СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Soňky sapak ýazgy

Категория: Прочее

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Soňky sapak ýazgy»

Türkmenistanyň Bilim ministriniň

2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran

53 belgili buýrugy bilen tassyklanan

Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdiriji


I bap. Umumy düzgünler


1. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi), “Döwlet umumybilim edaralary hakynda” Düzgünnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, umumybilim edaralarynyň (mundan beýläk-orta mekdep) ýolbaşçylarynyň okuw işine içki gözegçiligi, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, mugallymlaryň okuw derslerini talaba laýyk okatmaklaryny, sapaklara taýýarlykly gelmeklerini gazanmak, usuly kömek bermek, olaryň iş resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmak hem-de bilim işiniň guralyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, şu Gözükdiriji taýýarlanyldy.

2. Umumybilim edarasynda bilim işiniň guralyşy okuw meýilnamasy, dersler boýunça okuw maksatnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.


II bap. Okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine bildirilýän talaplar we usuly maslahatlar


3.Orta mekdeplerde okuw sapaklarynyň tertibini düzmeklik mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasarynyň esasy wezipe borçlarynyň biri bolup durýar. Okuw sapaklarynyň tertibini düzmeklik örän ähmiýetli, jogapkärli we köp zähmeti talap edýän işdir. Mekdepde alnyp barylýan bilim işiniň netijeliligi köp babatda ýokary hilli düzülen sapaklaryň tertibine baglydyr. Oýlanyşykly düzülen sapaklaryň tertibi mekdep durmuşyny, mugallymlaryň zähmetini we okuwçylaryň dynç alyşlaryny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Sapaklaryň tertibi düzülende psihologiýanyň we pedagogikanyň hem-de gigiýenanyň talaplary göz öňünde tutulmalydyr. Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary, okuw dersleriniň çylşyrymlylygy, başlangyç we gutardyş synplarda bilim işiniň kynçylygy nazara alnyp, synplaryň okadylyşy tapgyrlar boýunça dogry bölünmelidir. Okuw ýylynyň, hepdäniň we iş gününiň dowamynda mugallymlaryň, okuwçylaryň işjeňligini ýokary derejede saklamaklyk örän möhümdir. Okuw sapaklarynyň tertibi bilim işiniň, mugallymlaryň işleriniň netijeliligini, okuwçylaryň bilimleriniň hilini ýokarlandyrmaga kömek etmelidir.

4. Okuw sapaklarynyň tertibi mekdep müdiriniň okuw işleri (okuw-terbiýeçilik işleri) boýunça orunbasary tarapyndan düzülip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen ylalaşylýar, pedagogik geňeşde makullanylýar, soňra orta mekdebiň müdiri tarapyndan tassyklanylyp, 1-nji sentýabra çenli däliziň ugrunda görnükli ýerde asylyp goýulýar (esasly sebäplere görä sapaklaryň tertibini wagtlaýyn üýtgetmeli bolan ýagdaýynda, sapaklaryň wagtlaýyn tertibi düzülip, tassyklanylýar).

5. Durmuş zähmeti sapagy boýunça zähmet gurnak hem-de saýlama okuwlarynyň tertibi aýratyn ýokardaky tertipde düzülip, tassyklanylýar we esasy okuw sapaklarynyň tertibiniň ýanynda ýerleşdirilýär.

6. Okuw sapaklarynyň tertibi düzülende algebra we başlangyçlaryň analizi we geometriýa, türkmen dili we edebiýat derslerini bir gündäki sapaklaryň tertibine goşalandyryp goýmaklyga rugsat edilýär, beýleki okuw derslerinden sapaklary goşalandyrmaga ýol berilmeýär.

7. Synp sagatlary esasy okuw sapaklarynyň tertibinden soň goýulmalydyr we bu sagatlary ähli synplarda hepdäniň şol bir gününe goýmaklyk maslahat berilmeýär.

8.Sapaklaryň tertibi düzülende, okuwçylaryň köp pikirlenmegini talap edýän matematika, fizika, himiýa derslerini ilkinji sagatlara goýmaklyk maslahat berilýär. Ene dili, matematika derslerinden ýazuw-barlag işlerini soňky sagatlarda geçirmeklik oňyn netijäni bermeýär.

9. Okuw sapaklarynyň tertibi düzülende, hepdelik okuw ýüküniň möçberiniň günler boýunça gyradeň bölünmegine üns berilmelidir.

  1. Mekdep müdirinde, onuň okuw we terbiýeçilik (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasarlarynda mugallymlaryň okadýan her bir synpyndaky hepdelik iş ýüküniň möçberi hem-de synplardaky sagatlarynyň hepdäniň günlerine bölünen tertibi hökman bolmalydyr.


Mysal üçin:

T/b

Mugallymlaryň ady we atasynyň ady, okadýan dersi

Okadýan synplary we her synpdaky hepdelik sagat sany

Hepdäniň günleri

Duşenbe

Sagatlar

1

2

3

4

5

6

1

Merdanow Myrat

Himiýa

VIII”A”, VIII “B”, VIII”Ç”, Х”A”, Х”B”, Х”Ç”


Jemi-18 sagat

VIII”A”

VIII”B”

VIII”Ç”

Х

”A”

Х

”B”

Х

”Ç”

Şeýle düzülen sapaklaryň tertibinde her bir mu

gallymyň her gün, islendik okuw sagadynda, haýsy synpda sapak geçýändigini anyk görüp bolýar we sapaklaryň gidişini gözegçilikde saklamakda mekdep ýolbaşçylaryna ýeňillik döredýär.


III bap. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda mugallymlar tarapyndan taýýarlanylýan ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar we usuly maslahatlar


11. Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy okuw dersi boýunça okuw ýylyna taýýarlyk döwründe hereket edýän okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylýan ders mugallymynyň möhüm resminamalarynyň biridir.

12. Mugallym okuw meýilnamasynda okuw derslerini okatmaga berlen okuw sagatlarynyň çäginden çykmazdan, okadýan synpynyň aýratynlyklaryny we okuwçylaryň başarnyklaryny göz öňünde tutup, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna üýtgeşme girizmäge hukugy bardyr.

13. Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy azyndan iki çärýeklik ýazylmalydyr. Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy ilki degişli okuw dersi boýunça usuly birleşmäniň ýolbaşçysy (eger mugallym usuly birleşmäniň ýolbaşçysy bolsa, onda müdiriň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary bilen ylalaşyp gol çekmeli), soňra müdiriň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary tarapyndan gol çekilip, mekdebiň möhri bilen tassyklanylmalydyr. 14.Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny ýazmagyň mysaly nusgasyny hödürleýäris: (1-nji goşundy)


1

2

3

4

5

6

7

T/b

Sapak-laryň temasy

Sagat sany

Senesi

Sapagyň görnüşi

(seret IV bap)

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy, laboratoriýa, sport enjamlar, aýdym-saz we zähmet gurallar we paýlama maglumatlar (barlagnama, reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç)

hem-de goşmaça maglumatlar (edebiýatlar) anyk görkezilmelidir.

Bellik

1.

Üçburçluk we onuň perimetri

1

18.02.

2022 ý.

Täze maglumat-lary öwretmek sapagy

Kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç



7-nji “Bellik” diýlen sütünde geçilmeli temalaryň meýilnamalaşdyrylan möhleti ýa-da temalary geçmek üçin meýilnamalaşdyrylan sagat sanlary käbir sebäplere görä üýtgände sebäpler we berlen sagat sanlary, geçilen hakyky möhletleri görkezilmelidir.

15. Geçen okuw ýyly üçin düzülen ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny täze okuw ýylynda ulanylmaga rugsat berilmeýär. Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy mugallym tarapyndan okuw ýyly tamamlanýança saklanylmalydyr.

16.Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna laýyklykda alynmaly ýazuw-barlag işleri (amaly we tejribe işler) çärýekleriň tamamlanmagyna azyndan iki sapak galanda geçirilmelidir we olaryň netijesi okuwçylara çärýek jemlenmänkä yglan edilmelidir.


17.Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň daşlygyny aşakda görkezilen nusga boýunça ýazmaly


“Tassyklaýaryn”

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp

öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň

müdiri _____gol we möhür_______F.A

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp

öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň

himiýa mugallymy Sona Merdanowanyň

2022-2023-nji okuw ýylynda VIII “A”, “B” synplarda himiýa dersinden geçjek sapaklarynyň ýyllyk senanamalaýyn okuw çyzgydy

Şu ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylda tassyklanan umumybilim berýän orta mekdepleriň VIII – ХII synplary üçin himiýa dersi boýunça okuw maksatnamasy esasynda taýýarlanyldy.

Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň soňky sahypasynda şu aşakdaky ýazgylar ýazylmaly:

Taýýarlan mugallym:____goly______F.A

“Ylalaşýaryn”

Usuly birleşmäniň ýolbaşçysy:___goly____F.A

“Ylaşýaryn”

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp

öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň

müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary

____goly____F.A

IV bap. Sapagyň görnüşleri we olar boýunça sapak ýazgylaryny taýýarlamak hem-de sapaklary geçirmek boýunça usuly maslahatlar


18. Okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sapaklaryň okadylyşyna aýratyn üns berilmelidir. Häzirki zaman döwrebap sapagy mugallymdan döredijilikli işlemegi talap edýär. Ilkinji nobatda sapaga oňat taýýarlyk görmeli. Mugallym sapagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň işjeňligini gazanmaly. Geçilýän temany giňişleýin beýan etmeli, ony durmuş bilen baglanyşdyryp, okuwçyny şol tema gyzyklandyrmaly. Sapakda täze tehnologiýalary we okatmagyň häzirki zaman usullaryny netijeli ulanmagy başarmaly. Şeýle hem mugallymlar okuw sapaklarynda geçilýän temany ylmyň häzirki gazananlary bilen utgaşykly alyp gitmek maksady bilen internet web saýtlarynyň salgysyny sapak ýazgysyna girizmeli.

19. Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy boýunça, okuw sapaklarynyň tertibine laýyklykda mugallymyň her günki okadýan sapagyna taýýarlykly gelmegi, ýagny sapak ýazgylarynyň talabalaýyk ýazylmagy, mugallymyň şol günki sapakdaky üstünliginiň ilkinji görkezijisidir. Mugallymyň üstünligi onuň geçilýän temanyň mazmunyny okuwçylara düşündirip bilmek başarnygyna, onuň hünär ussatlygyna, usuly taýdan taýýarlygyna baglydyr.

20. Sapak ýazgylary her bir geçilmeli sapak üçin aýratyn ýazylmalydyr, eger mugallym ugurdaş synplarda şol bir temany geçýän bolsa, onda ugurdaş synplar üçin bir sapak ýazgysy ýazylmalydyr.

21. Sapak ýazgysy her bir mugallymyň şahsy iş resminamasy bolup, ony başga adamlara ýazdyrmaga ýa-da beýleki mugallymlaryň ulanmagy üçin ýaýratmaga rugsat edilmeýär. Sapak ýazgysynyň elektron nusgasyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan görnüşinde ýöretmäge rugsat berilýär.

22. Sapak ýazgysynyň ýazylyş tertibi saklanylýar, ýöne her bir mugallym temanyň möçberine, sapagyň görnüşine laýyklykda sapaga berilýän wagtdan (45 minut (1-nji synpda 35 minut)) çykmazdan bu tertibi üýtgedip biler. Mysal üçin: täze temany düşündirmekligi ilkinji başlap, soňra temany berkidip, ondan soňra geçilenleri sorap, okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak we ş.m. Sapagyň dowamynda onuň bölümleriniň nähili yzygiderlikde alnyp barylýandygyna garamazdan olaryň özara sazlaşygy saklanylmalydyr. Bu her bir ders mugallymynyň öz ussatlyk derejesine baglydyr.

23. Sapak ýazgysynyň öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak, geçilen temany jemlemek, täze temany düşündirmek, täze temany berkitmek, öý işini tabşyrmak, sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak bölümlerinde şol günki sapagyň düýp mazmuny, özeni şöhlelenmelidir. Sapak ýazgysy düşnükli ýazylan bolmalydyr.

24. Sapak ýazgysynda görkezilýän we sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy we ş.m.) we paýlama maglumatlar (reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç we ş.m.), laboratoriýa, sport enjamlar, aýdym-saz we zähmet gurallar we hem-de goşmaça maglumatlar (edebiýatlar we web saýtlaryň salgylary) anyk görkezilmelidir.

Mysal üçin “Bilim” žurnaly 2022ý, 1-nji sany, “Nesil” gazeti 2022 ý., 29-njy sany, “Güneş” žurnaly 2022 ý., 3-nji sany., https://www.kitaphana.net/

25. Umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan dersler boýunça guralýan sapaklar okatmagyň maksatlaryna, okuwçylaryň akyl ýetiriş işiniň guralyşyna baglylykda aşakdaky görnüşlere bölünýärler.

1.Sapaklaryň görnüşleri:

  1. Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

  2. Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy.

  3. Gaýtalamak sapagy.

  4. Bilimleri barlamak we bahalandyrmak sapagy.

  5. Bäsleşik sapagy.

  6. Leksiýa sapagy.

  7. Garyşyk sapak we ş.m.

2.Sapak ýazgysynyň gurluşynyň esasy bölümleri:

  1. dersiň ady, sapagyň geçirilýän synpy, geçirilýän Senesi;

  2. sapagyň temasy;

  3. sapagyň maksady;

  4. sapagyň görnüşi;

  5. sapak ýazgysynda görkezilýän we sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy we ş.m.) we paýlama maglumatlar (reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç we ş.m.), laboratotiýa, sport enjamlar, aýdym-saz we zähmet gurallar hem-de goşmaça maglumatlar (edebiýatlar we web saýtlaryň salgylary);

  6. sapagyň gidişi.

3.Sapagyň gidişi bölümi aşakdaky döwürleri öz içine alýar:

  1. sapagyň guramaçylyk döwri;

  2. öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak;

  3. geçilen temany jemlemek;

  4. täze temany düşündirmek;

  5. täze temany berkitmek;

  6. öý işini tabşyrmak;

  7. sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak;

26. Orta mekdepde okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, içki gözegçiligi güýçlendirmek, mugallymlaryň ýazan sapak ýazgylaryny talabalaýyk seljermek maksady bilen okuw sapaklaryndan bir gün öň (mugallym dürli esasly sebäplere görä, meselem: bäsleşige, iş saparyna, okuwlara, zähmet rugsadyna, maslahatlarda, teleradioýaýlymlarda çykyş etmek üçin giden, bäsleşige emin agza bolup gatnaşan ýa-da ýarawsyzlyk hatynda bolan we ş. m. ýagdaýlarda mugallymlaryň sapak ýazgysyna şol gün gol çekmäge rugsat berilýär) mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary tarapyndan degişli bellikler edilip, barlanylyp gol çekilýär.

27. Mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary mugallymlaryň sapak ýazgylaryna şu aşakdaky bellikleri etmelidirler:

- usuly Gözükdiriji esasynda talabalaýyk ýazylypdyr;

- sapak ýazgy gysga ýazylypdyr;

- sapak ýazgyda täze temany berkitmek bölüminde anyk soraglar, ýumuşlar goýulmandyr;

- sapak ýazgyda sapagyň görnüşi dogry kesgitlenmändir ýa-da sapak ýazgy sapagyň görnüşi esasynda ýazylmandyr;

- sapak ýazgynyň sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler we paýlama maglumatlar, enjamlar we gurallar, hem-de goşmaça maglumatlar bölümi talabalaýyk ýazylmandyr;

- sapak ýazgyda öý işini tabşyrmak bölüminde anyk ýumuşlar görkezilmändir;

- sapak ýazgyda geçilen temany jemlemek bölümi ýazylmandyr ýa-da ünsden düşürilipdir;

- sapak ýazgyda täze temany düşündirmek bölümi tema bilen gabat gelmeýär we
şuňa meňzeşler.

28. Mugallymlaryň sapak ýazgylarynda edilen bellikleriň wagtynda düzedilişi mekdep ýolbaşçylary tarapyndan gözegçilikde saklanylmalydyr. Şeýle gözegçilik mugallymlaryň jogapkärçiligini artdyrýar hem-de olaryň usuly taýdan kämilleşmegine ýardam berýär. Ugurdaş synplary okadýan mugallymyň sapak ýazgysy bellik edilip gol çekilenden soňra onuň synplarynyň dürli günlerde okaýandygyna garamazdan şol sapak ýazgy ugurdaş synpyň hemmesi üçin degişlidir (meselem: V”A” 15.02.2022ý., V “C” 18.02.2022ý.)

29. Sapak ýazgylary bir okuw ýylynyň dowamynda mugallymlaryň özlerinde, goýberilen we ýerine okadylan sapaklaryň ýazgysy okuw ýylynyň ahyryna çenli, öýde okadylýan okuwlaryň sapak ýazgysy bäş ýyl müdiriň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasarda saklanylmalydyr. Goýberilen we ýerine okadylan sapaklaryň şeýle hem öýde okadylýan okuwyň sapak ýazgysy aýratyn ýazylmalydyr.


V bap. Sapaklaryň görnüşleri boýunça düşündirişler we sapaklaryň nusgalary


Sapak ýazgysynyň hereket edýän gurluşy:


Dersiň ady:, sapagyň geçirilýän synpy, geçirilýän Senesi

Sapagyň temasy:

Sapagyň bilim berijilik we terbiýeçilik maksady.

Sapagyň görnüşi (täze maglumatlary öwretmek, bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek, gaýtalamak, bilimleri barlamak we bahalandyrmak, bäsleşik, leksiýa, garyşyk sapak we ş.m.)

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy we ş.m.) we paýlama maglumatlar (reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç we ş.m.), laboratoriýa, sport enjamlary, aýdym-saz we zähmet gurallar we hem-de goşmaça maglumatlar (edebiýatlar we web saýtlaryň salgylary) anyk görkezilmelidir (bu ýerde okuw kitaby ýa-da iş, ýazuw-barlag, amaly-tejribe, sözlük, öwrediji depderleri görkezme esbap hökmünde görkezilmeli däldir).

Sapagyň gidişi:

Sapagyň guramaçylyk dowri: (sapagyň guramaçylyk döwrüne 2-3 minut sarp edilýär. Bu döwürde mugallym okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny barlap, synp žurnalyna degişli bellik etmeli, okuwçylaryň okuw esbaplary bilen üpjünçiligini, sapaga taýýarlygyny gazanmaly, synp tagtasynda geçiljek temanyň adyny ýazmaly).

Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamaký işini soramagyň maksady okuwçylaryň geçilen sapak boýunça bilimlerini ýüze çykarmakdan, okuw maglumatlarynyň özleşdirilişini kesgitlemekden ybaratdyr. Sapagyň bu döwründe okuwçylaryň öňünde geçilen tema boýunça anyk sowallar goýulmalydyr. Okuwçylara gürrüň berdirmek, synp tagtasynda suratlaryň üstünde, barlagnama boýunça işlemek, sorag-jogap alyşmak ýaly işler geçirilýär. Mugallym sapagyň öý işini soramak döwrüni dürliçe gurap biler. Okuwçylaryň öý işini barlamak sapagyň umumy wagtynyň 10 minudyndan köp bolmaly däldir.

Geçilen temany jemlemek (bu ýerde mugallym geçilen tema boýunça esasy düşünjeleri gaýtalap berkitmeli we täze temany düşündirmeklige sazlaşykly geçmelidir).

Täze temany düşündirmek (sapagyň bu döwrüne onuň umumy wagtynyň iň köp bölegi – 20-25 minut we ondan hem köp wagt berilýär. Okuw kitaby boýunça täze temany düşündirmegiň meýilnamasy düzülmelidir. Döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda temany öwrenmek bilen okuwçylaryň nämäni bilmelidigi we nämäni başarmalydygy görkezilmelidir. Temany düşündirmegiň meýilnamasynyň interaktiw ýa-da adaty synp tagtasynda ýazylyp goýulmagy mugallymyň temany yzygiderlilikde düşündirmegine, we indiki sapakda şol tertipde geçilen tema boýunça okuwçylaryň bilim derejelerini barlamaga, sapagyň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.Tema düşündirilende okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, sanly serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan, enjamlardan we gurallardan netijeli peýdalanylmalydyr).

