СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Himiya senagaty

Категория: Химия

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Himiya senagaty»

Ýurdumyzda durmuş maksatlary üçin zerur bolan polimer önümleri öndürýän zawod Daşoguz şäherinde ýerleşýär we ol 1988-nji ýylda işläp başlady. Zawodda öndürilýän önümlere hojalyk gap-gaçlary, haltalaryň dürli görnüşleri, polietilen plýonkasy we ş.m. degişlidir. Bir gezek ulanmak üçin niýetlenen dürli gap-gaçlar hem bu zawodda öndürilýän önümleriň sanawyna girýär.

Ýurt Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň Daşoguzyň polimiz zawodynda öndürilýän önümleriň görnüşi artdyryldy. 2007-nji ýylda zawodyň hünärmenleri tarapyndan dürli ölçegli polietilen turbalaryň öndürilip başlanmagy bilen ýurdumyzda zerur önümleriň ýene-de biriniň uly tapgyrly önümçiligi ýola goýuldy. Bu zawodda 2007-nji ýylyň ahyryna çenli 200 müň metr polipropilen turbalary öndürildi.

Öňki döwürde zawoda çig mal daşary döwletlerden getirilýärdi. Häzirki wagtda bu zawodyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli çig maly bilen üpjün edýändigini bellemek gerek. Ýerli çig malyň esasynda öndürilýän, hili boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän polimer önümleri ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar. IX synpda alkenleri öwrenilende olara mahsus bolan himiki häsiýetleriniň biri polimerleşme reaksiýasy bolup, oňa etileniň mysalynda seredeliň:

CH2 = CH2 + CH2 = CH2 + … →

→ – CH2 – CH2 – + – CH2 – CH2 – + … → (– CH2 – CH2 –)n

polietilen ýa-da nCH2 = CH2 → (– CH2 – CH2 –)n etilen polietilen

Polimerleşme reaksiýasynyň netijesinde polimerler*diýlip atlandyrylýan, ýokary molekulýar birleşmeler emele gelýär. Adatça ýokary molekulýar birleşmeleriň molekulýar massasy, şertleýin 5000-den ýokarydyr. Şonuň üçin hem polimerleriň molekulasy makromolekula** diýlip atlandyrylýar. Polimerleri emele getirýän madda monomer diýilýär. Polimerleriň makromolekulasy birmeňzeş atomlar toparyndan düzülen bolup, polietileniň mysalyndan görnüşi ýaly olaryň n gezek gaýtalanmagydyr. Gaýtalanýan birmeňzeş atomlar toparyna gurluş zwenosy, n – bolsa san ululyk bolup, polimerleşmede näçe monomer molekulasynyň özara birleşendigini aňladýar we oňa polimerleşme derejesi hem diýilýär. Seredilen mysalda gurluş zwenosy – CH2 – CH2 – bolup, monomeri etilendir. Polimerleşme derejesi hem hemişelik ululyk bolman, ol polietilende 300-den 100 000 aralygyndadyr. Polimerleşme derejesi makromolekulanyň(M) we monomeriň (M0) molekulýar massalary bilen aşakdaky deňleme boýunça baglanyşýar:

M = nM0

Şeýlelikde, polimerler düzgün bolşy ýaly, dürli molekulýar massaly makro-molekulalardan düzülendir. Polimerlerde geçýän reaksiýalar hem polimerleşme derejesiniň üýtgemegi boýunça birnäçe görnüşde bolýar. Ýagny, polimerleşme derejesi üýtgemän geçýän reaksiýalar; polimerleşme derejesiniň ýokarlanmagy we peselmegi bilen geçýän reaksiýalar. Polimerler diňe bir polimerleşme reaksiýasynyň netijesinde däl, eýsem polikondensasiýa täsirleşmesiniň esasynda hem alynýar. IX synpdaky fenollar we aldegidler barada geçilenleri

ýatlap, fenolyň we formaldegidiň arasynda geçýän reaksiýa seredip geçeliň:


HO C HO C

HC CH O HC C CH2 OH

+H C

HC CH H HC CH

CH CH


Emele gelen madda fenolyň beýleki molekulasy bilen täsirleşýär:


