SAPAK ÝAZGY Dersi: Edebiýat Synpy: 8-nji B 14.02.2023 A (16.02.2023)
I.Sapagyn temasy: Rahman Gelenow “Ganatly aýdymlar” powesti.
II.Sapagyn maksady: Bilim berijilik maksady: Türkmen edebiýaty dersinin üsti bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara sargyt edişi ýaly, biz milli buýsanjymyz bolan türkmen edbiýatymyzy manysy bilen öwrenmelidigini okuwcylara düşündirmek;
Terbiýeçilik maksady: Ýaşlary ilhalar, Watana wepaly, döwür bilen aýykdaş gadam urmaga ruhlandyryp terbiýelemek;
III. Sapagyn görnüsi: Adaty sapak.
IV.Sapagyň dersara baglanyşygy:
V.Sapagyň gerekli esbaplary: Soragnamalar, görkezme esbaplar.
SAPAGYŇ GIDIŞI
Guramaçylyk döwri: Synpa girip okuwçylar bilen salamlaşyp, nobatçynyň kömegi bilen gatnaşygy barlap sapaga başlamak. (a)Türkmen dili we edebiýaty minutlaryny geçirmek. Gahryman Arkadagymyzyň dil hakynda aýdanlaryny, pähimlerini ýatdan aýtdyrmak;
(b)Syýasy täzelikler. Teleýaýlymlarda bolup geçen Watanymyza degişli täzeliklerdir, habarlar bilen tanyşdyrmak.
Öý işini soramak
Eserde ynsanperwerlik, söýgi, maşgala meseleleri
Gülnaryň obrazlarynda millilik.
Eseriň gahrymanlar ulgamy
Öý işini berkitmek
Eserde ynsanperwerlik, söýgi, maşgala meseleleri. Gülnaryň obrazlarynda millilik.
Zehinli ýazyjy ArapGurbanowyň «Gülnar» atly eseri iň oňat powestleriň biri bolup, türkmen edebiýatynyň XX asyr taryhynda orun aldy. Geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllarynda çap edilen bu kitaby okamadyk ýa-da radio gepleşikler arkaly diňlemedik adam az-azdyr. Okyjylar ony uly gyzyklanma bilen garşy alypdy. Bu eseriň şeýle meşhur bolmagyna näme itergi beripdi? Bar zatdan öňürti, powestiň tüýs durmuşy meseläni gozgaýandygy sebäp bolupdy diýip bellemek mümkin
Täze temanyň meýilnamasy:
R.Gelenowyň ömri we döredijiligi
„Ganatly aýdymlar“ powesti
Eseriň gahrymanlar ulgamy
R.Gelenowyň „Ganatly aýdymlar“ powestinden bölekler okamak.
Aýdym-saz adamyň göwün syrdaşy, köňül küýsegi. Onsuz bu durmuşy göz öňüne getirmek asla mümkinem däl. Çünki aýdym-saz adama güýç-kuwwat we ruhy lezzet berýär, onda tükeniksiz hem joşgunly duýgulary döredýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn: “Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler”. Aýdym-sazyň bar ýerinde şatlyk bar, şagalaň bar. Ganyp bolmajak ýakymly lezzetiň täsirinden bähre tapýan ynsanyň argyn bedenine rahatlyk aralaşyp maýyl ediji şypaly duýgularyň derdeserinden onuň telwas urýan ýüregi ynjalyk tapýar, kalby al-asmanda pelpelleýär. Şeýlelikde adamyň ýaşaýşa bolan höwesi artýar. Zähmete hyjuwy batlanyp, joşgunly işlemäge odukýar. Ol aýdym bolsun, ýa-da saz, haýsy halkyňkydygyna garamazdan, ynsana şol bir ýakymly täsirini ýetirýär. Beýleki halklaryň aýdymlarynyň sözlerine oňly düşünmesegem, şolaryňam özboluşly ýakymy gulagymyza ýaraman duranok. Türkmeniň meşhur kompozitorlary W.Muhadow, D.Öwezow, A.Kulyýew, N.Halmämmedow, A.Agajykow, Ç.Nurymow, R.Rejepow, D.Nuryýew ýaly ägirtleriň tagallasy bilen ençeme şirinden şeker aýdymlardyr sazlar döredilip, olar her gün şam-u-säherde teleradioýaýlymlarynda ýaňlanýar. Aýdym-saz sungaty türkmen edebiýatynda-da giňden şöhlelenip, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ukyby bilen ençeme ululy-kiçili liriki we etiki eserler dünýä indi. Şol eserleriň (N.Saryhanow “Şükür bagşy”, H.Ysmaýylow “Gopuzlyja gyzjagaz”, K.Gurbannepesow “Aýal bagşy”, R.Gelenow “Ganatly aýdymlar”, M.Seýidow “Durun mukamy”, “Gulbaba’’, H.Diwangulyýew “Çuwal bagşy”, A.Taganow “Sazyň piri nirede”, “Sallançak mukamy”, H.Durdyýew “Şawram şelpeler”, “Skerso”…) üsti bilen ösüp gelýän ýaş nesiller türkmen aýdym-sazynyň taryhyna degişli ençeme gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolýarlar we iňňän köp zatlara göz ýetirýärler.Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini üstünlikli tamamlaýar. Soňra «Sowet Türkmenistany» gazetinde, «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynda, Türkmenistanyň milli teleradio kompaniýasynda dürli wezipelerde işleýär.
R. Gelenow 1953-nji ýylda döredijilik işi bilen meşgullanyp baslaýar. Döwürleýin metbugatda çap edilen ilkinji eserlerinden baslap, ýazyjy okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başarýar. Orazgeldi bagşy. Deň-duşlukdyr dostluk başgaça bolar eken. Dostum Orazgeldiniň başga ýerik gitmegi muny has-da aýdyň etdi duruberdi. Çünki şagyr-şugruň bir gapdalyna eýelik edip ugran Orazgeldiniň gidibermegine gulagym kesilen ýaly boldy. Diňe bir menem däl. Seredip otursam, obamyzyň agramy şeýle ýagdaýda galypdyr. Berdi jarçy duşsa-da, Ussa agadyr beýlekiler gabat gelse-de, gürrüňleriniň bir ýany şol boldy. Hatda frontdan hat ýollaýan Seýit traktorçy bilen Somak mollanyň oglam ol hakda sorardy.
Orazgeldiniň Mälik başlyk bilen aňry otur-da, bäri otur bolşanlaryna geçse, iki aý çemeleri wagt geçendir. Mälik bahanaly gürrüňiniň başlangyjyny ilki Orazgeldiniň almaly hakyny dürli bahanalara
baglap, bermezlikden tutdy. Emma ol Orazgeldiniň çakylygyna gelmänliginiň öwezini munuň bilen doldurdym hasap etmedi
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: gahrymanlaryň we wakalaryň baglanyşygyny düşündirmegi; okalan eseriň gahrymanyny häsiýetlendirmegi;
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: suratlandyrylýan gahrymanyň keşbiniň ähmiýetini häsiýetlendirmegi;
VI.Sapagy berkitmek
1.R Gelenow haçan we nirede doguldy?
2.Onuň nähili eserleri bar?
3.Powest näme barada?
VII. Öýe iş tabşyrmak we sapagy jemlemek, okuwçylary bahalandyrmak
Öýe iş: Powesti okap gürrüň bermeli.
Seredildi: ______________ MMOIBO K.Dawletow