Täze temany berkitmek (mugallym, köplenç ýagdaýlarda geçilen temany berkitmek üçin temanyň düýpli düşünjeleri we soraglary boýunça okuwçylara birnäçe sowallary, ýumuşlary berýär. Okuwçylaryň jogaplary olaryň täze temany nähili derejede özleşdirendiklerini ýüze çykarmaga kömek edýär).

Öý işini tabşyrmak (sapagyň bu döwründe mugallym geçilen tema boýunça okuwçylara öýde özbaşdak ýerine ýetirmek üçin anyk ýumuşlary tabşyrýar. Öýe iş berlende täze maglumaty özleşdirmekde zerur düşünjeleri gaýtalamak göz öňünde tutulmalydyr. Synpyň okuwçylarynyň köpüsi üçin öýe berlen ýumuşlaryň güýçýeterli bolmagy iň zerur talaplaryň biri bolup durýar. Okuwçylara öýe berlen ýumşy ýerine ýetirmek boýunça zerur bolan görkezmeler we maslahatlar berilmelidir).

Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak (bu döwürde mugallym sapagy jemleýär, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, bahalandyrylýar, bahalar okuwçylaryň gündeliklerine, synp žurnalyna goýulýar).

Täze maglumatlary öwretmek sapagynyň mysaly sapak ýazgysy, usuly maslahatlar

Dersi: Matematika. Synpy: V “A”. Senesi: 18.02.2022 ý.

Sapagyň temasy: Üçburçluk we onuň perimetri.

Sapagyň maksady.

  • bilim berijilik maksady: Okuwçylara üçburçluk barada düşünje bermek we onuň perimetriniň tapylyşyny öwretmek.

  • terbiýeçilik maksady: Ýitiburçly, kütekburçly gönüburçly üçburçluklary çyzmakda, üçburçlugyň burçlaryny we taraplaryny ölçemekde, üçburçlugyň perimetrini hasaplamakda ünslüligi we matematiki sözleýiş medeniýeti terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi: Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1.Sapagyň guramaçylyk döwri.

Salamlaşmak. Gatnaşygy barlamak we synp žurnalyna degişli bellik etmek. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny, okuw we ýazuw esbaplarynyň ýerbe – ýerdigini barlamak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.

Burçy ölçemek üçin transportiriň ulanylyşyny, transportiriň kömegi bilen burçy gurmagy gaýtalap gelmeklik geçen sapakda öýe iş tabşyrylýar.

Sorag–jogap alyşmak üçin aşakdaky soraglaryň ýazgysy öňünçä taýýarlanylýar we synp tagtasynda (interaktiw tagtada) görkezilýär:

1. Burç näme bilen ölçenilýär?

2. Transportir näme? Ol nähili ulanylýar?

3. Transportiriň kömegi bilen burç nähili gurulýar?

4. Okuwçylaryň internet web saýtyndan tema boýunça goşmaça öwrenen maglumatlary.

3.Geçilen temany jemlemek.

Mugallym burçlary ölçemek we gurmak üçin transportiriň ulanylyşyny aýdyp, geçilen temany jemleýär we täze temany düşündirmäge başlaýar.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň mysaly meýilnamasy:

1. Bir göni çyzykda ýatmaýan üç nokadyň kesimler arkaly birikdirilip üçburçlugyň alnyşy.

2. Üçburçlugyň depeleri, taraplary we burçlary.

3. Üçburçlugyň depelerini görkezmek bilen berlişi.

4. Üçburçlugyň ähli taraplarynyň uzynlyklarynyň jemi – perimetr.

5. Ýitiburçly, kütekburçly we gönüburçly üçburçluklar.

Mugallym okuw kitabyndaky maglumatlary temany düşündirmegiň mysaly meýilnamasyna laýyklykda gysga görnüşde ýazýar.

Sapakda üçburçluga degişli taýýarlanylan görkezme esbaplar, tanyşdyryşlar ulanylýar.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

-bir göni çyzykda ýatmaýan üç nokat kesimler bilen birikdirilip üçburçlugyň alynýandygyny;

-üçburçlugyň depeleriniň, taraplarynyň, burçlarynyň we özüniň belgilenişini;

-“üçburçluk” sözüne derek, köplenç, ∆ belginiň ulanylýandygyny;

-üçburçlugyň ähli taraplarynyň uzynlyklarynyň jemine onuň perimetri diýilýändigini;

-burçlarynyň ählisi ýiti bolan üçburçluga ýitiburçly üçburçluk, bir burçy kütek bolan üçburçluga kütekburçly üçburçluk, bir burçy göni bolan üçburçluga gönüburçly üçburçluk diýilýändigini;

-üçburçlugyň geometrik figuradygyny.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

-ýitiburçly, kütekburçly gönüburçly üçburçluklary çyzmagy;

- üçburçlugyň burçlaryny we taraplaryny ölçemegi;

-üçburçlugyň perimetrini hasaplamagy.

5.Täze temany berkitmek.

Täze temany berkitmek döwründe mugallym temanyň nähili özleşdirendiklerini barlap görmek üçin, synp tagtasynda (interaktiw tagtada) okuwçylara test görnüşinde şeýle soraglary berýär:

1. Bir göni çyzykda ýatmaýan üç nokat kesimler arkaly birikdirilip nähili figura alynýar?

a) döwük çyzyk; b) burç; ç) üçburçluk; d) şöhle.

2. Üçburçlugyň ähli taraplarynyň uzynlyklarynyň jemi nähili atlandyrylýar?

a) geometrik figura; b) meýdan; ç) perimetr; d) kesim.

3. Burçlaryna görä üçburçlugyň näçe görnüşi bar?

a) 1;b) 2;ç) 3;d) 4.

Sapakda okuw kitabyndaky 612-614-nji gönükmeler ýerine ýetirilýär.

6. Öý işini tabşyrmak.

Öýe geçilen temany gaýtalamak, okuw kitabyndaky 624–nji meseläni çözmek tabşyrylýar. Meseläni çözmek üçin gysgaça düşündirişler berilýär.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Mugallym bir göni çyzykda ýatmaýan üç nokat kesimler bilen birikdirilip üçburçlugyň alynýandygyny, üçburçlugyň depeleriniň, taraplarynyň, burçlarynyň we özüniň belgilenişini,“üçburçluk” sözüne derek, köplenç, ∆ belginiň ulanylýandygyny, üçburçlugyň ähli taraplarynyň uzynlyklarynyň jemine onuň perimetri diýilýändigini, burçlarynyň ählisi ýiti bolan üçburçluga ýitiburçly üçburçluk, bir burçy kütek bolan üçburçluga kütekburçly üçburçluk, bir burçy göni bolan üçburçluga gönüburçly üçburçluk diýilýändigini, üçburçlugyň geometrik figuradygyny aýdyp, temany jemleýär.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, meseleleri çözmeklige işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Dersi: Geometriýa. Synpy: VIII “A”. Senesi: 15.02.2022 ý.

Sapagyň temasy. Üçburçlugyň burçlarynyň jemi hakynda teorema.

Sapagyň maksady.

1. Bilim berijilik maksady: üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 180º-a deňdigini subut etmegi öwretmek.

2.Terbiýeçilik maksady:üçburçlugyň burçlaryny takyk ölçemekde, teoremany subut etmekde we ulanmakda ünslüligi terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi. Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: kompýuter, interaktiw tagta, tablisalar, transportir, çyzgyç, burçlara we üçburçluklara degişli görkezme esbaplar, tanyşdyrmalar (prezentasiýalar) we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi.

1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

Okuwçylar bilen salamlaşmak. Gatnaşygy barlap, synp žurnalyna degişli bellik etmek. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny, okuw we ýazuw esbaplarynyň ýerbe – ýerdigini barlamak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.

Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak arkaly olaryň burç, burçy ölçemek we gurmak, ýazgyň burç, iki göni çyzygyň parallelik nyşanlary barada öwrenenlerini barlamak. Täze tema öwredilende ulanyljak şu düşünjeleri gaýtalap gelmeklik geçen sapakda öýe iş tabşyrylýar.

Sorag- jogap alyşmak üçin aşakdaky soraglaryň ýazgysy öňünçä taýýarlanylýar we synp tagtasynda (interaktiw tagtada) görkezilýär:

1) Berlen burç transportiriň kömegi bilen nähili ölçenilýär?

Synp tagtasynda (interaktiw tagtada) berlen burçuň transportiriň kömegi bilen ölçenilişi görkezilýär.

2) Ýazgyn burç näçe gradusa deň? Synp tagtasynda (interaktiw tagtada) ýazgyn burç çyzylyp, onuň 1800-a deňdigi görkezilýär.

3) Nähili burçlara atanak ýatan burçlar diýilýär?

Synp tagtasynda (interaktiw tagtada) iki göni çyzygy üçünji göni çyzyk kesip geçende alynýan atanak ýatan burçlar çyzylyp görkezilýär.

3. Geçilen temany jemlemek. Mugallym islendik üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 180º - a deň bolýandygyny, bu tassyklamanyň algebra dersinde meseleler çözülende, proýektirlemegiň esaslary dersinde dürli çyzgylar ýerine ýetirilende ulanylýandygyny aýdyp, temany jemleýär.

4. Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

  1. Gözegçilik - tejribe usulyny ulanyp, üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 1800 –a deňdigini görkezmek.