Bu ýerde emele gelen önüm hem formaldegidiň beýleki molekulasy bilen täsirleşýär. Onda emele gelen önüm bolsa fenolyň molekulasy bilen täsirleşýär we şeýlelikde, gezek-gezegine yzygider täsirleşip, fenolformaldegidiň smolasy diýlip atlandyrylýan ýokary molekulýar birleşme alynýar:

Polimerleriň emele getirýän dürli häsiýetleri, esasan, olaryň gurluşyna baglydyr. Ýagny makromolekulanyň adaty molekulalardan gurluş aýratynlyklary, polimerleriň käbir tapawutly häsiýetleriniň ýüze çykarmagyna getirýär. Birin- jiden – polimerler süýüm we örtüklik häsiýetleri; ikinjiden– güýçli maýyşgaklygy emele getirmek bilen elastiki häsiýetleri; üçünjiden – olaryň eremekligi çişmek arkaly bolup geçýändikleri bilen tapawutlanýar. Polimerleriň häsiýetli taraplarynyň ýene-de biri, az mukdarda-da bolsa haýsydyr bir maddanyň goşulmagy bilen, olaryň häsiýetleriniň düýpli üýtgemegidir. Mysal üçin, fenolformaldegid smolasyna dürli goşundylary goşup (agaç owuntygy, pagta, aýnaly mata, dürli boýaglar we ş.m.) fenoplastlar diýlip atlandyrylýan(15-nji tablisa) fenolformaldegid plastmassasy alynýar.

Ýaşaýyşda polimerleriň örän möhüm orny eýeleýändigini, janly organizmiň polisaharidlerden (sellýuloza, krahmal) we beloklardan, ýagny polimerlerden ybaratdygyny aýtmak hem ýeterlikdir. Eýsem-de bolsa, durmuşda ulanylýan ownuk zatlardan başlap, has iri zatlaryň aglabasynyň, şeýle hem adamyň emeli ýüreginiň, süňkleriniň, bogunlarynyň we böwreginiň hem polimerlerdendigini bilip, ýaşaýyş üçin zerur bolan örän köp zatlaryň ýokary molekulýar birleşmeler bilen baglydygyna göz ýetirmek bolýar. 16-njy tablisada möhüm polimerler barada umumy düşünje berilýär.







Sintetiki polimerleriň we polimer materiallarynyň uly möçberli önümçiligi dünýä boýunça 1950-nji ýyllarda başlady. 17-nji tablisada polimerleriň öndürilişiniň dünýä boýunça ösüşi görkezilendir.

Görnüşi ýaly, polimer materiallarynyň öndürilişi örän çalt depginde bolup, ol polimerleriň ulanylyş örüsiniň barha giňeýändigini we oňa bolan islegiň örän artýandygyny görkezýär. Munuň özi polimer materiallarynyň metallardan, agaçdan, ýüňden, ýüpekden, aýnadan we beýlekilerden öndürilýän önümleri ýuwaş-ýuwaşdan çalşyp başlandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda polimerleriň öndürilişi esasan nebiti, ugurdaş we tebigy gazlary gaýtadan işlenendäki önümlere esaslanýar. Ýagny polimerleri öndürmekde gönüden-göni ulanylýan monomerler nebiti we gazy gaýtadan işlenendäki emele gelýän önümlerdir. Türkmenistanyň nebit-gaz baýlygyny hasaba alynsa, onuň geljekde polimer önümçiligini has-da giňeltmäge mümkinçiliginiň ýokarydygyny bellemek gerek. Muňa hormatly Prezidentimiziň Gyýanly şäherçesinde polimer, ýagny polietilen we polipropilen önümçiligine badalga berendigi hem şaýatlyk edýär.

Nebitden we tebigy gazdan polimerleriň öndürilişini aşakdaky çyzgylardan hem görmek bolar:

Ruhabadyň rurba öndürýän zawody.

