12-nji dekabr Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabara
Şertler.
1.Toparlaryň gutlagy.
2.Sorag- jogap (Magtymgulynyň döredijiliginden)
3.Labyzly okuw.
4.Sahna görnüşi.
5.Krasswordlary çalyşmak,nyşanlaryň beýany.
1-nji şert gutlag.
1-nji okuwçy: Jeýhun-bahry, deňzi-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy ― gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
2-nji okuwçy: Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.
-Essalawmaleýkum hormatly mugallymlar,eziz okuwçylar!
- Essalawmaleýkum mähriban ildeşler atalar-eneler!
- Ine şu gün ýurdumyzda uly dabara uly toý.
-Garaşsyz baky bitarap diýarymyzda mähriban arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toýlarymyz toýa ulaşýar
-Biz 7-nji synp okuwçylary 12-nji dekabr Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabara bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
-Goý siziň her günüňiz nowruz,her gijäňiz gadyr bolsun
-Bäsleşikde size üstünlikler ýar bolsun.
1.Lobarhon –– Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
2.Munisa: Iňlisçe.
3.Babur: Rusça.
4.Hursand: «... из всех турецких народностей только туркмены имели своего национального поэта, Махтумкули»1 Akademik W.W. Bartold
5.Feruzbek: Magtymguly öz eserlerini esasan, hususy ady bilen döredipdir. Şeýle hem şahyr Pyragy, Gul Magtym, Magtymy ýaly edebi tahalluslary hem ulanypdyr.
6.Zilola:Biziň günlerimize şahyryň 700-den gowrak şygyrlary we 10-a golaý kiçi göwrümli poemalary gelip ýetipdir.
7.Mukaddas:Bularyň 80 göterime golaýy golýazmalarda gabat gelip, galan bölegi halkyň dilinden ýazylyp alnan.
8.Suleýman:Magtymguly türkmen edebiýatyna girizen täzelikleriniň biri şahyryň türkmen gyzyny öz hususy ady bilen, türkmen gyzynyň şahyrana keşbini äşgär we aýdyň suratlandyrmagydyr.
9.Gülýar:Mahtymkuli nafakat turkman şoiri balki barça halklarniň suýukli şoiridir.
Aýdym ýerine ýetirýär Baburbek Ulugbekow hem Alişer Raşidow.
Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen.
Ussa Jagfar işi, senjap jüpbesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen.
Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,
Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,
Aýnal-baky suwnuň laýy, gözel sen.
Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese,
Owalda, ahyrda Eýäm gözlese,
Garyp biçäräniň paýy, gözel sen.
Sahnadan hoşlaşyp çykmak.
3-nji şert labyzly okuw.Dawletow Agabek okaýar, Haýtbaýew Hursand,Allabergenowa Zilola sahnada.
Ayryldym
Bilbilem, ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýasym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.
Ýara ýarasar sürmeçe,
Sypatyn söýlärem ança,
Lebi seker, agzy gunça,
Zülpi garadan aýryldym.
Sirin janda ýokdur takat,
Jebri anyn jana rahat,
Gaslary pitneýi-apat,
Çesmi hunhordan aýryldym.
Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden,
Hos owazly bilbilimden—
Sirin güftardan aýryldym.
Däli könlüm arzymany,
Külli gözellerin hany,
Sekiz jennetin bostany,
Bakjaly bardan aýryldym.
Illeri bar dinli-dinli,
Sowuk suwly, ter ölenli,
Ili — göklen, ady — Menli,
Näzli dildardan aýryldym.
Magtymguly, asyk mestan,
Bagladym sanyna destan,
Menzilgähi bag-u bostan,
Almaly nardan aýryldym.
4-nji şert sahna görnüşi. 1.Muzaffarowa Gulruh: Rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: «Döwletmämmet —- Azady Selim magtym diýen bir adam bilen kyýamatlyk dogan okaşypdyr. Ol wagtal-wagtal Döwletmämmediň öýüne gelip, birküç gün myhmançylykda bolar ekeni.
Magtymguly — Pyragy eneden bolanda şol Selim magtym diýen adam Döwletmämmediň öýünde myhmançylykda ekeni.
Selim magtym:How kim bar Garry molla habarlaş
Azady: Hoş gördük Selim magtym, gel geç, nähili ýagdaýlar gowymy?
Selim magtym:Şükür hudaýa, özüň nähili gurgunmyň?
Azady: -Abdylla,Muhammetsapa çaý getiriň.
-Magtym habaryň bar ýeňňäň şü günler aý-güni ýakyn
Selim magtym: -Hudaýym sag-aman gutulsyn ,omin.
Azady: Aýdanyň gelsin, Magtym azad wagyzlar diýen bir eseriň üstünde işläp ýörün.
Selim magtym:-Oňa “Wagzy Azat” diýip at dakyň,mübärek bolsun.
Azady: -Dagynyk türkmen tire-taýpalaryny birleşdirmek gerek.
Selim magtym:- Merkezleşen döwlet gurmak we umumy bir ýolbaşçy bellemek gerek.