  2. Okuw kitaby boýunça teoremany subut etmegiň yzygiderligi:

  1. ABC üçburçlugyň B depesinden AC tarapa parallel bolan a göni çyzygy geçirmek.

  2. Parallel a we AC göni çyzyklary AB kesiji göni çyzyk kesip geçende alynýan burçlar.

ç) Parallel a we AC göni çyzyklary BC kesiji göni çyzyk kesip geçende alynýan atanak ýatan burçlaryň deňligi.

d) Çyzgy boýunça üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň ýazgyn burça deňdigini görkezmek.

e) Üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 1800 –a deňdigini görkezmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar

bilmeli:

- islendik üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 1800 –a deňdigini;

başarmaly:

- üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 1800 –a deňdigini subut etmegi;

- teoremany ulanyp meseleleri çözmegi.

Teoremanyň subudyna başlamazdan öňünçä gözegçilik - tejribe usulyny ulanyp tejribe geçirilýär. Okuwçylara depderlerine erkin bir üçburçlugy çyzmak tabşyrylýar. Bile oturýan iki okuwçynyň biri uly, beýlekisi kiçi üçburçlugy çyzmaly, çünki şeýle edilse üçburçlugyň uludygyna ýa-da kiçidigine garamazdan olaryň burçlarynyň jemi 180º- a deň eken diýen tassyklamany okuwçylara aýtmaga mümkinçilik berýär. Soňra okuwçylara çyzan üçburçluklarynyň burçlaryny transportir bilen ölçemeklik tabşyrylýar.

Okuwçylaryň burçlary ölçemek bilen alan netijeleri synp tagtasynda (interaktiw tagtada) ýazylýar.


Okuwçylar



Üçburçlugyň

burçlary

Aman

Durdy

Sapar

Jeren

Geldi

Nury

Gerek

Çerkez

1

37º

46º

76º

68º

55º

49º

28º

48º

2

65º

79º

32º

54º

72º

71º

57º

73º

3

78º

55º

72º

58º

52º

60º

95º

56º

1+ 2+ 3=

180º

180º

180º

180º

179º

180º

180º

177º

Tablisadan görnüşi ýaly Geldi bilen Çerkez çyzan üçburçluklarynyň burçlaryny takyk ölçemändirler. Olara üçburçluklarynyň burçlaryny takyk, täzeden ölçemeklik tabşyrylýar we tablisa boýunça umumy netije çykarylýar: üçburçlugyň burçlarynyň jemi 180º– a deň. Tejribe dowam etdirilýär.

Okuwçylar depderlerinde ýazgyn burçy çyzýarlar. Tablisadaky netijeleri ulanyp, ýazgyn burçda her kim ölçäp alan burçlaryny gurmaly. Netijede üçburçlugyň burçlary ýazgyn burça laýyk gabat geler, ol burçlaryň jemi ýazgyn burça, 180º–a deň bolar. Okuwçylaryň depderlerinde aşakdaky çyzgy emele geler.





Çyzgy boýunça hem umumy netije aýdylýar: üçburçlugyň burçlarynyň jemi

180º - a deň.

Tejribe arkaly üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 180º - a deňdigi görkezildi. Tassyklama tejribede diňe görkezilýär, ýöne subut edilmeýär.

Soňra okuw kitaby boýunça üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 180º - a deňdigi hakyndaky teoremanyň subuty düzülen meýilnama esasynda görkezilýär.

Subudy. ABC üçburçlugyň B depesinden AC tarapa parallel bolan a göni çyzygy geçireliň (okuw kitabynyň 1-nji suraty).

Parallel a we AC göni çyzyklary AB kesiji göni çyzyk kesip geçende alnan atanak ýatan burçlar bolany üçin ∠4 = ∠1. Parallel a we AC göni çyzyklary BC kesiji göni çyzyk kesip geçende alnan atanak ýatan burçlar bolany üçin ∠5 = ∠3.

4, 2 we 5 burçlaryň jemi B depeli ýazgyn burça deňdir. Şoňa görä-de ∠4 + ∠2 + ∠5 = 180°. ∠4 = ∠1 we ∠5 = ∠3 deňlikleri göz öňünde tutup alarys: ∠4 + ∠2 + ∠5 = ∠1 + ∠2 + ∠3 = 180° ýa-da ∠A + B + C = 180°. Teorema subut edildi.

5. Täze temany berkitmek.

Täze temany berkitmek döwründe mugallym teoremanyň nähili özleşdirilendigini barlap görmek üçin, synp tagtasynda (interaktiw tagtada) okuwçylara test görnüşinde şeýle soraglary berýär:

    1. Berlen göni çyzykda ýatmaýan nokat arkaly ol göni çyzyga parallel bolan näçe göni çyzyk geçirip bolar?

a) bir; b) iki; ç) dört; ç) köp.

2. Ýazgyn burç näçe gradusa deň?

a) 90º; b) 120º; ç) 1800; d) 360º.

3. Gönüburçly üçburçlugyň iki ýiti burçunyň jemi näçe gradusa deň?

a) 60º; b) 450;ç) 90º; ç) 180º.

Okuw kitabyndaky 1-3-nji gönükmeleri ýerine ýetirmek üçin, olary tablisa görnüşinde synp tagtasynda (interaktiw tagtada) aşakdaky görnüşde görkezmek bolar:

A

B

C

A+ B+ C

59º

58º

51º

?

61º

62º

63º

?





Okuwçylar bilen tablisa boýunça sorag – jogap alşylandan soň, onuň setirleri boýunça şeýle netijelere gelinýär:

1-nji setir (1-nji meseläniň jogaby): Her bir burçy 60o-dan kiçi bolan üçburçlugy gurup bolmaýar.

2-nji setir (2-nji meseläniň jogaby): Her bir burçy 60o-dan uly bolan üçburçlugy gurup bolmaýar.

3-nji setir (3-nji a) meseläniň jogaby): Bolup bilmez, sebäbi 67º + 38º + 85º ≠ 1800.

4-nji setir (3-nji b) meseläniň jogaby):Bolup bilmez, sebäbi 45º + 71º + 63º ≠ 1800.

5- nji setir (3-nji ç) meseläniň jogaby): Bolup biler, sebäbi 89º + 49º + 42º =1800.

6. Öý işini tabşyrmak. Öýde subut edilen teoremany gaýtalamak, okuw kitabyndaky 4-7-nji meseleleri çözmek tabşyrylýar.

Meseleleri çözmek üçin gysgaça düşündirişler berilýär.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Mugallym islendik üçburçlugyň burçlarynyň jeminiň 180º - a deň bolýandygyny, subut edilen teoremanyň indiki geçiriljek sapaklarda, beýleki okuw derslerinde dürli meseleleri çözmekde ulanylýandygyny aýdyp, sapagy jemleýär.

Sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, bahalandyrylýar (bahalar gündeliklere, synp žurnalyna, goýulýar).

Bäsleşik sapagy

Bäsleşik sapagynyň gurluşy:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.

3. Bäsleşigi guramak we geçirmek.

4. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

5. Öý işini tabşyrmak.

Bäsleşik sapagynyň mysaly sapak ýazgysy, usuly maslahatlar

Dersi: Matematika. Synpy: V “A”. Senesi: 18.02.2022 ý.


Sapagyň temasy. Natural sanlaryň 3-e we 9-a bölünijilik nyşanlaryna degişli meseleleri çözmek.

Sapagyň maksady.

1.Bilim berijilik maksady: Natural sanlaryň 3-e we 9-a bölünijilik nyşanlaryna degişli meseleleri çözmek.

2.Terbiýeçilik maksady: Natural sanlaryň 9-a we 3-e bölünijilik nyşanlaryna degişli meseleleri çözmekde ünslüligi we matematiki sözleýşi terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi. Bäsleşik sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: kompýuter, interaktiw tagta, bölünijilik nyşanlaryna degişli tablisalar, görkezme esbaplar, tanyşdyrmalar (prezentasiýalar) we web saýtlaryň salgylary.


Sapagyň gidişi.

1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

Salamlaşmak. Gatnaşygy barlap, synp žurnalyna degişli bellik etmek. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny, okuw we ýazuw esbaplarynyň ýerbe – ýerdigini barlamak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.

Sapagyň bu döwründe okuwçylaryň öňünde geçilen tema boýunça anyk sowallar goýulýar. Okuwçylara gürrüň berdirmek, synp tagtasynda, soragnamalar boýunça işlemek, sorag-jogap alyşmak ýaly işler geçirilýär.

3. Bäsleşigi guramak we geçirmek.

Tema boýunça bäsleşigi geçirmek üçin, synpyň okuwçylaryndan 2 topar döredilýär. Bäsleşigiň emin agzalary kesgitlenýär. Matematika mugallymy eminleriň ýolbaşçysy, toparlara degişli bolmadyk okuwçylaryň birnäçesi emin agzalary bolup biler.

Bäsleşik başlamazyndan öň, matematika mugallymy okuwçylary hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanyndaky bäsleşik bilen baglanyşykly maglumatlar bilen tanyşdyrmagy maksadalaýykdyr.

“Döwlet guşy” romanynda hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň mekdepde okan ýyllary we ol döwürde onuň bilen baglanyşykly bolup geçen wakalar çeper beýan edilipdir.

Romanyň “Bassaşlyk” atly bölümçesiniň mazmuny matematikanyň taryhynda bolup geçen bir taryhy pursady ýatladýar. XVI asyrda italiýaly matematikler bassaşlyk edip, öz aralarynda ýaryşlary, bäsleşikleri guraýan ekenler. Şeýle ýaryşlaryň biri 1535-nji ýylda meşhur matematikler Tartal bilen Fioreniň arasynda bolupdyr. Olar biri-birine öz taýýarlan meselelerini çözmekligi teklip edipdirler. Şol ýaryşda Fioreniň teklip eden 30 meselesini dogry çözüp, Tartal ýeňiş gazanypdyr.Tartal Fioreniň çözüp bilmez diýip teklip eden üçünji derejeli deňlemesini çözüpdir. Bu ýaryşyň netijesinde matematikleriň birnäçe ýüz ýylyň dowamynda çözüp bilmedik meselesi öz çözgüdini tapypdyr.

