7-nji “D” synp Türkmen dili 21.12.2019
Aýyklaýjy agzalar hakynda umumy maglumat.
Sözlemiň aýyklaýjy agzalary
Sözlemde eýe bilen habardan başga olaryň manylaryny anyklaşdyrmaga hyzmat edýän sözlerem bolýar. Olara sözlemiň aýyklaýjy agzalary diýilýär.
MESELEM
Ýigide müň dürli hünärem azdyr (Atalar sözi).
azdyr – (NÄMEDIR?) habary,
Bu sözlemde hünär –(NÄME?) sözlemiň eýesi,
müň dürli (NÄHILI hünärem ?) sözleri eýäni,
ýigide (KIME azdyr?) sözi habary aýyklap geldi.
Aýyklaýjy agzalar iki topara bölünýärler
1. Aýyrgyçlar.
2. Doldurgyçlar.
MESELEM
Ýigide müň dürli hünärem azdyr (Atalar sözi).
azdyr – (NÄMEDIR?) habary,
Bu sözlemde hünär –(NÄME?) sözlemiň eýesi,
müň dürli (NÄHILI hünärem ?) sözleri eýäni,
ýigide (KIME azdyr?) sözi habary aýyklap geldi.
Aýyrgyçlar
Sözlemde zatlaryň dürli alamatyny: sypatyny, hilini, gylyk-häsiýetini, mukdaryny, tertibini anyklaşdyryp gelýän aýyklaýjy agzalar aýyrgyçlardyr.
Sözlemde atlara, at hyzmatynda gelen söz-
lere baglanyp, olary aýyklap gelen sözler aýyr-
gyçlardyr.
Olar köp zadyň arasyndan biriniň aýrylyp alynýandygyna görä şeýle at alypdyr.
Aýyrgyçlaryň toparlara bölünişi
Aýyrgyçlar şahsy, predmeti:
a) haýsy tarapdan aýyklaýandygyna;
b) haýsy söz toparyndanlygyna;
з) aýyklanýan söz bilen haýsy tär arkaly baglanyşandygyna seredilip,
birnäçe topara bölünýärler.
Aýyrgyçlaryň toparlara bölünişi
- Eýelik-degişlilik aýyrgyjy
- Sypat aýyrgyjy
- At aýyrgyjy
- Çalyşma aýyrgyjy
- San aýyrgyjy
- Işlik aýyrgyjy
- Hakyndalyk aýyrgyjy
- Meňzetme aýyrgyjy
1 8 1 . Aýyrgyçlary tapyň.
Zeýtunyň düzüminde ýüzden gowrak ýokumly mad-
da bar . Zeýtun ýürek-damar keselleriniň döremeginiň
öňüni alýar, nerw dartgynlygyndan saplanmaga ýar-
dam berýär. Zeýtun ýagy adamzada gadymy wagtlar-
dan bäri mälimdir. Oňa ýöne ýere «suwuk altyn» diýil-
mändir. Zeýtun ýagy adam bedenine wajyp bolan
ençeme witaminlere baýdyr («Güneş» žurnalyndan).
7-nji “D” synp Türkmen dili 25.12.2019
Eýelik degişlilik aýyrgyjy
EÝELIK- DEGIŞLILIK AÝYRGYJY
Eýelik düşümde gelen söz sözlemde
eýelik-degişlilik aýyrgyjy bolýar. Bilşimiz ýaly, eýe-
lik düşüm atlary, atlaşan sözleri baglanyşdyrmaga
hyzmat edýär.
EÝELIK- DEGIŞLILIK AÝYRGYJY
Eýelik edilýän zadyň adyna degişlilik goşulmasy,
şol zada kimiň, nämäniň, niräniň eýelik edýändigi-
ni bildirýän söze bolsa eýelik düşümiň goşulmasy goşulýar.
EÝELIK- DEGIŞLILIK AÝYRGYJY
Aýyklaýan we aýyklanýan sözler ylalaşma täri
bilen baglanyşýandyklaryna görä, olar ýanaşyp ge-
lende eýelik-degişlilik aýyrgyjy eýelik düşümiň go-
şulmasyz görnüşinde hem gelip bilýär.
