Türkmenistanyň Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi
Şabat etrap bilim bölümi
BILIM IGÄR LERINIŇ ÝANWAR USULY-AMALY OKUWLARYNA HÖDÜRLENILEN TEMA ESASYNDA
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, filologik ylmy ugurly bilimleri öwretmegiň usullary.
temasynda ýazan nutugy
Taýýarlan mugallym:Şabat etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Baltabaýew Hamra Egambergenowiç.
Meýilnama:
Türkmenistanyň sanly bilim ulgamy.
Filologiýa sözüniň manysy.
Filologik ylmy ugurly bilimler.
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini filologiýa sapaklarynda ulanmak usullary.
GIRIŞ
ÝURDUMYZDA SANLY ULGAM KONSEPSIÝASY
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler bilen üpjün edildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.
Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynyň many – mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen 2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçildi. Şeýle hem , Gahryman Arkadagymyz şu Permandan gelip çykýan wezipelere laýyklykda “ Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” hem Karar kabul etdi.
Ýokardaky taryhy resminamalara laýyklykda, 2013 – 2014 – nji okuw ýylyndan başlap, yurdumyzyň orta bilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk bilim bermeklige geçirildi hem-de çagalar mekdebe 6 ýaşdan kabul edilip başlandy. Şeýlelikde, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda onuň özgertmeler durmuşa geçirilip ugrady. Ýurdumyzyň bilim berýän edaralary okuw – terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmaklyk üçin zerur bolan häzirki zaman elektron tehnalogiýalary bilen üpjün edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň 2015 – nji ýylyň 9 – njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda bilim işgärleriniň hüner derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly işleri kämilleşdirmek maksady bilen beren tabşyryklaryndan ugur alyp, orta mekdeplerde Türkmen dili we edebýat dersini okadýan mugallymlaryň hem öz okadýan ugurlary boýunça taýýarlyklaryna baglylykda, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny artdyrmagyň üstünde işlemekleri zerurdyr.
Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak we halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň mekdepde okaýan döwründe özlerine hünär saýlap almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Esasy bölüm.
Her bir halkyň dili we edebiýaty bilen baglanyşykly medeniýetini öwrenýän ylym filologiýadyr.Filologiýa sözi grekçe söz bolup sözi söýmek diýen manyny aňladýar.( ru.wikipedia.org›Филология) Филоло́гия (от др.-греч. φιλολογία, «любовь к слову, — совокупность наук изучающих культуру народа, выраженную в языке и литературном творчестве
Filolologiýa dilşynaslykdan (liňwistikadan) tapawutlanýar.
Okuw dersleri bilimiň şu ylmy ugurlary boýunça toparlara bölüner: filologiýa, takyk, tebigy, jemgyýetçilik bilimleri, sungat, tehnologiýa we saglyk;
filologiýa ylmy ugry: ene dili we edebiýat, daşary ýurt dili dersleri;
Filologiýa ylmy ugrunda okuwçylaryň lingwistik, dil we kommunikatiw başarnyklaryny emele getirmek wajypdyr. Ene dili baradaky maglumatlarda ata-babalarymyzdan gelýän milli ýöreigelerimize we esasy ahlak gymmatlyklarymyza daýanmak, ene diliniň gözelligini, labyzlylygyny, estetiki mümkinçiliklerini okuwçylaryň aňynda ornaşdyrmak okatmagyň täze usulýetiniň esasy mazmuny bolar. Daşary ýurt diliniň mazmuny kommunikatiw başarnyklaryny emele getirmek bilen bilelikde, maglumatlar çeşmesi görnüşinde hereket eder.
Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamlanlara Filolog hem-de Türkmen dili we edebiýat mugallymy hünärleri berilýär. Filolog hünäri diliň, edebiýatyň, halk döredijiliginiň meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmaga hukuk berýär.
Mekdepde Filologiýany okatmak çylşyrymly iş hasaplanýar. Şonuň üçin-de, mugallym okuw işinde okuw kitabyndan başga-da, görkezme esbaplardan, tehniki we beýleki serişdelerden giňden peýdalanmaly bolýar. Okuwçylar hem öz gezeginde okuw kitaby we mugallymyň beren bilimleri esasynda jogap berýärler.