Görşümiz ýaly, ýaryşlar, bäsleşikler diňe bir bilim derejäni ýokarlandyrman, uly açyşlara hem getirýär eken. Meşhur iki matematigiň bäsleşigi baradaky maglumaty getirmegimiziň özüne ýetesi sebäbi bar. Matematikadan gurnalan şuňa meňzeş ýaryşyň gurnalyşy we geçirilişi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanynda hem öz beýanyny tapypdyr.

Romanyň “Bassaşlyk” atly bölümçesinde dördünji synp okuwçysy Mälikguly bilen bilen altynjy synp okuwçysy Şirmämmediň arasynda matematikadan mesele çözmek boýunça bolup geçen ýaryş çeper beýan edilýär.

Ýaryşy geçirmek üçin okuwçylardan emin agzalary bellenilýär.Ýaryşyň şerti şeýle. Her tarap kagyza bäş sany mysaly ýazmaly-da, bäsdeşine bermeli.Ýaryşýan hem her mysaly synp tagtasynda işläp görkezmeli.

Ýeňijilige dalaşgärleriň hersine iki tagta kagyz berilýär.Birinji kagyza mysallary, ikinji kagyza bolsa, şol mysallaryň çözgütlerini ýazmaly. Birinji tagta kagyz ýaryşýan ýoldaşyňa, çözgütler ýazylan ikinji kagyz bolsa emin agzalaryna berilýär. Emin agzalar mysallary okuw kitabyndan ulanmaga rugsat berýärler.Ýaryşýan okuwçy bäsdeşiniň beren bäş mysalyny tagta çykyp işleýär.Emin agzalar mysallaryň işlenilişini özlerine berlen çözgüt bilen deňeşdirip görýärler. Iki çözgüt hem deň çyksa mysalyň işlendigi hasap edilýär.

Şirmämmet Mälikgulynyň özüne beren mysallaryny okap,närazylygyny bildirip, emin agzalaryna mysallaryň üçüsiniň düşnükli, ikisiniň bolsa düşnüksizdigini aýdýar we olardan garşydaşynyň bu mysallary nireden alandygyny, onuň özüniň çözüp bilýändigini ýa-da bilmeýändigini anyklamagy soraýar. Mälikguly üçünji sowalyň altynjy synpyň matematika okuw kitabynyň 184-nji sahypasynda ýokardan 21-nji setirde ýerleşýändigini, bäşinji mysalyň bolsa ýedinji synpyň matematika okuw kitabynyň 94-nji sahypasyndaky 21-nji mysaldygyny aýdýar. Elbet-de, Mälikguly bu mysallary çözüp bilýändigi üçin ony garşydaşyna teklip etdi ahyry.Ýaryşyň şerti şeýledi. Emin agzalary Şirmämmediň belligini oňlap, üçünji we bäşinji mysallary 5-nji hem 6-njy synplaryň matematika okuw kitaplaryndaky mysallar bilen çalyşmalydygyny aýtdylar. Mälikguly üçünji hem bäşinji mysallary täzeleýär.

Mälikguly Şirmämmediň özüne beren bäş mysalyny hem tagtada çözýär. Emin agzalary tagta ýazylan çözgütleri ikinji kagyza ýazylan çözgütler bilen deňeşdirip, mysallar dogry işlendi diýip hasap edýärler. Şirmämmet hem Mälikgulynyň beren mysallaryny çözýär. Emin “Ýaryş deňme-deň, ara-çaga gutardy!”diýip, ýaryşyň netijesini yglan edýär.

Biziň bu ýaryş barada giňişleýin aýtmagymyzyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki, şeýle ýaryşlar okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmegiň täze bir usuly diýsek hem ýalňyşmarys. Bu usuldan nusga alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem okuwçylaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmek maksada laýykdyr.

Şu nukdaýnazardan hem okuwçylaryň arasynda “Döwlet guşy” romanynda beýan edilen usul esasynda bäsleşik sapagyny geçirmeklik maksada laýykdyr.

Sapakda tema degişli bäsleşigi geçirmek üçin, aşakdaky ýumuşlary ulanyp bolar.

1-nji topar üçin ýumuşlar:

1. Haýsy jem 9-a bölünmeýär?

a) 18 + 45;  b) 36 + 54; ç) 27 + 63; d) 81 + 38.

2. х-iň haýsy bahasynda 12 – х tapawut 3-e bölüner?

 a) х = 1; b) х = 2;  ç) х = 3; d) х = 11.

3. Sanlaryň haýsysy 9-a bölünýär:

a)92 879632; b)714308265; ç) 22683190; d) 99456784?

4. 3-e we 2-ä bölünýän üçbelgili sanlary ýazyň.

2-nji topar üçin ýumuşlar:

1. Haýsy jem 3-e bölünmeýär?

a) 23 + 13;  b) 105 + 18;  ç) 24 + 48; d) 72 + 29.

2. х-iň haýsy bahasynda 17 + х aňlatmanyň bahasy 9-a bölüner?

a) х = 7;   b) х = 15;  ç) х = 31; d) х = 64.

3. Sanlaryň haýsysy 3-e bölünýär:

a) 879631; b) 308275; ç) 683190; d) 456782?

4. 3-e we 5-e bölünýän üçbelgili sanlary ýazyň.

4. Öý işini tabşyrmak. Bäsleşige degişli “Döwlet guşy” romanynda beýan edilen maglumatlary we bäsleşik üçin hödürlenilen ýumuşlary gaýtalamak tabşyrylýar.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Bäsleşik sapagyna işjeň gatnaşan, ýeňiji bolan okuwçylar atlandyrylyp, bahalandyrylýar, bahalar okuwçylaryň gündeliklerine, synp žurnalyna goýulýar.

Leksiýa sapagy

Leksiýa sapagynda temanyň esasy mazmuny adatça mugallym tarapyndan gürrüň berilýär. Leksiýa sapagyň dowamlylygy 25-30 minut.Leksiýa sapagynda diňe bir täze maglumatlar beýan edilip durman, eýsem geçilenleri gaýtalamak, berkitmek hem öz beýanyny tapýar.

Leksiýa sapagy gidip duran mahalynda mugallym okuwçylaryň ünsüni çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk sorag-jogap geçirip, olaryň okalýan leksiýa näderejede düşünendiklerini anyklap bilýär.Leksiýa sapagy okuwçylaryň diňlemek we netije çykarmak, ýazgylary gysgaça bellemek ukyplarynyň ösmegine kömek edýär.

Leksiýa sapagynyň gurluşy:

  1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

Sapagyň guramaçylyk döwrüne 1-2 minut sarp edilýär. Bu döwürde mugallym okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny barlap, synp žurnalyna degişli bellik etmeli, okuwçylaryň okuw esbaplary bilen üpjünçiligini, sapaga taýýarlygyny gazanmaly, synp tagtasynda geçiljek temanyň adyny ýazmaly.

  1. Öý işiniň ýerine ýetirilişini soramak.

Öý işini soramagyň maksady okuwçylaryň geçilen sapak boýunça bilimlerini ýüze çykarmakdan, okuw maglumatlarynyň özleşdirilişini kesgitlemekden ybaratdyr. Sapagyň bu döwründe okuwçylaryň öňünde geçilen tema boýunça anyk sowallar goýulmalydyr. Okuwçylara gürrüň berdirmek, synp tagtasynda, soragnamalar boýunça işlemek, sorag-jogap alyşmak ýaly işler geçirilýär. Mugallym sapagyň öý işini soramak döwrüni dürliçe gurap biler.

  1. Geçilen temany jemlemek.

Sapagyň bu döwründe mugallym geçilen tema boýunça esasy düşünjeleri gaýtalap berkitmeli we täze temany düşündirmeklige sazlaşykly geçmelidir.

  1. Täze temany düşündirmek.

Sapagyň bu döwrüne onuň umumy wagtynyň iň köp bölegi – 20-25 minut we ondan hem köp wagt berilýär. Täze temany düşündirmegiň yzygiderli anyk meýilnamasyň we Döwlet bilim standartyna laýyklykda temany öwrenmek bilen okuwçylaryň nämäni bilmelidiginiň we nämäni başarmalydygynyň görkezilmegi zerurdyr. Temany düşündirmegiň meýilnamasynyň interaktiw tagtasynda okuwçylara görkezilmegi ýa-da adaty synp tagtasynda ýazylyp goýulmagy mugallymyň temany yzygiderlilikde düşündirmegini ýeňilleşdirýär.

Temany düşündirmekde mugallym dürli usullardan we tärlerden peýdalanyp biler.

  1. Täze temany berkitmek.

Mugallym, köplenç ýagdaýlarda geçilen temany berkitmek üçin temanyň düýpli düşünjeleri we soraglary boýunça okuwçylara birnäçe sowallary, ýumuşlary berýär. Okuwçylaryň jogaplary olaryň täze temany nähili derejede özleşdirendiklerini ýüze çykarmaga kömek edýär.

  1. Öý işini tabşyrmak.

Mugallym tarapyndan öýe berlen ýumşy ýerine ýetirmek boýunça zerur bolan görkezmeler we maslahatlar okuwçylara berilmelidir.

  1. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Bu döwürde mugallym sapagy jemleýär, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, bahalandyrylýar, bahalar okuwçylaryň gündeliklerine, synp žurnalyna goýulýar.


Leksiýa sapagynyň mysaly sapak ýazgysy, usuly maslahatlar

Dersi: Algebra. Synpy: VIII “A”. Senesi: 18.02.2022 ý.

Sapagyň temasy. Gadymy Merwli matematikleriň meseleleri we olaryň çözülişi.

Sapagyň maksady.

1. Bilim berijilik maksady: Okuwçylara beýik açyşlary bilen dünýä ylmynyň we medeniýetiniň öňe ilerlemegine ýardam eden, türkmen topragynda ýaşan we işlän matematikler hem-de olaryň işleri bilen okuwçylary tanyşdyrmak, olaryň düzen meseleleriniň çözülişini öwretmek.

2.Terbiýeçilik maksady: Okuwçylarda watansöýüjiligi terbiýelemek, matematikany öwrenmeklige bolan höwesi ösdürmek.

Sapagyň görnüşi. Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: kompýuter, interaktiw tagta, Merwli matematikleriň suratlary, prezentasiýalar.