Ruhabadyň turba zawody polietilen, polipropilen, aýna süýümli we polat simler bilen armirlenen termoplastik turbalary we ş.m. öndürýär. Zawod häzirkizaman ylmynyň gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen. Onuň kuwwatlylygy ýylda 10 müň metr dürli ölçegli turbalary öndürmeklige niýetlenendir. Bulardan başga-da, zawodda ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan ekinleri suwarmagyň has netijeli we ykdysady taýdan amatly usuly bolan damjalaýyn suwaryş üçin niýetlenen turbalar we şlangalar öndürilýär.

Zawodda öndürilýän termoplastik turbalara bildirilýän isleg örän ýokarydyr. Çünki, termoplastik polimerler himiki taýdan inertlilik, syzdyrmazlyk, maýyşgaklyk ýaly üýtgeşik häsiýetlere eýedir. Olaryň ýeke-täk ýetmezçiligi – ýokary basyşa çydamsyz, düşýän agram belli bir çäkden geçenden soň süýnýär we çat açýar. Ruhabadyň turba zawodynda ulanylýan täze tehnologiýalar bu ýetmezçiligi aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Termoplastiki materialdan ýasalan turbanyň daşyna ýörite usul bilen aşa berk sintetiki sapak– aýna süýümi saralýar, onuň daşyndan ýene-de izolirleýji gatlak çalynýar. Içki we daşky gatlaklar özaralarynda kebşirlenýär, netijede gözenek çarşuwly (karkas) dykyzlanan jebis gurluşly önüm alynýar. Munuň özi termoplastik turbalary ulanmagyň mümkinçiliklerini has giňeldýär. Şeýlelikde, ulanmaga niýetlenen ýerine baglylykda dürli häsiýetlere eýe bolan turbalary öndürmek bolar. Turba önümçiliginde termoplastyň iki görnüşiniň utgaşdyrylmagy arkaly islendik bitarap hem-de himiki taýdan agressiw suwuklyklary ýa-da gaz halyndaky maddalary-tebigy gazy, nebiti, nebit önümlerini, agyz suwuny, aşgarlary, kislotalary we ş.m. daşamak, nasos bilen çekip almak üçin niýetlenen turbalar ýasalýar. Başgaça aýdylanda, Ruhabadyň turba zawodynda oturdylan häzirkizaman enjamlary anyk sargytçynyň isleglerine laýyk gelýän tehniki häsiýetnama eýe bolan turbalary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ulanylyş möhletiniň dowamlylygy boýunça hem termoplastiki turbalaryň artykmaçlygyny bellemek gerek. Suw geçiriji demir turbalary ulanmagyň iň uzak möhleti 25–30 ýyl hasaplanýar. Termoplastik turbalara 50 ýyl we ondan ýokary möhlete kepillik berilýär.

IX synpda alkadiýenler geçilende tebigy kauçuk barada düşünje aldyňyz. Sintetiki kauçuklar hem özleriniň gurluşy we häsiýetleri boýunça tebigy kauçuga golaýdyr.

Sintetiki kauçugy önümçilige ornaşdyrmak ilkinji gezek akademik S. W. Lebedew tarapyndan amala aşyryldy. Ýagny 1,3-butadiýeniň metalorganiki katalizatoryň gatnaşmagyndaky polimerleşmegi esasynda butadiýen kauçugy alyndy:


bu ýerde n – birnäçe müň san.

S. W. Lebedew tarapyndan sintetiki kauçugyň önümçiligi ýola goýlanda çig mal bolup galla we kartofel hyzmat edýärdi. Häzirki wagtda sintetiki kauçuklary almak üçin çig mal hökmünde uglewodorodlary saklaýan nebit gazlary we nebitiň gaýtadan işlenen önümleri ulanylýar.

Butadiýen kauçugy tebigy kauçukdan tapawutlylykda sazlaşygy bolmadyk gurluşly bolup, bu mesele soňra alymlar tarapyndan işlenildi. Netijede 1,3-butadiýenden hem-de2-metil – 1,3-butadiýenden sazlaşykly gurluşly diwinil we izopren kauçuklar alyndy (18-nji tablisa). 1,3-butadiýenden alynýan, sazlaşykly däl gurluşly kauçuga butadiýen kauçugy, sazlaşykly gurluşla diwinil kauçugy diýilýär. Sintetiki izopren kauçugynyň alnyşy hem tebigy kauçugyň alnyşy ýalydyr.

