СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Sapak ýazgy konsepsiýa

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Sapak ýazgy konsepsiýa»


TURKMENISTAN YN BILIM MINISTRLIGI

BUÝRUK

V

MINISTRY OF EDUCATION OF TURKMENISTAN

ORDER

20^ý.

Okuw meýilnamalary tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2019-njy ýylyň 24-nji iýulyndaky AP/11 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek hem-de «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanda ýeke-täk bilim gerimini üpjün etmek, mekdepden daşary bilim işini guramak we okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmek hem-de ösdürmek maksady bilen,

  1. 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanda hereket edýän ähli görnüşdäki döwlet umumybilim edaralarynyň we döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw meýilnamalaryny hem-de okuw meýilnamalary peýdalanmak, bilim işini guramak boýunça Gözükdirijilerini tassyklamaly (okuw meýilnamalary we Gözükdirijiler goşulýar).

  2. 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň saz bölüminiň we tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň «Mukam» hor-saz studiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň gurnaklarynyň okuw meýilnamalaryny şeýle hem gumaklaryň işini talabalaýyk guramak boýunça Gözükdirij ini (okuw meýilnamalary we Gözükdiriji goşulýar) tassyklamaly.

  3. Ministrligiň Maliýe we ykdysady seljeriş bölümi tassyklanan okuw meýilnamalaryna laýyklykda okuw işini maliýeleşdirmek boýunça ýüze çykýan meseleleri çözmeli.

  4. Ministrligiň Umumy orta bilim bölümi, Mekdebe çenli bilim bölümi Türkmenistanyň döwlet umumybilim edaralarynyň we döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin okuw meýilnamalaryny hem-de Gözükdirijilerini degişli bilim edaralaryna ibermeli.

  5. Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň, etrap, şäher bilim bölümleriniň ýolbaşçylary ähli görnüşdäki döwlet umumybilim edaralarynyň we döwlet mekdebe çenli çagalar

buýurýaryn:


edaralarynyň işini tassyklanan okuw meýilnamalaryna hem-de Gözükdirijilere laýyklykda guramaly.

6. Buýrugyň ýerine ýetirilişine Ministriň orunbasarlary A.Amanow we N,Taganow gözegçilik etmeli.

Ministr J.Gurbangeldiýew


Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň “ gf' OA belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

2024-2025-nji okuw ýyly üçin döwlet umumybilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny peýdalanmak we bilim işini guramak boýunça

GÖZÜKDIRIJI

I bap. Umumy düzgünler.

  1. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň döwlet umumybilim edaralarynda bilim we terbiýe işi:

  1. innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başamyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga;

  2. bilim işinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, gerimini giňeltmek we depginini çaltlandyrmaga;

  3. pedagogik işgärler sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegä;

  4. bilim işini türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy pedagogika ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guramaga;

  5. ýaş nesli milli, umumadamzat medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň kadalary esasynda terbiýelemäge;

  6. bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň, ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagyna, ukyplaryň ösdürilmegine;

  7. ýaşlarda alan bilimlerini gündelik durmuşda ulanmak tejribesini toplamaga, bilim almaga bolan çuňňur islegini kemala getirmek esasynda okuw işini amala aşyrmaga gönükdirilmelidir.

  1. bap. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek

  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda 978 belgili Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» kabul edildi.

  2. 2024-2025-nji okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi Türkmenistanyň Bilim ministriniň degişli buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler esasynda alnyp barylmalydyr.


Ill bap. 2024-2025-nji okuw ýylynda döwlet umumybilim edaralarynda

bilim işini guramak

  1. Umumy bilim edaralarynda bilim işi okuw meýilnamalary, dersler boýunça okuw maksatnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibine laýyklykda guralýar.

2024-2025-nji okuw ýylynda umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylary okuwçylara bilim we terbiýe bermekde:

  1. Turkmen!stanyň döwlet umumybilim edaralarynyň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin okuw meýilnamalary;

  2. okuw dersleri boýunça tassyklanan okuw maksatnamalary;

  3. mugallymlaryň tassyklanan ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy;

  4. okuw sapaklarynyň tertibi;

  5. Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan kadalaşdyryjy resminamalary;

  6. okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmakda baha talaplary;

  7. okuw neşirleriniň (okuw kitaplary, okuw gollanmalary) sanawy;

  8. himiýa, biologiýa, fizika okuw derslerinden laboratoriýa, amaly we tejribe işleriniň geçirilişi;

  9. synp ýolbaşçylar tarapyndan synpdan we mekdepden daşary işleriň guralyşy;

  10. okuw meýilnamalaryndaky saýlama okuwlarynyň dogry paýlanylyşy;

  11. sanly maglumatlary we işjeň usulyýeti giňden peýdalanmak, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okaýanlarda halkara derejesine laýyk gelýän bilimi we medeniýeti kemala getirmek boýunça işleri dowam etdirmeli.

  1. 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamlylygy - 34 okuw hepdeden ybaratdyr. Okuw ýyly 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda başlanýar we 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda tamamlanýar. Ähli gömüşli orta mekdeplerde sapaklar 08:30-da başlanýar. Sapaklaryň tamamlanmagy sapaklaryň tassyklanylan tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

  2. Okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylaryna «Döwlet umumybilim edaralary hakynda Düzgünnama» laýyklykda aşakdaky dynç alyş rugsat günleri bellenilýär.

  1. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-28-i aralygynda 8 gün güýzki dynç alyş rugsat günleri (29-njy oktýabrda okuw başlanýar);

  2. 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-inden 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-i aralygynda 13 gün gyşky dynç alyş rugsat günleri (13-nji ýanwarda okuw başlanýar);

  3. 2025-nji ýylyň mart aýynyň 20-28-i aralygynda 9 gün ýazky dynç alyş rugsat günleri (29-njy martda okuw başlanýar).

  4. Umumybilim edaralarynyň 1-3-nji synp okuwçylaryna 2025-nji ýylyň 26-njy maýyndan 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty, 4-11-nji synp okuwçylaryna 2025- nji ýylyň 2-nji iýunyndan 31-nji awgusty aralygynda tomusky dynç alyş günleri berilýär.


  1. Baýramçylyk günlerine düşen okuw sagatlary, okuw sapaklarynyň mazmunyny üýtgetmezden, temalar birikdirilip, temalara berlen sagatlaryň sany gysgaldylmagyň ýa-da geçilenleri gaýtalamaga berlen sagatlaryň hasabyna geçirilýär. Synp žurnalynda goşalandyrylyp ýazylan temalar 1-2 setirde ýazylmalydyr.

  2. Yeterlik synp otaglary bolan umumybilim edaralarynda synplaryň her birinde okuwçylaryň sany 20-den köp bolan ýagdaýynda daşary ýurt dilleri, başga dilde okadylýan synplarda türkmen dili, 11-12-nji synplarda informatika sapaklarynda synpy iki topara bölmeklige rugsat edilýär.

  3. 5-7-nji synplarda “Durmuş zähmeti” okuw sapaklarynda gyzlar we oglanlar aýratynlykda okadylýar.

  4. Hünär ugurly okuwlarda hünäriň görnüşine laýyklykda gyzlar we oglanlar aýratynlykda okadylýar.

  5. Umumybilim edarasynda hünär ugurly okuwlarda synpda okuwçylaryň sany 20-den köp bolan ýagdaýynda gyzlar we oglanlar üçin hünärler aýratyn saýlanylýar hem-de olar bölünip okadylýar.

  6. Umumybilim edarasynda hünär ugurly okuwlarda synpda okuwçylaryň sany 20-den az bolan ýagdaýynda oglanlar we gyzlar üçin bir hünär saýlanylyp alynýar hem-de olar bilelikde okadylýar.