Häzirki wagtda özara işjeň usullarda hödürlenen meseläni çözmek üçin okuwçy öz synpdaş ýoldaşy bilen pikir alyşýar. Okatmagyň innowasion usulynda bolsa okuwçylaryň öz aralarynda ýa-da okuwçy bilen mugallymyň arasynda söhbetdeşlik guralýar. Filologiýany okatmagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň pikirleniş işini we mümkinçiliklerini barlap durmaly. Olaryň pikirlenmesiniň, göz öňüne getirmesiniň we düşünjeleriniň ösmegi esasynda okuw maglumatlaryny özleşdirmegiň hili ýokarlanýar. Filologiýa sapagynda okuwçylar berlen maglumatlary deň derejede kabul edip bilmeýär. Şonuň üçin başlangyç synplarda bilim bermek mugallym bilen okuwçynyň özara sazlaşykly işi esasynda amala aşyrylýar. Çagalaryň öwrenýän zatlaryny tiz kabul etmekleri, şeýle-de olara düşünmekleri üçin sapakda multimedia serişdelerinden we interaktiw tagtanyň mümkinçiliklerinden, esasan-da oýunlardan ýerlikli peýdalanmak zerur bolup durýar.
Çagalaryň başlangyç synplarda alan Filologiki bilimleri olaryň gündelik durmuşynda hem gabat gelýär.
Şol nukdaýnazardan hem çagalaryň şol sapaga bolan höwesini döretmek we Filologiki amallary dogry ýerine ýetirmegini gazanmak mugallyma bagly bolup durýar. Muny amala aşyrmakda bolsa häzirki wagtda okatmagyň innowasion usuly saýlanyp alynýar, şeýle-de başlangyç synp okuwçylarynyň esasy işi oýun hasaplanýar. Şonuň üçin hem, okuw işinde oýunlary köp ulanmak möhüm bolup durýar. Sapakda ulanylýan oýunlar sapagyň temasyna we maksadyna laýyk saýlanyp alynmalydyr. Oýunlaryň üsti bilen okuwçylaryň alan bilimlerini, endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek zerurdyr.
Oýun okatmagyň beýleki usullary bilen baglanyşykly alnyp barylsa maksadalaýyk bolar. Ol oýunlaryň döredijilikli, hereketli, öwrediji görnüşleri bolýar. Sapakda ulanylýan oýun okatmak, öwretmek maksady bilen guralmalydyr. Ulanylýan oýunlar bolsa ýönekeýden gitdigiçe çylşyrymlaşdyrylmalydyr. Oýunlaryň düzgünlerini ýerine ýetirtmek esasynda bolsa mugallym okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmegi gazanmalydyr.
Oýnuň maksady çagalaryň ýatdan aýtmak başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ony oýnamakda pökgi esasy serişde bolup hyzmat edýär. Oýnuň şertine görä, mugallym okuwça pökgini berýär we tema degişli, ýagny matal, tapmaça, ýazyjynyň ady, ertekileriň gahrymanlarynyň ady aýdylýar. Okuwçy pökgini alýar we mugallymyň beren soraglaryna jogabyny aýdýar, soňra-da pökgini yzyna berýär. Bu oýun arkaly okuwçy şol bir wagtyň özünde berlen soragy çözmäge çalyşýar, şeýle de tiz pikirlenmek ukybyny ösdürýär.
Şeýle oýny hem oýnatmak bolýar. Bu oýunda mugallym çagalara şahyrlaryň ýaşap geçen döwrüniň yzygiderligi boýunça atlary ýazylan suratlary berýär, okuwçylar bolsa hronologik tertipde hatara durmaly. Şonda berlen suratlar göni hem-de tersine sanalýar. Çagalar biri-birine «Sen haýsy ýerde? Seniň öňüňden (yzyňdan) haýsy şahyr gelýär?» ýaly soraglary berip, dogry jogaplary tapmaga çalyşýarlar.
Filologiýa sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen sapaklarda ulanylýan oýunlaryň ähmiýeti juda ýokarydyr. Sapakda oýunlardan peýdalanmak bilen, çagalaryň işjeňligini, şeýle-de Filologiýa sapagyna bolan höwesini artdyrmak bolýar.
