Erenler üç kişä ylham şerabyny içirenmişler. 1.Durdy şahyr. 2.Magtymguly. 3.Zenan şahyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow.
” Älem içre at gezer”
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Karar
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
290
ýyllygyny belläp geçmek hakynda
16-njy mart. 2012ýyl
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl.Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin.
- Pyragynyň ajaýyp goşgylary ähli nesiller üçin beýik taglymat we mekdepdir .
-Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuryna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.Ýurdymyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek,şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak,geljekki nesillere ýetirmek barada möhim işler amala aşyrylýar.
- Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden,halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini,kalbynyň owazyny,isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr.
-Magtymgulynyň uçursyz zehinli döredijiligi türkmen halkyna dünýä şöhratyny getirdi we diňe biziň halkymyzyň däl-de,eýsem,dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi hazynasyna goşant goşdy.
Magtymguly hakdaky pikirler.
Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir,bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galdy.
Kemine
Magtymguly ...umumy milli şahyr hasaplanýar .
A.Krymskiý .
Magtymgulyny ähli türkmenler...aýratyn sylaýarlar...Magtymgulynyň öwlüýa-mukaddesligi türkmenleriň arasynda şek-şüwhe döretmeýär.Türkmenler:»Onuň ähli ýazan we aýdan zatlary ir-u-giç berjaý bolmalydyr»diýýärler.
F.Bakulin
Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir.
W.Bartold
Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynda ägirt uly özgeriş döredip,ony öň görülmedik dereje ösdüren şahyrdyr.
Mäti Kösäýew.
Magtymguly – Jemşidiň jamydyr.
Ý.Bertels.
Şahyrym! Sen dünýäň bir akyldary
Dünýämiz dürdäne söz hyrydary.
Gara Seýitliýew.
Türkmen çeper edebiýatyny halkara arenasyna çykaran beýik Magtymgulydyr.
Nagym Aşyrow.
Magtymgulynyň şygyrlary – türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi. Ahmet Bekmyradow.
Magtymguly – Bütindünýä poeziýasynyň genji- hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar.
Çingiz Aýtmatow.
Köňil käbäm, ruhy täjim – Pyragy.
Ýusup Azmun.
Magtymguly – dünýä seýrek gelýän akyl we talant şahyrlarynyň biridir.
Zylyha Muhammedowa.
Magtymguly sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň.
Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň ,
Senden soňkulara ýadygär bolar.
Magtymguly is our great national Turkmen poet .
Magtymguly “ Edebiýat meýdanynyň oragyny orup giden ” şahyrdyr.
Türkmen klassyky poeziýasynyň düýbüni tutujy beýik şahyr
Magtymguly-Pyragy
takmynan 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň ýakasynda , Hajygowşan diýen ýerde eneden bolup, ömrüniň köpüsini Etrek-Gürgen sebitlerinde geçirýär .
“ Bilmeýen soranlara aýdyň garyp adymyz:
Asly-gerkez, ýurdy –Etrek,ady Magtymgulydyr”
Gerkez obasy
Magtymgulynyň önüp-ösen ýeri – Gerkez obasynyň umumy görnüşi.
The village of Gerkez
Idris baba
Magtymgulynyň ilkinji okan ýeri-Idris baba medresesi(Häzirki Halaç etrabynda ýerleşýär).
Idris baba medresse in Khalach
Gogeldash medresse in Bukhara.
Gögeldaş.
Magtymgulynyň Buharada okan Gögeldaş medresesi .
Şirgazy
Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum,hoş gal,gözel Şirgazy .
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy,
Gider boldum,hoş gal,gözel Şirgazy.
Hakdan bize buýruk,baglydyr bilim,
Sende taglym aldy, açyldy dilim,
Gelsin diýip garar ol gerkez ilim,
Gider boldum,hoş gal, gözel Şirgazy.
Shirgazy medresse
Kämil bolup,serenjam ki kylyp men,
Muşkagatdan ol pederden galyp men,
Seljerer men indi agy-garany,
Käbämden aýrylyp,juda bolup men,
Dost,rakyp,gardaşy,Haky,ýarany,
Gider boldum,hoş gal, gözel Şirgazy.
Okydym,göterdim kitap, Kurhany,
Gider boldum,hoş gal,gözel Şirgazy.
Magtymguly taşlap göwün hapasyn,
Sylady pirini, molla – sopysyn,
Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar,hiç laýa batmaz,
Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Ylym-tagzym alan seni unutmaz,
Gider boldum,hoş gal, gözel Şirgazy.
Gider boldum,hoş gal,gözel Şirgazy.