  7. Synplary açmak, ýapmak we toparlara bölmek 1-nji sentýabr ýagdaýa görä mekdebiň synplarynyň dolulyk baradaky hasabatlarynyň esasynda amala aşyrylýar.

  8. bap. Umumybilim edaralarynda başlangyç, esasy orta we doly orta bilim derejeleriniň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek

  9. Başlangyç bilim derejesiniň (1-4-nji synplar) bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň, bilim endikleriniň ösdürilmegine, onuň okamak, ýazmak, hasaplamak, pikirlenmek endikleri bilen bilelikde, özüňe gözegçilik etmek, medeniýetli alyp barmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ele almagyna gönükdirilendir.

  10. Başlangyç bilim derejesinde toplumlaýyn çemeleşmegiň esasynda okuw işiniň guralmagy we okuwçylaryň topary (okuw synpy) üçin jogapkärçilik pedagogik işgäriň üstüne ýüklenilýär. Şol bir wagtyň özünde başlangyç synplarda ýöriteleşdirilen dersler boýunça okuw sapaklaryny okatmak üçin ýörite hünärli pedagogik işgärler hem çekilip bilner.

  11. Umumybilim edaranyň birinji synpyna 2024-nji ýylda 6 ýaşyny doldurýan, şeýle-de dürli sebäplere görä öz wagtynda okuwa çekilmedik çagalar Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda çykaran 322 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Çagalary döwlet umumybilim edaralaryna kabul etmegiň Tertibi” esasynda okuwa kabul edilýär.

  12. 1-nji synplarda okuw sapaklaryň dowamlylygy 35 minut bolmalydyr. 1-nji synplarda okuw işi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanan “Alty ýaşly çagalaryň okuw-terbiýeçilik işini gumamaga we gigiýeniki talaplary berjaý etmek barada” usuly görkezmelerine esaslanmalydyr.


Matematika

2-nji synp

3-nji synp

4-nji synp

Bar lag işi

10

10

13

Ene

dili/edebiýat

2-nji synp

3-nji synp

4-nji synp

Diktant

8

9

10

beýannama



2

düzmeler



2

Ýazuw-barlar işleriniň göwrümi

Görnüşi

2-n.ji synp

3-n.ji synp

4-nji synp

Diktant

20-25/25-30

30-35/35-40

35-45/45-50 50-55 /55-60

60-65/65-70

70-80/80-85söz

Beýannama


1

Owrediji häsiýetli düzmäniň we beýannamanyň söz möçberi barlag diktantynyň söz möçberinden 10-15 söz köp bolmaly

75-80/80-85

Düzme


11

75-85/85-95

Okaýyş tizliginiň talaplary

  1. IV synp okuwçylarynyň okaýyş tizligini barlamak we bahalandyrmak üçin talaplar

  1. nji synp okuwçylar okuw ýylynyň ahyrynda bir minutda 25-30 sözi okamagy başarmaly.


Baha

Çärýekler

boýunça

Synplar boýunça kada (söz sany)

2-nji synp

3-nji synp

4-nji synp

«5-lik» baha

1-2-nji çärýek

30 - 40 söz

50 - 60 söz

70 - 80 söz

3-4-nji çärýek

40 - 50 söz

65 - 75 söz

90 - 100 söz

«4-lük» baha

1-2-nji çärýek

20 - 30 söz

40 - 50 söz

60 - 70 söz

3-4-nji çärýek

30 - 40 söz

55 - 65 söz

70 - 90 söz

«З-lük» baha

1-2-nji çärýek

15-20 söz

20 - 40 söz

40 - 60 söz

3-4-nji çärýek

20 - 30 söz

40 - 50 söz

60 - 70 söz

«2-lik» baha

1-2-nji çärýek

15 sözden az

20 sözden az

40 sözden az

3-4-nji çärýek

20 sözden az

40 sözden az

60 sözden az

Daşary ýurt dilinden (iňlis dili) okuwçylaryň başarnyklaryna talaplar

Synp

Okamak sözsany

Diňlemek arkaly düşünmek

Gürlemegiň göwrümi

3

50

0,5 min

4 sözlemden az däl

4

60

lmin

5 sözlemden az däl

  1. Esasy orta bilim derejesiniň (5-10-njy synplar) bilim maksatnamalary okuwçylarda ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak, onuň höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmaklyga, okuwçylaryň ýokary ahlakly dünýägaraýşyny, gözellik duýgusyny we sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylmagyny, şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini emele getirmek we ösdürmek arkaly şahsyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

  2. 5-10-njy synplarda okuw meýilnama laýyklykda okuwlar bilimiň ylmy ugurlary boýunça okadylýar we 11-12-nji synplarda ugurlar boýunça okadylmaga taýýarlyk görülýär.

  3. Umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylary okuw meýilnama esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Umumybilim berýän mekdeplerde saýlama okuwlary guramak we geçirmek” boýunça gözükdiriji hatyna laýyklykda saýlama okuwlaryny guramaly. Saýlama okuwlaryň talabalaýyk guralyşyna, mugallymlaryň okuwlara taýýarlyklaryna we netijeli işleýişlerine, okuwçylaryň okuwlaryň bu görnüşlerine işjeň gatnaşmaklaryna mekdep ýolbaşçylary jogap berýärler.

  4. Esasy orta bilim derejesinde (5-10-njy synplar) okuwçylara okuw meýilnama laýyklykda 5-nji synpda - 32 sagat, 6-njy synpda - 34 sagat, 7-nji synpda - 34 sagat, 8-nji synpda - 36 sagat, 9-njy synpda - 36 sagat, 10-njy synplarda-36 sagat hepdelik okuw sagatlary düşýär. Okuw sapaklaryň dowamlylygy 45 minut.


Ene dili/edebiýat

5

6

7

8

9

10

diktant

4

4

4

4

4

4

annotasiýa

-

-

-

-

-

1

beýannama

2

2

2

1

-

-

düzmeler

-

-

1

2

2

2

Okaýyş tizliginiň talaplary

Synplar

5

6

7

8

9

10

Kada (söz sany)

105-115

115-125

125-135

135-145

145-155

155-165

Mümkinçilik (söz sany)

110-120

120-130

130-140

140-160

160-180

180-200

Matematika, algebra, geometriýa

Synplar

5

6

7

8

9

10

Barlag işi

10-12

10-12

6/5

6/5

6/5

6/5

Matematika, algebra, geometriýa (ýöriteleşdirilen)

Synplar

5

6

7

8

9

10

Barlag işi

12

12

7/6

7/6

7/6

7/6

Biologiýa (ýöriteleşdirilen)

Synplar

6

7

8

9

10

Tejribe işi

19

13

4

2

11

Amaly işi

4

2




  1. Tebigy ugruna ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde biologiýa okuw dersiniň okuw maksatnamasynda tejribe işlere aýratyn sagat berilýär. Tejribe işler üçin aýratyn depder tutulmalydyr. Her bir tejribe işi boýunça okuwçynyň depderine mugallym baha goýýar we ony, tejribäniň geçen gününe laýyklykda, synp žurnalyna geçirýär. Synp žumalynda tejribe işiniň temasy we onuň sanawy ýazylmalydyr.

