СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

“Başlangyç synplaryň okuw-terbiýeçilik işinde çaga psihologiýasynyň orny we okatmagyň psihologik ugurlaryny kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň ýollary “

Нажмите, чтобы узнать подробности

Doklad “Başlangyç synplaryň okuw-terbiýeçilik işinde çaga psihologiýasynyň orny we okatmagyň psihologik ugurlaryny kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň ýollary “

Просмотр содержимого документа
«“Başlangyç synplaryň okuw-terbiýeçilik işinde çaga psihologiýasynyň orny we okatmagyň psihologik ugurlaryny kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň ýollary “»

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­lyk ala­da­sy ne­ti­je­sin­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­laryň sa­ny bar­ha art­ýar. Bi­lim ul­ga­my üçin der­wa­ýys hem-de ýa­ram­ly bo­lan in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar işi ýe­ňil­leş­dir­ýär we oňat ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýo­ka­ry çalt­lyk­da ös­ýän za­ma­na­syn­da in­no­wa­si­ýa­ny ulan­ma­gyň pe­da­go­gik esas­la­ry­ny öw­ren­mek we dur­mu­şa or­naş­dyr­mak Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de wa­jyp me­se­le­dir. Tu­tuş adam­zat dur­mu­şy, ýa­şaý­şy teh­no­lo­gi­ýa­lar, komp­ýu­ter­ler bi­len üz­nük­siz bag­ly. Şo­nuň üçin gu­ral­ýan sa­pak­lar­da mul­ti­me­dia en­jam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar. Bi­lim ul­ga­myn­da in­no­wa­si­on ösüş yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy da­ýan­jy­dyr.
Okuw işin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­lan­mak mu­gal­lym­lar üçin mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi hä­zir­ki za­man ýaş­la­ry­nyň aňy döw­re gö­rä çalt ös­ýär. Şo­nuň üçin-de mu­gal­lym­la­ryň gu­ra­ýan sa­pak­la­ry­nyň dün­ýä tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýan mil­li ru­ha ýug­ru­lyp, ýaş­la­ryň örän çalt ös­ýän aňy­na oňyn ta­si­ri­ni ýe­tir­me­gi­ni ga­zan­mak bi­lim işin­dä­ki gaý­ra­go­ýul­ma­syz ze­rur­lyk­dyr.
Ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek is­len­dik mu­gal­ly­myň mu­kad­des bor­ju­dyr. Mekdebimiziň mu­gal­lym­la­ry sa­pak­lar­da okuwçylara be­ril­ýän na­za­ry bi­lim­le­ri has-da çuň­laş­dy­ryp öw­ret­mek üçin gör­kez­me es­bap­la­ry, ma­ket­le­ri, şeý­le hem sa­pak­la­ra de­giş­li wi­deo şe­kil­le­ri ulan­ýar­lar. Wi­deo­şe­kil­le­riň we ani­ma­si­ýa­la­ryň tä­si­ri baş­ga­ça bo­lup, be­ril­ýän na­za­ry bi­lim­le­riň has çalt we çuň öz­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, okuwçylar­da öz hü­nä­ri­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze­çil ul­ga­my we mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly ylym hem-de bi­lim ul­gam­la­ryn­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki bi­lim ul­ga­my­ny sanly­laş­dyr­mak, mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ber­jaý edil­ýär. Il bäh­bit­li bu iş­de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy aý­ra­tyn orun eýe­läp, san­ly ul­ga­my ös­dür­mä­ge uly iter­gi ber­ýär.

Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da tas­syk­lan “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” my­sal ge­tir­mek bo­lar. Ýurt­da san­ly ul­ga­ma geç­mek­lik­de bi­lim ul­ga­my­na uly orun de­giş­li­dir.
San­ly bi­li­mi ös­dür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­la­rdyr hü­när­men­le­riň, şeý­le-de bi­lim al­ýan­la­ryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­mak­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Şeý­le­lik-de, hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­riň we mag­lu­mat gor­la­ry­nyň ula­ny­ly­şyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň bu ugur­da taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­si hem öňe çy­ka­ryl­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, mu­gal­lym­la­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şol san­da bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Çün­ki ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim–ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri, ösüş­le­ri giň­den şöh­le­len­dir­mek­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Şo­nuň ýa­ly­-da, äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len ders­ler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­lar, elekt­ron okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, wi­deoau­dio­ma­te­ri­al­lar, in­te­r­ak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry, okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry dö­re­dil­ýär.

“Innowasiýa” latyn sözi bolup,  türkmen dilinde “täzelik, täze düzgün, täze kada, özgeriş” diýlen sözlere gabat gelýär. Pedagogiki düşünje hökmünde innowasiýa bilim ulgamyna haýsydyr bir täzeligiň girizilmegini aňladýar. Innowasiýa öwretmek prosesine haýsydyr bir täze usulyň, serişdäniň, konsepsiýanyň, öwretmegiň tehnologiýasynyň ýa-da okuw maksatnamasynyň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr .

XXI  asyryň başlarynda öwretmek prosesine innowasion usullar hökmünde “interaktiw usullar“  diýlip atlandyrylýan öwretmegiň işjeň usullary dünýäniň  ähli ýurtlarynda diýen ýaly bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Degişli usuly gollanmalarda işjeň usullar, olardan peýdalanmagyň aýratynlyklary barada anyk görkezmeler berlip , häzirki wagtda “Kub”, “Beýni hüjümi”, “Açyk öý” , “Zig- zag”, “Säginip okamak”,  “Insept”, “Zynjyr”, “Desant” ,”6*6”, “Klaster ”, “Blits soraglary”, “Problemany ýagdaýy döretmek”, “Kiçi toparlarda işlemek”, “Her kim her kime öwredýär”, “Fiziki diktant” , “Fiziki düzme”, “Bumirang”  diýlip atlandyrylýan usullar döredijilikli işleýän mugallymlar tarapyndan ulanylýan esasy usullara öwrüldi.

“Fiziki diktant “ usuly

Bu usuldan peýdalanmak mekdep durmuşynda 1970-nji ýyllarda ornaşdy.Bu usul köplenç  III-IV synplarda  peýdalanylýar.  Fiziki diktantlary  ýazdyrmak okuwçylaryň köpçülikleýin işlemeklerini, okuw maglumatlarynyň oňat ýatlanmagyny gazanmak maksady bilen geçirilýär. Fiziki diktantlar geçilende mugallym öwredilýän tema degişli birnäçe sözlem okaýar. Ýöne käbir sözi okuwçylaryň özleri bilmeli bolýar, ýagny mugallym ony aýtman saklanýar.

Balyk skeleti” shemasy

  1. Köp problemalary beýan etmäge, olary çözmäge mümükinçilik berýär.

  2. Ulgamlaýyn döredijilikli analitiki pikir ýöretmäni işjeňleşdirýär we ösdürýär.

  3. Shemany taýýarlamagyň düzgünleri bilen tanyşmak.

  4. Ýekebir/ikibir ýokarky “süňkjagazda” problemanyň aňlatmasyny ýazýarlar, aşakyda – meseläniň hakyky bardygyny tassyklaýarlar.

  5. Kiçi toparlara goşulyp, shemalary deňeşdirýärler we goşmaça girizýärler. Bir umumy shema birikdirýärler.

  6. Netijesiniň görkezilmegi: doldurylan shemanyň görkezilmegi meseläniň biri-biri bilen baglanyşyklydygynyň we toplumlaýyn häsiýetiniň bardygyny aýdyňlaşdyrýar.

Klasteri düzmegiň düzgünleri :

  • Aklyňa gelen ähli pikirleri ýazmaly. Pikirleriň hiline, hatyň orfografiýasyna we beýleki delillerine üns bermeli däl.

