Просмотр содержимого документа
«Hamra baltabayev»
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 6-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat usuly birleşmäsiniň 10-njy oktýabr 15-nji oktyabr türkmen dili we edebiýat hepdeliginde geçirilen işleriniň
HASABATY
8-nji oktýabr güni mekdep usuly birleşmäsiniň mugallymlary tarapyndan hepdelik meýilnamasy düzüldi we mekdep müdirine tassyklatmaga hödürlendi.
HÖDÜRLENEN HEPDELIK MEÝILNAMASY
t/b | Edilmeli işler | synpy | wagty | Ýerine ýetiriji |
1 | Hepdelik meýilnamasy bilen okuwçylary tanyşdyrmak.Mekdep girelgesinde sergi guramak. | Ähli okuwçylar | 10.10 | H.Baltabaýew |
2 | “Dar çekimliler we giň çekimliler”.Göreldeli sapak | 5-nji synp | 10.10 | A.Sultanowa |
3. | Aýdym sazly edebi agşam. | 8-nji synplar | 11.10 | Ähli mugallymlar |
4 | “Labyzly okuw sapagy”. däp bolmadyk sapak | 5-nji -nji synp | 12.10 | S.Kaşetowa |
5 | “Diwar gazet we edebi jurnal taýýarlamak” bäsleşigi | 11-nji synplar | 13.10 | Z.Orazmedowa |
6 | Labyzly okuw bäsleşigi | 5-6-njy synplar | 14.10 | A.Sultanowa |
7 | “Madtymgulynyň edebi mirasy” konferensiýa | 9-10-nji synplar | 15.10 | Z.Orazmedowa |
9 | “Türkmenistan öňe barýar Arkadag bilen!” aýdym-sazly dabara.Hepdeligiň jemleri | Ähli okuwçylar | 15.10 | H.Baltabayew |
10-njy Oktýabr güni usuly birleşmäniň ýolbaşçysy H.Baltabaýew tarapyndan hepdelik meýilnamasy bilen okuwçylary tanyşdyrmak dabarasy bolup geçdi. Mekdep girelgesinde sergi guraldy.
Sergiden pursatlar
Sergiden pursatlar
11-nji Oktýabr güni mekdebiň 8-nji synplary arasynda aýdym-sazly edebi agşam bolup geçdi.
Agşamyň gidişi:
Alyp baryjy okuwçylaryň çykyşlary.
1 Alyp baryjy :Saýlanýarsyň gözellikde, görküňde,
2 Alyp baryjy :Rowaçlygyň ýurdy – Türkmenistanym!
1Saňa höwes döreýändir her kimde,
2Rowaçlygyň ýurdy – Türkmenistanym!
1Salam hormatly mugallymlar, eziz okuwçylar! Ine şu gün mekdebimizde türkmen dili we edebiýat hepdeligi başlandy.
2 Bütin hepdeligimizde size üstünlikler dileýäris! Goý,türkmen halkyna Berkarar döwleti,baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag,belent başy aman bolsun!
1 Ajap eýýam ajap çagym bar
Ýalkym saçýan şamçyragym bar
Hak sylamyş beýik gerçegin
Gahryman halkymyz bar!
ÖŇE,ÖŇE,DIŇE ÖŇE
JAN WATANYM TÜRKMENISTANYM!
2 Geliň şu günki dabarany açyp bermek üçin söz nobatyny Mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Kamol aga Dawletowa bereliň.
.“Türkmenistanym” aýdymy. Ýerine ýetirýär Särwära Kurambaýewa we başarjaňlar topary
14-nji Oktýabr güni 5-6-njy synplar arasynda labyzly okuw bäsleşigi bolup geçdi
1.Labyzly okuwy ýerine ýetirmek üçin 6-njy A synpyny sahna çagyrýarys.
6-njy A synp okuwçylarynyň çykyşy
2.Labyzly okuwy ýerine ýetirmek üçin 6-njy B synpyny sahna çagyrýarys.
8-njy B synp okuwçylarynyň çykyşy
15-nji Oktýabr güni “Türkmenistan öňe barýar Arkadag bilen!” aýdym-sazly dabara.Hepdeligiň jemleri
8-nji A B synp okuwçylarynyň çykyşy
2.Milli tans ýerine ýetieýär tansçy gyzlar topary.
1.Labyzly okuwy ýerine ýetirmek üçin 11-nji synp okuwçylaryny sahna çagyrýarys.
11-nji synp okuwçylarynyň çykyşy
2.“Arkadag bilen!” aýdymy.
Dabaranyň ýapylyş sahnasy. Mekdep müdiriýeti we ata eneler, il sylagly ýaşulularyň hödürlemegi bilen dabara gowy gatnaşan okuwçylara hormat hatlaryny gowşyrmak