СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Agricultural works

Нажмите, чтобы узнать подробности

...

Просмотр содержимого документа
«Agricultural works»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalygyna hem aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär şeýlelikde, daýhan hojalyklarynda dürli gök we ter miwe önümleri ýurdumyzyň bereketli saçaklaryny, toýdyr-baýramlaryny naz nygmatdan doldyrýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde kärendeçi bagbanlara ähli mümkinçilikler döredilen.

Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Yslam Arazmedow hem bagbançylyk bilen meşgullanýan adamlaryň biri onuň ýetişdirýän baglaryny synlaňda göwnüň göterilýär. Yslam aga 25 ýyldan gowrak bagbançylyk bilen meşgullanýar. Ol özüniň 5 gektar ýerinde almanyň, erigiň, üljäniň, garalynyň, şetdalynyň we dürli miwe önümlerini ösdürip ýetişdirip ýurdumyzyň ak bazarlaryny bölelin üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda miweleri gaýtadan işleýän kärhanlaryň döredilmegi, telekeçileriň şol işlere işjeň gatnaşmagy eýýäm bazarlarymyzda halkymyza ýetirilýän azyklyk önümleriniň ýokary hilli bolmagynam üpjün edýär hem-de daşary ýurtdan getirilýän azyk önümleriň öwezini dolup bilýär.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, Bazar bolçulygyny döretmek ugrunda ýurdumyzda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Ata-watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy eşretli, abadan durmuşda ýaşatmak ugrundaky beýik işleri hemişe üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!



Abatgylyç NAZAROW

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň,

Şabat etrap birleşmesiniň başlygy




Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!