  • Bellenilen wagt gutarýança ýazmagy dowam etdirmeli. Eger birden aklyňyza pikirler gelmese, onda täze pikirler gelýänçä kagyzda surat çekmek bilen meşgullanmaly .

  • Köpräk baglanyşyklary gurmaklyga çalşyň, pikirleriň mukdaryny we olaryň arsyndaky baglanyşyklary  çäklendirmeli däl.

Mysal üçin:

Wennyň diagrammasy

*2,3 nukdaýnazardan  deňeşdirme, ýerine goýmak ýa-da garşy goýmak üçin we olaryň  umumy taraplaryny görkezmek üçin peýdalanylýar. Diagramma iki we ondan köp kesişýän tegeleklerden durýar. Deňeşdirmek üçin deliller, hadysalar, idealar (pikirler) peýdalanylýar. Her bir tegelegiň boş ýerleri tapawutlary ýazmak üçin, tegelegiň kesişýän ýerindäki umumy bölek deňeşdirilýän hadysalary umumylykda aýdyňlaşdyrmak üçin ulanylýar.

*Ulgamlaýyn pikirýöretmäni, deňeşdirme, ýerine goýma , seljerme we sintezleme  başarnyklaryny ösdürýär.

* Wennyň diagrammasyny gurnamagyň düzgünleri bilen tanyşmak. Ýekebara / ikibir Wennyň diagrammasyny gurup, tegelekleriň kesişmeýän bölümlerini doldurýarlar.

* Iki bolup  diagrammalaryny deňeşdirýärler, her biri öz diagrammasynyň ýetmeziniň üstüni doldurýarlar, goşmaça girizýärler.

* Diagrammany düzenleriň garaýyşlaryna görä (2-3) tegelekleriň kesişýän ýerinde maglumatlaryň umumy taraplary hasap edilýänleriň sanawyny düzýärler.

Bu günki gün ýaşaýan döwrümiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biri ol hem ylym-bilimiň we tehnologiýanyň adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik tizlik bilen ösýänligidir. Bu bolsa öz gezeginde öňki bar bolan maglumatlaryň barha tiz könelişmegi diýmekdir. Maglumatlaryň tiz könelişmegi bolsa täze maglumatlary öwretmek we öwrenmek zerurlygynyň ýüze çykmagy diýmekdir. Ylym-bilim ulgamynda täze maglumatlaryň öwredilmegini bolsa diňe innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrmak mümkindir. Başgaça aýdanymyzda, bilim tehnologiýalary diýilýän okuw maksatly elektron enjamlary döwrümizde netijeli bilim bermekde esasy serişdeler hökmünde rol oýnaýar. Çünki çaga eýýäm mekdebe barmanka elektron enjamlar bilen ösüp ulalýar. Oýnaýan oýunlaryndan başlap, tomaşa edýän multfilmlerine çenli ählisi täze tehnologiýalar bilen baglanyşykly bolansoň, bu günki gün ylym-bilim ulgamyny bilim tehnologiýalaryny ulanmazdan göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Eýsem, bilim tehnologiýalary okuwçynyň öwreniş ukybyna nähili täsir edýär?

Okuwçy mekdepde okap öwrenen maglumatlarynyň 10%-ini, diňläp öwrenen maglumatlarynyň 20%-ini, tomaşa edip öwrenenleriniň 30%-ini, hem diňläp, hem tomaşa edip öwrenen maglumatlarynyň 50%-ini, sözläp, gürrüň berip öwrenenleriniň 70%-ini, ýerine ýetirip öwrenen maglumatlarynyň 90%-ini ýatda saklap bilýär. Munuň özi bolsa bize häzirki wagtda bilim tehnologiýalary arkaly tomaşa etdirip, diňledip, özüne ýerine ýetirdip, görkezip öwretmäge mümkinçiligiň bardygyny äşgär edýär. Diýmek, biz bilim tehnologiýalary arkaly adaty, ýagny nusgawy ders usullaryndan saplanyp, interaktiw ders usulyna geçmäge mümkinçilik gazanýarys. Eýsem, bu babatda bize nähili tehnologiýalar ýardam edip biler?

