СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ
Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно
Скидки до 50 % на комплекты
только до
Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой
Организационный момент
Проверка знаний
Объяснение материала
Закрепление изученного
Итоги урока
Bilim hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 21-nji madda)
(Türkmenistanyň 08.11.2014 ý. № 152-V belgili Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen alyndy)
Şu Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Bilim hakynda düşünje
Bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar.
Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar.
Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleri we kadalary esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär.
Okatmak diýlip, bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagynyň, ukyplaryň ösdürilmeginiň, bilimleri gündelik durmuşda ulanmak tejribesini toplamagyň hem-de Türkmenistanyň raýatynda işjeň durmuşynyň bütin dowamynda yzygider bilim almaga we hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan çuňňur isleginiň emele getirilmeginiň barşyna düşünilýär.
2-nji madda. Türkmenistanyň bilim babatda kanunçylygy we onuň wezipeleri
Türkmenistanyň bilim babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň bilim hakyndaky meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
Türkmenistanyň bilim babatda kanunçylygynyň wezipeleri aşakdakylardan ybarat:
Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak;
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek;
döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň bilim babatda ygtyýarlyklaryny kesgitlemek;
ýuridik we fiziki şahslaryň bilim babatda hukuklaryny, borçlaryny, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem olaryň bu babatda gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak.
3-nji madda. Bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Bilim babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:
öz ukyplaryny we zehinini doly ulanyp bilmeginde her bir adamyň hukuklarynyň deňligi;
bilimiň ynsanperwer häsiýeti, umumadamzat gymmatlyklarynyň, adamyň janynyň we saglygynyň, şahsyýetiň erkin ösmeginiň ileri tutulmagy;
bilimiň Türkmenistanyň halkynyň milli taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen sazlaşykly arabaglanyşygy;
raýatlyk we watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adam hukuklaryna we azatlyklaryna sarpa goýmak, tebigy gurşawa, maşgala, Watana söýgi duýgularyny terbiýelemek;
döwlet tarapyndan berilýän bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşiniň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin elýeterli bolmagy;
her bir raýat üçin umumy orta bilimiň hökmanylygy we döwlet bilim edaralarynda onuň mugtlugy;
bilimiň üznüksizligi we onuň basgançaklarynyň biri-biri bilen baglanyşykly yzygiderliligi;
okatmagyň we bilim edaralarynyň kysymlary, görnüşleri we eýeçilik görnüşleri boýunça köpdürlüligi;
bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagy hem-de onuň beýleki ýurtlaryň bilim ulgamlary bilen özara baglanyşygy;
döwlet bilim ulgamynyň dünýewi häsiýetliligi we onuň dini guramalardan aýrylygy.
4-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri
Türkmenistanyň raýatlaryna olaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär.
Jyns, ýaş we saglyk ýagdaýynyň alamatlary boýunça aýry-aýry kärler, hünärler we taýýarlamagyň ugurlary boýunça bilim almak üçin olaryň orunlaryny çalyşmak we işlerine bolan talaplaryň şertlerinden, şeýle hem okatmagyň görnüşlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çäklendirmeler bellenilip bilner.
Döwlet bilim almak üçin bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär.
Döwlet raýatlar üçin döwlet bilim edaralarynda umumybilim maksatnamalarynyň özleşdirilmeginiň umumy elýeterli we mugt bolmagyny, şeýle hem, raýat hünär biliminiň belli bir basgançagyny şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde ilkinji gezek alýan bolsa, hünär biliminiň döwlet bilim edaralarynda bäsleşik esasynda umumy elýeterli we mugt bolmagyny kepillendirýär.
Durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, olaryň bilim alýan döwründe üpjünçiligi bilen bagly harajatlary döwlet öz üstüne alýar. Şunuň ýaly goldaw berilýän raýatlaryň toparlary, goldaw bermegiň tertibi we onuň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.
Döwlet saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli, ýagny beden we (ýa-da) akyl taýdan ösüşinde kemçilikler bar bolan raýatlara umumy kysymly bilim edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almagy üçin şertleri döredýär. Ýörite mugallymçylyk çemeleşmeleriň esasynda olaryň ösüşindäki bozulmalary düzetmek we olaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagy üçin saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymly bilim edaralaryna baryp bilmeýän çagalaryň bilim almagy üçin ýörite bilim edaralary döredilýär.
Döwlet aýratyn tapawutly ukyplarynyň bardygyny görkezen raýatlaryň bilim almagy üçin ýörite döwlet talyp haklaryny, şol sanda daşary ýurtda okamak üçin hem talyp haklaryny bermek arkaly olara ýardam berýär. Şeýle talyp haklaryny bermegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
5-nji madda. Okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri
Bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenýär.
Türkmen dili döwlet dili hökmünde, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir.