СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ
Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно
Скидки до 50 % на комплекты
только до
Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой
Организационный момент
Проверка знаний
Объяснение материала
Закрепление изученного
Итоги урока
Ýapraklaryň örtüji (üstki we aşaky gabyjak), esasy (sütün we gubka şekilli), geçiriji damarlar) we mehaniki dokumalar
Ýapraklaryň öýjükli gurluşy.
Gabyjak örtüji dokuma degişlidir, oňa epidermis diýilýär.
Ýokarky epidermisde köplenç kutikula ýa-da ösüntgiler bolýar.
0l, köplenç, tüýjagazlar, kutikula we mum bilen örtülendir.
Kutikula - bu suwy ýaramaz geçirýän maddalaryň gatlagy bolup, ýaprakdan suwuň köp ýitmezliginiň öňüni alýar.
Gabyjagyň öýjükleri reňksiz hem durudyr. Olar özünden ýapragyň içine ýagtylygy gowy geçirýärler. Ösümligiň beýleki dürli öýjükleri ýaly, ýapragyň gabyjagynyň hem her bir öýjüginde sitoplazma,ýadro we öýjük şiresinden doly wakuol bardyr.
Gabyjak daş tarapda ýerleşmek bilen onuň içki näzik bölegini şikes ýetmekden hem-de guramakdan gorap saklaýar.
Yapragyň aşak ýüzi bem gabyjak bilen örtülendir. Aşaky gabyjak ýapragyň aşak ýüzündäki örtüji dokumadyr.
Aşaky gabyjak hem ýokarky gabyjak ýaly, bir hatara ýerleşen dury we dürli görnüşdäki öýjüklerden durandyr. Aşaky gabyjagyň öýjükleriniň arasynda agyzjyk (ustisa) diýilýän kiçijik ýarçyk bardyr.
Käbir ösümliklerde olar ýapragyň ýokarky gabyjagynyň öýjükleriniň arasynda ýerleşýär.
Agyzjyklar bu ýapragyň gabyjagynda ýerleşe we iki sany açyp-ýapyjy öýjükler bilen gurşalan ýarçyk şekilli deşikdir. Açyp-ýapyjy öýjükler ýaşyl reňkli bolup, özlerinde hloroplast saklaýarlar. Açyp-ýapyjy öýjükler agyz ýarçygynyň ölçegini (giňligini) sazlap bilýärler.
Agyzjykdan howa ýapragyň içki öýjüklerine düşýär, gaz çalyşygy amala aşýar we suw bugarýar
Ýokarky we aşaky epidermisiň arasynda ýapragyň ýumşak gatlagy-mezofil bardyr. Oňa assimilýasiýa geçýän parenhima hem diýilýär.
Onuň öýjükleri birnäçe hatardan we dürli görnüşdäki öýjüklerden durýar. Her bir öýjük gabyjakdan, sitoplazmadan we ýadrodan ybarat.
Bu parenhimada sütün we Öýjük-öýjük (gubka şekilli) dokumalar saýgarylýar.
Sütün dokuma – silindr şekilindäki, ýapragyň ýokarky bölüminde bir-birine jebis ýerleşen öýjükler. Fotosinteze gatnaşýar
Öýjük-öýjük (gubka şekilli) dokumanyň öýjürleri tegelek şekilde bolup seýrek. Öýjük-öýjük (gubka şekilli) parenhimada gaz çalşygy we suw bugaryş (transpirasiýa) hadysasy geçýär.
Ýapragyñ mezofilinde geçiriji dokumanyñ we berklik beriji dokumanyñ öýjükleri hem ýerleşýärler.
© 2021, Бешимова Азиза Туракуловна 297