  2. Umumybilim berýän mekdeplerde biologiýa okuw dersinden tejribe işlerini sapagyň bir tapgyry hökmünde sapagyň dowamynda, amaly işleri okuw


Synplar

8

9

10


Synplar

8

9

10

Laboratoriýa

işleri

11

11

10


Laboratoriýa

işleri

11

12

10

Barlag işi

4

4

4


Barlag işi

4

4

4

Amaly işleri

6

7

7











Amaly işleri

6

7

7

Fizika Fizika (ýöriteleşdirilen)

Synplar

7

8

9

10


Synplar

7

8

9

10

Tejribe işleri

4

4

6

5


Tejribe

işleri

7

5

8

5

Amaly- tejribe işleri

-

-

-

5


Amaly-

tejribe

işleri




5


4

4

4

4






Barlag işi






Barlag

işi

4

4

4

4 .

Daşary ýurt dilinden (iňlis dili) okuwçylaryň başarnyklaryna talaplar

Synp

Okamak söz sany

Diňlemek arkaly düşünmek

Gürlemegiň göwrümi

5

90

l-l,5min

6-8 sözlem

6

100

l-l,5min

6-9 sözlem

7

110

l,5-2min

8-10 sözlem

8

120

l,5-2min

8-12 sözlem

9

130

2-2,5 min

10-14 sözlem

10

140

2-2,5 min

12-16 sözlem

  1. Doly orta bilim derejesiniň synplarynda okuw-terbiýeçilik işiniň esasy aýratynlygy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwretmekligi ýola goýmakdyr.

  1. 12-nji synplary okadýan ders mugallymlary okuwçylara çuňňur bilim bermegi, okatmagyň döwrebap, ösüş usullaryny we tehnologiýalary, sanly maglumatlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, ylmy-derňew, tejribe işleriniň usullaryny okuw işine yzygiderli omaşdyrmagy başarýan bolmaly.

  1. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň akyl ýetirijilik gyzyklanmalarynyň we döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine, hünärlere

7


ugrukdyrylanlygynyň esasynda özbaşdak bilim işi endikleriniň emele getirilmegine, okuwçyny jemgyýetde ýaşamaga, durmuşda öz ýoluny özbaşdak saýlap we zähmet işine başlap bilmegine taýýarlamaga gönükdirilendir.

Doly orta bilim derejesinde umumybilim edaralarynda okuw meýilnamasyna laýyklykda 11-nji synpdan okuwçylara hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamalary boýunça bilim almaklary üçin hünär ugurly okuwlar okadylyp başlanýar.

31. Doly orta bilim derejesinde (11-12-nji synplar) 11-nji synpda - 36 sagat,

  1. nji synpda 36 sagat hepdelik okuw sagatlary düşýär. Okuw sapaklarynyň dowamlylygy 45 minut.

  1. 11-12-nji synplarda bilimiň ylmy ugurlary boýunça okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça hereket eder:

  1. takyk ylymlar;

  2. tebigy bilimler;

  3. ynsanperwer-durmuş bilimleri;

  4. tebigy bilimler we takyk ylymlar.

  1. «Takyk ylymlar» ugruny saýlan orta mekdepleriň synplarynda saýlama okuwlaryň üsti bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen okuwçylarda matematika, informatika, modelirleme we grafika, informasiýa- kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, fizika, robototehnika, oýlap tapyjylyga höwesi artdyrmaly, informasion we kommunikasion tehnologiýalar boýunça nazary bilimleri hem-de amaly başamyklary kemala getirmeli.

  2. «Tebigy bilimler» ugry boýunça mugallymlar himiýa, biologiýa, ekologiýa dersleriň we saýlama okuwlaryň üsti bilen okuwçylara tebigatyň kanunlary, ekologiýanyň ähmiýeti babatda çuňňur bilimleri almaga ýardam bermeli. Bu ugurda okatmakda maglumat-tehnologiýalary ulanmak, okuwçylaryň ylmy-gözleg iş usulynda işlemek başarnyklaryny ösdürmek wajypdyr.

  3. «Ynsanperwer-durmuş bilimleri» ugry boýunça mugallymlar okuwçylarda

türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we umumadamzat gymmatlyklary barada ylmy garaýşyny kemala getirmeli. Bu ugurda taryh, dil we edebiýat,

Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti dersleriň dersara

baglanşygynyň berkligini gazanmak bilen, okuwçylaryň durmuşda ynsanperwerlik ýörelgelerini we milli hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny ýörelge

edinmeklerini gazanmaly.

  1. «Tebigy bilimler we takyk ylymlar» ugry takyk we tebigy dersleriň baglanşygyna esaslanýar. Takyk we tebigy ylmy bilimlerini özbaşdak artdyrmaga, pikirlenmäge we netije çykarmaga ukyply, fizikadan, himiýadan, biologiýadan meseleleri çözmekde matematiki usullaryny we maglumat tehnologiýalary ulanmagy başarýan, ylmy dünýägaraýşa eýe bolan şahsyýeti kemala getirmek bu ugruň baş maksady bolup durýar.

36. Umumybilim edaralarynda 11-12-nji synplarda ugurlar boýunça okuwlar Türkmenistanyň Bilim ministriniň tassyklan ugurlar boýunça okuw

meýilnamalaryna, okuwçylaryň isleglerine, olaryň ata-enesiniň ýa-da ornuny tutýan adamlaryň arzasy hem-de pedagogik geňeşiniň karary esasynda guralýar.

  1. Umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylary hünär ugurly okuwlary Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 26-njy maýyndaky 234 belgili

8


Synplar

11

12


Synplar

11

12

diktant

2

2


takyk

8/6

8/6

syn

2

2


tebigy

4/4

5/4





tebigy-takyk

6/5

6/5

düzmeler

3

3


Ynsanperwer

durmuş

5/4

5/4

Himiýa

11-nji synp

12-nji synp

laboratoriýa

işler

amaly

işler

barlag

işler

laboratoriýa

işler

amaly işler

barlag işi

3

1

2

6

7

4

Himiýa (ýöriteleşdirilen)

11-njisynp

12-nji synp

laboratoriýa

işler

amaly

işler

barlag

işler

laboratoriýa

işler

amaly işler

barlag işi

8

3

4

11

8

4

  1. Himiýa okuw dersinden ýazuw işleriň ýerine ýetirilişine baha berilende ýeke-täk orfografik düzgün berjaý edilmelidir. Barlag we amaly ýazuw işleriniň bahalaryny tutuşlygyna synp žurnalyna geçirmeli. Olary aýratyn depderde ýazmaly.

  2. Laboratoriýa işlerini iş depdere ýazmaly. Laboratoriýa işleriniň bahalaryny tutuşlygyna synp žumalyna geçirmekligiň zerurlygy ýok. 01 bahalary synp žumalynda haýsy okuwçynyň bahasy az bolsa, şol okuwçylara geçirmeklik maslahat berilýär.

Biologiýa (ýöriteleşdirilen)

Bilimiň ylym ugry

11-njisynp | 12-nji synp

tejribe işler

tebigy

10 1 12


Bilimiň

11-nji

12-nji

12-nji synp

ylmy ugry

synp

synp



tejribe işler

amaly -tejribe işler

takyk

5

5

5

tebigy

5

5

5

tebigy-takyk

5

5

5

ýnsanperwer durmuş

5

5

5

Barlag işi

4

4


Fizika (ýöriteleşdirilen)

Synplar

11-njisynp

12-nji synp

Tejribe işler

5

5

Amaly-tejribe işler


5

Barlag işi

4

4

Daşary ýurt dilinden okuwçylaryň başarnyklaryna talaplar

Synp

Okamak

Diňlemek

arkaly

düşünmek

Gürlemegiň

göwrümi

11

150

2-3 min

14-18 sözlem

12

160

2-3 min

15-20 sözlem

  1. Jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezen uçurymlary bir ýa-da birnaçe ýyldan soňra jemleýji döwlet synaglaryna gaýtadan gatnaşdyrmak üçin maý aýynda geçirilýän pedagogik geňeşde seredilmelidir. Gaýtadan jemleýji döwlet synaglaryny kanagatlanarly tabşyran uçurymlaryň bahalary pedagogik geňeşiň beýanynda görkezilmelidir. Gaýtadan tabşyrylan jemleýji döwlet synagynyň netijesiniň beýany aýratyn ýazylyp, synag topary tarapyndan resmileşdirilmelidir.

