Dersi: Ýaşaýyş durmuş esaslary Synpy: III Senesi:
Sapagyň temasy: Şikes ýetene ilkinji kömek.
Sapagyň maksady. 1.Bilim berijilik maksady: Okuwçylara şikes ýetene ilkinji kömegiň berlişi barada düşünje bermek. Ýaramaz endiklerden saklanmagy öwretmek.
2.Terbiýeçilik maksady: Şikes ýetene ilkinji kömek bermek barada düşünje bermek arkaly okuwçylary jemgyýetçilik durmuşyna taýýarlamak we ösüp barýan ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemek.
Sapagyň görnüşi: Täze maglumatlary öwretmek sapagy.
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: Reňkli suratlar, tema degişli soraglar.
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilenleri gaýtalamak.
3.Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek.
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Okuwçylara şikes ýetene ilkinji kömegiň berilmegini öwretmek.
2. Temany suratlaryň üsti bilen giňeşleýin düşündirmek.
3. Tekst üstünde işlemek. Teksti böleklere bölüp okuwçylara okatmak
Şikes ýetene ilkinji kömek.
Şikesleriň sebäpleri dürlüdir. Olaryň howplulygy hem şonuň ýaly. Oýun wagtynda, sport bilen meşgullananyňda, seýil bagynda rolikde we tigirde gezelenç edeniňde, seresapsyz hereket diňe bir özüňe däl, eýsem, daş-töweregiňdäkilere-de zeper ýetirip biler.
Şikes alan adama, ähli şertlerde, ilkinji kömegi çalt we dogry bermeli. Ýadyňyzda saklaň, öz güýjüň bilen berlen ilkinji kömek –
gyssagly kömek hökmünde berilýär. Galan ýagdaýlar lukmanyň görkezmesine bagly, şonuň üçin ony çalt çagyrmaly. Zerur bolan ilkinji kömegi nämeden başlamaly? Ilkinji kö-
mek şikes alan adamy ýerde rahat ýatyrmakdan ýa-da oturtmakdan başlanýar.
! Şikes – bu bedene dürli sebäplere görä agyryly zeper ýetmesidir. Esasy alamatlary – zeper ýeten ýerde agyrynyň we çişiň döremegi ýa-da ganöýmäniň – göm-gök menegiň emele gelmegi. Agyryny gowşatmak we ganöýmesini azaltmak üçin onuň üstüne sowuk zady goýmaly ýa-da agyrdylan ýeri sowuk suwuň aşagyna tutmaly. Agyrdylan ýere buzly haltajygy ýa-da suwa öllenen matany goýmaklyk ol ýerde çiş emele gelmezligine kömek edýär. Ýadyňyzda saklaň, agyrdylan ýeri owkalamaly ýa-da basyşdyrmaly däl, tegmiliň has ulalmagy mümkin. Kelle, döş, garnyň aşaky bölekleri gaty agyrdylan ýagdaýynda beýnä we bedeniň içki agzalaryna-da zeper ýetip bilýär. Bu ýagdaýda şikes alan adama rahatlyk döretmeli we lukmany çagyrmaly. Ýarawsyzyň ýöremegine we turmagyna ýol bermeli däl. Kellesini agyrdan ýagdaýynda buzly haltajygy ýa-da öl polotense goýmaly.
Sypjyrylan we kesilen ýerleri bakteriýalara garşy serişde bilen arassalamaly. Soňra ýaranyň daşyna ýod çalmaly. Arassalanan hasa bilen daňsaň bolýar. Ownuk ýaralaryň çalt bitmegi üçin bakterisit leýkoplastyr serişdesi ulanylýar. Plastyryň aşagynda iriň döremez ýaly, ony 1–2 günden çalyşmaly. Ýadyňyzda saklaň: «Siziň saglygyňyz – öz eliňizde».
1. Gezelençde, oýun oýnalanda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň.
2. Welosipedde we rolikde gezelenç edeniňizde ägä boluň.
3. Ýiti zatlar bilen oýnamaň.
4. Köçeden geçeniňizde, ünsli boluň.
5. Arakesme döwründe mekdebiň içinde ylgamaň.
6. Bedeniňizi agyrdan ýagdaýyňyzda gorkmaň, howsala düşmäň.
7. Ähli agyrdylan ýerleriňiz barada ata-eneňize duýduryň.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
– Şikeş ýetene nähili kömek bermelidigini
– durmuşda bolup biljek howplardan özüni gorap
– sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik durmuşda ulanyp
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
– soraglara jogap bermegi
– öz gün tertibini dogry guramagy;
– arassaçylyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmegi
5. Täze temany berkitmek:
1. Şikeş ýetene nähili kömek bermeli?
2. Agyrdylan ýeri owkalamak bolýarmy?
6. Öý işini tabşyrmak:
48-49-njy sahypalar. Şikesleriň sebäplerini depderiňize ýazyň..
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylary atlandyryp, olary bahalandyrmak, bahalary synp žurnalyna, gündeliklere goýmak.