Medresäniň üç ýyl duzuny iýip,bahar-ýazyny geçirýär.Ýurtda bolup geçýän galagoply ýagdaýlar, türkmen halkynyň ykbaly bilen baglanyşykly zerur çözülmeli,Magtymgulynyň gatnaşmagyna garaşýan meseleler Magtymgulynyň medrese bilen hoşlaşmagyna sebäp bolýar. Galyberse-de, mähriban atasy,birinji ussady Döwletmämmediň, käbisi hasaplanýan enesiniň wepat bolmagy hem onuň obasyna dolanmagyna sebäp bolýar.Ol bu goşgysynda Şirgazy medresesine bolan söýgüsini, pirlerine, mugallymlaryna, sopylaryna, bile okan talyplaryna, dost-ýarlaryna bolan duýgusyny beýan edýär, olar bilen hoşlaşýar
Peýman dolmaý,gelsek takat ýetmeýen,
Pynhan zahyr kylmaz akyl gitmeýen,
Bady-paý atlanyp,seýran etmeýen,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.
Rige girsemde,guwwas ýüzer men,
Bihasrat ýaýnaýam,bigam gezer men,
Dahan içre asal-zyban ezer men,
Gider boldum,hoş gal,gözel Şirgazy.
“ Magtymguly ...beýik şahyr we köp ýerleri keşt eden söz ussadydyr”
Magtymguly dünýäni keşt etmäge ugraýar .
Magtymguly özüniň ilkinji düzen goşgularyny kakasy- - beýik akyldar şahyr Döwletmämmet Azada okap berýär .
Gürgeniň
Öňünde belent dag, serinde duman ,
Deňizden öwser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap , baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp sili Gürgeniň .
Tokaýlary bardyr gargy gamyşly,
Gözelleri bardyr altyn ,kümüşli,
Boz güsbent,gyr ýylky,gara gäwmişli,
Argaly, gäw bolar maly Gürgeniň.
Magtymguly il-ýurt hakyndaky şygyrlarynda Türkmenistanyň aýratyn hem öz önüp-ösen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň , gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny,jülgelerini,tebigy baýlyklaryny, türkmeniň goç ýigitlerini taryplaýar we oňa guwanýar.
Hatarlanşyp duran iner,maýalar,
Agyr bezirgenli,tütçar eýeler,
Seňrikläp,abanyp duran gaýalar,
Öňi- ardy,sagy-soly Gürgeniň.
Begleri bar,tirme çalar biline,
Ýorga münüp,tarlaň gondur eline
Ak göwsün biýr jeren deňiz ýeline,
Mäleýir maraly çöli Gürgeniň.
Magtymguly ilden –ile aralar,
Hijran tygy bilen bagryn paralar,
Golun sallap maral gabak periler
Iner olumyndan däli Gürgeniň .
Magtymgulynyň dogany Zübeýda Hindistandan getiren sowgat çäýnegi.
Mert bolmaz
Sözlegen bileniň tilden,
Bilbil aýra düşse gülden ,
Eşit,adam dogan ilden,
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.
Magtymguly Watany söýmegi, ony gözüň göreji deýin gorap saklamagy her bir türkmeniň mukaddes borjy hasaplaýar.Ol Watany goramakda hiç bir adamyň çetde durmaly däldiginionuň hökmany borjy bolup durýandygyny tekrarlap, hakyky watançy batyr goç ýigit üçin derwaýys, zerur şertleri birin-birin sanap geçýär,
Döker bolduk ýaşymyz.
Istär-elden çykar döwlet humaýym,
Doga kylyp döker bolduk ýaşymyz.
Dilegim duş eýle, gözel Allahym,
Ersgil boldy gitdi gyzylbaşymyz.
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy,derýaýy – Nili,
Teke,ýomut,gökleň,ýazyr,alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz .
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun,goýulsun,
Magtymguly bu goşgusynda türkmeniň köp tirelerini,ähli türkmeni agyz birikdirmäge çagyrýar. Türkmende güýç-gaýratyň, bereketiň baslygyp ýatandygyna, diňe agzybirlik bolsa özge müşgülleri halkyň özüniň çözmäge kuwwatlydygyna Mgtymguly berk ynanýar. Magtymguly külli türkmeniň bir saçagyň başyna ýygnanyp , duz-çörek iýmegin birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Eger ähli halk bir çukura tüýkürip , bir agza garasa , uly güýjüň emele geljekdigine, onuň öňünde hiç bir zadyň, hiç bir güýjüň durup bilmejekdigine şahyr ynanypdyr.
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.
Derwüşler köňli jem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup,tamam bolsun gyşymyz.
Magtymguly,diýdi jannyň dirligne,
Musulmany goýma kapyr horlugna,
Rowaç berdi ýomut, gökleň birligne,
Ol Kemal han owgan bolsun başymyz.
Neýläýin .
Bazarym sowuldy, harydym galdy,
Dükanym eýesiz galdy, neýläýin.
Binasyn dargatdy, garakçy doldy.
