Türkmenabat şäheriniň
22– nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy
Mähriban Hojaýewanyň
19.10.2021 – nji ýylda tebigat
dersinden “Kartalar bilen tanysmak.”
diýen temadan geçjek göreldeli
sapagynyň sapak ýazgysy.
Synpy: IV “A” Wagty: 19.10.2021ý. Sapagyň ady: Tebigaty öwreniş
Sapagyñ temasy: Kartalar bilen tanymak.
Sapagyñ maksady:1. Okuwçylara “Kartalar bilen tanymak” temanyň üsti bilen kartalaryň döreýşi, görnişi we ondaky reňk tapawutlaryny öwretmek.
2. Watançylyk, edep gözellik terbiýelerini bermek.
Sapakda ulanylýan görkezme esbaplar we goşmaça maglumatlar: kompýuter, kartalar, alymlaryň suratlary.
Sapagyň görnüşi: Interaktiw
Sapagyň gidişi
1.Sapagyň guramaçylyk döwri.
1. Okuwçylar bilen salamlaşmak. Okuwçylary derse taýýarlamak, sapaga degişli okuw esbaplaryny çykartmak.
2.Watanymyzda bolup geçýän täzelikler bilen okuwçylary tanyşdyrmak (Watan habarlaryndan).
3. “TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAKLYGYŇ WATANY” barada okuwçylardan soramak.
4. Hormatly Prezidentimiziň ýazan “Garaşsyzlyk bagtymyz” kitaby barada düşündirmek.
2. Öý işini soramak.
1. “Materikler. Okeanlar.” temany okuwçylara gürrüň berdirmek.
2. Synp tagtasynda geçilen tema baglanyşukly klaster çözdürmek.
Ýumuş
1. Ýer öz okunyň daşyna bir gije-gündiziň dowamynda näçe gezek aýlanýar?
2. Ýeriň öz okunyň daşyna 1 gezek aýlanýan wagtyna näme diýilýär?
3. Ýer okunyň bir tarapa ýapgyt bolmagynyň nähili ähmiýeti bar?
3. Ýumuş tabşyrmak we barlamak.
Ýumuş
1.Globus diýip nämä aýdylýar?
2.Globus nähili şekilde we onda nämeler ýerleşdirilen?
Soraga – jogap alyşmak
1. Materik näme?
2. Atlantik okean bilen haýsy materikler çäkleşýär?
3. Ýewraziýa materigi bilen haýsy okeanlar çäkleşýär?
4. Ýarym togalaklaryň kartasyndan we globusdan materikleri görkeziň
(Okuwçylara şahsy kartalarynda materikleri tapdyrmak).
5. Ýarym togalaklaryň kartasyndan öz ýaşaýan dünýä bölegiňizi görkeziň.
6. Ýarym togalaklaryň kartasyndan hem-de globusdan okeanlary görkeziň. Olaryň atlaryny sudur karta ýazyň.
3. Öý işini jemlemek.
Ýarym şarlar kartasyna seredenimizde, Ýer şarynyň köp bölegini suwuň tutýandygyny görýäris. Okuwçylar bilen karta synlap täze tema başlaýarys.
4. Täze temany düşündirmek.
Temany slaýdlaryň üsti bilen düşündirmek.
Ýeriň örän kiçeldilip alynýan çyzgy şekiline karta diýilýär.
Kitap bilen işlemek.
Karta aýry-aýry ýerleriň çyzgysydyr. Kartalarda örän uly meýdanlary tutýan ýerler, ýagny welaýatlar, ýurtlar dünýä bölekleri ýa-da ähli Ýeriň ýüzi hem şekillendirilýär. Şonuň üçin hem kartada hakyky aralyklary ýüz müňlerçe we hatda millionlarça esse kiçeltmeli bolýar. Şoňa görä-de, her karta üçin degişli masştab saýlanylyp alynýar. Kartada aýratyn duran jaýlar, agaçlar ýa-da çeşmeler ýaly kiçi zatlary şekillendirip bolmaýar. Şonuň üçin kartada diňe derýalar, köller, daglar, şäherler, demir we gara ýollar ýaly uzak aralyklara gidýän ýa‑da uly meýdanlary tutýan zatlary görkezmek bolýar. Olaryň hemmesi ýörite şertli belgiler bilen şekillendirilýär. Kartada demirgazyk-günorta we günbatar‑gündogar taraplary görkezýän çyzyklar bar. Olara meridianlar hem-de paralleller diýilýär.
Gadym döwrüň kartalary. Alymlar ýeriň üstüni has oňaýly peýdalanmak üçin, dürli usullary ulanmak arkaly kagyz ýüzünde şekillendirip görkezipdirler. Geografik kartalarda tutuş döwletler görkezilýär. Islendik geografik kartalaryň kabul edilen ölçegleri bolýar.
Biziň eýýamymyzdan öňki V-VI asyrlara çenli rimliler Ýewropanyň Merkezi we Demirgazyk giňişliklerini öwrenip, olaryň kartasyny düzüpdirler. Müsürliler Demirgazyk Afrikany, grekler Ortaýer deňziniň kenarlaryny karta geçiripdirler. Aleksandr Makedonskiniň ýolbaşçylygyndaky harby ýörişlerde Hindistana we Hytaýa çenli aralyklar öwrenilipdir. VI asyrda grek geografiýasynyň düýbüni tutan adam Milet şäherinden Fales hasaplanýar. Onuň okuwçysy Anaksimandr özüniň ilkinji geografik kartasynda Ýewropany we Aziýany görkezipdir.
