Tema: Adatdan daşary ýagdaýlarda özüñi dogry alyp barmagyñ düzgünleri. Tebigatyň howply ýagdaýlary.
Meýilnama :
1. Kompýuterde işlenende haýsy düzgünleri berjaý etmeli ?
2.Elektrik bilen işleýän enjamlar özünden nähili tolkunlary bölüp çykarýarlar ?
3.Suwa gark bolana berilýän ilkinji kömek .
Ýer titremeleri – bu iň bir howply tebigy betbagytçylyklaryň biridir. Ol tektoniki we wulkaniki ýagdaýda bolmak bilen ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň ýumrulmagyna, ýangynyň döremegine hem-de adam pidalaryna getirýär.
Ýer titremeleri tebigy hadysalaryň iň howplysydyr. Olaryň güýji 12 bal hasaby bilen ölçelinýär. Ýer titremeleri beýleki geologik tebigy hadysalar ýaly, özüniň duýdansyzlykda döreýändigi sebäpli, adamlary howsala düşürýär. Ýer titremeleri – Ýer gabygynyň uzak aralyga çenli süýşüp yranmagy we ýaýramagy esasynda bolýan ýerasty sarsgynlar hem-de ýerüsti yranmalardyr.
Ýer titremeleri wulkanlaryň ýarylmagy we uly bolmadyk asman jisimleriniň ýere gaçmagy netijesinde hem bolup bilýär. Görlüp-eşidilmedik ýer titremeleri uly gorplaryň opurylmagy, bentleriň ýykylmagy we beýleki sebäplere görä-de bolup biler.
Ýer titremeleriniň ojagy ( giposentr) – ýerasty sarsgynyň döreýän ýeri. Ýer titremeleriniň ojagynyň ölçegi birnäçe metrden ýüzlerçe kilometr aralyga çenli ýetip bilýär. Şeýle ojaklar, esasan hem Ýeriň gabygynda hem-de ýeriň ýokarky mantiýa ( aşaky gatlagynyň ýokarky böleginde ) gatlagynda ýerleşýär. Şu nukdaýnazardan we zaýalaýyş täsirine laýyklykda ýer titremeleri şu aşakdaky ýaly atlandyrylýar:
- Aram ýer titremeleri 4 bala çenli bolýar. Jaýyň içindäki enjamlaryň yranmagy, äpişgeleriň aýnalarynyň şakyrdamagy we beýlekiler .
- Güýçli ýer titremeleri 6 bala çenli bolýar. Uly bolmadyk binalaryň zaýalanmagy, jaýyň diwarlarynyň suwaglarynyň gopmagy we beýlekiler.
- Ýykgynçylykly ýer titremeleri 8 bala çenli bolýar. Berk bolmadyk binalaryň ýykylmagy, diwarlarda jaýryklaryň emele gelmegi.
- Weýran ediji ýer titremeleri 10 bala çenli bolýar. Binalaryň, demir ýollaryň we köçeleriň weýran bolmagy.
- Uly heläkçilikli ýer titremeleri – 12 bal. Ähli binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýlekileriň bütinleýin ýykylmagy, ýumrulmagy we weýran bolmagy. Ýer gatlagynyň ýüzüniň opurylmagy, çökmegi, derýalaryň akymynyň üýtgemegi, şarlawuklaryň emele gelmegi.
- Ýer titremeleriniň umumy alamatlary şu aşakdakylardan ybarat:
- Asma çyralaryň yranmagy ;
- Gap- gaçlaryň şakyrdamagy ;
- Tekjelerde ýa-da şkaflaryň we beýlekileriň üstünde goýlan enjamlaryň gaçmagy; Mebelleriň süýşmegi we ýykylmagy;
- Gorkuly güwwüldiniň eşidilmegi ;
- Haýwanlaryň özlerini alyp baryşlarynyň adaty bolmazlygy .
- Suw ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň, saglygyň gözbaşydyr. Suw bolmasa adam-da, bir janly-jandar-da ýaşap bilmeýär. Aýratyn hem derýalara, köllere, suw howdanlaryna golaý ýaşaýan adamlar üçin suw joşgununyň bolmagy howplydyr. Şol sebäpli şeýle betbagytçylyk ýüze çykanda özüňi dogry alyp barmagyň düzgünlerini uludan-kiçä her bir adamyň bilmegi möhümdir. Suw joşgunlary nähili ýüze çykýar ?