1,3-butadiýeniň galogenli önümlerinden hem sintetiki kauçuk almak bolar. Mysal üçin, 2-hlor – 1,3-butadiýeniň polimerleşme reaksiýasy esasynda hlorpren kauçugy alynýar:

Käbir sintetiki kauçuklar bolsa dürli monomerleriň bilelikde polimerleşmegi esasynda alynýar. Mysal üçin, 1,3-butadiýen bilen stirol özara polimerleşip butadiýenstirol kauçugy

alynýar:


Bular ýaly dürli monomerleriň gatnaşmagynda geçýän polimerleşme reaksiýasyna sopolimerleşme diýilýär.

Wulkanizasiýa hem-de dürli hili ýöriteleşdirilen goşundylary goşmak bilen sintetiki kauçuklaryň häsiýetlerini gowy tarapa üýtgetmek bolar. Mysal üçin, işjeň gurumy goşmak bilen sürtülmä, aromatiki aminleriň goşulmagy bolsa könelmeklige durnukly häsiýetleri ýüze çykarýar. Umuman, sintetiki kauçuklary tebigy kauçuga garanyňda has durnukly görnüşde almak mümkindir. Ýöne şol bir wagtda olar örän gaty bolup, gaýtadan işlenende kynçylyk döredýär. Şonuň üçin hem aýratyn ýumşak rezinleri almak üçin adatça natural kauçuk ýa-da onuň dürli sintetiki kauçuklar bilen garyndysy ulanylýar.

IX synpda «Uglewodlar» temasy geçilende süýümler bilen tanyş bolduňyz. Şeýle hem tebigy süýümlere (ýüň, pagta, ýüpek) ýygy-ýygydan duş gelýärsiňiz. Süýümleriň toparlara bölünişi 19-njy tablisada görkezilendir.

Käbir sintetiki süýümlere seredeliň.

Kapron – poliamid süýümlere degişli bolup, onuň önümçiligi birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen aminokislotalaryň önümi bolan kaprolaktam alynýar.

Ikinji tapgyry kaprolaktamyň polimerleşmegi bolup, adatça üznüksiz usul bilen amala aşyrylýar. Onuň üçin gyzdyrylyp eredilen katalizator saklaýan kaprolaktamy240–280ºC temperaturaly peçde 5–20 sagadyň dowamlylygynda saklanýar. Netijede, smola görnüşli polikaproamid alynýar:

Polikaproamidiň erginini pes molekulýar gurluşly önümler aýrylandan soňra ýörite süýüm görnüşini berýän enjamlara berilýär

Şeýlelikde, indiki tapgyrda polikaproamidiň ergininden azotyň atmosferasynda sapak görnüşli süýüm alynýar.

Kapron matasy sürtülmä durnuklydyr. Ýöne kislotalaryň täsirine we ýokary temperatura durnuksyzdyr. Şonuň üçin hem kapron matasyny gyzgyn ütük bilen ütüklemek bolmaýar. Sürtülmä durnuklylygy üçin kaprony awtomobil we uçar şinlerini taýýarlananda goşulyp, olaryň sürtülip zaýalanmagyny peseldýärler.

Lawsan – poliefir süýümine degişli bolup, polietilentereftalatyň gyzgyn ergini süýüm görnüşine getirilýär. Polietilentereftalat bolsa ýokary temperaturada tereftal kislotasynyň etilenglýukol bilen polikondensasiýa reaksiýasy esasynda alynýar.

Polietilentereftalaty kislotasynyň dimetil efiriniň etilenglýukol bilen pereeterifikasiýa reaksiýasy, soňy bilen bolsa polikondensasiýasy esasynda hem alnyp bilner.

Ýokardaky reaksiýa gatnaşýan maddalar barada maglumatlary IX synpda aldyňyz. Ýagny etilenglýukol HOCH2CH2OH iki atomly spirt bolup, köp atomly spirtleri ýada salyň. Tereftal kislotasynyň emele gelşi hem aromati ki uglewodorod bolan toluol okislenip, benzoý kislotasynyň alnyşy ýalydyr. Ýagny n – ksilolyň okislenmeginiň netijesinde tereftal kislotasy alynýar.


