Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty, Kömegine mätäçlere — Taňrynyň hemaýaty, Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna, Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne. Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr, Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr, Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna, Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine, Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna, Müň togap bilen biz barýarys ýanyna. Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow :
- Magtymguly - ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr.
- Şygryýet äleminde daň ýyldyzy kimin lowurdap çar tarapa şöhle saçýan akyldar sahyrymyz Magtymguly Pyragydyr.
- Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
2024-nji ýyl
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly diýlip
yglan edildi.
Pyragyny ň bilim alan ojagy
Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly yz galdyran Magtymguly Pyragy heniz çagaka öz kakasyndan ilkinji bilimini alyp, Döwletmämmet Azadynyň şahsy kitaphanasyndaky gündogar edebiýatynyň golýazmalaryny okap özleşdiripdir. Onuň ilkinji okan medreseleriniň biri-de, türkmen topragynda ýerleşýän Idris baba medresesidir.
Emma medresä hiç hili zyýan ýetmändir, häzirki wagtdaky onuň keşbi zyýan ýetmän galan bir bölegidir. Täzeden timarlanyp bejerilen medrese Magtymguly atamyzyň gadamy düşen mukaddes ýerleriň biridir. Türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň Gyzylaýak obasyndaky Idris baba medresesine gelmegi, onuň bu ýerde okamagy Halaç topragynda XVIII asyrda ylmyň, bilimiň ösendigini görkezýär. Doly bolmadyk maglumatlara görä, şol döwürde diňe Esenmeňli obasynda medreseleriň altysy bolupdyr. Medresäniň gurluşy barada aýdanymyzda, Hezreti Idris babanyň tebigy ylymlardan örän gowy başy çykypdyr. Onuň gurduryp beren bu ajaýyp medresesi derýadan 30 – 40 kilometr uzaklykda gurlansoň, Amyderýanyň suwy bu medresä golaý gelmändir. Şol sebäpli medresä zyýan ýetmändir we onuň daş-töwereklerinde talyplar üçin hüjreler hem-de naharhanalar, kömekçi jaýlar bolupdyr.
«Idris baba medresesiniň jaýy ýokarsy gümmezli, tegelek edilip salnypdyr. Ol bişen gyzyl kerpiçden bina edilip, beýikligi 7 – 8 metr, içiniň giňligi gapysyndan törüne çenli, takmynan, 6 – 7 metrdir. Girilýän gapysy 1 metrden sähel beýigräk, ýönekeý haşamlar bilen bezelipdir. Özi hem gündogar tarapdan açylypdyr. Medresäniň öňünde eýwan bolup, onuň agaçlary haşamlanyp bezelipdir. Esasy gapydan giren ýeriňde jaýyň demirgazygynda we günortasynda bir adam sümer ýaly kiçijik gabsalary bar, olar penjire deregine açylan gabsajyklar bolmaly. Medresäniň golaýynda şol döwürden galan bir howuz bolup, ol derýanyň joşmagy esasynda emele gelip, ol ýerdäkiler peýdalanypdyr» diýip, 1960-njy ýylda bu ýeri görmäge gelen Ata Annanurow onuň şol wagtky keşbini beýan edýär. Häzirki wagtda onuň keşbi biraz özgerip, howuz hem öňküsinden kiçelen görnüşdedir.
Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny we edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň Gündogar halklarynyň milli edebi mirasynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri medeniýeti öwreniji alymlaryň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Bu babatda birnäçe umumy kanunalaýyklyklaryň bardygyny bellemeli. Ýazuwly edebiýatyň döremeginde ähmiýeti bolan halk döredijiligine möhüm orun degişlidir.
Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şunda türkmen diliniň arassalygyna, onuň baýlygyna ähmiýet berlipdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirdi. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, öwüt- nesihat, söýgi, terbiýeçilik halkylyk, agzybirliik-jebislik, edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet ýaly tenalara uly orun berilýär. Şahyryň ,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan”, ,,Naskeş” ýaly goşgulary durşuna nesihat.Nesil hakdaky aladanyň biziň halkymyzda näderejede parz görülýändigini biljek bolsaň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan öwüt-ündew goşgularyny okamak ýeterliklidir. Häzirki zaman ylmy tarapyndan hödürlenýän, maslahat berilýän nesil terbiýesi Magtymguly Pyragynyň goşgularynda örän düşnükli, sada dilde beýan edilendir. Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi onuň şygyrlarynyň ýolumyza nur çaýýandygy bilen baglanşyklydyr.
TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI
Magrtymguly adyndaky milli sazly drama teatry
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy
Magtymguly adyndaky baýrak
Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti indi üç ýüz ýyla golaý wagtdan bäri türkmeniň ýüreginde ýaşap gelýär. Beýik şahyryň şygyrlary halkyň kalbyna tenekar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly adyndaky baýrak Halkara derejesindäki baýraga öwrüldi.
Pyragynyň bütin döredijiligi milli ýörelgelere netijeli gulluk etmegiň aýdyň mysalydyr. Milletiň täze bir belentlige galmagy üçin zerur bolan ruhy gözýetimleri we ahlak gymmatlyklaryny açan akyldar Magtymguly Pyragydyr.
Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda halkara derejesinde belleniljek 300 ýyllyk toýuna uludan taýýarlyk görülýän häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen beýik türkmen akyldarynyň dürdäne pikirleri tutuş dünýä ýaýylýar. Soňky ýyllarda onuň goşgulary dürli dillere terjime edilip, otuzdan gowrak döwletde neşir edildi.
Goý, döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelen beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragyny halkara jemgyýetçiliginde giňden wagyz edip, sarpasyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!