- Suw joşgunlarynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleri şu aşakdakylardan ybarat:
- Garlaryň toplumlarynyň we buzlaryň köp mukdarda eräp akmagy;
- Ygalyň köp mukdarda birnäçe günläp, yzyny üzmän ýagmagy;
- Derýalardaky buz akymlarynyň bir ýere dykylmagy;
- Ýagýan ýagyşlary we garlary şemalyň öz ugry bilen köllere kowmagy;
- emeli we tebigy suw howdanlarynyň kenarynyň böwsülmegi
Suw joşgunlarynyň dürli görnüşleri we ýüze çykýan wagtlary biri- birinden tapawutlanýarlar .Suw joşguny döräp, jaýlary we beýlekileri suw basanda howsala düşmän, akylly-başly hereket etmek joşgunyň öňüni almaga, özüňe abanýan howpy peseltmäge, maddy we material ýitgileriň bolmazlygyna mümkinçilik döredýär. Suw joşguny bolanda, üstüňe abanan betbagtçylygyň öňini almak daş-töwerekdäkilere duýdurmak we kömek soramak üçin suw basan jaýyň üstünde habar beriji signal hökmünde gyzyl baýdak asmaly.
Ýangyn uly betbagtçylykdyr. Başarnykly peýdalanylanda adamyñ ýakyn kömekçisi bolan ot seresapsyzlyga ýol berlende onuñ howply duşmanyna öwrülýär. Muña ozaly bilen ýangyndan goraýyş gullugyñ işgärleriniñ maslahatlarynyñ, ýangyna garşy düzgünleriñ bozulmagy sebäp bolýar. Käbir ata-eneler çagalary daşyndan gulplap öýde ýeke galdyrýarlar. Gözegçiliksiz galdyrylan çaga özüni öýde erkin duýýar.
Ütügi, telewizory elektrik peçini, tozan sorujy enjamy işledýär, şem otlaýar. Poluñ üstünde ot ýakýar, umuman çaga göwnüne gelen zady oýunjak edip oýnayar. Şonuñ üçin otlyçöpi el ýüzünde goýýan, ýeke galdyrylýan çagalara naharyny özi gyzdyryp iýmegini ýa-da olara ot bilen baglanşykly başga bir ýumuşlary tabşyrýan ata-eneler uly jogapkärçilik çekýärler.
Çagalaryñ ot bilen oýun etmek ýaly howply hereketleriniñ öñüni almak ata-eneleriñ we beýleki uly adamlaryñ mydama üns berip durmaly borjudyr. Köplenç halatlarda ýangynyñ emele gelmek şertleriniñ uly adamlar tarapyndan döredilip çagalaryñ bolsa ondan peýdalanýan pursatlary hem bolýar. Mysal üçin howly süpürilip hapalar otlanylýar we doly ýanyp gutarmanka taşlanyp gidilýär.
Ýanyp duran ot onuñ töweregine üýşen çagalaryñ ygtyýaryna galýar. Eger-de siz çagalaryñ ot ýakyp oturanlaryny, otlyçöp oýnap ýörenlerini göreniñizde onuñ duşundan perwaýsyz geçmäñ. Şular ýaly oýunlaryñ howplydygy düşundüriñ. Şeýle etmek bilen mümkin bolan ýangyn howpunyñ öñüni alýandygyñyzy birjik-de ýadyñyzdan çykarmañ!
Ýangyn mahaly özüñi alyp barmagyñ düzgünlerini bilmezlikleri netijesinde adamlar esasan hem ýetginjekler bedenlerine ýanyk şikesleri alýarlar, tüssä bogulyp zäherlenýärler we heläkçilige sezewar bolýarlar. Ýanmalaryñ birinji we ikinji derejelerinde horluk çekene aşakdaky ýaly ilkinji kömek berilýär: ýanan ýeriñi derrew sowuk suw bilen sowadyñ buz ulanmak bolmaýar.
Sowuk suwuñ aşagynda azyndan on minut tä agyry aýyrylýança saklamaly. Eger suw bolmasa islendik sowuk suwuklygy ( süýt we ş.m.) ulanylmaly. Horluk çekenden dar eşiklerini, ýüzükleri, sagady gabarçaklar ýa-da çişler emele gelip başlamazdan öñ derrew aýyrmaly. Eger gabarçaklar ýarylan bolsa zaýalanan ýerini arssalap bejermeli we arassa dañy dañmaly.