  2. Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan döwlet umumybilim edaralarynyň okuw meýilnamasynda bilimiň ylmy ugurlary görkezilendir.

  3. Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan okuw meýilnamalarynyň, okuw maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegi we maliýe- hojalyk işleriniň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmagyna umumybilim edaralaiynyň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekýärler.

10


T/

b

Okuw işine gözegçilik

Kadalar

Yerine ýetiriji

1.

Sapaklara gatnaşmak, seljerme we usuly maslahat bermek

hepde-de jemi 6-8 sapak

Mekdep ýolbaşçylary

li


2.

Synp, saýlama we gurnak okuwlaryň žumallary

aýda 1 gezek

mekdep müdiri

3.

Synp, saýlama we gurnak okuwlaryň žumallary

aýda 2 gezek

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

4.

Synp, saýlama we gurnak okuwlaryň žumallary (okuwçylaryň gatnaşygy, synp sagatlary)

aýda 1 gezek

mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary

5.

Hünär ugurly okuwlaryň guralyşy we okadylyşy

ýylda 2 gezek sentýabr, ýanwar

her çärýegiň soňky hepdesinde

mekdep müdiri

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

6.

Uzaldylan günli toparyň žurnaly

aýda 1 gezek

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

7.

Okuwçy gündelikleri

çärýekde 1 gezek

mekdep müdiriniň okuw, terbiýeçilik (okuw- terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary



hepde-de 1 gezek

synp ýolbaşçylary

8.

Okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi

her çärýegiň soňunda

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

9.

Okuwçylaryň şahsy jiltleriniň barlagy

ýylda 2 gezek; ýanwar, iýun

mekdep müdirinift okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

10.

Okuwçylaryň sanyny elipbiý kitap bilen deňeşdirmek

ýylda 2 gezek; sentýabr, ý an war

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

11.

Yyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň barlagy

çärýekde 1 gezek

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

12.

Sapak ýazgylary

günde

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

13.

Synp sagatlarynyň ýyllyk senenamalaýyn çyzgydynyň we sapak ýazgylarynyň barlagy

çärýekde 1 gezek

mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary

12


14.

Barlag, amaly, tejribe işleriniň ýerine ýetirilişiniň barlagy

çärýekde 1 gezek

mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

15.

Okuwçylaryň depderleriniň talabalaýyk ýöredilişi, barlanylyşy we bahalaryň goýluşy

ýylda iki gezek

mekdep müdiri, mekdep müdiriniň okuw (okuw- terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

16.

Umumybilim edarasynda okuwçylaryň okuw maksatnamalaryny doly özleşdirmegi üçin goşmaça okuwlaryň guralyşy

Ikinji we dördünji çärýegiň soňky hepdesinde Her çärýegiň soňky hepdesinde

mekdep müdiri

müdiriň okuw (okuw- terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

17.

Okuw meýilnamasyndaky okuw dersleriniň doly okadylyşyna gözegçilik

Her çärýegiň başynda

mekdep müdiri, müdiriň okuw (okuw- terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary


Okuwçylaryň ýetişigi boýunça çärýeklik hasabatlar

Her çärýekde

müdiriň okuw (okuw- terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary

18.

Okuwçylaryň gatnaşygyny barlamak

günde

mekdep müdiriniň terbiýeeilik işleri boýunça orunbasary

19.

Umumy mekdep ata-eneler ýygnaklaryny geçirmek

Synpda ata-eneler ýygnagyny geçirmek

ýylda iki gezek we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda

okuw ýylynyň dowamynda azyndan 4 gezek ■

mekdep müdiri, müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, synp ýolbaşçy

20.

Okuw-görkezme esbaplaryň, kompýuterleriň, multimedia, laboratoriýa, lingafon enjamalarynyň sapaklarda netijeli ulanylyşy

okuw ýylynyň dowamynda

mekdep ýolbaşçylary

  1. bap. Sapaklara gatnaşmak, seljerme we usuly maslahatlary bermek

  1. Umumybilim edarasynyň ýolbaşçylarynyň esasy wezipeleriniň biri sapaklara gatnaşmak arkaly okuw işini guramak we onuň netijelerine gözegçilik etmekdir.

  2. Yolbaşçylaryft sapaklara gatnaşmaklarynyň esasy maksady okatmagyň

13


Okuw dersi

Depderleriň sany

2-4-nji synplar

5-10-n jy synplar

11 -12-nji synplar

Ene dili

iş - 2 barlag işi -1

iş - 2 diktant-1

iş- 1 diktant - 1

Edebiýat


iş- 1 döredijilik (düzme, beýannama) - 1

iş- 1 döredijilik (düzme, beýannama) - 1

Türkmen dili (başga dilde okaýanlar üçin)

2-nji synpdan başlap: iş - 2 barlag işi -1

iş - 2 diktant - 1

iş- 1 diktant - 1

Türkmen edebiýaty


iş - 2 döredijilik - 1 düzme, beýannama (7-nji synpdan başlap)

iş- 1

döredijilik-1 (düzme, beýannama)

Daşary ýurt dili

2-nji synpdan başlap: iş - 2 barlag işi - 1 sözlük - 1

iş - 2 barlag işi -1 sözltik - 1

iş — 1

barlag işi - 1 sözlük - 1

Matematika

iş -2 barlag işi -1



Algebra


- 2 (5-6-njy synp) iş-1 (7-10-njy synp) barlag işi - 1

iş- 1 barlag işi -1

Geometriýa


iş- 1 barlag işi -1

iş- 1 barlag işi -1

Fizika


iş- 1 barlag işi - 1

- 1 barlag işi -1

14




amaly-tejribe işler - 1

amaly-tejribe işler- 1

Himiýa


iş- 1 barlag işi -1 amaly işler - 1

iş- 1 barlag işi - 1 amaly işler - 1

Biologiýa


iş- 1

iş- 1

Biologiýa

(ýöriteleşdirilen)


iş- 1 tejribe iş - 1

iş- 1 tejribe iş - 1

Hünär öwrediji dersler



iş-1, amaly iş-1

  1. Okuw meýilnamasynda görkezilen (bedenterbiýe sapagyndan başgasy) beýleki dersler boýunça diňe 1 iş depderi ýöredilmelidir.

  2. 8-10-njy synplarda zähmet gumagynda 1 sany iş depderi we amaly- tejribe işleriň gündeligi ýöredilmelidir.

IX bap. Okuwçy depderlerine bildirilýän talaplar

  1. Döwlet bilim standartyny we okuw maksatnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, orta mekdepde okuwçy depderlerini ýöretmegiň, barlamagyň hem-de aşakda görkezilen ýeke-täk talaplary berjaý edilmelidir:

  1. mekdep okuwçylary esasan 12-18 sahypaly depderlerden peýdalanmalydyrlar. Göwrümi uly bolan işleri ýerine ýetirmegi talap edýän käbir okuw derslerinden umumy (24-48 sahypa) depderleri ulanmaga diňe 8-12-nji synp okuwçylaryna rugsat berilýär;

  2. okuwçylar depderlerde ýazgylary gök syýa bilen arassa we dürs ýazmaly;

  3. synp we öý işiniň arasynda ene dilinden iki setiri, matematikadan dört öýjügi boş goýmaly;

  4. seneler, ýerine ýetirilýän işleriň gömüşleri (özbaşdak işi, gönükme, mesele, mysal we şuňa meňzeşler) setiriň ortasynda ýazylmaly.

