1908
Hywa boýun egdirilenden soň Hywa tagtyna täzeden Muhammet Rahymhan oturdylýar. Muhammet Rahym han türkmenleri tapdan düşürmek we olary doly özüne boýun egdirmek üçin fon- Kaufmanyň ýanynda türkmenlere sürtüp bilen garasyny sürtüpdir. Özüni göýä “ak guş” edip görkezip türkmenleri ýamanlaýar. Türkmenler bolsa hanlykdaky iň esasy güýçkeriň biridi. Hanlygy doly boýun egdirmek üçin türkmenleri boýun egdirmelidiler. Netijede hanyň gepine giden fon-Kaufman türkmenlere 600 müň manat möçberde kantributsiýa tölemeli edipdir. Onuň hem 300 müň manadyny Ýomutlar tölemeli bolupdyr. Bu tölegiň möhleti iki hepde bolupdyr. Ýomutlar fon-Kaufmanyň ýanyna ilçi iberip, möhlediň uzaldylmagyny haýyş edipdirler, ýöne olaryň haýyşy ýerine ýetirilmändir. Wekil hökmüde gelen 17 sany kethudanyň 5-sini yzyna göýberip galan 12-sini girew hökmünde alyp galýar. Kaufmanyň bu gelen karary öz ofisserleri tarapyndan berk tankyt edilýär. Ýöne Kaufman türkmenleriň salgydy töläp bilmejekdigini bilsede bu teklibi ret edýär we türkmenleriň üstüne ýörişe taýynlyk görüp başlaýar. Munuň ýeýe bir sebäbi türkmenler öz garaşsyzlygyny janyndanam eý görmegi rus hökümetiniň ýek ýigrenýän zadydy. Beýanynyň ýazmagyna görä Kaufmanyň bu gelen kararyny Galawaçýow, Lomakin, Iwanow we beýleki serkerdeler goldamandyrlar. General Kaufman 19-njy iýulda general-maýor Galawaçýowyň ýolbaşçylygynda 8 rota, kazaklaryň 800 atlysy, 10 top, 2 mitraleza bilen ýarglanan raketaçylar batareýasy Hywadan çykyp ýomutlaryň ýurdy bolan Gazawada tarap ýola düşdi.
General-leýtenant:
Golowaçýow
Nikolaý Nikitiç
1823-1887
Goşun Hywadan 16 mil uzaklykdaky Gazawat kanalynyň kenaryna gelip goş ýazdyrdy. 21-nji iýulda goşun ýene-de ýola düşdi. Olaryň öňünden türkmenleriň birnäçe atlylary çykyp gepleşik geçirmek üçin gelendiklerini aýtdylar. Ýöne Galawaçýow bu gezek hem teklibi kabul etmedi. Ruslar goşuny iki tpara bölüp duşmanyň yzyndan kowmak üçin ugratdylar. Kazak atlylary türkmenleriň yzyndan ýetip uly gyrgynçylyk edipdirler. Türkmenleriň taşlap giden öýlerini ýakyp-ýumurypdyrlar. Bu uruş örän gazaply bolupdyr. Bu uruş barada Beýany şeýle ýazýar: “ Ýomutlaryň köp çagalary atlaryň ayagynyň aşagynda galyp, çirkin ses bilen gygyrýardylar, olaryň kopüsi öldi. Şu ýagdaýda ýomutlaryň gözlerine dünya dar, ýagty jahan garaňky göründi we rus goşhunlaryna garşy aldym berdimli soweşe girişdiler. Hatda, ayallar hem çep elinde çagasyny goterip sag elinde bolsa gylyç bilen duşman atlylaryna garşy soweşe girişdiler.”
Zeýkeş kölüniň ýanynda örän gyrgynçylykly söweş bolup geçýär. Bu gyrgynçylyk barada rus generallarnyň şu setirleri has aýdyň görkezýär:
“ Bu ýerde kazaklar gorkunç surady gördüler: çuň hem çalt akýan suwuň ýüzi türkmenlerden dos-dolydy, ýaşlar, garrylar, aýallar, çagalar mygylly bolup durdy, olar kowup gelýän kazaklardan gaçyp özlerini köle oklapdyrlar hem aňry kenara ýetjek bolup biderek azap çekýärdiler. Bu ýerde dürli jynsdan bolan dürli ýaşly türkmenleriň iki müňe golaýy heläk boldy, olaryň bir bölegi kölüň özünde gark boldy, bir bölegi onuň daşyndaky batga batdy ”.