Lawsan geýim-gejimleri taýýarlamak üçin ýokary hilli matalar görnüşinde ulanylýar. Ol sapak görnüşinde çekiler, şinler taýýarlananda hem ulanylýar.



































Şekeriň önümçiligi.

Eziz Diýarymyzda şeker önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň azyk maksatnamasyny amal etmekde ähmiýeti örän uludyr. Şeker dürli usullar bilen gant şugundyryndan alynýar. Onuň önümçiligi, esasan, dört tapgyrdan ybaratdyr.

I. Şugundyr gyryndysynyň we şiresiniň alnyşy.

II. Şugundyr şiresiniň arassalanylyşy.

III. Şugundyr şiresiniň goýulandyrylyşy.

IV. Şekeriň kristallaşdyrylyşy we guradylyşy.

Şeker gant şugundyryndan aşakdaky ýaly yzygiderlilikde alynýar, olara aýratynlykda seredeliň.

Şugundyr gyryndysynyň we şiresiniň alnyşy. Diffuziýa usuly bilen şugundyrdan şekeri bölüp almak üçin, ilki bilen şugundyr gyryndysyny almak zerurdyr. Gyryndyny ýörite gurnalan şugundyr kesiji pyçaklaryň kömegi bilen alynýar. Önümçilik gyryndynyň hiline bagly bolup, onuň galyňlygy adatça 0,5–1,0 mm barabardyr. Üst ýüzi bolsa nätekiz bolmaly däldir. Gyryndynyň çaksyz inçe bolmagy hem hökman däl. Şeýlelikde, şugundyry ýokary hilli kesişdirip, onuň gyryndysy taýýarlanylýar we diffuziýa guralyna ugradylýar. Diffuziýa esasynda eredijiniň kömegi bilen, düzümi boýunça çylşyrymly bolan şugundyr şiresi bölünip alynýar. Diffuziýa guralynda şugundyr gyryndysy we şiresi biri-birine garşylykly üznüksiz hereketdedir. Diffuziýa guralynyň gowy işlemegi şugundyr gyryndysynyň hiline baglydyr. Ýokary hilli şugundyr şiresiniň alynmagy kesgitli temperaturanyň (68–72ºC) saklanylmagyna baglydyr. Diffuziýa hadysasy howa barmazdan amal edilmeli bolup, howanyň goýberilmegi bilen şugundyr şiresi köpürjikläp başlaýar. Şugundyr şiresini, şiresi giden şugundyr gyryndylaryndan bölüp, arassalamak üçin ugradylýar.

Şugundyr şiresiniň arassalanylyşy. Şugundyr şiresi köp maddalaryň düzümi bolup, ol saharozany hem, şeker däl maddalary hem saklaýar. Şeker saklamaýan maddalaryň ählisi hem belli bir derejede kristal görnüşdäki saharozany bölüp almaga päsgelçilik döredýär we saharozanyň ýitgisini artdyrýar. Şonuň üçin hem şekeriň önümçiligindäki möhüm meseleleriň biri şekeriň ergininden şeker däl maddalary aýyrmakdyr. Bu meseläni çözmek üçin arassalamagyň fiziki we himiki usullary ulanylýar. Şugundyr şiresiniň şeker däl maddalary köp dürli bolup, olary bölüp almak üçin hem özboluşly reaksiýalar zerurdyr. Onuň üçin hem kalsiý gid roksidi we uglerodyň ikili oksidi ýaly maddalar gerek bolup, koagulýasiýa, çökermek, dargatmak, gidroliz, adsorbsiýa we ion çalyşma ýaly hadysalar bolup geçýär. Netijede, şugundyr şiresiniň düzümindäki şeker däl maddalar koagulirlemek, çökermek, dargatmak, adsorbirlemek ýaly usullar bilen bölünip aýrylýar we olardan arassalanylýar.