  1. 2-12-nji synplarda matematikadan we daşary ýurt dillerinden depderlerde aýyň ady doly ýazylýar (meselem, 12-nji sentýabr). Ene dilinden 3-nji synpdan başlap, sene doly söz bilen ýazylmaly (meselem, sekizinji sentýabr). Beýleki okuw derslerinden 5-12-nji synplarda seneler gysgaldylan gömüşde ýazylyp bilner (meselem, 09.09.2024ý.). Daşary ýurt dillerinden ýöredilýän depderlerde seneler öwrenilýän dilinde ýazylyşy ýaly abzasdan ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, iňlis dilinden: Tuesday, September 24th; nemes dilinden: Der 25. September, Freitag; fransuz dilinden: Le 25 Septemre. Vendredi.

  2. 5-12-nji synplarda depderlerde sapaklaryň temasy doly ýazylmaly.

  3. Ene dilinden ýöredilýän depderlerde hökman abzas düzgüni berjaý edilmeli (sahypanyň çep tarapyndan 2 sm galdyrylmaly). Iş gömüşleriniň arasynda boş setir goýulmaly däldir.

  4. Matematikadan her ýumuşyň arasynda 2 gözenekden ybarat bolan boş öýjük goýulmaly. Mysallar, deňlemeler, aňlatmalar ýerine ýetirilende her sütüniň arasynda 3 boş öýjük goýulýar.

  5. 1-2-nji synplarda ýazuw depderleriniň daş ýüzündäki ýazgylar mugallym

15


English

Deutsch

Cahier de français

the 5—form A

Ilaman Amanov

Classe 2 A

Ilaman Amanov

Klasse 3 A

Amanov Ilaman

  1. bap. Okuwçy depderlerini barlamak

  1. 4-nji synplar:

  1. Başlangyç synplarda ene dilinden we matematikadan iş depderleri her gün barlanylýar. Barlag depderleri indiki sapaga çenli barlanylmalydyr we bu barlag depderlerinde ýalňyş üstünde iş geçirilmelidir. Beýannamalar we düzmeler iki günüň dowamynda barlanylyp, okuwçylara görkezilmelidir.

  2. Barlag işine goýlan bahalar synp žurnalyna barlag işiniň geçirilen senesine goýulmalydyr.

  3. 3-nji synplarda öwredijilik häsiýetde ýazylan beýannamanyň we düzmäniň mazmunyna, söz baýlygyna, diline we dürs ýazuwyna bir baha goýulýar. Öwredijilik häsiýetli beýannamalara we düzmelere goýlan kanagatlanarsyz baha synp žumalyna geçirilmeýär.

  4. Barlag we iş depderleri gyzyl syýa bilen barlanylýar. Barlag iş depderleri okuw ýylynyň ahyryna çenli mugallymda saklanylýar. Iş depderleri dolýança okuwçy tarapyndan ýöredilmelidir.

5-12-nji synplar:

  1. Ene dilinden we edebiýatdan okuwçy depderleri “Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V-XII synplary üçin türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça ýeke-täk talaplar we baha ölçegleri” diýen gollanma laýyklykda barlanylmalydyr.

  2. Ene dilinden we matematikadan 5-nji synplarda okuw ýylynyň dowamynda we 6-njy synplarda okuw ýylynyň 1-nji, 2-nji çärýeklerinde iş depderleri her gün barlanylýar. 6-njy synplarda 3-nji çärýekden başlap we 7-10- njy synplarda ene dilinden, algebradan we geometriýadan mugallym berlen ýumuşlaryň wajyplygyny göz öňünde tutup, okuwçylaryň depderlerini hepde-de azyndan 1 gezek barlaýar.

  1. 12-nji synplarda depderleriň barlagy aýda 1 gezekden az bolmaly däldir. 5-12-nji synplarda sapaklaryna gowşak ýetişýän okuwçylaryň depderleri her gün barlanylýar.

  1. Matematika, algebra, geometriýa, himiýa, fizika derslerinden barlag işleri, geografiýadan, taryhdan amaly işler, himiýadan, biologiýadan, fizikadan

16


laboratoriýa işleri indiki sapaga çenli barlanylmalydyr. Barlag depderlerinde ýalňyş üstünde iş geçirilmelidir.

  1. Biologiýa okuw dersinden amaly we tejribe işler iş depderine ýazylmalydyr. Himiýa dersinden laboratoriýa işleri iş depderine ýazylmalydyr. 5-8-nji synp okuwçylarynyň matematika, fizika depderlerinde mugallymlar goýberilen ýalňyşlary düzetmeli we aşagyny çyzmaly. 8-12-nji synplarda diňe ýalňyşyň aşagyny çyzyp, sahypada ýalňyşy görkezmeli.

  2. Informatika dersinden amaly we barlag işleri kompýuter arkaly ýerine ýetirilýär.

  3. Daşary ýurt dili derslerinden iş depderleri hepdede bir gezek barlanylýar.

  4. Yokarda agzalmadyk derslerden ýöredilýän okuwçy depderler mugallym tarapyndan azyndan aýda bir gezek barlanylyp gyzyl syýa bilen gol çekilmeli.

  5. 5-12-nji synplarda ene dilinden we edebiýatdan okuwçylaryň barlag- ýazuw işleri barlananda ýalňyşlaryň sany ýazuw işiniň soňunda görkezilip, baha goýulýar.

Türkmen dili we edebiýat dersinden ýazylan ähli gömüşdäki ýazuw işleriniň bahalary “Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V-XII synplary üçin türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça ýeke-täk talaplar we baha ölçegleri” diýen gollanma laýyklykda bahalandyrylmalydyr.

  1. Hünär öwrediji derslerden iş we amaly iş depderleriniň ýöredilişi aýda 1 gezek mugallym tarapyndan barlanylmalydyr (barlandy diýip bellik edilmeli).

  2. 8-10-njy synplarda zähmet gumagyndan iş depderiniň we amaly-tejribe işleriň gündeliginiň ýöredilişi gumak ýolbaşçylary tarapyndan aýda bir gezek barlanylmalydyr (barlandy diýip bellik edilmeli).

  1. bap. Okuw meýilnamalaryndaky okuw dersler

  2. Türkmenistanyň Bilim ministriniň buýrugy bilen tassyklanan okuw meýilnamalarynda görkezilen okuw dersleri aşakdaky hünär bilimli mugallymlara:

  3. “Ekologiýa” we “Tebigaty öwreniş” okuw derslerini — ýokary bilimli biologiýa, himiýa, geografiýa we ekologiýa mugallymlara;

  4. “Türkmenistanyň medeni mirasy”, “Dünýä medeniýeti” okuw derslerini - ýokary bilimli ene dili we edebiýat, taryh mugallymlara;

  5. “Ykdysadyýetiň esaslary” okuw dersini - ýokary bilimli geografiýa, taryh mugallymlara;

  6. “Özüfti alyp barmagyň medeniýeti” okuw dersini -ýokary bilimli, tejribeli mugallymlara;

  7. “Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” okuw dersini - ýokary bilimli, tejribeli, giň gözýetimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan mugallymlara;

  8. “Informatika”, “Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary”, “Modelirleme we grafika” okuw derslerini - ýokary bilimli, informatika, kompýuter sowatlylygy boýunça sertifikatlary bolan matematika, fizika hünäri bolan mugallymlara;

17


  1. “Proýektirlemegiň esaslary” okuw derslerini-surat we çyzuw, informatika hünäri bolan mugallymlara;

  2. ýokary hünär bilimli pedagoglaryň ýetmezçilik edýän ýerinde mugallymçylyk ugrundan hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçen we degişli resminama alan ykdysadyýet bilimli hünärmenlere “Ykdysadyýetiň esaslary”, medeniýet bilimli hünärmenlere ‘Türkmenistanyň medeni mirasy”, “Dünýä medeniýeti”, kompýuter tehnologiýalary boýunça ýokary bilimli hünärmenlere “Modelirleme we grafika”, “Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary”, “Proýektirlemegiň esaslary” okuw derslerini okatmaga rugsat berlip bilner.