Ýanmalaryñ üçunji derejesinde horluk çekene aşakdaky ýaly ilkinji kömek berilýär:
Tiz kömegi çagyrmaly ( 03 belgili telefona jañ etmeli ), ýanan ýerine öl polotense ýa-da nah mata goýmaly. Bu melhem dañysynyñ sowuk bolup durmagyna gözegçilik edip durmaly.
Horluk çekeniñ bedeniniñ ýylylygyny bir derejede saklamaly.
-himiki ýanmalarda egin-eşikleriñ suwuklyk ýa-da himiki jisim degen ýerini seresaply kesmeli. Şunda teni ýaralamazlyk üçin örän seresap bolmaly;
-himiki jisim bar bolan egin-eşikleri çykarmaly;
-himiki önümleriñ göze düşen ýagdaýynda, ony bol suw bilen ýuwmaly.
ÝANMALARDA ILKINJI KöMEK BERLENDE ŞU AŞAKDAKYLARY ETMEK GADAGANDYR:
-ýanan ýerine ýelmeşen eşigi goparyp aýyrmak;
-ýag, spirt ýa-da çalgy serişdelerini ulanmak, ýanan ýeriñ üstüne pagta goýmak, ýelmeşiji melhemi (leýkoplastyr) ulanmak;
-ýanykda emele gelen gabarçaklary ýaryp aýyrmak;
-ýanmalaryñ üç derejesinde ýarany arassalap bejermek.
Tebigy gaz Türkmenistan döwletimiziñ iñ gymmatly ýerasty baýlygydyr. Bu baýlyklardan halkymyz mugt peýdalanýar. Gaz amatly ýangyç hökmünde biziñ öýlerimize köpden bäri ornaşdy. Adamlar gündelik durmuşynda tebigy gazy eşret çeşmesi hökmünde ulanýarlar. Şeýle hem bolsa gaz enjamlaryna geleñsiz we perwaýsyz garalmaly däldir. Munuñ özi partlamanyñ, ýangynyñ, zäherlenmäniñ ýüze çykmagynyñ esasy sebäbi bolup hemişe ýatda saklamalydyr.
Öýlerde betbagtçylyk bolmaz ýaly gaz-plitasyny we beýleki gaz enjamlaryny peýdalanmagyñ aşakdaky howpsyzlyk düzgünlerini hökman berjaý etmelidir:
- Gaz enjamlarynyñ işläp duran wagty aşgananyñ äpişgelerini hökman açyp goýmaly;
- Mümkin boldugyça jaýy ýygy-ýygydan ýelejiretmeli. Jaýyñ howa çykýan ýollarynyñ gözeneklerini ýapmak gadagandyr;
- Gaz enjamlarynyñ nurbatyny açmazdan ozal ýanyp duran otlyçöpi ýa-da gazyñ ýakyjysynyñ (gorelkasynyñ) ýanynda taýýarlañ;
- Gaz enjamlarynyñ howur peçini işletmezden öñ onuñ içini 2-3 minutlap ýelejiretmeli;
- Ýanyp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz goýmañ;
- Gaz enjamynyñ üstünde suwdan doldurylan gap goýmañ. Sebäbi suw gaýnap dökülýär. Öçen gaz bolsa jaýyñ içine ýaýraýar;
- Gaz enjamlaryny peýdalanmak üçin ýaş çagalary we gazy ulanmagyñ düzgünlerini bilmeýän göýbermeli däl;
- Gaz enjamlaryny ulanyp bolandan soñ gazyñ nurbatlarynyñ hemmesiniñ ýapykdygyny hökman barlap görüñ.;
- Öýden uzak wagtlaýyn giden wagtyñyz gaz edarasyna habardar ediñ;
- Möwsümleýin ulanýan peçleriñ goparyp aýyranyñyzdan soñ, gaz geçýän nurbaty ýapmaly;
- Tüsse çykarlary ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsyzlygy düzgününe görä gurnamaly.
Elektrik togy bilen işleýän sarp ediji enjamlaryñ tehniki ulanyş düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Elekrtik togy geçiriji simleriñ daşky örtükleri hemişe ýapyk goragly bolmalydyr. Elektrik enjamlarynda emeli usulda ýasalan goraýjylary ulanmak gadagandyr. Elektrik ýagtylanyjy çyralaryñ daşyna kagyz ýa-da mata örtmek bolmaýar, munuñ özi öýüñuzde ýangyn howpyny döredip biler. Elekrtik enjamlaryny eliñiz öl wagty ellemek gadagandyr. Birnäçe elektrik enjamlaryny bir wagtyñ özünde elektrik ulgamyna birikdirmek bolmaýar.
