СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Pikirlenmek arkaly mysal çözmek

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Pikirlenmek arkaly mysal çözmek»

Pikirlenme arkaly mysal çözmekde öňündengörüjilik

Näbellini öňünden pikirde şöhlelendirmek hadysasyna baha bermekde psihologiýada bir-birinden aýrybaşga garaýyşlar bardyr. Olaryň birinde akyl ýetirişiñ her bir öňki “ädimi” gös-göni özüniň yzyndaka başlangyç bolup hyzmat edýär diýip tassyklanyar. Şeýle garaýyş pikirlenmäni jandarlaryň iş hereketine ýakynlaşdyrýar. Hakykatda bolsa pikirlenmäniñ barşynda näbelli hiç bolmanda belli bir häsiýetde öňünden pikire getirilýär.


Bu nazaryýetleriň başga birinde näbelliniň çözlüşini tapmakda adamyň taýýar çözlüşi bada-bat öňünden pikire getirmek mümkinçiligi has güýçlendirilip, oňa aýgytlaýjy ähmiýet berilýär. Ýumuş teklip edilende şeýle bada-bat öňündengörüjilik döremese, adam göýä bu ýumşy hiç wagt hem çözup bilmeýär. Bu çemeleşişiň nädogrylygyna göz ýetirmek üçin okuwçynyň mysal çözüşini synlamak ýerliklidir. Oňa täze ýumuş teklip edilende ol hiç wagt ahyrky netijäni şol bada pikirlenmä getirip bilmeýär. Mugallymyň “ýaňzytmalary” esasynda onuň aralyk çözgütlerinden gutarnyklylyga geçýär.


Üçünji bir çemeleşmä görä pikirlenmäniň barşynda obýektiň häsiýetleri bilen baglanyşykly umumy düzgünleri, kadalary, çözlüş usullary yzly-yzyna saýlanylyp, laýygynyň üstünde saklanmaly. Bu nazaryýet pähimi kibirnetiki nukdaýdan derňemekligiň çäginde döräp, pikirlenmede näbellini öňünden pikire getirmekligi düýbünden inkär edýär.


Bu birtaraplaýyn çemeleşmeler meselä dialektiki garaýyşda ýeňlip geçilip, hakyky adama mahsus pikirlenme üsti bilen ýumuş çözlüşde näbellini aýan etmeklik hiç bolmanda hemişe bir ädim ilerledilen häsiýetde bolýandygy ykrar edilýär.


Pikirlenmäniň aýdyň-hereket (3 ýaşa çenli çagalaryň pikir ýöredişi) aýdyň-keşp (3 ýaşdan 6-7 ýaşa çenli döwürde) we söz-logiki ýa-da nazary pikirlenme (mekdebe çenli döwrüň ahyrynda döreýän) görnüşleri bardyr.