  1. 1-4-nji synplarda “Yaşaýyş-durmuş esaslary” okuw dersini - başlangyç synp mugallymlaryna, 5-10-njy synplarda biologiýa we ýokary okuw mekdepleriniň harby taýýarlyk kafedralarynda raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlaýan okuw kurslaryny gutaranlara hem-de ýokary bilimli lukmanlara rugsat berilýär.

  2. Başlangyç synplarda “Informatikanyň esaslary” okuw dersini okatmaga kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlary geçen we degişli resminama alan başlangyç synp mugallymlaryna rugsat berilýär.

  3. Orta hünär hakynda diplomda (mugallymçylyk bilimli) 4-5-nji synplarda hem-de 5-6-njy synplarda käbir okuw derslerini okatmaga hukugynyň bardygy görkezilen başlangyç synp mugallymlary şol okuw derslerini okatmaga hukuklydyr.

  4. Umumybilim edarasynda hünär ugurly okuwlar boýunça saýlanylyp alnan hünär öwrediji dersleri orta hünär we ýokary hünär bilimli zähmet mugallymlaryna, ýokary bilimli pedagogik işgärlere, şeýle hem goşmaça pedagogik taýýarlygy boýunça okuwlary geçen we degişli resminama alan orta hünär we ýokary hünär bilimli hünärmenlere okatmaga rugsat berilýär.

  5. Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 11-nji maýynda çykaran 166 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň we hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň” Tertibiniň 38-nji bendine laýyklykda pedagogik işgäriň hünär synagynda alan hünär derejesi aşakda görkezilen onuň okadýan beýleki ugurdaş dersleri üçin hem degişlidir:

  1. taryh, jemgyýeti öwreniş, dünýä taryhy, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary;

  2. geografiýa, tebigaty öwreniş, ekologiýa;

  3. matematika, infonnatika;

  4. biologiýa-himiýa, ekologiýa, tebigaty öwreniş;

  5. fizika (astronomiýa).

  1. 2024-2025-nji okuw ýylynda umumybilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, innowasion usullary okuw işine giňden omaşdyrmagy dowam etmek, mugallymlaryň döredijilik başamyklaryny hem-de hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga, howpsuz bilim ulgamyny döretmäge, aýratyn üns berilmelidir.

18


  1. Okuwçylarda saglygyny berkitmek höwesini döretmekden, jan saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemekden we alan bilimlerini hem-de başarnyklaryny bütin ömrüniň dowamynda ulanmakdan ybarat bolmalydyr. Bu maksat bilen ähli umumybilim edaralarynda;

  1. 2-nji sapakdan soň hökmany bedenterbiýe maşklaryny girizmek;

  2. başlangyç synplaryň ähli sapaklarynyň dowamynda 2 gezekden az bolmadyk hereketli maşklary geçirmek;

  3. hepdäniň şenbe gününi sport güni diýip bellemek we şol gün sport ýaryşlar, bäsleşikler, türgenleşikler, hereketli (milli) oýunlar we beýleki görnüşli çäreler okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilmelidir.

  1. Geçirilýän nyzamlarda okuwçylara ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi yzygiderli düşündirmelidir.

  2. Sapaklaryň tertibindäki soňky sapaklarda okuwçylara yol-hereketiniň düzgünleri we howpsuz hereketler barada düşündiriş maslahatlary berilmelidir.

  1. bap. Mekdep mugallymlary we synp ýolbaşçylar tarapyndan ýöredilmeli

resminamalar we hasabatlar

  1. Mekdep mugallymlary we synp ýolbaşçylar tarapyndan aşakdaky resminamalar we hasabatlar:

Mugallymlar:

  1. synp žumaly;

  2. ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, sapak ýazgysy (gurluşy, görnüşi, mugallym tarapyndan kesgitlenilýär);

  3. özara sapaklara gatnaşyk depderi (çärýekde azyndan 2 sapaga gatnaşmaly we seljerme bermeli);

Synp ýolbaşçy:

  1. synp žumaly;

  2. synp sagadynyň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, sapak ýazgysy;

  3. ata-eneler bilen gatnaşyk depderi;

  4. ata-eneler ýygnagynyň beýany ýöredilmelidir.

  1. Her okuw otagynda okaýan synplaryň sanyna garamazdan bir sany synp burçy döredilýär hem-de ol synp ýolbaşçysy tarapyndan ýöredilýär.

  1. bap. Synp žurnalyny ýöretmek

  1. Synp žurnaly döwlet kadalaşdyryjy resminamasydyr, ol “Döwlet umumybilim edaralarynda synp žurnalyny ýöretmegiň” Düzgünnamasyna laýyklykda ýöredilmelidir.

  2. Synp žurnalyny arassa, anyk we öz wagtynda doldurmak her bir mugallymyň, synp ýolbaşçysynyň (terbiýeçiniň) borjudyr. Synp žurnalynda goýberilen ýalňyşlary özbaşdak düzetmäge mugallyma (terbiýeçä) rugsat berilmeýär. Düzedişler mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasarynyň rugsady bilen girizilýär. Yalňyş bahanyň üsti çyzylyp, dogry baha

19


goýulýar we şol sahypada okuwçylaryň sanawynyň soňky setirinde aşakdaky görnüşde ýazgy edilýär.

Mysal üçin: 14-nji belgide ýazylan Sona Merdanowanyň himiýa dersinden 3-nji çärýekde düzedilen bahasy dogry diýlip ýazylýar we orta mekdebiň müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasarynyň hem-de ýalňyşy goýberen mugallymyň gollary bilen berkidilýär.

  1. Synp žumalynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-2025-nji okuw ýyly üçin tassyklanan okuw meýilnamalarynda we sapaklaryň tertibinde görkezilen okuw dersleri hem-de synp sagatlary ýazylmalydyr.

  2. Synp žumalynda okuw meýilnamalarynda görkezilen sagatlara laýyklykda:

  1. her bir okuw dersi boýunça okuw maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi;

  2. okuw dersiniň mazmunynyň hasaba alnyşy, derslerden her bir okuwçynyň maksatnamany özleşdiriş derejesiniň suratlandyrylyşy;

  3. öý işleriniň berlişi we onuň göwrüminiň kadalygy;

  4. okuwçylaryň sapaga gatnaşygy, biliminiň netijeliligi;

  5. barlag, amaly, tejribe işlerini we gezelençleri geçirmegiň tertibiniň berjaý edilişi görkezilýär.

  1. 2-12-nji synplarda okuwçylaryň bilimine her çärýekde bahalar goýulýar we olar jemlenilýär. 1-nji synp okuwçylaryň bilimi bahalandyrylmaýar.

  2. Saýlama okuwlary üçin mekdepde iki žurnal ýöredilmeli (5-10-njy we

  1. 12-nji synplar). Saýlama okuwlarynyň žurnaly Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabryndaky 2/10481 belgili «Umumybilim berýän mekdeplerde Saýlama okuwlary guramak we geçirmek» boýunça gözükdiriji hatyna laýyklykda ýöredilmelidir.