Şugundyr şiresiniň goýulandyrylyşy. Arassalanan şugundyr şiresi bugardyjy guralyň kömegi bilen goýulandyrylýar. Şugundyr şiresi bugardylanda-da himiki reaksiýalar geçip, pH-yň we reňkiň üýtgemegi hem-de çökündiniň emele gelmegi bolýar. pH-yň üýtgemegi şugundyr şiresindäki saharozanyň dargamagy we organiki kislotalaryň emele gelmegi bilen şertlendirilýär. Zerur bolan pH-y(7,5–8,0) saklamak üçin şugundyr şiresine natriniň fosfaty goşulýar. Şugundyr şiresinde maddalaryň dargamagy we olaryň aminokislotalar bilen täsirleşmegi netijesinde reňkiň üýtgemegi bolup geçýär. Bu reaksiýalar pH-a, temperatura, reaksiýa gatnaşýan maddalaryň mukdaryna, bugartmagyň dowamlylygyna, demir ionunyň barlygyna we beýleki şertlere baglydyr. Şugundyr şiresi bugardylanda çökündiniň emele gelmegi kalsiniň duzlarynyň ereýjiligini peseldýär. Şonda olar aşa doýgun ýagdaýynda bolup, olaryň artykmajy kristallaşýarlar.


Şekeriň kristallaşdyrylyşy we guradylyşy – önümçiligiň iň soňky tapgyry bolup, bu ýerde köp maddalary saklaýan garyndylardan, ýagny şugundyr şiresinden arassa saharozany bölüp alýarlar.

Şugundyr şiresi arassalananda şeker däl maddalaryň üçden bir bölegi aýrylýar. Galanlary bolsa kristallaşan şekeriň kristallarynyň arasyndaky erginde galýarlar. Ýokary hilli şekeri almak meselesini, esasan, köp basgançakly kristallaşma geçirmek bilen çözýärler. Ýagny bu ýagdaýda ýitgi az bolýar. Kristallaşdyrmak üçin belli bir temperatura hem-de wakuumlaşdyrylan gural we sentrifuga ulanyl ýar. Kristallaşdyrylan şeker alnandan soň ol guradylýar. Guratmagyň maksady – onuň üst ýüzündäki çygy aýyrmak we saklanyş möhletini uzaltmakdyr. Sentrifugadan soňra60ºC temperaturaly we 0,8–1,2% çyglylykly şekeri guratmak üçin ugradylýar. Ol gyzgyn howa (105ºC) bilen guradylýar. Netijede, ahyrky önüm alynýar.

































Kagyzyň önümçiligi.

Kagyzy öndürmek üçin agaçlaryň we bir ýyllyk ösümlikleriň düzüminde bar bolan sellýuloza ulanylýar. Sellýuloza organiki maddalara degişlidir.

Agaç galyndylaryndan ýa-da bir ýyllyk ösümlikleriň samanlaryndan sellýulozany bölüp almak, kagyz önümçiliginiň başlangyç tapgyrydyr. Ýagny agaç galyndylaryny ýa-da samany işlemek üçin olary uzynlygy 15–20 mm we galyňlygy3 mm-e çenli owradýarlar. Işlemek üçin esasan, erediji kislotany we samany gaýnadylmaga taýýarlamakdyr. Erediji kislotany kükürt (IV) oksidini hek daşy we suw bilen doldurylan minaradan goýberilip alynýar. Şonuň üçin hem ol düzümi boýunça, artykmaç mukdarda kükürt (IV) oksidi eredilen kalsiý gidrosulfitiniň erginidir:

Saman kislota durnukly abzalda(44-nji surat) gaýnadylýar. Şol abzala owradylan saman, erediji kislota we gyzdyrmak üçin suw bugy goýberilýär. Gaýnatmak, adatça 0,5–0,7 MPa basyşda8–10 sagadyň dowamynda 135–145ºC temperaturada geçirilýär. Gaýnadylyp gutarylandan soňra gazandaky lödere süzgüçli gaba guýulýar we sellýuloza gaýnadylan erginden bölünýär hem-de ýuwulýar. Soňra sellýuloza mehaniki garyndylardan arassalanýar.






Oňat hilli kagyzy almak üçin sellýulozany ýene-de natriniň ýa-da kaliniň gipohloriti, hlor, hloruň (IV) oksidi we wodorodyň peroksidi bilen işlenilýär.

