Просмотр содержимого документа
«Matematika 3nji synp»
Dersi. Matematika Synpy: III Senesi:
Sapagyň temasy: Geçilenleri gaýtalamak.
Sapagyň maksady. 1.Bilim berijilik maksady: Okuwçylara geçilenleri gaýtalamaga degişli gönükme we meseleleri çözmegi öwretmek. Ýatdan we çalt hasaplamagy öwretmek.
2.Terbiýeçilik maksady: Okuwçylarda geçilenleri gaýtalatmak arkaly matematika sapagyna bolan söýgüni terbiýelemek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryny kemala getirmek.
Sapagyň görnüşi: Gaýtalamak sapagy.
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: Tablisalar, tema degişli soraglar.
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:
Okuwçylara 101-den 1000-e çenli sanlary ýazdyrmak.
3.Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek:
1.Iň kiçi üçbelgili san haýsy?
2.Iň uly üçbelgili san haýsy?
3.Müň näçe belgili san?
№ 1.sah.7
Suratlar boýunça köpeltmek hem-de bölmek tablisalaryna degişli aňlatma düzüň we olary çözüň.
№ 2.sah.8
Kalendar boýunça soraglara jogap beriň.
Ýanwar aýy näçe gün dowam edýär?
Ýanwar aýynda näçe gün duşenbe, näçe gün ýekşenbe gününe gabat gelýär?
15-nji ýanwar hepdäniň haýsy güni?
№ 3.sah.8
Pälwan 15 kg, onuň jigisi Nurjahan bolsa 4 kg. Pälwan Nurjahandan näçe kilogram agyr?
№ 6.sah.9
Suratlardaky sagatlaryň görkezýän wagtyna degişli bir mesele düzüň hem-de ony çözüň. № № 8.sah.9
Ýumuşlary ýerine ýetiriň:
1) 342-niň okalyşyny hat bilen ýazyň;
2) ýedi ýüz altmyş dokuz – ýazgyny sifrler bilen ýazyň.
4.Öý işini tabşyrmak:
№ 13.sah. 10
Düýeli adam 1 sagatda 4 km ýol geçýär. Ol 3 sagatda näçe aralygy geçer?
6. Öý işini tabşyrmak:
№ 12.sah.10
5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.
Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, mysallary, meseleleri çözmeklige işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyryp, olar bahalandyrmak, bahalary synp žurnalyna, gündeliklere goýmak.