Parçasyn düýrleýip aldy, neýläýin.
Mertler namart boldy,namart mert boldy,
Gurtlar peşe boldy , peşe gurt boldy.
Ýurtlar weýran boldy, zyndan ýurt boldy,
Şum pelek leşgerin saldy, neýläýin.
Magtymguly ,bu dünýäniň namysyn,
Aşyklardan ötdi yşkyň höwesi,
Ýygyp-düýrüp, ele berdim hamysyn.
Tartyldy,ýazyldy dowzah perdesi,
Pikir derýasyna aklym gämisin
Dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy,
Batyrmyşam,çyka bilmen neýläýin.
Magtymgulynyň ýurdunda bolýan talaňçylyklar, galtamançylyklar beýlekiler bilen bilelikde ony hem kyn güne salýar. Duşman ordasy dagdan aşyp gözel ili weýran eýleýär, . Hanyň atlylary ýurda rehimsizlik bilen daraýar. Baglar gurap , bilbiller saýramagyny bes edýär. Çünki ýesirlikden aman galanlar daglara , çöllere bosýar.Magtymguly jemgyýetiň ösüş kanunyna, ilatyň syýasy taýdan ezilişine düşünip bilmän,”pkir derýasyna akyl gämisini batyrýar” Öz beýle sütemleriň duşundan göz ýumup geçip bilmändir we olary öz şygyrlarynda beýan edipdir.
Gözel ilim weýran kyldy,neýläýin.
Ýar-ýardan aýyrdy,merdi ilinden,
Derýany guratdy,dagy silinden,
Bagy-serwisinden,bilbil-gülünden,
Gan ýyglaýyp jyda boldy, neýläýin.
Mahrum kyldy gözüm görki hünärim,
Ata-enäň aldy göwün kararyn,
Her gün açdy gul-gyrnagyň bazaryn,
Namysym bazara saldy, neýläýin.
Reýgan eýledi
Gaýgy –gamda eziz ömrüm solduryp.
Şum pelek azabym weýran eýledi.
Ýazan kitaplarym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi.
Gapyllykda duşman aldy daşymyz,
Dargatdy her ýana deňi-duşumyz.
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz.
Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.
Birnäçämiz goly bagly gul bolup, Niçeler yzynda sargalyp –solup,
Kime berip,onyň bahasyn alyp,
Her kime bir belli baha eýledi
Şum pelek birehm, maňa bildirdi,
Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy,
Ýurtda dowam eden talaňçylykl, tozduryjy uruşlar obalaryň dargamagyna mallaryň sürülmegine , kimiň öldürilmegine, ,niçeleriň goly bagly gul bolup”bazarlarda satylmagyna, ölmän, ýesir edilmän galanlaryň hem gedaýlyk halyna öwrülmegine sebäp bolupdyr. Magtymguly bu goşgusynda adamlaryň başyna agyr günleriň düşendigini, olaryň çekýän ahy-nalasyny, özüniň bäş ýylda ýazan kitabyny weýran eýländiklerini ýazýar
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi...
Niçeler dünýäde boldy bir kişi,
Niçäniň agzyny doldurmaz aşy,
Niçäniň matamdan gutulmaz başy,
Gije-gündiz dat-bidat eýledi.
Köýdürer şum pelek jebri-jepany,
Ýalandyr, ynanmaň,ähdi-wepasy,
Magtymguly,ýok bu sözüň hatasy,
Pelek elip kaddym duta eýledi.
Magtymguly halk köpçüliginiň azat, bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw edipdir,şol azat, bagtly “ajap eýýamyň” gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.
Ajap eýýam gelmedi
“ Nadan menem,düşdüm pelek toruna, Çoh garaşdym ,ajap eýýam gelmedi.
Çydamaz men indi hijran oduna,
Çoh garaşdym ,ajap eýýam gelmedi”
Ykbal bolmady
Magtymguly haýran her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir suwdan ot çykar?
Ýagşy oguldan rehmet arygy akar,
Näletkerde ogul dogdy-dogmady.
Ajap eýýam gelmedi
Niýeti ýamandyr,bahyl mal ýygar,
Iýe bilmez, her dem rysgalyn bogar,
Maly haram bolar,başyndan agar,
Çoh garaşdym,ajap eýýam gelmedi.
Hak sözüme diýer mollalar galat,
Ýalan söze ýapar boldular halat,
Kasam edip,eretdiler,gör, polat,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Pirler roýun açdy,juwansöýerdir,
Namyssyzy sopy alyp eýerdir,
Galat aýdyp:’’Şuny Alla diýer’’diýr
Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi.
Magtymguly,dili otly,ot saçar,
Ýüz görmez, näkesiň aýbyny açar,
Alla ganat berse,Hindistan uçar,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmed i.