Indiki tapgyrda kagyzyň goýy garyndysy taýýarlanylýar. Süýümi owradylyp suspenziýa taýýarlanylýar. Suspenziýa gerekli goşundylar goşulýar we suw bilen talap edilýän konsentrasiýa çenli gowşadylýar. Şeýlelikde, güýçli gowşadylan suspenziýa kagyz öndürýän maşyna (45-nji surat) berilýär we şol ýerde kagyz alynýar.








Kagyz öndürýän maşyn aşakdaky ýaly esasy böleklerden ybaratdyr:

1) tor bölek – bu ýerde gowşadylan suspenziýa ýuwaş-ýuwaşdan kagyza öwrülip başlaýar. Ýagny artykmaç suwlar aýrylyp başlaýar.

2) basýan bölek – bu ýerde suw aýrylyp, kagyz görnüşine geçýär.

3) guradýan bölek – bu ýerde kagyzdaky bar bolan çyg aýrylýar.

4) timarlaýan bölek – bu ýerde gerek bolan görnüşdäki kagyz alynýar.

Kagyz ýasaýan maşynyň tor bölegi yzygider torlardan ybarat bolup, kagyzyň goýy garyndysy gyralaryndan akmaz ýaly ýapylandyr. Bu ýerde suw torlaryň gözeneklerinden akyp aýrylýar we kagyza öwrülip başlaýar. Kagyzy has dykyzlandyrmak üçin ol gönümel we keseligine hereketlendirilýär. Ondan soňra suw wakuumyň kömegi bilen aýrylýar. Gurulyk 18–22%-e ýetýär.

Suwy aýyrmak kagyzy basýan bölekde basyşyň täsirinde sykylma boýunça dowam etdirilýär. Şeýlelikde, emele gelip başlaýan kagyz yzygider ýerleşen gysýan wallaryň arasyndan geçirilip, kagyza öwrülip başlaýar. Bu bölekde kagyzyň gurulygy 45%-e çenli bolup, ol guradýan bölege berilýär.

Kagyz öndürýän maşynyň guradyjy bölegi, içinden bug bilen gyzdyrylýan, aýlanyp duran silindrlerdir. Kagyz gyzgyn silindre oralyp, silindriň ýokarsyndan aşak hereket edýär. Indiki silindre oralyp, ol ýene-de gaýtalanýar. Şeýlelikde, kagyz 5–7% çyglylyga çenli guradylýar.

Kagyzy belli görnüşde almazdan öňinçä, elastiklik we ýumşaklyk bermek üçin ony sowadýarlar. Soňra kagyz gatlary we dürli görnüşli kagyz alynýar.























































Karbomit önümçiligi.

VI bapda dökünler barada maglumatlar berlip, olaryň ýokumlylyk derejesi ondaky zerur elementiň mukdary we siňňitliligi bilen kesgitlenilýär. Karbamid ýa-da moçewina(NH2)2CO özünde azotyň mukdaryny (46%) iň köp saklaýan we siňňitliligi ýokary bolan dökündir. Şonuň üçin hem karbamid azot döküni hökmünde-de, beýleki önümçilik maksatlary üçin-de giňden ulanylýar.

Karbamid senagatda ammiak (NH3) bilen uglerod(IV) oksidini (CO2) täsirleşdirip alynýar. Reaksiýa ýokary basyşda geçýär. Uglerod (IV) oksidi ammiagyň öndürilişinde goşmaça önüm bolup, umumy önümçilige utgaşyp gidýär. Ammiagy bolsa 41-nji suratda görkezilişi ýaly, a) azotwodorod garyndysyny taýýarlamak, ony arassalamak we gysmak; b) ammiagy sintezlemek; ç) ammiagy suwuklandyrmak we ony täsirleşmedik azotwodorod garyndysyndan aýyrmak bilen öndürilýär.

Azotwodorod garyndysy gysyjy silindrde önümçilige baglylykda 100 atmosferadan 1000 atmosfera basyşa çenli gysylýar. Gysylan azotwodorod garyndysy ammiagy sintezlemek üçin sütüne geçýär we ol örän galyň diwarlary hem-de gapaklary bolan beýik silindr görnüşindedir (42-nji surat).




























































ýokary möhlete kepillik berilýär.



















































.
































.