Sapagyň gidişi.

1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

Salamlaşmak. Okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny barlamak we synp žurnalyna degişli bellik etmek, okuw esbaplary bilen üpjünçiligini, sapaga taýýarlygyny gazanmak.

2.Öý işini soramak.

Geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak:

1. Rasional deňlemeler diýip nähili deňlemelere aýdylýar?

2. Bitin rasional deňleme diýip nähili deňlemä aýdylýar?

3. Drobly rasional deňleme diýip nähili deňlemä aýdylýar?

Täze geçiljek tema bilen baglanyşykly öý işi diýip berlen 446-njy meseläniň çözülişi barlanylýar.

3.Geçilen temany jemlemek.

Mugallym geçilen tema boýunça rasional, bitin rasional, drobly rasional deňlemeler diýip nähili deňlemelere aýdylýandygyny gaýtalap, geçilen temany berkitmeli. Mugallym şeýle görnüşli deňlemeleriň gadymy Merwde işlän we ýaşan beýik matematikler tarapyndan hem düzülendigini we çözülendigini aýdyp, täze temany düşündirmeklige sazlaşykly geçmelidir.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

    1. Al-Horezmi we onuň meseleleri.

    2. Omar Haýýam we onuň meseleleri.

    3. Abdyrahman al-Hazini we onuň döredijiligi.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar

bilmeli:

- Al-Horezminiň, Omar Haýýamyň, Abdyrahman al-Hazininiň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlary;

başarmaly:

- Al-Horezminiň, Omar Haýýamyň meselelerini çözmegi.

Mugallymyň leksiýasynyň gysgaça mazmuny. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper eserleri bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular” diýip belleýär.

Orta asyrlarda türkmen topragynda zähmet çeken, ylmy açyşlary bilen dünýä medeniýetiniň genji - hazynasyna saldamly goşant goşan Al-Merwezi, Al-Hazini, Al-Horezmi, An-Nasawy, Omar Haýýam ýaly beýik şahsyýetleriň ylmy işleri halkymyzy buýsandyrýar.

Gadymy Merwde ýaşan we işlän meşhur matematikleriň biri-de Muhammet ibn Musa Al-Horezmidir.

Al-Horezmi

Taryhy çeşmelerde alymyň 783-nji ýylda Horezmde doglandygy, ilki Merwde işländigi, soňra hem Bagdada göçüp, şol ýerde hem ömrüniň ahyryna çenli ýaşandygy baradaky maglumatlar bar. Al-Horezminiň doglan wagty 783-nji ýyl, aradan çykan wagty bolsa 850-nji ýyl diýip hasap edilýär.

Al-Horezmi özüniň “Kitap aljebr we almukabala” diýen kitabynda položitel koeffisiýentli kwadrat deňlemeleriň dürli görnüşleriniň çözüliş usullaryny beýan edipdir.

Al-Horezminiň arifmetika, algebra, astronomiýa, geografiýa we kalendara degişli bäş sany işi biziň döwrümize çenli saklanypdyr. Ol astrolýaba we gün sagady barada hem kitaplary ýazypdyr.

Ýewropalylar arifmetikany we algebrany Al-Horezminiň kitaplary boýunça öwrenipdirler. Ýewropaly alymlar Fibonaççi Paçiola, Tartalýa, Kardon, Ferrari Al-Horezminiň matematikadan ýazan işlerini peýdalanypdyrlar.

Al-Horezmi arifmetika boýunça kitabynda onluk hasaplaýyş sistemasyny giňişleýin beýan edipdir.

Onuň “Algebra we almukabala hasaplamalary” (Hisab aljebr wal-Mukabala) atly kitaby birnäçe asyryň dowamynda algebra boýunça esasy gollanma bolupdyr. Ol bu kitabynda kwadrat deňlemeleri çözmegiň düzgünlerini beýan edipdir.

Algebra sözi aljebr sözünden döräpdir. Bu adalga dünýäniň ähli ýurtlarynda ykrar edilipdir. Alymyň Al-Horezmi ady “algoritm” diýen matematiki adalga öwrülipdir.

Al-Horezminiň algebra degişli kitabynda položitel koeffisiýentli deňlemeleriň 6 görnüşi we olaryň çözülişi sözleriň üsti bilen beýan edilipdir, olara degişli mysallar berlipdir.

Al-Horezmi kwadrat deňlemeleriň 6 görnüşini sözler bilen aşakdaky ýaly aňladypdyr:

1) «Kwadratlar köke deň»: ax2=bx;

2) «Kwadratlar sana deň»: ax2=c;

3) «Kök sana deň»: ax=c;

4) «Kwadratlar we san köke deň»: ax2+c=bx;

5) «Kwadratlar we kök sana deň»: ax2+bx=c;

6) «Kök we san kwadratlara deň»: bx+c=ax2.

Al-Horezminiň döwründe deňlemeler harplaryň kömegi bilen ýazylman, sözler bilen aňladylypdyr, otrisatel san düşünjesi bolmandyr.

Al-Horezminiň meselelerine we olaryň çözülişine seredeliň.

Mesele. Kwadrat we 21 san 10 köke deň. Köki tapmaly (häzirki belgilemeler ulanylyp mesele şeýle görnüşde ýazylýar: x2 + 21 = 10 x deňlemäniň köklerini tapmaly).

Al-Horezmi bu meseläniň çözülişini şeýle beýan edýär: kökleriň sanyny ikä bölmeli, 5-i alarsyň, 5-i öz-özüne köpeltmeli we köpeltmek hasylyndan 21-i aýyrmaly, 4-i alarsyň.4-den kök almaly, 2-ni alarsyň. 5-den 2-ni aýyrmaly, 3-i alarsyň. 3 gözlenilýän kök. 5-e 2-ni goşmaly, 7-ni alarsyň. 7 hem kök bolar.

ax2+с=bx deňlemäni çözmek üçin aşakdaky amallar ýerine ýetirilýär:

Deňlemäniň kökleri: = + .

Mesele. Kwadrat we 10 kök 39-a deň. Kökleri tapmaly (häzirki belgilemeler ulanylyp mesele şeýle ýazylýar: 2+10 = 39 deňlemäniň köklerini tapmaly).

Çözülişi. Kökleriň sanyny ikä bölmeli, 5-i alarsyň, 5-i öz-özüne köpeltmeli we köpeltmek hasylyna 39-y goşmaly, 64-i alarsyň.64-den kök almaly, 8-i alarsyň. 8-den 5-i aýyrmaly, 3-i alarsyň. 3 gözlenilýän kök bolar. 8-e 5-i goşmaly, 13-i alarsyň. 13 hem kök bolar.

2+b görnüşli deňlemäniň köklerini tapmagyň formulalary:

; + .

Al-Horezminiň “Kitap aljebr we almukabala” atly kitabynda kwadrat deňlemelere getirilýän aşakdaky deňlemeler berilýär:

1.“Sen ony iki bölege böldüň, bir bölegi beýlekä we tersine böldüň. Jemde iki we altydan bir dirhem alyndy” (Al-Horezmi deňlemäniň azat agzasyny “dirhem” diýip atlandyrypdyr. Dirhem – pul birligi). Häzirki belgilemeler ulanylyp deňleme şeýle ýazylýar: + =2 .

2.”Sen ony iki bölege böldüň, soňra bölekleriň birini bäşe köpeltdiň, beýleki bölegini oňa böldüň, alnanyň ýarsyna bäşe köpeldileni goşduň we elli dirhemi aldyň”.

Häzirki belgilemeler ulanylyp deňleme şeýle ýazylýar: + 5 = 50.

3.”Sen ony iki bölege böldüň, soňra olaryň birini ona köpeltdiň, beýlekini öz-özüne köpeltdiň, olar deň boldy”.

Häzirki belgilemeler ulanylyp deňleme şeýle ýazylýar: 10 = (10 – )2.

Kwadrat deňlemelere getirilip çözülýän meseleler gadymy Merwde işlän we ýaşan meşhur şahyr-rubagyçy, matematik, filosof, astronom Omar Haýýamyň “Algebra” kitabynda hem berilýär.

Omar Haýýam

Omar Haýýam XII asyryň başynda san düşünjesini položitel hakyky sanlara çenli giňeldýär.

Omar Haýýamyň “Algebranyň we almukabalanyň meseleleriniň subutnamalary hakynda” işinde хn = a (n – bitin san) deñlemäni çözmegiñ usuly görkezilipdir.

Geomtriýa bilen algebranyň arasyndaky baglanyşyklar baradaky soraglary ilkinji bolup goýmak hem Omar Haýýama degişlidir. Ol ilkinji gezek algebrany geometriýada peýdalanmagy başarypdyr.

Omar Haýýamyň algebra degişli ylmy işleriniň arasynda sanlardan islendik derejeli kökleri almagyň usuly baradaky eseri hem bardyr. Bu maglumatlar alymyň “Arifmetikanyň kynçylyklary” atly işinde berilýär.

Omar Haýýam kämil kalendary düzüpdir. Onuň kalendarynda bir ýylyň dowamynda bary – ýogy 19 sekunt ýalňyşlyk, 5 müň ýyldan bolsa bir gije gündiz ýalňyşlyk goýberilýär. Bu bolsa Omar Haýýamyň kalendarynyň has kämildigini görkezýär.

Omar Haýýamyň meselesi: Kwadratyň ülşi (bölegi) köküň ülşüniň (böleginiň) ýarsyna deň. Köki tapmaly.

Bu meselede = deňlemäniň köküni tapmak talap edilýär.

Çözülişi. belgilemäni ulanyp, y2 = y kwadrat deňlemäni alarys. Bu deňlemäniň köki х = 2 berlen deňlemäniň köki bolar.

XII asyryň birinji ýarymynda gadymy Merwde ýaşan we işlän meşhur matematikleriň biri-de Abdyrahman al-Hazinidir.