  1. Uzaldylan günli toparyň žumaly Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2013-nji ýylyň 24-nji dekabryndaky 373 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Uzaldylan günli toparlaryň Düzgünnamasy» esasynda ýöredilýär.

  2. Orta mekdeplerde hereket edýän zähmet gurnaklarynyň topar sanyna garamazdan bir sany synp žurnaly ýöredilmelidir.

  1. bap. Saýlama okuwlaryň, uzaldylan günli toparyň, zähmet

gurnaklaryň guralyşy

  1. Saýlama okuwlary (Ugurly ders okuwlary, taslama işi, döredijilik işi) her toparda 7 okuwçydan az bolmadyk okuwçylardan düzülip bilner.

  2. Ugurly ders we Taslama işi okuwlarynda okuwçylaryň bilim derejesi 5 bal baha bilen bahalandyrylmalydyr, çärýeklik we jemleýji bahalar goýulmalydyr.

  3. Saýlama okuwlaryň döredijilik işi görnüşi boýunça okuwçylara bahalar goýulmaýar. Döredijilik işi gömüşi boýunça okuwlara gatnaýan okuwçylar hasabat konserti, sergiler, tanyşdyryşlar we beýleki hasabat çäreleri bilen okuw ýylyny tamamlaýarlar.

  4. Uzaldylan günli toparlaryň dolulygy 25 okuwçydan az bolmaly däldir. Toparlaryň düzümi bir synpyň okuwçylaryndan, bir ugurdaş synplaryň okuwçylaryndan, bilimiň başlangyç basgançagynyň (1-4 synp) okuwçylaryndan

20


düzülip bilner. Uzaldylan günli toparyň işi tassyklanan gün tertibine we terbiýeçiniň iş meýilnamasyna laýyklykda 5 günlük iş hepdesine laýyklykda guralýar.

  1. Mekdepde zähmet gurnaklary üçin toparlar bir synpyň, bir ugurdaş synplaryň hem-de 8-10-njy synp okuwçylaryndan düzülip bilner, topardaky okuwçylaryň sany hereket edýän kadalara laýyklykda 15 okuwçydan az bolmaly däldir.

  2. Gumak ýolbaşçysynyň işiniň möçberi Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2018-nji ýylyň 12-nji noýabryndaky 257 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Bilim edaralarynyň işgärleriniň zähmet hakyny hasaplamagyň tertibi hakynda usuly Görkezmesiniň» 5-nji bölümine laýyklykda hepde-de 30 sagat kesgitlenilýär.

  3. Zähmet gurnaklaryna okuwçylary kabul etmek işi 5-nji sentýabra çenli amala aşyrylmalydyr.

  4. Bir iş birliginde işleýän zähmet gurnaklarda 4 sany topar açylmaly. Toparlaryň her birinde hepdede 7,5 sagat okuw gurnalmaly. Gurnak okuwlary her toparda hepde-de üç günde 2,5 sagatdan geçilmeli.

  5. 0,5 iş birliginde işleýän gumakda hepdelik okuw ýüki 15 sagat bolup, bu iş birliginde 2 topar açylmaly. Açylan iki toparyň her birinde hepdede 7,5 sagat okuw gumalmaly. Gurnak okuwlary her toparda hepdede üç günde 2,5 sagatdan geçilmeli.

  6. 0,25 iş birliginde işleýän gumakda hepdelik okuw ýüki 7,5 sagat bolup, bu iş birliginde 1 topar açylmaly. Bir toparda hepdede 7,5 sagat okuw gurnalmaly. Zähmet gurnak okuwlary hepdede uç günde 2,5 sagatdan geçilmeli. 0,25 iş birliginde işleýän gumak toparynda oglanlar hem-de gyzlar bölünen ýagdaýynda gumak okuwlary bir hepdede gyzlar, bir hepdede bolsa, oglanlar bilen geçirilmeli.

  7. Zähmet gumaklarynyň okuwlarynyň tertibi 1-nji sentýabra çenli esasy okuw sapaklarynyň tertibiniň ýanynda (esasly sebäplere görä sapaklaryň tertibini wagtlaýyn üýtgetmeli bolan ýagdaýynda, gurnaklaryň tertibine üýtgeşme girizilip, täzeden tassyklanylýar) ýerleşdirilmelidir.

r

  1. bap. Yýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna we sapak ýazgylaryň

taýýarlanyşyna gözegçilik

109. Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 53 belgili buýmgy bilen tassyklanan «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdirijiniň» talaplaryna laýyklykda ýyllyk senenamalaýyn okyw çyzgydy düzülmelidir we sapak ýazgylar ýazylmalydyr.

21


1

2

3

4

5

6

7

T/b

Sapak-

laryň

temasy

Sagat

sany

Senesi

Sapagyň görnüşi (seret IV bap)

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy, laboratoriýa, sport enjamlar, aýdym-saz vve zähmet gurallar we paýlama maglumatlar (barlagnama. reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç) hem-de goşmaça maglumatlar (edebiýatlar) anyk görkezilmelidir.

Bellik

  1. 7-nji “Bellik” diýlen sütünde geçilmeli temalaryň meýilnamalaşdyrylan möhleti ýa-da temalary geçmek üçin meýilnamalaşdyrylan sagat sanlary käbir sebäplere görä üýtgände sebäpler we berlen sagat sanlary, geçilen hakyky möhletleri görkezilmelidir.

  2. Geçen okuw ýyly üçin düzülen ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny täze okuw ýylynda ulanylmaga rugsat berilmeýär. Yyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy mugallym tarapyndan okuw ýyly tamamlanýança saklanylmalydyr.

  3. Sapak ýazgylary her bir geçilmeli sapak üçin aýratyn ýazylmalydyr, eger mugallym ugurdaş synplarda şol bir temany geçýän bolsa, onda ugurdaş synplar üçin bir sapak ýazgysy ýazylmalydyr.

  4. Sapak ýazgysy her bir mugallymyň şahsy iş resminamasy bolup, ony başga adamlara ýazdyrmaga ýa-da beýleki mugallymlaryň ulanmagy üçin ýaýratmaga rugsat edilmeýär. Sapak ýazgysynyň elektron nusgasyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan görnüşinde ýöretmäge rugsat berilýär.

  5. Orta mekdepde okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, içki gözegçiligi güýçlendirmek, mugallymlaryň ýazan sapak ýazgylaryny talabalaýyk seljermek maksady bilen okuw sapaklaryndan bir gün öň (mugallym dürli esasly sebäplere görä, meselem: bäsleşige, iş saparyna, okuwlara, zähmet rugsadyna, maslahatlarda, teleradioýaýlymlarda çykyş etmek üçin giden, bäsleşige emin agza bolup gatnaşan ýa-da ýarawsyzlyk hatynda bolan we ş. m. ýagdaýlarda mugallymlaryň sapak ýazgysyna şol gün gol çekmäge rugsat berilýär) mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary tarapyndan degişli bellikler edilip, barlanylyp, her sapak ýazga aýratynlykda gol çekilýär.

  1. bap. Okuwçy gündeliginiň ýöredilişi

  1. Okuwçy gündeligi okuwçy üçin onuň okaýan mekdebine degişliligini tassyklaýan esasy mekdep resminamasynyň biridir. Gündelik ähli gömüşdäki orta mekdepleriň 1-12-nji synplarynyň okuwçylary tarapyndan hökmany gömüşde ýöredilmelidir. Gündelik ata-enelere mekdebiň ýolbaşçy düzümi, şol synpy okadýan mugallymlar, hepdedäki sapaklaryň tertibi, arakesme wagty, saýlama okuwlarynyň, gumaklaryň tertibi, öý ýumuşlary, okuwçynyň ýetişigi we ol baradaky bellikler, okuwçynyň tertibi, goýberen we gijä galan sapaklary, gazanýan

22


üstünlikleri baradaky maglumatlary bermek üçin niýetlenendir. Gündeligiň bellenen ýerinde okuwçynyň suratyny ýerleşmek maslahat berilýär.

