Просмотр содержимого документа
«Düzme 2026 döwlet synaglary»
10. Arkadag şäheri — geljegiň şäheri.
Meýilnama:
I.Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň Türkmenistanyň taryhyndaky hem-de halkara giňişligindäki ähmiýeti.
II. «Akylly şäher» (Smart city) konsepsiýasy.
Sanly ulgamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ýaşaýyş durmuşyna ornaşdyrylyşy.
Ekologiýa we ýaşyl tehnologiýalar: Şäheriň tebigata zyýansyz, arassa hem-de ekologiýa taýdan durnukly gurulmagy.
Medeni-durmuş gurşawy we ýaş nesil: Bagtyýar ýaşamak, okamak we zähmet çekmek üçin döredilen şertler.
III.Arkadag şäheriniň Garaşsyz Türkmenistanyň kuwwatyny, ösüş tizligini we geljege tarap aýdyň gadamlaryny görkezýän beýik eser bolup durýandygy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň gurluşyk-binagärlik pudagynda dünýäni haýran galdyrýan ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Şol beýik üstünlikleriň we täzeçil ösüşleriň iň naýbaşy nusgasy bolsa, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheridir. Ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde gurlan bu şäher, diňe bir şu günki günüň däl, eýsem, doly manysy bilen geljegiň şäheridir.
Arkadag şäheriniň esasy aýratynlygy, onuň dünýäniň iň öňdebaryjy «akylly şäher» (Smart city) konsepsiýasyna laýyklykda gurlanlygyndadyr. Bu ýerde sanly ulgamlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna — ýaşaýyş jaýlaryndan başlap, jemgyýetçilik ulaglaryna, yşyklandyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli doly ornaşdyrylandyr. Öýleriň aralykdan dolandyrylmagy, sanly hyzmatlaryň elýeterliligi bu ýerdäki ýaşaýjylaryň durmuş derejesini düýbünden täze, ýokary basgançaga galdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak syýasatynyň nähili uly sepgitlere ýetendigini görkezýär.
Şeýle-de, Arkadag şäheri — ekologiýanyň we arassalygyň mekanydyr. Gurluşykda ulanylan serişdelerden başlap, köçelerde hereket edýän elektrik awtobuslaryna we elektromobillerine çenli ähli zat tebigaty goramaga hem-de daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilendir. «Ýaşyl tehnologiýalaryň» önümçilige we durmuşa ornaşdyrylmagy, şäheriň ekologik taýdan arassa gurşawyny üpjün edýär. Döwrebap sport toplumlary, çagalar baglary, bilim ojaklary we lukmançylyk merkezleri ýaş nesliň sagdyn, kämil we bagtyýar bolup ýetişmegi üçin gurlandyr.
Netije edip aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan goldamagy bilen dörän Arkadag şäheri — türkmen halkynyň döredijilik we gurujylyk ukybynyň ajaýyp subutnamasydyr. Bu şäher dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma we ýokary baha eýe boldy. Arkadag şäheri özüniň innowasion durmuşy, ýaşyl şäher gurşawy we röwşen geljegi bilen eziz Watanymyzyň bedew badyny bütin dünýä dabaralandyrýan mukaddes bir ýadygärlikdir.