Abdyrahman al-Hazini


Ol bilimini Merwde alýar, matematika, astronomiýa, fizika ylymlaryna degişli işleri öwrenipdir. Ol 1121 – nji ýylda bu ylymlaryň hemmesini diýen ýaly öz içine alýan „Akyl terezisi“ atly işini ýazypdyr. Al-Hazini öz işinde mugallymy Omar Haýýamyň “Altyn bilen kümüşden ýasalan esbapdaky altyny we kümüşi kesgitlemek hakynda” atly işini doly getirýär. Al- Hazininiň bu işi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda onuň arapça teksti Sankt – Peterburgyň golýazmalar fondunda saklanýar.

Al-Hazini astronomik gurallary we agyrlyk ölçeýji terezileri döretmeklik bilen hem meşgullanypdyr.

5. Täze temany berkitmek.

Täze temany berkitmek üçin okuwçylara berilýän soraglar:

  1. Al-Horezmi kwadrat deňlemeleriň näçe görnüşiniň çözülişini görkezipdir?

  2. Omar Haýýam nähili deňlemeleriň çözülişini görkezipdir?

  3. Gadymy Merwde işlän we ýaşan matematiklerden ýene-de haýsylaryny bilýärsiňiz?

6. Öý işini tabşyrmak.

a) Al-Horezminiň usulyny ulanyp, meseläni çözüň: Kwadrat we 27 san 12 köke deň. Köki tapmaly.

b) Al-Horezminiň usulyny ulanyp, meseläni çözüň: Kwadrat we 12 kök 85-e deň. Kökleri tapmaly.

ç) Omar Haýýamyň deňlemesini çözüň: + = 1 .

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Mugallym Orta asyrlarda türkmen topragynda zähmet çeken, ylmy açyşlary bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan Al-Merwezi, Al-Hazini, Al-Horezmi, An-Nasawy, Omar Haýýam ýaly beýik şahsyýetleriň ylmy işleriniň halkymyzy buýsandyrýandygyny, olaryň işleriniň öwrenilmelidigini aýdyp, sapagy jemleýär.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, meseleleri çözmeklige işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy


Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy öwrenilýän okuw maglumatynyň mazmunyna baglylykda guralýar, çünki özleşdirilen her bir tema özüniň kem-kemden berkidilip durulmagyny talap edýär. Bu iş sapagyň gidişinde-de, ýörite guralýan sapaklarda amala aşyrylyp bilner. Her bir tema boýunça berilýän bilim, başarnyk, endik ençeme türgenleşik işleriniň üsti bilen berkidilýär. Şeýle edilende okuwçylar öz bilimlerini, başarnyklaryny, zerurlyk ýüze çykanda, dildenem, ýazuw üsti bilenem beýan edip bilýärler.Bu işe döredijilikli çemeleşmegi-de, ýagny täzelikler girizmegi-de başarýarlar. Şeýle bolmagy üçin mugallym sapagy berkidýän mahalynda durmuş bilen baglanyşykly goşmaça hem gyzykly mysallary, ynandyryjy delilleri getirmäge çalyşmalydyr.

Täze maglumatlary öwretmek sapagyndan soň geçirilýän bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagynyň gurluşy aşakdaky ýaly bolup biler:

  1. Sapagyň guramaçylyk döwri.

  2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak.

ç) Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.

d) Öý işini tabşyrmak.

e) Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Berkitmek sapagyny şertli ýagdaýda ikä bölüp bolar:

1) gönükmeleri çözmek sapagy;

2) gaýtalamak sapagy.

Gönükmeleri çözmek sapagynda öwrenilen täze maglumatlary ulanmak arkaly agyrlyk derejesi kem–kemden ýokarlanýan mysal–meseleleriň toplumy okuwçylara çözdürilýär. Bu mysal–meseleler çözdürilende bolsa täze maglumatlardan peýdalanylýandygy üçin olaryň okuwçylaryň aňynda berkemegi we çuňlaşmagy hem bolup geçýär. Köplenç täze maglumatlar öwredilýän sapakda täze düşünjäniň ähli häsiýetlerini, nyşanlaryny doly we çuňňur açyp görkezmek mümkinçiligi az bolýar. Täze düşünjäniň bu häsiýetlerini we nyşanlaryny doly hem–de çuňňur açyp görkezmek berkitmek sapagynda amala aşyrylýar. Berkitmek sapagynda okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek mümkinçiligi hem ýokarydyr.

10–njy synp-da Algebra sapagynda “Iki burçuň jeminiň we tapawudynyň kosinusy we sinusy” diýen tema öwrenilenden soň, geçilen temany berkitmek sapagyna seredeliň.

1.Sapagyň guramaçylyk döwri.

2.Öýe berlen ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini barlamak.

a) Öý işiniň okuwçylaryň köpüsiniň işlemekde kynçylyk çeken mysaly tagtada çözülip görkezilýär we düşündirilýär. Bu mysaly ýerine ýetirmek üçin ony işlän okuwçylaryň birini tagta çagyrmak bolar.

b) Soňra iki burçuň jeminiň we tapawudynyň kosinusynyň we sinusynyň formulalarynyň getirilip çykarylyşy birnäçe okuwçydan soralýar. Gowşak ýetişýän okuwçylaryň bu formulalary ýatdan bilişleri barlanylýar.

3. Gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.

1-nji mesele. Hasaplamaly: a) sin75°; b) cos105°; ç) sin15°; d) cos105°.

Meseläni çözmek üçin, we formulalary peýdalanmaly.

2-nji mesele. Aňlatmalaryň bahalaryny tapmaly:

a) sin22°cos38°+sin38°cos22°; b) cos53°cos7°–sin53°sin7°;

ç) sin72°cos27°–cos72°sin27°; d) cos50°cos20°+sin50°sin20°.

Aňlatmalaryň bahalaryny tapmak üçin, we formulalary peýdalanmaly.

3-nji mesele. Toždestwony subut etmeli:

Jemiň sinusynyň formulasyny ulanmak arkaly okuwçylar toždestwonyň sag böleginden çep bölegini ol diýen kynçylyk çekmezden getirip çykarýarlar. Tersine, toždestwonyň çep böleginden sag bölegini almak okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmegini talap edýär. Munuň üçin okuwçylar döredijilikli pikirlenmekligi talap edýän aşakdaky özgertmeleri geçirmeli bolýarlar:

Görnüşi ýaly, bu toždestwony subut etmegiň ikinji usuly didaktiki nukdaý nazardan has uly ähmiýete eýedir. Bu usul okuwçylara diňe jemiň sinusynyň formulasyny ulanmagy öwretmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň pikirlenmek ukyplaryny hem ösdürýär.

4. Öý işini tabşyrmak.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.


Gaýtalamak sapagy


Gaýtalamak sapagynda alnan bilimler umumylaşdyrylýar we ulgamlaşdyrylýar.

Gaýtalamak sapagy uly bölümler, temalar geçilip gutarylandan soň, çärýegiň ahyrynda, köplenç okuw ýylynyň soňunda maksatnama laýyklykda okuwçylaryň bilimlerinde, başarnyklarynda we endiklerinde bar bolan ýetmezçilikleriň üstüni doldurmak maksady bilen geçirilýär.

Geçilenleri gaýtalamak diňe gaýtalamak sapaklarynda amaly aşyrylman, täze tema öwrenilende-de, berkidilende-de amala aşyrylýar.

Gaýtalamak sapagynyň gurluşy umuman bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagynyň gurluşyna meňzeşdir.

Gaýtalamak sapagynyň gurluşy:

a) Sapagyň guramaçylyk döwri.

b) Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.

ç) Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek.

d) Öý işini tabşyrmak.

e) Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Tejribel mugallymlaryň işlerinden görnüşi ýaly, okuwçylar geçilenleri gaýtalamak netijesinde alnan bilimleri dürli ýagdaýlarda, şol sanda önümçilikde, ugurdaş ylymlarda we durmuşda ulanyp bilmek başarnygyna eýe bolýarlar. Geçilenler gaýtalananda bilimleri ulgamlaşdyrmaga we alnan bilimleriň özleşdiriliş derejesiniň barlagyny amala aşyrmaga üns bermek zerurdyr.

Ýazuw-barlag işiniň geçirilmeginiň öň ýanynda tema ýa-da bölüm boýunça gaýtalamaklygy guramak peýdalydyr. Mugallym tutuş bir sapagy geçilenleri gaýtalamaga sarp edip biler. Emma bir sapakda 40 minut gaýtalamagy gurandan, 4 sapagyň her birinde 10 minut gaýtalamagy guramagyň has netijelidigini öňde baryjy mugallymlaryň iş tejribeleri görkezýär. Garyşyk sapak

Garyşyk sapaklarda ýokarda agzalan sapaklaryň görnüşleriniň bölümleriniň birnäçesi ulanylýar.

Garyşyk sapagyň gurluşy:

a) Sapagyň guramaçylyk döwri.

b) Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak.

ç) Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

d) Gecilen temany jemlemek.

e) Täze temany düşündirmek.

ä) Täze temany berkitmek.

f) Öý işini tabşyrmak.

g) Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Sapagyň guramaçylyk döwrüne 2-3 minut sarp edilýär. Bu döwürde mugallym okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny barlap, synp žurnalyna degişli bellik etmeli, okuwçylaryň okuw esbaplary bilen üpjünçiligini, sapaga taýýarlygyny gazanmaly, synp tagtasynda geçiljek temanyň adyny ýazmaly okuwçylar sapaga taýýarlanylýar.

Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini we okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak döwründe geçen sapakda tabşyrylan öý işi barlanylýar we bahalandyrylýar. Bu barlag bir wagtda birnäçe okuwçylar bilen testler arkaly, synp tagtasynda mysal işletmek ýa-da dilden soramak arkaly amala aşyrylýar. Okuwçylaryň öý işini ýerine ýetirmekde duş gelýän kynçylyklary derňelýär.

Gecilen temany jemlemek döwründe mugallym geçilen tema boýunça esasy düşünjeleri gaýtalap berkitmeli we täze temany düşündirmeklige sazlaşykly geçmelidir.

