СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Gepleşigiň ýazuw düzgüni.

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Gepleşk we onuň ýazuw düzgüni

Просмотр содержимого документа
«Gepleşigiň ýazuw düzgüni.»

Synpy: 9-nji A synp 10.02.2023ý ( B 16.02.2023ý )

Dersi: Türkmen dili

I.Sapagyn temasy: Gepleşigiň ýazuw düzgüni. 94-98-nji gönükmeler

II.Sapagyn maksady: Bilim berijilik maksady: Türkmen dili dersiniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara sargyt edişi ýaly, biz milli buýsanjymyz bolan döwlet dilimizi manysy bilen öwrenmelidigini okuwçylara düşündirmek;

Terbiýeçilik maksady: Ýaşlary ilhalar, Watana wepaly, döwür bilen aýkdaş gadam urmaga tuhlandyryp terbiýelemek;

III. Sapagyň görnüşi: Adaty sapak.

IV.Sapagyň dersara baglanyşygy:

V.Sapagyň gerekli esbaplary: Soragnamalar, görkezme esbaplar.

SAPAGYŇ GIDIŞI

Guramacylyk dowri: Synpa girip okuwçylar bilen salamlaşyp, nobatçynyň kömegi bilen gatnaşygy barlap sapaga başlamak. (a)Türkmen dili we edbiýaty minutlaryny geçirmek. Gahryman Arkadagymyziň dil hakynda aýdanlaryny, pähimlerini ýatdan aýtdyrmak;

(b)Syýasy täzelikler. Teleýaýlymlarda bolup geçen Watanymyza degişli täzeliklerdir, habarlar bilen tanyşdyrmak.

Öý işini soramak

Gepleşik iki ýa-da birnäçe adamyň arasyndaky sözleşikdir. Gepleşige gatnaşýanlaryň (sözleýjiniň) sözi bilen awtoryň sözi diýip, diýşip, diýen baglaýjy sözleri arkaly baglanyşýar.

Öý işini berkitmek

Gepleşige gatnaşýan adamyň sözleri täze setirden kese çyzyk goýlup ýazylýar. Eger şondan soň awtoryň sözi dowam etse, onda baglaýjy söz bilen aralykda kese çyzyk goýulýar. Gepleşige gatnaşýan adamlaryň sözleşýän wagtlaryndaky ýüz-gözüniň hereketi, hal-ýagdaýy barada berilýän maglumatlar, şeýle hem gepleşigi baglanyşdyrmaga hyzmat edýän sözler awtoryň sözüdir.

Täze temany düşündiirmegiň meýilnamasy.

  1. Gepleşigiň ýazuw düzgüni

  2. Başganyň sözi bilen gepleşigiň tapawudy

  3. 94-98-nji gönükmeler

Gepleşik kyssa eserlerinde berlende, awtoryň sözünden soň pikir gutarnykly görnüşe geçen ýagdaýynda, nokat ýa iki nokat goýulýar. Gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri täze abzasdan kese çyzyk goýlup, baş harp bilen ýazylýar. Gepleşige gatnaşýanlaryň sözleriniň soňundan, sözlemiň pikir aňladyşyna görä, nokat, sorag, ýüzlenme belgileriniň biri goýulýar. Awtoryň sözi gutarnykly ýagdaýa geçmänkä, gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri başlansa, onda awtoryň sözüniň yzyndan iki nokat goýulýar. Eger gepleşige gatnaşýanlaryň sözünden soň baglaýjy sözler gelse, onda olaryň arasyndan kese çyzyk goýulýar. Şunda gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri sorag ýa ýüzlenme sözlemlerinden bolsa, sözlemleriň soňundan sorag ýa ýüzlenme belgisi goýulýar. Ýöne habar sözleminden soň nokat goýulmaýar. Diýip, diýşip, diýen baglaýjy sözlerinden soň oturyň goýlup-goýulmazlygy başganyň sözündäki ýalydyr. Käbir halatlarda gepleşige gatnaşýanlaryň sözüniň arasyndan awtoryň sözi gelýär. Şunda dyngy belgileriň goýluşy başganyň sözüniň arasynda awtoryň sözi gelendäki ýalydyr. Dyngy belgiler äheňiň we säginmäniň ýerbe-ýer ulanylmagyna, goşgynyň manysynyň düşnükli bolmagyna uly ýardam edýär. Gepleşik ýazuw bilen beýan edilende, awtoryň sözünden soň pikir gutarnykly görnüşe geçen ýagdaýynda nokat ýa iki nokat goýulýar.

Gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri täze setirden kese çyzyk goýlup, baş harp bilen ýazylýar. Gepleşige gatnaşýanlaryň sözleriniň soňundan, sözlemiň pikir aňladyşyna görä, nokat, sorag, ýüzlenme belgileriniň biri goýulýar.

Awtoryň sözi gutarnykly ýagdaýa geçmänkä, gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri başlansa, onda awtoryň sözüniň yzyndan iki nokat goýulýar. Eger gepleşige gatnaşýanlaryň sözünden soň baglaýjy kömekçiler gelse, onda olaryň arasynda kese çyzyk getirilýär. Şunda gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri sorag ýa ýüzlenme sözlemlerinden bolsa, sözlemleriň soňundan sorag ýa ýüzlenme belgisi goýulýar. Ýöne habar sözleminden soň nokat goýulmaýar.

Diýip, diýşip, diýen baglaýjy sözlerinden soň oturyň goýluşy başganyň sözündäki ýalydyr.

Iki ýa-da birnäçe adamyň arasyndaky sözleşige gepleşik (dialog) diýilýär. Gepleşige gatnaşýan adamlaryň sözleşýän wagtlaryndaky mimikasy, hereketi, hal-ýagdaýy barada berilýän maglumatlar, şeýle hem gepleşigi baglanyşdyrmaga hyzmat edýän sözler awtoryň sözüdir.

Oraz:
-- Nartäç! -- diýip gygyrdy.

Gepleşige gatnaşýanlaryň sözi baglaýjy sözler arkaly baglanyşýar.

Eger gürrüň iki adam arasynda gitse, haýsy sözüň kime degişlidigini bildirýän söz ýazylyp, soň bolsa olaryň ady ýa ol sözüň kime degişlidigini bildirýän söz ýazylmaýar.

Käbir ýagdaýlarda gepleşik köp adamyň arasynda gitse-de, olaryň her biriniň aýdan sözüniň öňünden ady ýa ol sözüň kime degişlidigini bildirýän söz ýazylmaýar.

-- Gutly bosun!
-- Ogul ýaşy uzyn, bolsun!
-- Taňryýalkasyn!

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:,Edebi dilimiziň orfografik normalaryny berjaý etmegi, Pikiri ýazuw arkaly beýan etmegi, beýannama ýazmagy başarmaly.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: Sözleriň dürs aýdylyşyny we ýazuw düzgünleri düşündirmegi, Gören, eşiden wakalaryny we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip bilmegi.


VI.Sapagy berkitmek

1.Turkmen dilinde naçe çekimli bar?

2.Ozbasdak many anladýan soz toparlary bilen anlatmaýan soz toparynyn tapawudy?

3.Sozlemin baş agzalaryny aýdyp ber?

VII. Öýe iş tabşyrmak we sapagy jemlemek, okuwçylary bahalandyrmak

Seredildi: ______________ MMOIBO K.Dawletow