СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Payhas cesmesi kitaby

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Payhas cesmesi kitaby»

Başlangyç synplaryň okuwçylaryna döwrebap bilim we terbiýe bermekde nakyllardan we atalar sözünden peýdalanyşym.


Çagalar “Paýhas çeşmesi” atly kitap bilen tanyşdyrylýar. Olara edep-terbiýe baradaky parasatly sözleri okap berýäris. Şeýle hem çagalara nakyllaryň käbirini ýatdan öwretmek bilen, olaryň many-mazmunyny düşündirýäris.Munuň özi çagalaryň asylly sypatlarda terbiýelenmegine, olaryň söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär. Agzybir hem zähmetsöýer halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň öz okyjylaryny adamkärçiligiň iň oňat sypatlarynda terbiýelemek baradaky aladalarynyň ýerine düşýändigini buýsanç bilen bellemek gerek.

3-nji synpyň türkmen dili sapagynda “Atlaryň düşüm bilen uýtgeýşi”diýen tema geçilende “Paýhas çeşmesi” kitabyndan peýdalanyp, “Atany söýen, Watany söýer”, Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy” diýen nakyllardan eýelik, ýeňiş we çykyş düşümde gelen atlary bellemek bolar.

1-2-nji synplaryň matematika sapaklarynda ulanyp boljak nakyllar:

Iki ýarty- bir bitin

Uzyn ýüpüň hem ujy bar

Ir gelen sakada oturar, giç gelen- ýakada.

Köp gülen bir aglar.

Köp damjadan köl bolar.

Bir garlawaç ýaz etmez.

Iki diňle, bir sözle.

Iki aýakly-iki günde.

Oýun bir maza iki.

Birinji- badym, ikinji odum.

Bir gep pent, iki gep ant.

Tagan aýagy üç bolar, bir birine güýç bolar, biri döwülse hiç bolar.

Üç kişiniň bilýän syryny älem biler.

Ýüz puluň bolandan ýüz dostuň bolsun.

Iki elim getirer, otuz ikim ötürer.