Просмотр содержимого документа
«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany. Prezentasiýa»
Goý, Täze ýyl parahatçylygyň we dynçlygyň, abadançylygyň hem-de egsilmez rysgal-berekediň ýyly bolsun!
2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda 2019-njy ýyl “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edildi. 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşyklylykda ýylyň nyşany hem kabul edildi. Şol nyşanda örän aýdyň şekillendirilişi ýaly, Türkmenistan – rowaçlygyň Watany, rowaçlyklar, üstünlikler, özgertmeler we ösüşler, biziň bütin durmuşymyzy gaplap alýar, dünýäniň abadançylygyna we ösüşine täsir edýär. Nyşanyň merkezi böleginde Türkmenistanyň kartasy bilen Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabatda bina edilen “Abadançylyk” binasy orun alan, Ýer togalagynyň daşynda ak kepderiler asuda we parahat asmanda erkana ganat ýaýýarlar. Agzybirlik, arkalaşyk, hoşniýetlilik rowaçlygyň möhüm şertleri bolup, olar türkmen halkynyň ata-baba, owal-ahyr mizemez ýörelgesi hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz BMG-yň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Abadançylyk” şygary bilen geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigini yglan etdi
Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul eden Karary bilen .“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” tassyklady. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr – 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr – 2020-2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr – 2024-2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär.
Munuň özi eziz Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.
- Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden we egsilmez yhlasyndan dörän atalyk kitaplary many-mazmuny bilen bizde unudylmajak täsir galdyrýar.
Şu babatda milli Liderimiziň iňňän öňdegörüjilikli syýasaty we taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda kitaphana işini ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden we egsilmez yhlasyndan dörän atalyk kitaplary many-mazmuny bilen bizde unudylmajak täsir galdyrýar.
Eziz Watanymyzda gurulýan täze desgalar we binalar bizi guwandyrýar we buýsandyrýar
Rowaçlyk sözi bilen sinkweýn (bäş setir) düzmek. (birinji setirde – rowaçlyk sözi; ikinji setire rowaçlygyň häsiýetini görkezýän iki sany sypat; üçünji setirde ýokarda ýazylan sözler bilen bagly bolan üç sany işlik; 4-nji setir – rowaçlyk sözüniň mazmunyny beýan edýän sözlem ýa-da nakyl; soňky 5-nji setirde bolsa rowaçlyk sözüniň sinonimi – manybir söz). Meselem,
Rowaçlyk
egsilmez, baky
ýetmek, gazanmak, döretmek
Rowaçlyk mydama-da hemraň bolsun!
üstünlik.
Nakyllar
Il-ýurt: "Ilim günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn", "Ýekäniň çaňy çykmaz", "Gülme goňşyňa, geler başyňa"...
Watan: "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölýänçä aglar",
"Towşana dogduk depe"...
Dostluk: "Ýigidi dostundan tana", "özüňi süýt bilgin, dostuňy gaýmak".
Agzybirlik: "Bar okaram, gel okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül okaram",
"Maslahatly biçilen don gysga bolmaz"...