СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Pikirlenme ukyby

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Pikirlenme ukyby»


Pikirlenme – bu diňe düşünjeleriň kömegi bilen pikir garaýşynyň emele getirilmegi däldir. Olar zatlar baradaky pikir öwürmeleriniň özboluşly basgançaklarydyr. Pikir öwürmeleriniň gutarnykly görnüşi akyl netijesidir.


Sapagyň berlişi mugallymyň hadysalara we tutumlara garaýşyny şöhlelendirip, okadylyş bolsa okaýanyň nazaryýetini şöhlelendirýär. Mugallymyň garaýşy hemişe giň we çuň bolup, bu bilermen eminiň-ekspertiň garaýşydyr. Ol hemişe diýen ýaly dersiň logikasyna-mantygyna tabyndyr. Okaýanyň garaýşyna belli bir derejede ähmiýete ymtylyş, böleklilik mahsusdyr. Mugallymyň garaýşy esasan umumylykdan ýekelige (deduktiw), talybyňky bolsa – ýekelikden umumylyga (induktiw) ugrukýan häsiýetdedir. Mugallym bilýänini öwredýär. Okuwçy özüniň entek bilmeýän we başarmaýan zadyny öwrenýär.


Pikirlenme bir-biriniň üstüni doldurýan iki ylym – logika /mantyk/ we psiholigiýa tarapyndan öwrenilip, birinji özüniň derňewini pikiriň logiki görnüşleri bolan düşünjä, pikir ýöretmä we pikir jemlemä gönükdirýär. Düşünjebu özünde zatlaryň we hadysalaryň umumy, düýpli häsiýetlerini şöhlelendirýän pikirdir. “Adam” düşünjesi onuň zähmete, pikirlenmä, sözleýşe ukyplylygy ýaly häsiýetlerini özünde jemleýär. Pikir ýöretme – bu zatlaryň we hadysalaryň, ýa-da olaryň häsiýetleriniň arasyndaky baglanyşyklary aňda şöhlelendirmekdir. Meselem, “demirgazyk buzly ummanynda ýaşaýan aýylar ak bolýar” pikir ýöretmesi jandarlaryň reňkiniň, onuň ýaşaýyş gurşawynyň reňki bilen arabaglanyşyklydygyny aňladýar.



Pikir jemlemeler – birnäçe pikir ýöretmelerden başga bir pikir ýöretmäni almaklyga mümkinçilik berýän pikirleriň arasyndaky baglanyşykdyr. Özünden ikinji bir pikir ýöretme getirilip çykarylýan başlangyç pikir ýöretmä pikir jemlemäniň gözbaşy ugrukdyryjysy diýilýär. Meselem, ýokardaky mysalda “Ähli demirgazykda ýaşaýan aýylar akdyr” (umumy ya-da uly ugrukdyryjy), “Bu aýy demirgazykda ýaşaýar” (bölekleýin ýa-da kiçi ugrukdyryjy) ýaly pikir ýöretmeler ugrukdyryjylardyr. Pikir ýöretmäniň prosesinde bu iki ugrukdyryjydan alynýan netijä (Diýmek, bu aýy akdyr) pikir jemleme diýilýär.


Pikir jemlemäniň zatlaryň ýekelik häsiýetinden ulgamlyga gönükdirilen induktiw we tersine, olaryň umumy häsiýetleri esasynda ýekelik häsiýetler alynýan deduktiw usullary bardyr.


Logika pikirlenmäni esasan onuň netije tarapyndan öwrenýär. Ýöne pikirlenme işiniň netijesi bilen bir hatarda onuň ýene-de bir düýpli tarapy pikirlenme prosesi bolup, onuň netijesinde pikirlenmäniň önümleri - düşünjeler, pikir ýöretmeler we ş.m döreýär. Onuň bu tarapyny logika däl-de, psihologiýa öwrenýär. Psihologiýanyň dersi akyl ýetiriş netijelerine getirýän pikir ýöretmäniň içki geçiş kanunlaryny derňemekdir.


Pikir ýöretme pikirlenmäniñ operatiw birlikleri bolan seljermä /analize/, birleşdirmä /sinteze/, ýerleşdirmä, umumylaşdyrma we beýlekilere daýanýar.


Seljerme (analiz) obýektde onuň düzüjilerini ýüze çykarmak, akyl ýetirilýän zady böleklere bölmekdir. Seljermede bölünen bütewiligiň bölekleriniň baglanyşdyrylmagyna birleşdirme (sintez) diýilýär. Birleşdirme seljemede daragadylan düzüm bölekleriň ýönekeý gaýtadan toplanmagy däldir . Ol haçanda bütewiligiň seljerme arkaly dargadylan böleklerine akyl ýetirilip baglanyşdyrylan ýagdaýynda ýüze çykýar. Motory açyp, bölekleriniň funksiýalaryny aňlamazdan ýene-de öňki ýerinde goýuşdyrmak pikir birleşdirmesi däldir.


Ýerleşdirme pikiriň iň bir başlangyç, ýönekeý operasiýalarynyň (hereketleriniň) biri bolup, haýsydyr bir dargadylan bütewiligiň bölekleriniň synag-ýalňyş-düzediş häsiýetde gezekli-gezegine orunlaryna laýyk goýlyp pikir jemlemegiň gazanylmagydyr. Şeýle usulda arheologlar bölejiklerden gadymyýetiň ýa-da beýleki döwürleriñ galyndylarynyň keşbini dikeltmegi, döwür-eýýäm barada netijä gelmegi guraýarlar.


Umumylaşdyrma prosesinde deňeşdirilýän zatlary seljermek esasynda haýsy-da bolsa bir umumy häsiýet ýüze çykarylýar. Üçburçluklaryñ deňýanly, deňtaraply, göniburçly, kütek burçly ýaly köpdürliliginden we köp öwüşgünliginden sowlup, olar “üçburçluk” hadysasyna umumylaşdyrylýar.