Kompýuter

Synpymyzda kompýuteriň bolmagy dürli multimedia serişdelerinden – audio-wideo ýazgylardan, dürli çykyşlardan peýdalanmaga ýardam edýär. Kompýuterli synplarda mugallym dürli görkezme esbaplarynyň üsti bilen täze temany düşündirmek, özleşdirmek işlerini göwnejaý guraýar. Okuw maksatly programmalary ulanmak arkaly dersiň gyzykly bolmagyny gazanýar. Elbetde, bärde kompýuteriň internet ulgamyna birikdirilen bolmagy hem örän möhümdir. Çünki kompýuteriň diňe özi dersiň netijeli geçmegine 30% goşant goşýan bolsa, internet ulgamy dersiň netijeli, gyzykly geçmegine 100% goşant goşýar. Şeýlelikde, dersiň netijeliligi iki esse ýokarlanýar. Emma bärde mugallymyň kompýuterden we internetden peýdalanmak endiginiň-de güýçli bolmagy zerurdyr.

Synp web sahypasy

 Internet ýa-da network aragatnaşygynyň mümkin bolan ýerinde synpyň web sahypasynyň taýýarlanylmagy okuwçylaryň işleriniň elektron görnüşde seljerilmegini, baha berilmegini, dünýä ýurtlarynyň mekdepleri bilen aragatnaşyk saklamaklygy ýola goýmaga ýardam edýär.

Proýektor we interaktiw tagta

Häzirki wagtda interaktiw usulda ders geçmek diýleninde diňe proýektory, kompýuteri we interaktiw tagtany ulanyp ders geçmeklik ýeterlikdir öýdülýär. Emma asyl interaktiwlik – munuň özi mugallym merkezli ders usulyndan saplanyp, okuwçy merkezli ders usulyna geçmeklikdir. Çünki mugallymyň ýeke özi ähli zady düşündirip, okuwçylaryň bolsa demini çykarman oturmaklary interaktiw usul däldir. Şol sebäpli-de, interaktiw tagta okuwçynyň ähli öwrenýän maglumatlaryny ýerine ýetirip, synap görmegi üçin ulanylmalydyr. Täze tema tomaşa edilýän diňlenilýän, ýazylýan, okalýan we ýerine ýetirilýän gönükmelerden ybarat bolmalydyr. Şol gönükmeleriň ýerine ýetirilmegi bolsa okuwçylar tarapyndan interaktiw tagtada amala aşyrylmalydyr.

Kabelsiz synp mikrofonlary

Synpdaky goh-galmagal zerarly köplenç halatda mugallym öz sesini okuwçylaryna eşdirmekde kynçylyk çekýär. Munuň üçin bolsa kabelsiz synp mikrofonlary ulanylýar. Ýakada durýan mikrofon synpyň dört burçunda berkidilen ses çykaryjy enjamlar arkaly mugallymyň sesini gatldyp çykarýar. Bu bolsa köp okuwçyly synplarda mugallymyň sesiniň yzky partada oturýanlara çala eşidilmeginiň, şeýle hem mugallymyň gaty sesde ders düşündirip özüne agram salmagynyň öňüni alýar.

Mobil enjamlar

Mobil enjamlar – munuň özi ýanymyzda götermäge amatly enjamlardyr. Mysal üçin batareýaly monitorlar, kompýuteri uzakdan dolandyryjylar, lazer yşykly galamlar... mugallyma dersi synpyň islendik ýerinde durup düşündirmäge ýardam edýär.