Bir kempir:-Döwletmämmet buşluk ogluň boldy.
Selim magtym:-Gözüň aýdyň Garry molla
Azady: -şükür hemmäňe gutly bolsun, ömri uzyn we bagtly bolsun.
Selim magtym:-Şu ogul halkymyzy birleşdirsin, omin.
Azady: -— Şu çaga seniň guluň bolsun!
Selim magtym:— Goý, bu çaga halkyň guly bolsun!—
Abdylla,Muhammetsapa ikisi:-Magtymyň guly, diýmek Magtymguly!
2.Muzaffarowa Gulruh: Şeýdip Türkmen halkynyň Beýik şahyry Magtymguly Pyragy dünýä gelipdir.Şondan bäri 272 ýyl geçdi. Doglan günüň mubärek Beýik şahyr.
Magtymgulynyň monologi .Myratbaýew Şyňys:
Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim,
Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr.
Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, gökleň, ýomut, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Magtymgula gül berýärler we goşgyny ýerine ýetirýärler.
Sana geldiň
Alişer
Adam ogly asly zatyň,
Bir owuçdan sana geldiň.
Ot bile ýelden, toprakdan,
Katra suwdan gana geldiň.
2.Jahongir
Ýatardyň garaňky jaýda,
Ne Gün göründi ne Aý-da,
On dört gün bile dört aýda,
Hak emr etdi, jana geldiň
3.Gulýar (Agabek göwreli aýal)
Gör, niçik boldy gudratda,
Ryzk berdi ganly şerbetde,
Dokuz aý, dokuz sagatda,
Inip, bul jahana geldiň.
Biwepaga geldiň ine,
Süýt bere başlady ene,
Timar gerek jana ýene,
Köýlek bile dona geldiň.
4.Feruzbek (Lobarhan çagaly aýal)
Birden ikä gitdi ýaşyň,
Ýyglamakdyr seniň işiň,
Üç ýaşyňda çykdy dişiň,
Süýtden ötüp, nana geldiň.
5.Gulruh
Dürli dil açyldy dürden,
Perwaýyň ýok haýr-u şerden,
Bäş-alty ýaşyňda zerden,
Geýip, hup erkana geldiň.
Ýedi ýaşda düşer dişiň,
Ylym, mekdep boldy işiň,
Sekiziňde ýazdyr gyşyň,
Dokuz başlap, ona geldiň,
On ikide güller bilen,
Gezdiň şirin tiller bilen,
On üçde bilbiller bilen,
Seýri-gülüstana geldiň.
6.Sardar( Munisa- Babur) gül.
Heser urdy on dört ýaşda,
Arzumanyň galam gaşda,
Ter mahbup guçduň on bäşde,
Yşk içre messana geldiň.
7.Alişer( Hursand)
Ýigrimiňe bardyň joşup,
Ýigrim bäşde gaýnap daşyp,
Otuz ýaşlarda söweşip,
Şir kimin meýdana geldiň.
8.Jahongir(Gylyçly oglan)
Otuz bäşde sermest bolup,
Ýüwürdiň din gyljyn çalyp,
Kyrkyňda dört käsäň dolup,
Geçip, görütsana geldiň.
9.Gulýar(
Kyrk bäşde gurduň dessany,
Ellide ýassan astany,
Elli bäşde tabystany,
Göýä zemistana geldiň.
10.Feruzbek
Altmyşda gyş öýe girdiň,
Altmyş bäşde jandan irdiň,
Ýetmişde gunça gül tirdiň,
Toply zemistana geldiň.
11.Gulruh
Ýetmiş bäşde ah çekiler,
Segsende dişiň döküler,
Segsen bäşde bil büküler,
Kirişsiz kemana geldiň.
12.Hemme.
Sandan çykdyň togsan ýaşda,
Iman dile togsan bäşde,
Magtymguly, sen ýüz ýaşda,
Bir belli mekana geldiň.
1.Haýsy hatyn başlaýan toýa baş bolmaň?
2.Rowaýatlarda aýdylmagyna görä Magtymguly doglan wagtynda Azady ony kime berýär?
3.Magtymguly eserlerinde duşman sözüniň sinonimi.
4.Magtymgulynyň kakasynyň lakamy kim?
5.Magtymgulynyň doglan ýeri.
6.Magtymguly adyň döndi Pyraga
Paryg bolup çek özüňi .............?
Emin agzalarynyň gelen netijeleri.
| Kiçi molla topary. | bal | Magtymguly topary. | Bal. |
| 1.Gutlag. | 5 | 1.Gutlag. | 5 |
| 2.Sorag jogap | 35 | 2.Sorag jogap | 30 |
| 3.Labyzly okuw. | 5 | 3.Labyzly okuw. | 5 |
| 4.Sahna görnüşi. | 5 | 4.Sahna görnüşi. | 5 |
| 5.Krassword. | 5 | 5.Krassword. | 5 |
| 6.Nyşanlar. | 5 | 6.Nyşanlar. | 10 |
| | Jemi:60 | | Jemi:60 |
| | | | |
1