Gadymy Gresiýada adama gerekli bolan ylym-bilime «matema» diýipdirler. Erkin-azat (gul däl) adamlaryň başarmaly matemalary ýedi sany bolup, olar: arifmetika, geometriýa, grammatika, ritorika (suhangöýlük), saz, gimnastika we astronomiýadyr. Soňraky döwürde häzirki manysyndaky «Filologiýa» adalgasy ýüze çykypdyr. Ol grekçe ylym, sungat (usul) diýmekdir
Umuman, ylym tebigatyň, jemgyýetiň we akyl ýetirmegiň kada-kanunlaryny öwrenýär. Ylym özüniň tassyklamalaryna esaslandyrmalar we subutlar berýär. Filologiýa hem ylmyň bir pudagy bolmak bilen, ol obýektiw dünýäniň hadysalarynyň dil we medeniýet gatnaşyklaryny öwrenýär. Munuň üçin ol özüne mahsus bolan düşünjeleri we subut etme usullaryny döretmeli bolýar.
Ol düşünjeleriň esasylary «söz we «şekildir». Şunlukda, alymlar sözleriň üstünde, olaryň dürli dillerde aýdylyşyna degişli amallar geçirmek bilen täze-täze maglumatlary aldylar. Alymlar zatlaryň hiline däl-de, onuň daşky görnüşine, ýagny şekile üns berýärler we olary öwrenmek bilen, birnäçe amaly meseleleri çözýärler.
Bundan başgada okuwçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndan dürli derejede peýdalanmak mümkin.Aşakda synpdan daşary geçirilen dabaranyň gidişi bilen tanyşalyň.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Döwlet Guşy” romany çagalarda Watana söýgi terbiýelemegiň çeşmesidir
Bu dabara filologik sapaklaryň ählisinde dürli dillerde geçirmek mümkin, şonuň üçin biz öz işimizde dabaranyň gidişini doly bermedik.Dürli slaýdlardan peýdalanyp bileris.
Slaýdlary görmek bilen okuwçylaryň dil medeniýeti we sözleýiş endiklerini ösdürmek maksady bilen dürli dillerde atalar sözi we nakyllaryň nepisligi barada gürrüň bermeli.
Filologiýa sapaklaryň ählisinde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly eserlerininden peýdalanyp okuwçylaryň bilim we terbiýelerini ösdürmek mümkin.Aşakda Gahryman Arkadagymyzyň«Älem içre at gezer» romany barada maglumatlary,ondaky keşpleriň görelde mekdebi boljakdygyny bellesimiz gelýär.
Belent mertebeli ýurt Baştutanymyzyň ajaýyp kitaplarynyň sany barha artýar.Olaryň hemmesi okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Zehinli bilim işgäri Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanan “Älem içre at gezer” romanyna Mälikguly Berdimuhamedowyň ýazan many-mazmunly sözbaşysynda eseriň baş gahrymany örän oňat häsiýetlendirilip,şeýle diýilýär.”Kitapda zähmetsöýer we işine jogapkärçilik bilen garaýan zehinli mugallym we gaýduwsyz esger, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji,adamlara, bütin dünýä gaýtalanmajak durmuş gözelligine aýawly garamagy ündeýän Berdimuhamet Annaýewiň özüne çekiji keşbi janlanýar”.
Eseri okap çykanyňdan soň, Mälikguly aganyň bu sözleriniň örän ýerliklidigine oňat göz ýetirýärsiň.Romanyň esasy gahrymanlarynyň iş usullarynyň ähmiýetine:”Anna mugallym bilen Berdimuhamediň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça “Nesillere nesihat” depderine girizilen maslahatlar häzirkizaman şertlerinde hem öz manysyny we ähmiýetini ýitirenok.Olary umumy orta bilim berýän mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okadylýan sapaklarda ýaýdanman peýdalanybermeli”diýlip, ýokary baha berilýär.Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän kitabyň örän ähmiýetlidigini beýan edýär.
At-abraýly Anna aganyň “Akyl sandyklaryndaky” pähim-paýhasly sözleriniň ýaşajyk Berdimuhamede uly täsir edendigi aýdyňdyr.Pederden galan bu dürdäneler,dürli kitaplar ogly Berdimuhamediň aň-düşünjesiniň ösmegine mümkinçilik berýär.Şeýle hem onuň bilimleriň çeşmesi kitaba bolan söýgüsini ösdürýär.
Anna aga-da,Berdimuhamet aga-da halkyň sowatlylyk derejesini ösdürmek üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýän adamlar.Şonuň üçin halk arasynda olaryň hormat-sarpasy belent tutulypdyr.