Türkmenler Ýylanlyda ýygnanyp ruslara gaýtawul bermek kararyna gelipdirler. General Golowaçýow hem Beýanynyň aýtmagyna görä : ” Nirede bir ýerde öý bolsa ýa-da goş-golam bolsa otlap Yzmykşir galasyna ýetipdir. Ondan geçip Ýylanly şäherina bardylar we Ýylanlynyň galasyna girmän günortasyndan geçip Çandyr obasynda düşledi” . Beýanynyň aýtmagy boýunça iki gün geçenden soňra ýomutlar ruslara garşy duýdansyz birnäçe tüpeň bilen söweşe başlapdyrlar. Ýöne bu ýagdaýy ruslar bilenden soňra türkmenleri top okuna tutup başlapdyrlar. Bir gün geçenden soňra Golowaçýow ýene-de günorta tarapa hereket edip ugraýar. Edil şol wagtda asmandan gara bulut peýda bolup hemme ýere garaňkylyk aralaşdy we göz-gözi görmez ýagdaýa geldi. Rus esgerleri aljyraňlylyga düşdiler. Bu ýagdaýda ýomut atlylary peýdalanyp tizlikde ruslaryň hatarlaryny bozup olaryň arasyna aralaşdylar. Bu uruşda ruslardan köp adam wepat bolýar. Uruşda kazak atlylarnyň serkerdesine ok degip hatardan çykýar. Golowaçýowyň eline ok degýär we agyr ýaralanýar. Şol wagt türkmenler uruşa gyzyp ýene-de söweşi dowam etdirdiler.
Aýratyn hem ýemrelilerden Janly Wekil öz topary bilen gaçyp barýan ruslaryň yzyndan ýetip olaryň toplaryny ellerinden alýardy. Özlerini şir diýip gezip ýören kazak atlylary tilki ýaly bolup gaçmaga başladylar. Şeýlelikde ruslar yza çekilenden soň ýomutlar ele salynan oljany, mal sürülerni ele salmak üçin dargap başladylar. Bu ýagdaýdan rus esgerleri peýdalanyp bir ýere jemlendiler we ähli ýaraglaryny urşa taýynlap ýomutlara garşy top oklaryny ýagdyryp ugradylar. Ýomutlar bolsa aljyraňly ýagdaýa düşüp ele düşen ýaraglary hem ulanyp bilmän yza çekilip başladylar. Uruşdan soňra ölenleriň sanyny sananlarynda ruslardan 240 adam, ýomutlardan 300 adam aradan çykypdyr. Rus esgerleri ähli wepat bolanlary bir ýere jemläp jaýladylar. Şeýlelikde Golowaçýow yzyna Ýylanla dolanyp geldi. Ertesi güni ýene-de şol ýerde ýomutlar bilen birnäçe söweşler boldy. Netijede rus goşunlary ýeňiş gazandylar. Çandyrdaky söweşe jemi 10 müň sany türkmen gatnaşyp bu söweşde 800-den gowrak türkmen wepat bolupdyr. Netijede Kaufman öz niýetine ýetipdir. Seýitmuhammet Rahym han bolsa Kaufmana hat iberip ýeňişi bilen gutlapdyr. Şeýlelikde türkmenler Hywa hanyna tabyn edilýär. Türkmenler salynan salgydy gurby ýetdiginden tölemäne synanşypdyrlar. Kaufman beýleki türkmen tirelerine hem bir hepdäniň içinde harby tölegi tölemegi talap etdi. Eger talap ýerine ýetirilmese ýomutlaryň gününe düşjekdiklerini duýdurdy. Olar öz serdarlaryny Kaufmanyň üstüne iberip möhlet bermegi soradylar. Kaufman 14-güne möhleti uzaltdy.
Mak Gahanyň bellemegine görä türkmenler her öýden 15 tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling ýygnamalydylar. Garajalar bolsa her öýden 20 tylla ýa-da 5 funt sterling bilen 7 şilling tölemäge borçly edildi. Türkmen titelrinde jemi 42,500 funt sterlinge barabar salgyt ýygnamalydy. Bu san nemesleriň fransuzlardan ýygnan salgydyndanam köpdi. Türkmenler birnäçe müň manada barabar bolan kümüş pullary, bilezikleri, şaý-sepleri iberipdirler. Ýene-de türkmenler halylaryny, düýelerini, atlarynuy satyp pul tölemek üçin getirip biziň ofisrlerimize gymmat bahadan satyp başladylar diýip belleýär. Türkmenler getiren atlaryny ruslara gowy bahadan satyp ýagny 20 funt sterlingden 50 funt sterlinge çenli bahadan satdylar, halylary bolsa 4-5 funt sterlinge satdylar. Kaufman şaý-sepleriň her funtyny 25-manatdan satyn aldy. Kaufmanyň bellän möhletine çenli ýygnalmaly salgydyň diňe ýarysyna golaýy ýagny 20 müň funt sterling kabul edilip alyndy, galan 22 müň 5 ýüz funt sterlingi indiki ýyl ýygnamagy makul bildi. Sebäbi Kaufmanyň beýle köp möçberdäki puly türkmenleriň töläp bilmejekdigine gözi ýetýärdi.
Taýýarlanlar:
Rejepow Rahman
Atahanow Ihlas
Ataýew Mekangeldi