- Elektrik togy bilen gyzdyrylýan enjamlary ( ütük, elektrik çäýnegi, elektrik plitasy) uzak wagtlap elektrik ulgamyna birikdirilgi ýagdaýda gözegçiliksiz goýmak örän howpludyr. Öýden çykylyp gidilende elektrik ulgamyna birikdirilgi enjam bolmaly däldir. Olar hökman öçürilgi bolmalydyr. Elektrik enjamlaryñ arasyna çüý kakmak, öz agramyna sallap goýmak, elektrik geçiriji simler näsaz ýagdaýda we bölek simleri sepläp bolmaýar.
Açyk howdanlarda, ýaplarda, derýalarda, deňizde suwa düşmegiň kadalaryny bilmän we ýüzmegi başarman suwa gark bolup barýan ýaşlara ýygy-ýygydan duş gelip bolýar. Şonuň öňüni almak üçin, çagalaryň ilkinji nobatda ene-atalarynyň, mugallymlarynyň, terbiýeçileriň we beýlekileriň gözegçiliginde bolmagy zerurdyr.
- Suwda ýüzmegi başarman, suwa girip her dürli oýunlar bilen meşgullanmak, çümüp görmek, suwa özüňi oklamak, suwuň çuň ýerine barmak bolmaýar. Suwa düşmegiň talaplaryny bilmän suwa gark bolýany görseňiz, tizden-tiz ony halas etmage çalşyň. Özüňizden ululary kömege çagyryň. Töwerekde özüňizden ulular bolmadyk ýagdaýynda şu aşakdakylardan ugur alyp, gark bolany halas ediň.
Suwa gark bolup, özüni bilmän ýatan adama kömek etmek üçin, ilkinji nobatda, onuň dem alyş synalaryndan suwy aýyrmaly. Şonuň üçin halas edýän adam bir dyzynyñ üstüne galyp, gark bolanyň kellesiniň we göwresniň öň tarapy aşak egiler ýaly edip, ony öz ýanbaşynda goýmaly. Soňra gark bolanyň agzyny açyp, dem alyş ýollaryndaky suwy çykarmaly.
Howa onuň dem alyş ýollaryna gowy barar ýaly, arassa elýaglyk ýa-da hasa bölejigi bilen dilini çekip saklamaly, agzyny dem almaga zyýan berjek del jisimlerden (nem, çäge) assalamaly. Zerur bolanda diñe bir agzyñy däl, eýsem barmagyña arassa mata ýa-da hasa orap, damagyny hem arassalamaly. Gark bolanyñ gysyp duran eşigini çykarmaly we emeli dem bermäge başlamaly. Emeli dem bermezden ozal, onuñ kükregini oñat hereketlendirip biler ýaly ýagdaý döretmeli.
Onuñ üçin biliniñ aşagyna egin-eşiklerinden togalanyp oñarylan ýassyk goýmaly. Şondan soñ gark bolana kömek edýänleriñ biri onuñ kellesiniñ ýanynda dyzyna galmaly we elleriniñ garysyndan tutmaly. Şazlaşykly hereket we seresaplylyk bilen gark bolanyñ kükreginiñ gapdalynda onuñ ellerini egip, kükrek boşlugynyñ göwrümini kiçeltmeli, dem bermeli.
Üçe çenli sanap gark bolanyñ ellerini ýokaryk galdyrmaly we ony kellesiniñ ýokarsyna çenli çekip göneltmeli. Netijede kükrek boşlugyny giñeldip dem almaga mümkinçilik döretmeli. Şu ýagdaýda üçe çenli sanap saklanmaly, soñra ýene-de gark bolanyñ ellerini kükregine gysmaly.
- Şular ýaly yzygider hereketleriñ netijesinde emeli dem aldyrylaanda howa ilki öýkene barýar, soñra ondan çykýar. Şonlukda yzly-yzyna öýkeniñ giñelmegi we gysylmagy bilen dem alys merkeziniñ ýerine ýetirýän işleri täzeden dikelýär we gark bolan özbaşdak dem almaga başlaýar. Gark bolana dem alyp başlandan soñ gyzgyn çaý bermeli we gowja dolamaly hem-de hassahana äkitmeli .
Diňläniňiz üçin
sag boluň !