«Döwlet guşy» romany
Romanyň many-mazmuny. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romany häzirki zaman türkmen edebiýatynyň proza žanryny baýlaşdyran düýpli eserdir. Romanyň many-mazmunynyň düýp özenini hormatly Prezidentimiz kitabyň başynda okyjylara ýüzlenmesinde gysga sözde çuňdan açyp görkezýär. Ol romanda çagalygy 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen mähriban kyblasynyň ömrüniň bir ýarym ýylynyň – urşa giden kakasyndan maşgala garamatyny – iner ýüküni gerdenine alyp galan we şirin janyna döz gelip, gije-gündiz zähmet çeken, oba adamlaryna ýadawsyz, yhlasly kömek eden döwrüniň suratlandyrylýandygy barada aýdýar.
Roman uzak döwri öz içine almasa-da, onuň many-mazmuny, çeperçilik gözlegleri örän giň we çuň. Şonuň üçin-de ol okyjylara çuň ruhy lezzet berip, olaryň kalbynda müdimilik galýar.
Mälikgulynyň obrazy. Agyr zähmetde taplanan ýetginjek ýaşdaky Mälikgulynyň uruş ýyllaryndaky bitiren gahrymançylykly işleri, obadaşlaryna eden yzygiderli goldawlary, belent adamkärçilikli, ynsanperwer hereketleri romanda giňden görkezilýär. Mälikgulynyň şeýle ajaýyp häsiýetleri barada söz açylanda, hormatly Prezidentimiziň şu sözleri ýadyňa düşýär: «Başa düşen agyr işler gahrymanlary dogurýar. Mähriban kyblamyň şol agyr ýyllardaky başdan geçiren wakalary, bitiren ymgyr uly hyzmatlary, gaýduwsyzlyklary – uly gahrymançylyk. Men çagalykdan mähriban kakamyň şol agyr geçen ýyllar hakdaky gürrüňlerini kän diňledim. Ol ýyllar kakama taplanyş, kämillik mekdebi bolupdyr. Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Kalbyma dolan şol guwanç, buýsanç duýgularym durmuşa, Watana, il-ulsuma çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik mekdebi bolup, meni üstünliklerden-üstünliklere atardy, bagta eltýän çelgi boldy, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde maňa hemaýat-goldaw berdi».
Mälikguluda ýaşlykdan okuwa, bilime öçmejek söýgi döreýär. Ol heniz dördünji synpda okaýarka ýedinji synpyň okuw kitaplaryny özleşdirýär. Ol başda «Ol näme?», «Bu näme?» diýip, düşünmedik ýerlerini kakasyndan yzygider soraýar. Düşünmedik ýerlerini doly özleşdirenden soň weli, kakasynyň berýän sowallaryna giňden jogap berýär.
NETIJE.
Sanly bilim ulgamy – munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary we sözlükler ýaly bölümleri jemleýär.
Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiliginiň berjaý edilmegi zerurdyr. Munuň üçin, ilki bilen tor ulgamy döredilýär we ulgama serwer birikdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideo ýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär. Mundan başga-da, sanly bilimi ulgamyny ösdürmekde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, talyplaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir. Muny durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bilim ojaklarymyzda sanly bilim portaly we e-kitaphana portallary hereket edip, islendik ýokary okuw mekdebinde okaýan talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de ylym-bilim merkezleri arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Bu ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan ylym-bilim, terbiýeçilik, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Döwrebap ylym-bilimler halkara ykdysady, medeni, tehnologik giňişlige goşulmak bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, mähriban Arkadagymyz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Munuň özi günbe-günden dabarasy belende galýan eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kepillendirýär.
Sanly ulgamy ornaşdyryp, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR:
Gurbanguly Berdimuhamedow. Ile döwlet geler bolsa... Aşgabat,2015.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 -2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. Aşgabat, 2010.
Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. III tom. Aşgabat, 2010.
“Bilim” ylmy-usuly žurnaly,2016.3-nji sany
https://Mutiurok.ru Nadejda 07/ Bekniýazowa Nadejda Marksowna
https:// turkmenmetbugat.gov.tm›tk/articles/82862
https:// bilimojagy.com›page/3/
__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
EBB hünärmeni:______________ Garrybaýewa J.J.
MMOIBO:__________________ Dawletow K.
UB ýolbaşçysy:_______________ Baltabaýew H
Ýazan mugallym:_____________ Baltabaýew H.