HASYL BAýRAMY HASYL TOÝY-BEREKEDIŇ BAÝRAMY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär özgerýär ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şatlyk şowhunlara beslenýär diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy jynapkeş babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähribän topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär..
Biz bu toýlary tutuş halkymyz bilen bilelikde toýlanymyzda, agzybirligimiziň halal hem tämiz gözbaşlaryna gaýtadan dolanýarys, eziz topragymyzyň gadymy hem müdimi bitewülik ýolunyň gursaklarymyzda mizemezligini beýan edýäris. Ýurdymyzyň edermen daýhanlary bu ýylda hem Hasyl baýramyna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler.Olaryň ýadawsyz zähmeti, mähriban topraga siňdiren päk yhlasy altynbaş sümmülleriň, her süýümi zümerret-zere deňelýän ak pagtanyň aňyrsyna- bärsine deňelýän atyzlary bolup ese-boýa galdy.Ýetişdirilen bol hasyly arman ýygnamakda ýurdumyzyň ussat mehanizatorlary, ezber elli pagtaçylary, goly gujurly gallaçylary, çylşyrymly tehnikalara erk etmegi başarýan kombaýnçylary, sürüjiler zähmet edermenliginiň belent nusgasyny görkezdiler. Agzybirlikde çekilen joşgunly zähmetiň, ýetilen ajaýyp sepgitleriň egsilmez şatlygyny, buýsanjyny bu günki günde tutuş halkymyz baýram edip toýlaýar. Berkarar Watanymyzyň şäherdir obalarynda, her bir öýde, döwletli ojaklaryň başynda ýazylan giň saçaklar täze hasyldan taýýarlanan toý nygmatlary bilen bezelip, zähmetsöýer ilimize, Hormatly Prezidentimize tükenmez alkyşlar aýdylýar. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy tutuş türkmen halkymyzy, watanymyzyň edermen babadaýhanlaryny hasyl toýy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
HASYL TOÝY-BEREKEDIŇ BAÝRAMY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär özgerýär ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şatlyk şowhunlara beslenýär diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy jynapkeş babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähribän topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär..
Şol zähmetiň oňyn miweleri rysgal-berekediň altyn çäji bolup, milletimiziň agzybirlik suprasyny bezeýär.Watan harmanyna guşgursak gallanyň, “ak altyn“ egsilmez baýlygy bolup goşulýan bu hazyna halkymyzyň göwün ganaty, geljekki buýsançly ösüşlerimiziň binýady, bagtyýar geljegimize barýan ýolumyzyň altyn menzilleridir. Biz bu toýlary tutuş halkymyz bilen bilelikde toýlanymyzda, agzybirligimiziň halal hem tämiz gözbaşlaryna gaýtadan dolanýarys, eziz topragymyzyň gadymy hem müdimi bitewülik ýolunyň gursaklarymyzda mizemezligini beýan edýäris. Ýurdymyzyň edermen daýhanlary bu ýylda hem Hasyl baýramyna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler.Olaryň ýadawsyz zähmeti, mähriban topraga siňdiren päk yhlasy altynbaş sümmülleriň, her süýümi zümerret-zere deňelýän ak pagtanyň aňyrsyna- bärsine deňelýän atyzlary bolup ese-boýa galdy.Ýetişdirilen bol hasyly arman ýygnamakda ýurdumyzyň ussat mehanizatorlary, ezber elli pagtaçylary, goly gujurly gallaçylary, çylşyrymly tehnikalara erk etmegi başarýan kombaýnçylary, sürüjiler zähmet edermenliginiň belent nusgasyny görkezdi
Hasyl toýy – bagtyýarlygyň toýy!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeler döwrüň ruhy bilen kemal tapýar. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar. Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip, dabaralanýar. Oba zähmetkeşleriniň gazanan üstünlikleriniň şanyna toýlanylýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesi özboluşly beýan tapýar. Üstümizdäki ýylda azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren türkmen edermen gallaçylary ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Şeýle hem ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri «ak altynyň» hem bol hasylyny aldylar. Miwedir, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl öndürip, ýurdumyzyň kuwwatyna goşant goşdular. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmek boýunça milli maksatnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär Arkadagly Serdarymyzyň hususy telekeçiligi goldamak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda uly tagallalar edilýär. Netijede ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uludan toýlanylmagy bolsa, oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň çeken zähmetine döwlet derejesinde ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle belent başlangyçlaryň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Hasyl toýy – türkmeniň «Uly toýy»
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, bu ajaýyp baýram Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň dowamat dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, Hasyl toýy – halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan milli baýramydyr. Bu milli baýramy merdana ata-babalarymyz hem uly dabara bilen güýz paslynda belläp geçipdir. Parasatly pederlerimiz öz milli senenamalaryna görä, noýabr aýynyň 22-sini gyş paslynyň başlangyjy hasap edipdirler we şol günden bir hepde, 8 – 10 gün öň hasyl toýuny toýlapdyrlar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat dowam bolup, halkymyzyň milli Hasyl toýuny her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny merdana ata-babalarymyzyň belläp geçen wagtynda bellemek ýola goýuldy. Bu milli baýram Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, häzirki ajaýyp zamanamyzda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr, türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.