Просмотр содержимого документа
«Tema: Osmiy elementi.»
Tema:Osmiý
Meýilnamasy:
1.Osmiýniň alnyşy.
2.Osmiýniň fiziki häsiýeti.
3.Osmiýniň himiki häsiýeti.
4.Osmiýniň izotoplary.
5.Osmiýniň alnyşy.
6.Osmiýniň ulanylyşy.
7.Osmiý elementiniň önümleri.
Osmiý atom belgisi Os we atom sany 76 bolan himiki elementdir. Osmiý 1803-nji ýylda Smitson Tennanat we William Wollatson tarapyndan Londonda açylypdyr. Osmiý iň agyr we iň dykyz elementdir. Onuň dykyzlygy 22.59g/sm3.
Fiziki häsiýetleri: Osmiý çalymtyl gök reňkli, iň agyr durnuly elementdir. Ol gaty metal bolsada çalt döwülýär, ýokary temperaturada ýalpyldaýar. Osmiý gaty, döwülgen, bug basyşy pes, ereme temperaturasy ýokary bolanydygy üçin maşyn gurluşygynda ulanmak kyn.
Himiki häsiýetleri: Osmiý birleşmelerde +2,+3,+4 we +8 okislenme derejeleri ýüze çykarýan esasy birleşmesi osmiý tetraoksidi. Bu oksid uçujy, suwda ereýän, sary reňkli, gaty kristal şekilli, ýiti ysly, zäherli maddadyr. Esasan, osmiý metalynyň pes okislenme derejelerindäki birleşmeleri ligandlar tarapyndan durnukly ýagdaýa geçýär.
Izotoplary:Tebigatda osmiý elementiniň 7sany izotopy bar, olardan 6sanysy durnyklydyr. Olar 184Os, 187Os, 188Os, 189Os, 190Os we 192Os. Izotoplarynyň içinde iň köp duş gelýäni 192Os.
Ulanylyşy: Nikel we mis metallaryny öndürilende osmiý goşmaça önüm hömünde emele gelýär. Oksidiniň uçujylygy we zäherlidigi sebäpli arassa osmiý ulanylmaýar diýen ýaly, ýöne onyň splawlary giňden peýdalanylýar. Umuman osmiý elektron mikroskoplarynda, çyralarda, batareýalarda we organiki himiýada okislendiriji hökmünde ulanylýar.