“ Nadan menem,düşdüm pelek toruna,
Çoh garaşdym ,ajap eýýam gelmedi. Çydamaz men indi hijran oduna, Çoh garaşdym ,ajap eýýam gelmedi
Kyrka gadam goýdum,käsäm doldurmyş,
Ondan efgan dartyp,göwnüm galmyşdyr,
Niýet maňa ýaman hemra bolmuşdyr,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Geldi gara bela ili dolady,
Dahan açyp,dili bilen ýalady,
Seg bolupdyr,gören ilin dalady,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi .
Garypda san ýokdur, märeke görmez,
Hak söýse-de ykbalyna mal bermez,
At münüp depsede-de,duşakly,ýörmez,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
Türkmeniň
Jeýhun bilen bahry – Hazar arasy,
Çöl üstsnden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy-gara gözüm garas,y
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri maýasy,
Reňbe –reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň .
Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre ,aksakal-ýurdyň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.
Serhoş bolup çykar jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar,ýoly baglanmaz,
Gözim gaýra düşmez göwün eglenmez,
Magtymguly, sözlär tili türkmeniň .
Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Eden köp arzuw-umytlary,amala aşyrmakçy bolan synanyşyklary başa barmanyndan soň,Magtymguly türkmenleriň arasynda öňden dowam edip gelýän dagynyklygy, dawalary , çaknyşyklary,jedeleri aradan aýryp, ähli türkmen tire-taýpalaryny bir ýere jemläp, olary bir göwre, bir jan görnüşinde mäkäm jebisleşdirip,şol birleşen güýç esasynda-da erkinligi, özbaşdaklygy,asudalygy gazanyp bolar,özbaşdak türkmen döwletini gurup bolar diýen netijä gelýär.Egerde ähli türkmenler jebisleşse olaryň ykbalynyň göteriljekdigini Magtymguly öz şygyrlarynda beýan edýär
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda – düzde kowsa ,saýýatlar, diri-
Ala bilmez, ýolbars ogly,türkmeniň.
Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar- daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Göwün howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.
Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa, ne zora griftar bolmaz,
Bilbilden aýrylyp,solup,zar galmaz
Daýym anbar saçar güli türkmeniň .
Tireler gardaşlar, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez,Hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.
Has atan Çilimkeş
Nas atanlar hondan bärsi çak eder, Ýagşy, ýaman eden işin hak eder,
Kuwwatyň kemelder,güýçüň azdyrar,
Akar durar üsti-başyn poh eder,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar, Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Senden gaçar deňu-duşuň, nas atan.
Bir nyşana budur sende, çilimkeş.
Nakyl häsiýetinde aýdylýan gysga setirler
Nakyl häsiýetinde aýdylýan gysga setirler hem Magtymgulynyň goşgularynda aýdylýan pikirler bilen hem many,hem forma taýdan bir –birlerine örän ýakyn.
Garyplyk öldürmez,
Öldürsede güldürmez.
Nakyl
“ Garyplyk bir dertdir adam öldürmez,
Öldürsede,tirilikde güldürmez”
Magtymguly
Il bilen gelen –toý-da, baýram.
Nakyl
“ Goç ýigide toýdur baýram,
Her iş gelse il biläni”
Magtymgul y
“ Serçeden gorkan dary ekmez”
Nakyl
Serçeden gorkan ekmez dary,
Sünbülleriň böler peri,
Hüjüm eýlär barça ary,
Gabat gelse bal biläni”
Magtymguly
“ Töwekgel ner bolar endişe maýa”
Nakyl
“ Müň gaýgy bir iş bitirmez,
Töwekgel ner bähm eder”
Magtymguly
“ Güýçli bile talaşma,
Ýüwrik bile ýaryşma”
Nakyl
“ Magtymguly,güýçli bile talaşmaň,
Haýry goýup şer işlere ulaşmaň”
Magtymguly
Bulardan başgada şahyryň köp setirleriniň jemagat köpçüliginiň gündelik aragatnaşyk hem zähmet proseslerinde ,adamlaryň özara gepleşiklerinde häli şindi ulanylýan aforizmlere –akyl-parasat ,öwüt beriji sözlere öwrülendigini görýäris.
“ Magtymguly sözüň hakdyr
Hak söze ten beren ýokdur.”
“ Dostyňy egleme nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama,syryň bilmesin”.
“ Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,
Näletkerde ogul boldy -bolmady”.
“ Bidöwlet ynanjaň,käsip käýinjeň,
Ýedi ýeser bolsa, biri göwünjeň,
Baý halky ýaňra bor, garry öwünjeň”.
“ ...Köňliň istäp işler çykmaz,
Nan ýagysy kärsiz ärden”.
“ Ozal akan ýerden akarmyş aryk,
Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük”
“ Magtymguly, öwüt bergin söz bilen,
Eşiden deň bolmaz gören göz bilen, Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluks a?