Kompýuter oýunlary

 Öwrediji kompýuter oýunlarynyň hem okuwçylara dersi netijeli düşündirmekde we olaryň bilimini barlamakda örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir gönükmäni nusagwy usullarda işlemegiň deregine, kompýuter oýunlary arkaly amala aşyrmak dersiň gyzykly geçmegine hem-de okuwçylaryň derse höweli gatnaşmagyna ýardam edýär. Muňa mysal edip, Makromedia Flaş programmasynda taýýarlanylan oýunlary görkezmek bolar.

Mugallymlar üstünlik gazanmaga çalyşýan okuwçylaryna hökman kömek etmelidir. Okadýan sapagyny aňsatlyk bilen öwrenip bolýandygyny görkezmelidir. Tema doly özleşdirilensoň, «Bu temany gowy öwreneniňiz üçin soňkularda kösenmersiňiz» ýaly sözler bilen wagtal-wagtal okuwçylaryň göwnüni götermeli we olary umytlandyryp, üstünlik gazanyp biljekdiklerine ynanmaklaryny gazanmaly.

Emma, gynansak-da, mugallymlaryň arasynda «sapagymyň ähmiýetini bilsinler, maňa hormat goýsunlar» diýip, okadýan dersiniň kyndygyny nygtap durýan, «bu sapakdan ökde bolmak gaty kyn» diýdirjek bolup, okuwçylary çykgynsyzlyga salýanlar hem bar.

Okuwçylaryny şeýle ýagdaýa düşürmegiň ýerine olara öz sapagynyň nä derejede aňsat we öwrenip boljakdygyny görkezen, himiýa mugallymy bolup işleýän bir dostum öz peýdalanýan usulyny şeýle düşündirýär:

– Men ilkinji sapagymyzda temanyň gaty aňsatdygyny, öwrenip boljak sapakdygyny gürrüň berýärin. Soňra okuwçylarym hem muňa düşünerleri ýaly, olara aňsat, islendik kişiniň jogabyny biljek soraglaryny berýärin. Elbetde, okuwçylar beren soraglarymy çözdügiçe, sapak bilen ysnyşyp, halamaga başlaýar.

Tutanýerli bolsalar üstünlik gazanjakdyklaryna ynandyrmaly halymyza, çagalarymyzy köplenç biderek ýere kösäp, öňlerine böwet goýýarys-da, başarjakdyklaryna ynanmaz ýaly edip taşlaýarys. Şeýlelikde, olar hemme zatdan el çekýär oturyberýär. Birnäçe ýyl mundan ozal adamlaryň jebir-süteme çydamlylygyny ölçemek maksady bilen bir barlag geçiripdirler:

Psihologlar barlagdaky kişilerden içi buzdan doly bedrä aýakýalaň girmeklerini sorap, sowuk zerarly emele gelýän agyra barlagdakylaryň nä derejede çydamlydyklaryny ölçäpdirler.

Olar barlagdan şeýle netije çykarypdyrlar: ýanynda kimdir biri bolup, goldaw berlen barlagdaky kişiler beýlekilere garanda agyra iki esse artyk çydamly…

Eger bizem çagalarymyzy ruhlandyryp, umytlandyryp bilsek, iň bir uly päsgelçilikler hem olar üçin owunjak bolup galar.













PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR:

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ile döwlet geler bolsa... Aşgabat,2015.

  2. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 -2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. Aşgabat, 2010.

  3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. III tom. Aşgabat, 2010.

  4. “Bilim” ylmy-usuly žurnaly,2016.3-nji sany

  5. https://Mutiurok.ru Nadejda 07/ Bekniýazowa Nadejda Marksowna

  6. https:// turkmenmetbugat.gov.tm›tk/articles/82862

  7. https:// bilimojagy.com›page/3/

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________




EBB hünärmeni:______________

MMOIBO:__________________

UB ýolbaşçysy:_______________

Ýazan mugallym:_____________