Orta asyr kartalary. Biziň eýýamymyzyň VII asyrynda Arabystan ýarym adasynda araplar Türküstany, Ermeni tekiz daglaryny, Kawkazy, Demirgazyk Afrikany, Ispaniýany, VIII asyrda Ortaýer deňziniň Gündogar kenar ýakalaryny, Pars aýlagyny öwrenip, karta geçiripdirler.
VIII asyrda wenesiýaly Marko Polo Owganystanyň üsti bilen Kaşgariýa, soňra Pekine çenli barypdyr. Marko Pola syýahatynyň dowamynda Türkmenistana hem barypdyr.
Ol türkmen halkyna, bedewine, halydyr, ýüpegine haýran galypdyr.
VIII-IX asyrlardan başlap ýewropaly normandlar Beýik Britaniýanyň töweregindäki adalara, Islandiýa we Grenlandiýa baryp, şol ýerleri «Ýaşyl ýer» (Grenlandiýa) diýip atlandyrypdyrlar.
XII asyryň II ýarymynda – XIII asyryň başlarynda ýaşap geçen Muhammet ibn Nejep Bekran 1208–1209-njy ýyllarda dünýä kartasyny çyzypdyr.
XV asyrda rus söwdagäri Afanasiý Nikitin Hindistana syýahat edipdir we Hindistanyň halkynyň hojalyk durmuşynyň geografiýasyny ýazypdyr.
Florensiýada doglan, soň Ispaniýa göçüp baran Amerigo Wespuçi «1497-nji ýyldan başlap, men 4 gezek Atlantik okeany boýunça syýahat edip, «Täze dünýäni» açdym» diýip ýazypdyr. Şunlukda, 1520-nji ýyllara çenli Ýewropa döwletlerinde köpsanly geografik kartalar döreýär. Olaryň hemmesinde «Täze dünýä» Amerika ady bilen berilýär.
Kartanyň şertli belgileri. Okeanlar, deňizler we köller kartada gök reňk bilen bellenilýär. Deňizleriň has çuň ýerleri goýy gök reňk bilen bellenýär. Ýalpagrak ýerleri bolsa, açyk gök reňk bilen reňklenýär.
Gury ýerleriň üstüniň gurluşy hem kartalarda dürli-dürli reňkler bilen görkezilýär. Mysal üçin, gury ýerdäki peslikler ýaşyl, belentlikler sary we daglyk ýerler bolsa goňur reňk bilen bellenýär. Beýik daglaryň depelerindäki ebedi garlyklar we buzluklar kartada ak reňk bilen bellenýär.
Tokaýlar, batgalyklar, derýalar, akabalar, döwlet serhetleri, şäherler, gazylyp alynýan baýlyklaryň çykýan ýerleri, demir ýollary we gara ýollar kartada degişli şertli belgiler bilen bellenip görkezilýär.
Watanymyzyň merkezi bölegini we demirgazygyny, esasan, düzlükler we peslikler tutýar. Günortasyny hem günorta- gündogaryny bolsa belentlikler we daglar eýeleýär.
Watanymyzdaky iň beýik daglar ýurdumyzyň günorta- gündogarynda ýerleşýär. Olaryň beýikligi 3000 metrden hem ýokarydyr.
Kartada gury ýerler ýaşyl, sary we goňur reňkler bilen bellenilýär. Deňizler, köller we derýalar gök reňk bilen bellenýär
Kompýuter bilen işlemek, kartanyň suratyny seretmek.
5. Geçilen temany berkitmek.
1.Okuwçylara “Kartalar bilen tanymak.” temany okatmak.
2. Klaster işletmek: Karta
3. Köpçülikleýin okuwçylar bilen krasword çözmek.
4. Soraga jogap alyşmak.
2. Karta bilen işlemek.
Geçilen tema esasynda soraga – jogap alyşmak
1. Ýer togalagyndaky okeanlar we peslikler kartada nähili reňkler bilen görkezilýär?
2. Ýer togalagyndaky daglary kartadan görkeziň.
3. Türkmenistanyň fiziki kartasyndan Garaşsyz Watanymyzyň demir ýollarynyň, akabalarynyň, şäherleriniň, nebitiň, gazyň we daş kömrüň şertli belgilerini tapyň.
4. Türkmenistanyň fiziki kartasyndan Garaşsyz Watanymyzyň döwlet araçägini görkeziň. Ol nähili şertli belgi bilen bellenipdir?
5. Kartadan Demirgazyk, Günorta, Günbatar we Gündogar taraplary görkezýän çyzyklary tapyň.
6. Kartadan Watanymyzyň iň uly derýalaryny we köllerini görkeziň.
6.Öý işini tabşymak: Temany okap gürrüň bermek. Sah- 18-21
7.Geçilen temany jemlemek, umumylaşdyrmak we okuwçylary bahalandyrmak.
1. Geçilen temany okuwçylar bilen jemleýän.
2. Sapaga işjeň gatnaşan okuwçylary bahalandyrmak.
3. Gündelik bilen işlemek.