Manysyna görä bu aýyrgyja eýelik-degişlilik aýyrgyjy hem diýilýär.
Meselem:
Artygyň (kimiň?) gözi ýoldady (B.Kerbabaýew).
Sygryň (nämäniň?) şahyna ursaň, endamy syzlar
(Atalar sözi).
Arçabiliň (niräniň?) gözel jülgesinde Laçyn iki-
miz dynç aldyk.
Ata kesbi (kimiň?) ogla halal (Atalar sözi).
186. Göçüriň. Eýelik-degişlilik aýyrgyçlaryny we olaryň aýyklaýan sözlerini tapyň.
Soraşmagyň hem öz edebi bar. Sen ýaşkiçi bolup
özüňden ula salam berseň, ýaşuly: «Gurgunmyň?» diý-
ýänçä, sesiňi çykarman durmaly. Yaşuly «Gurgunmyň?»
diýmän, «Soraşyň» diýse-de, sen soraşmaga ilgezik
bolman, «Sizdendir» diýmeli. Soraşmakdaky çekişme
biri-biriňi hormatlamagyň sadaja görnüşidir.
Salamlaşmak edepleriň başydyr («Edepnama» eserin
den).
7-nji “D” synp Türkmen dili 26.12.2019
Sypat aýyrgyjy
SYPAT AÝYRGYJY
Sypatlar atlary aýyklap gelende sözlemde sypat
aýyrgyjy bolýar. Sypat aýyrgyjy predmetleriň
hilini, gylyk-häsiýetini görkezýär, öz aýyklaýan
sözüniň öňünden gelip, onuň bilen ýanaşma täri ar-
kaly baglanyşýar.
MESELEM
Gorkut ata parasatly (nähili?) goja bolupdyr.
Gara (nähili?) keçe ak bolmaz, köne (nähili?) duşman dost bolmaz (Atalar sözi).
Sapagy berkitmek üçin soraglar
Sypatlar haçan sözlemde sypat
aýyrgyjy bolýar?
Atlary aýyklap gelende
Sapagy berkitmek üçin soraglar
Sypatlar öz aýyklaýan sözüniň niresinden gelýärler?
Sypatlar öz aýyklaýan sözüniň öňünden gelýärler
Sapagy berkitmek üçin soraglar
Sypatlar öz aýyklaýan sözi bilen nähili tär arkaly baglanyşýarlar?
Sypatlar öz aýyklaýan sözi bilen ýanaşma täri ar- kaly baglanyşýar.
Baglanyşygyň ýanaşma täri diýip näme aýdylýar?
Garaşly sözüň esasy söz bilen hiç hili goşulmasyz
we kömekçi sözsüz, diňe tertip taýyndan baglanyşy
ýanaşma baglanyşygydyr.(Demir ýol, akylly goja)
190. Sypat aýyrgyçlaryny we olaryň aýyklap gelen sözlerini tapyň.
Watanyňy, il-güniiňi goramak, haýsy döwürdigine
garamazdan, iň zerur zatlaryň biridir. Yurduňy gorap,
iliňi aman (nähili) saklamak üçin bolsa her bir ynsanyň harby (nähili) tälimden baş çykaryp bilmegi gerek.
«Gorkut ata» eposynda şu meselä uly üns berlipdir. Diňe bir erkek adamlar däl, hatda zenan maşgalalar hem muny öz mukaddes borçlary hasaplapdyrlar.
7-nji “D” synp Türkmen dili 28.12.2019
At aýyrgyjy
AT AÝYRGYJY
At aýyrgyjy wezipe, kesp-kär, lakam, material
bildirýän atlardan bolup, yzlaryndan gelen atlary
aýyklap gelýär. At aýyrgyjy ýanaşma täri arkaly
baglanyşýar, sypatlaryň soraglaryna jogap bolýar.
MESELEM
1. Yüpek (nähili?) donuň içinde ýagşy-ýaman ta-
natmaz (Atalar sözi).
2. Daýhan (haýsy?) ýigit agronom Amano-
wa ýüzlendi.
3. Mollanepes (haýsy?) şahyrçylykdan başga og-
lan okatmak bilenem meşgullanypdyr.