  1. Okuwçy gündeligi okuwçy tarapyndan arassa, düşnükli we sowatly gök syýa bilen wagtly-wagtynda doldurylmalydyr. Gündeligiň başyndaky üç sahypa 5- nji sentýabra çenli doldurylyp, bu sahypalarda okuwçy, okuw derslerini okadýan mugallymlar, sapaklaryň tertibi ýazylýar. Okuwçy özbaşdak iş üçin her günki berilýän öý işlerini ýumuşlaryň ýerine ýetirilmeli gününe ýazmalydyr.

  2. Mugallym synp žumalyna goýan bahalaryny okuwçynyň gündeligine hökman geçirmelidir. Bahalar mugallym tarapyndan gündelige gyzyl syýa bilen goýlup, mugallymyň goly bilen berkidilmelidir. Okuw derslerini okadýan mugallymlara (ene dilinden ýazuw işlerine talap edilýän baha ölçeginden başgalara) okuwçynyň gündeligine goşalandyryp baha goýmaga rugsat berilmeýär. Mugallymyň gündelige ýazýan ähli bellikleri, ýazgylary gyzyl syýa bilen sowatly, düşnükli, gysga ýazylmalydyr.

  3. 1-12-nji synplaryň synp ýolbaşçylary tarapyndan gündelikler hepdede bir gezek barlanylmalydyr. Synp ýolbaşçysy gündelik arkaly okuwçylaryň ata-eneleri bilen aragatnaşyk saklanylmagyna aýratyn gözegçilik etmelidir. Ata-eneler her hepdede gündelige gök syýa bilen gol çekmelidir. Synp ýolbaşçy gündeligiň degişli sahypasyna çärýeklik bahalary geçirmelidir we okuwçynyň goýberen sagatlaryny görkezip, gyzyl syýa bilen gol çekmelidir. Ata-ene hem öz gezeginde çagasynyň bahalary bilen tanşyp, gol çekmelidir.

  4. Mekdep müdiriniň okuw, tebiýeçilik (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary okuwçynyň gündeligini her çärýekde barlap, ýöredilişine gözegçilik etmelidir.

  5. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi okuwçy gündelikleri tassyklanan resminama laýyklykda elektron görnüşde hem ýöredilip bilner.

  1. bap. Okuwçy gündeligine we öý işlerine bildirilýän talaplar

  1. Okuwçylara okuw ýüküniň aşa agram salmagynyň öňüni almak maksady bilen, mugallym okuwça öýe tabşyrýan ýumşunyň möçberine berk gözegçilik etmelidir. Mugallym sapakda öý işiniň mazmunyny, tertibini we ýerine ýetiriliş usullaryny okuwçylara düşündirmäge borçludyr.

  2. Çylşyrymly häsiýetli ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmek diňe isleg bildiren okuwçylara hödürlenip bilner. Öý işleriniň göwrümini her bir mugallym, sanitar kadalaryna laýyklykda, okuwçylara ähli derslerden berilýän öý işleriniň göwrümini göz öňünde tutup we okuwçylaryň öý işlerini ýerine ýetirip bilmek mümkinçiliklerini hasaba alyp hödürlemelidir.

  3. Şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, çeperçilik we durmuş zähmeti, ýaşaýyş-durmuş esaslary, informatika, bedenterbiýe derslerinden öý işlerini beýleki dersler bilen baglanyşyklylykda tabşyrmak maslahat berilýär.

  4. Baýramçylyk we dynç alyş günlerinde (umumy ösüş üçin çeper, goşmaça edebiýat okamakdan we taslama işinden başga);

  5. Barlag işleri geçirilenden soňra; Geçilenleri gaýtalamak (sahypasyny görkezmek bilen).

23


  1. Birinji synp okuwçylaryna (III çärýekden başlap ene dili dersi boýunça 20 minutda ýerine ýetirip boljak göwrümde ýumuş berilmelidir).

  2. Öý işini ýerine ýetirmegiň wagty 2-nji synpda 50 minuda çenli, 3-4-nji synplarda 70 minuda çenli, 5-6-njy synplarda 90 minuda çenli, 7-10-njy synplarda 110 minuda çenli bolmalydyr, 11-12-nji synplarda 130 minutdan geçmeli däldir.

  3. Oý işlerini ýerine ýetirmek işini guramakda mekdep mugallymlaryna:

  1. öý işleri barada sapak döwründe, arakesmeden öň okuwçylary habarly etmek we gündelige ýazdyrmak;

  2. öý işiniň mazmuny boýunça düşündiriş işlerini geçirmek;

  3. okuwçylara iň az göwrümli (hökmany ýerine ýetirilmeli işler) we iň köp göwrümli (meýletin ýerine ýetirilmeli işler) ýumuşlary utgaşdyryp hödürlemek;

  4. sapakda öý işleriniň derňewini, ýalňyşlar üstünde işi geçirmek maslahat berilýär.

  1. bap. Okuwçylary umumybilim edaralaryna kabul etmegiň we olar

bilen okuwlary guramaklygyň talaplar

  1. Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda çykaran 322 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Çagalary döwlet umumybilim edaralaryna kabul etmegiň» hem-de 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda 388 belgili buýruk bilen tassyklanan «Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalaryny mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmegiň Tertipleriniň», şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky 406 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Yurdumyzyň çäginde hereket edýän bilelikdäki we başga pudaklara degişli, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edaralarynda hem-de bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralarda okap gelen okuwçylary umumybilim edaralaryna kabul etmek barada Gözükdirij iniň» talaplary esasynda çagalar döwlet umumy bilim edaralarynyň kuwwatlylygyna we synplaryň dolulygyna laýyklykda okuw ýylynyň dowamynda okuwa kabul edilmelidir. Yöriteleşdirilen orta mekdepler tassyklanan Tertipnamalaryna laýyklykda okuwçylary kabul edýärler.

  2. Umumybilim edarasyndan gidýän we gelýän okuwçylaryň ata-enelerine ýa-da olaryň omuny tutýan adamlara umumybilim edarasyna gelendigi we ondan gidendigi barada berilen ýazmaça resmi resminama esasynda, şeýle-de Türkmenistanyň çäginden göçüp we iş sapary bilen gidýän ata-eneleriň arzasy we okuwçylaryň atlary görkezilen petekleriň esasynda olaryň şahsy jiltleri berilýär.

  1. bap. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda terbiýeçilik işi

  1. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda geçirilýän terbiýeçilik işi:

  1. okuwçylary türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemekden;

  2. okuwçylarda watansöýüjilik, ahlaklylyk, hoşniýetlilik, akgöwünlilik, dostluk, agzybirlik, ululary sylamak, kiçilere hormat goýmak häsiýetleri kämilleşdirmek ugrunda iş alyp barmakdan;

24


  1. mekdeplerde geçirilýän irki nyzamlarda okuwçylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmekden;

  2. okuwçylary sporta we bedenterbiýä çekmekden;

  3. ata-eneler ýa-da olaryň omuny tutyan adamlar çagalarynyň terbiýelenmegi, olaryň bilim almagy üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmakdan;

  4. uçurumlarda ruhy we beden taýdan sagdyn, işjeň we ynamly, durmuşa taýýar, başarnykly, geljegini meýilnamalaşdyrmagy başarýan, bilim almak bilen bir hatarda hünär bilimi bermek bilen şahsyýeti kemala getirmekden ybarat bolmalydyr.

25