Täze temany düşündirmek döwründe mugallym dürli görkezme esbaplaryň, okuw serişdeleriň, tejribe-synaglaryň üsti bilen okuwçylara täze tema degişli maglumatlary güýçýeter ýagdaýda öwredýär.

Geçilen temany berkitmek döwründe sorag-jogap, gönükmeler bilen düşündirilen tema boýunça okuwçylaryň öwrenen düşünjeleri berkidilýär.

Öý işini tabşyrmak döwründe geçilen temany okap gelmek, okuw kitabyndan gönükmeleri ýerin ýetirmek tabşyrylýar. Öý işini ýerine ýetirmek boýunça zerur düşündirişler berilýär.

Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak döwründe okuwçylaryň täze öwrenen düşünjeleri umumy jemlenýär, okuwçylar sapakda ýerine ýetiren ähli okuw işleriniň jemi boýunça bahalandyrylýar.

Ýazuw-barlag işi geçirilýän sapak


Ýazuw-barlag işi geçirilýän sapakda meseleler çözdürilýär, mysallar işledilýär, matematiki diktantlar ýazdyrylýar.

Ýazuw-barlag işi geçirilýän sapak uly temalar, baplar, bölümler geçilip gutarylandan soň, geçilenleri okuwçylaryň nähili derejede özleşdirendigini barlap görmek maksady bilen geçirilýär. Ol ýazuw işleriniň ýazdyrylmagy mysallaryň, meseleleriň çözdürilmegi netijesinde amala aşyrylýar.

Ýazuw-barlag işi geçirilýän sapagyň gurluşy:

a) Sapagyň guramaçylyk döwri.

b) Ýazuw-barlag işiniň mazmunyny düşündirmek.

ç) Okuwçylar tarapyndan ýazuw-barlag işiniň ýerine ýetirilmegi.

d) Sapagy jemlemek, öý işini tabşyrmak.

Ýazuw-barlag işleriniň netijelerini derňemäge bagyşlanyp ýörite sapaklar hem geçirilýär.

Matematika boýunça geçirilýän ýazuw-barlag işleriniň netijeleri okuwçylaryň bilimleriniň, başarnyklarynyň we endikleriniň näderejededigi barada anyk maglumatlary berýär. Okuwçynyň ýazuw işine syn etmek we ony barlamak bilen mugallym onuň maksatnama maglumatyny özleşdirmekdäki üstünligini we kemçiligini ýüze çykarýar. Şoňa görä-de okuwçylaryň käbiriniň dilden berýän jogaplary däl-de, eýsem olaryň ählisiniň ýazmaça ýerine ýetirýän işleri olaryň matematika boýunça ýetişikleriniň esasy görkezijisi bolup durýar. Sebäbi okuw wagtynyň çäkliligi sebäpli, okuwçylar dilden jogap bermek üçin seýrek çagyrylýar. Şol sebäbe görä-de okuwçylaryň matematika boýunça bilim derejelerini diňe olaryň dilden berýän jogaplary bilen kesgitlemek ýüzleý bolýar.

Okuwçylaryň okuw işleriniň, bilimleriniň hilini olaryň dilden berýän jogaplary we ýazuw-barlag işleriniň netijeleri has doly açyp görkezýär. Matematika dersi boýunça okuwçylaryň bilim derejeleri, başarnyklary we endikleri uzak wagtyň dowamynda barlanylmasa, onda olaryň bilimlerinde kem-keseleýin özleşdirilen düşünjeleriniň ýüze çykjakdygy ikuçsyzdyr. Bu bolsa geljekde okuwçynyň diňe matematikany däl, eýsem birnäçe ugurdaş dersleri öwrenmegini kynlaşdyrýar, kähalatda oňa mümkinçilik-de bermeýär.

Şu nukdaýnazardan matematika sapaklarynda okuwçylaryň ýazmaça ýerine ýetirýän her bir özbaşdak işi ýazuw-barlag işi hökmünde hem çykyş edýär. Geçirilýän her bir özbaşdak iş barlag maksatlary üçin hem hyzmat etmelidir. Özbaşdak işleriň netijesi boýunça ýazuw-barlag işleri geçirilmezden öň geçilýän temany özleşdirmekde kynçylyk çekýän okuwçylara degerli kömekler berilmelidir.

Okuwçylaryň bilimlerini barlamak we bahalandyrmak sapagy

Okuwçylaryň bilimlerini barlamak we bahalandyrmak sapagynyň gurluşy:

a) Sapagyň guramaçylyk döwri.

b) Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak.

ç) Okuwçylar bilen geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak, özbaşdak işiň ýerine ýetirilmegi.

d) Öý işini tabşyrmak.e) Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Ähli dersler boýunça şol sanda matematika dersi boýunça hem her bir sapakda öwrenilýän maglumaty okuwçylaryň nä derejede özleşdirendigini barlamak üçin sorag-jogap alyşmagyň, möçberi uly bolmadyk (10-15 minutlyk) özbaşdak işleri geçirmegiň peýdalydygyny tejribe görkezdi. Bu işler mugallyma-da, okuwçylarada esasy maglumatlaryň, wajyp başarynyklaryň we endikleriň nähili öwrenilýändigini bilmäge elmydama mümkinçilik döredýär.

Matematika boýunça şeýle özbaşdak işler üçin gönükmeler, mysallar we meseleler saýlap almaga uly üns bermek zerurdyr. Mugallym bu ýumuşlaryň çylşyrymlyk derejesini çenden aşa ýokarlandyrmaga synanyşyk etmeli däldir. Sebäbi bu ýumuşlaryň matematika sapagyndan oňat ýetişýän okuwçylar üçin güýçýeterli bolmagyna garamazdan, gowşak okuwçylarda öz güýjüne bolan ynamyň ýitmegine getirýär. Bu bolsa synpyň bilim derejesine, ýetişigine ýaramaz täsir edýär.

Özbaşdak işleri barlamak – köp wagty we zähmeti talap edýän iş. Sapakda okuwçylaryň öz zähmetiniň netijelerini bilmegi we öz işlerini özleriniň barlamaga mümkinçilikleriň döredilmegi üçin bu prosesi ýönekeýleşdirmek zerur.

Barlamagy ýönekeýleşdirmek üçin özbaşdak işleri ýörite guramak zerur. Özbaşdak işleri guramagyň we ony VI synpda matematika sapaklarynda ulanmagyň bir usulyny mugallymlaryň dykgatyna hödürleýäris.

Okuwçylar birnäçe soraglardan ybarat ýumuşlary alýarlar. Olara her ýumuş üçin bäş sany jogap berlen tablisa görkezilýär. Jogaplaryň biri dogry, galanlary nädogry. Nädogry jogaplar okuwçylaryň goýbermegi mümkin bolan ýalňyşlyklary göz öňünde tutulyp düzülýär.

Tablisanyň çep tarapynda ýumuşlaryň tertibi, birinji setirinde jogaplara degişli harplar ýazylýar.Ýumuşlar depderiň ýa-da kagyz listiniň sag tarapynda boş ýer goýulyp ýerine ýetirilýär. Okuwçylar goýlan boş ýerde dikligine ýumşuň dogry jogabyna degişli bolan harpy ýazýar. Eger okuwçy teklip edilen jogaplaryň biri bilen deň gelýän netijäni almasa, ol berlen gönükmäniň garşysynda kese çyzygy goýýar.

Ýumuşlar ýerine ýetirilenden soň boş goýulan ýerde dikligine harplardan düzülen söz ýa-da harplaryň ýygyndysy ýüze çykýar.

Okuwçylar ýumuşlary ýerine ýetirip depderlerini mugallyma tabşyrýarlar, mugallym olara dogry jogaplary aýdýar. Şeýle ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini mugallym çalt, az wagt sarp edip barlap bilýär.

Ýumuşlaryň ýerine ýetirişlerini okuwçynyň özüne ýa-da başga bir okuwça barlatmak peýdalydyr.

VI synpda onluk droblar öwrenilenden soň okuwçylaryň bilimlerini barlamak we bahalandyrmak üçin özbaşdak işiň geçirilişine we barlanyşyna degişli mysala seredeliň.

Özbaşdak iş.

Çep tarap Sag tarap

Deňlemäni çözmeli:

1. x + 3,4 = 2,6 1. x + 2,3 = 1,7

2. x – 2,7 = – 5,3 2. x – 3,7 = – 6,3

3. 5x + 3 = 3x – 5 3. 7x + 5 = 5x – 7

4. 4x + 5 = 6x – 7 4. 6x + 3 = 8x – 5

Ýönekeýleşdirmeli:

5. (10x – 16x) : ( –2) 5. (9x – 15x) : ( –3)

Özbaşdak işiň ýokarda beýan edilişi ýaly guralmagy, sapakda ýumuşlaryň ýerine ýetirilişiniň çalt barlanyp, wagtyň tygşytlanmagyna, netijeleriň okuwçylara wagtynda aýdylyp, olaryň öz zähmetiniň netijelerini görmegine, göýberilen ýalňyşlyklaryň çalt düzedilmegine mümkinçilik berýär.

Talabalaýyk ýola goýlan barlag diňe okuwçylaryň öwrenilýän maglumaty özleşdiriş derejesini dogry bahalandyrmaga mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, eýsem olara öz üstünliklerini we kemçiliklerini ýüze çykarmaga hem şert döredýär. Bilimleri barlamagyň netijesi boýunça mugallym öz işine we okuwçylaryň okuw işlerine zerur bolan düzedişleri girizýär. Öz wagtynda ýola goýulan barlag okuwçylaryň özbaşdak işleriniň guralyşynyň we geçirilişiniň netijeliligini kesgitlemäge hem-de zerur bolan halatda ol işleriň möçberini azaltmaga ýa-da köpeltmäge mümkinçilik döredýär. Bilimleri barlamak diňe mugallymlara gerek bolman, eýsem okuwçy üçin hem zerurdyr. Öz wagtynda geçirilen barlag okuwça öwrenmeli maglumaty özleşdiriş derejesi barada maglumat berýär.














Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 60 – njy orta mekdeb66mmiň rus dili mugallymy Ibadullaýewa Dilfuzanyň okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdirijisi